Her bir baýramçylygyň özboluşly aýratynlygy, adama eçilýän lezzeti bolýar. Ýurduň, halkyň baky bagtyýarlygynyň baýramyny bir supranyň başyna jemlenip bellemek döwletliligiň nyşany. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry mähriban halkymyzyň durmuşynda örän möhüm ähmiýetli seneleriň biridir. Şu sene mynasybetli hem Ak altyn oba medeniýet öýünde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Bitaraplyk-baky abadançylyk» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyny hem meýilleşdirip, ýurdumyzda uludan bellenilýän bu baýrama özleriniň mynasyp toý sowgady bilen ynamly öňe barýarlar. Dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet-bu biziň ata Watanymyz eziz Türkmenistandyr. Bu türkmen döwletiniň, agzybir türkmen halkynyň dünýäniň ýüzünde ýeten belent derejesidir. Hemişelik Bitaraplyk derejesi adamzadyň gymmatly ynsanperwerlik, parahatçylyk, özara düşünişmek, dost-doganlyk ýörelgelerini berkarar edýär. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan şu günki güne çenli resmi taýdan ykrar edilen ilkinji we ýeke-täk hemişelik Bitarap döwletdir. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakyndaky Kararnama ikinji gezek biragyzdan kabul edildi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň dünýädäki at-abraýyny has-da belende götermekde taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, il-ýurt, halkara bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris!