Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigini geçirmek barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilelikde yglan eden bäsleşiginiň Düzgünnamasyna laýyklykda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Medeniýet bölüminde, etrap gözden geçiriş tapgyryna şu günlerden guramaçylykly taýýarlyk görülýär. 2021-nji ýyl “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda giňden belleniljek mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy, Watanymyzyň paýtagty Aşgabat şäheriniň şanly 140 ýyllygy baýramy mynasybetli “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigine gatnaşjak çeper höwesjeňler özleriniň çykyşlarynda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüni, eziz Watanymyzy, bagtyýar halkymyzy, gazanylýan beýik zähmet ýeňişlerini joşgunly wasp edýän, estrada kompozitorlarynyň döreden ýa-da türkmen halk aýdymlaryndan öz islegi boýunça saýlap alyp, aýdymlaryny sazandalar toparynyň sazandarlyk etmeginde aýdymy janly ýerine ýetirmeli. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetimizi, sungatymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek hem-de kämilleşdirmek bilen bagly amala aşyrýan bimöçber işleri bilen medeniýet we sungat, döredijilik işgärlerini täze döredijilik gözleglerine ruhlandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, umumyadamzat ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.