“Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Ak bugdaý etrabynyň medeniýet bölüminiň Gämi oba medeniýet öýünde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň yglan eden “Gahryman Arkadagyň kitaby-umumyadamzat gymmatlygydyr” atly bäsleşiginiň Ahal welaýat tapgyry geçirildi. Bu bäsleşige Ak bugdaý etrabynyň medeniýet bölüminiň medeniýet merkeziniň aýdymçysy Aýna Ataýewanyň aýtmagynda, sazandalar toparynyň ýerine ýetirmeginde çykyş etdiler. Şeýle hem Ak bugdaý etrap merkezi kitaphanasy Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna peşgeş beren mukaddes kitaplarynyň sergisi gurnaldy. Bu bäsleşik aýdym-sazly ýokary derejede guramaçylykly geçirildi. Bäsleşigiň ahyrynda Ak bugdaý etrabynyň döredijilik topary sungatyň we medeniýetiň kämilleşmegi ugrunda uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza çäksiz sagbolsunlaryny aýtdylar.