Berkakar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Ak bugdaý etrap medeniýet bölüminiň Berkarar şäherçesindäki medeniýet öýüniň işgärleriniň gurmagynda, ýaş höwesjeň okuwçylaryň çykyş etmeginde “Nowruz geldi ilime” ady bilen dabara geçirildi. Müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan, parahatlyk, dostlyk, ynsanperwerlik we hoşniýetli goňşyçylyk däplerini, umumyadamzat ýörelgelerini dabaralandyrýan baýramlaryň biri hem gadymy Nowruz baýramydyr. Gahryman Arkadagymyzyň nesil terbiýesinde, raýatlaryň watançylyk, sowatlylyk, medenýetlilik derejesini ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Bu bolsa gadymdan gelýän däp-dessurlarymyzy nesil terbiýesinde dowam etdirmek, kämilleşdirmek we ylymly-bilimli, watansöýji, ruhubelent, giň dünýägaraýşly, ýokary derejede sowatly, sagdyn ruhly, hünär bilimli we döwrebap nesiller edip ýetişdirmäge gönükdürlendir. Berkakar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe däp-dessurlarymyzy, milli medeniýetimizi gülläp ösdürmekde uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag ömri uzak, il-ýurt bahbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!