«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

Hormatly Prezidentimiziň Mähriban Arkadagymyzyň 2021-nji ýyly “Türkmenistan – Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýip atlandyrmagy bilen Tejen etrap Medeniýet bölüminiň Medeniýet merkezinde iş meýilnamasy esasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli “Bark urýar baharda gülleriň müşki, bulardan zyýada gözeller keşbi” ady bilen Agalaň geňeşligindäki oba Medeniýet öýünde aýdym- sazly medeni çäre geçirildi. Bu çäre Tejen etrap medeniýet bölüminiň medeniýet merkeziniň aýdymçylary, sazandalary, Agalaň geňeşligindäki çagalar sungat mekdebiniň gargy-tüýdükçiler topary çykyş etdiler. Bu çäre obanyň il-sylagly ýaşulylary, kümüş saçly Enelerimiz gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda il sylagly ýaşulylar Hormatly Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri barada çykyş etdiler, çäräniň dowamynda Arkadagymyzy wasp edýän aýdym –sazlar ýaňlandy. Biziň Enelerimize gelin-gyzlarymyza uly sarpa goýýan bize şu günki abadan durmuşda ýaşamaga, işlemäge mümkinçilik döredýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, ýurdy abadan bolsyn!