Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşly döwründe “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Hormatly Arkadagly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda diýarymyzyň her bir güni şanly senelere, toýdur-baýramlara, taryhy wakalara beslenýär. Ynha bu gün hem Tejen şäher medeniýet öýünde Tejen şäher,etrap medeniýet merkezleriniň bilelikde“El hünäri il gezer”aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi.Baýramçylyk çäresinde şäher,etrap Medeniýet merkezleriniň aýdymçylarynyň täze aýdymlary, tans toparynyň baýramçylyk çykyşlaryny, gurnaldy. Ene-mamalarmyzdan miras galan,gözellik sungaty bolan keçe bilen baglanyşykly taryhy maglumatlary, yrymlary, nagyşlary taryhdan gürrüň berýän gadymy rowaýatlary, degişmeleri, gazallary, aýdyşyklary, öz ýürek buýsançlaryny şahyrana setirleriň we çeper sahnalaryň üsti bilen ýerine ýetirdiler.Barýamçylyk çäresinde aýdymçylaryň aýdan täze aýdymlary, hem-de tans toparlarynyň täze tanslary baýramçylyk dabarasyna gatnaşan tomaşaçylar tarpyndan el çarypmalar bilen garşylandy. Hormatly Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza biz medeniýet-sungat işgärleri üçin şeýle mümkinçilikleri döredip beren Hormatly Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumy adamzat ähmiýetli işleriniň mundan beýläk hem rowaç bolmagyny arzuw edýäris.