,,Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany”ýylynyň Bahar paslynyň gelmegi bilen Bäherden etrap medeniýet bölüminiň medeniýet merkeziniň iş meýilnamasy esasynda “Milli bahar” baýramyna bagyşlanyp, Arçman şäherçesiniň gök-ýaşyl öwsüp oturan meýdan düzlüginde milli mirasymyza degişli bolan, türkmen halysynyň, milli senedimiz bolan dutar hem-de şaý seplerimiziň sergisi guralyp, aýdym-saz, “Bäherdeniň läleleri” folklor toparlarynyň çykyşlary “Türkmen owazy” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi. Ahal durmuşy gazýetiniň 2021-nji ýylyň mart aýynyň 24-däki sanynda bolsa, etrap medeniýet merkeziniň Akdepe oba medeniýet öýüniň aýdym-saz ýolbaşçysy Gülkamar Seýitgulyýewanyň “Ýerde Nowruz hormaty...” atly makalasynyň çap edilmegi bilen, etrap medeniýet işgärleri, ähli türkmen halkyny, Mähriban Arkadagymyzy “Milli Bahar” baýramy bilen gutlap, bize şeýle mümkinçilikleri döredip berenligi üçin Hormatly Prezidentimiziň, Mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli ähli tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.