Ahalteke bedewleri milli gymmatlyklarymyzyň biridir. Şonuň üçin bedewlerimiz bilen baglanşykly her bir işe uly üns berilýär. Häzirki wagtda milli Liderimiziň tagallasy bilen gadymdan gelýän seýisçilik sungatymyz dowam edip gelýär, Ahalteke bedewlerimiziň göwne jaý idedilmegine, tohum arassalygynyň goralyp saklanylmagyna möhüm ähmiýet berýärler. At münmegiň peýdasy barada alymlar, akyldarlar parasatly sözleri beýan edipdirler. At münmegiň peýdasyna şeýle uly ähmiýet berilmegi ýöne ýerden däldir, sebäbi at üstinde otyran adam göwresi bilen dürli hereketleri amala aşyrýar. Şeýlelikde, ol hereketlere bedeniň ähli myşsalary goşulýar. Iň wajyp ýeri-de, at münmegiň lezzetinden adamyň göwini götirilýär. Türkmen halky atyna hemişe ideg edip, oňat bolan mährini görkezýär. Hormatly Prezidentimiz türkmen bedewleriniň şan- şöhratyny dünýä ýaýdy. Biz hem Babadaýhan etrabynyň medeniýet merkeziniň işgärleri bolup Milli Bedewmiziň Baýramyna gatnaşdyk. Ahalteke bedewlerimiziň şöhratyny artdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!