Bahar paslynyň häzirki günlerinde maldarlaryň durmuşynda jogapkärli döwür bolan dowarlardan 	 owlak –guzy almak möwsümi dowam edýär. Welaýatymyzyň maldarlary bu möwsümi guramaçylykly we üstünlikli alyp barýarlar. Mallaryň baş sanyny artdyrmak we önümliligini ýgokarlandyrmak hem-de önüm bolçulygyny pugtalandyrmak ugrundaky tagallalara saldamly goşant goşýan maldarlarymyzyň häzirki jogapkärli günlerde alyp barýan işleri bellenmäge mynasypdyr. Welaýatymyzyň daýhan birleşikleriniň maldarlary dowarlardan sagdyn owlak-guzular almagy gazanýarlar. Dowarlardan alynýan owlak-guzular giň sähralaryň we ýaýlalaryň gözelligine özboluşly gözellik goşýar. Maldarçylyk we guşçylyk senagaty döwlet birleşiginiň welaýatymyzyň çägindäki maldarçylyk hojalyklarynda hem jogapkärli möwsüme möhüm ähmiýet berilýär. Şoňa görä-de, bu hojalyklarda dowarlardan sagdyn owlak-guzy, düýelerden köşek almak ugrundaky tagallalar ýerine düşýär.
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenisatan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda parahatçylygyň ilçileri bolan bedewleriniň dünýädäki şan-şöhraty has-da belende galýar. Beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýuna barýan ýylymyzda ýurdumyzyň okgunly ösüşiniň nyşany hökmünde bedewlerimizi dünýäde giňden tanatmak, milli mirasymyzy  wagyz etmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigini “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Azerbaýjan Respublikasyna saparynyň dowamynda ýaýbaňlandyrýan çykyşlary-da doly tassyklaýar.
Bede bady, bedew ruhy bilen gelen şanly ýylyň dowamynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilmegi hem-de gatnaşylmagy meýilleşdirilýän atçylyk we atly sport uruglary boýunça çäreleriň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýylyň mart aýynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Azerbaýjan Respublikasyndaky çykyşlary meýilleşdirildi. Bu çykyşlar Azerbaýjan Respublikasynyň Atly sport federasiýasynyň Baş sekretaryndan gelip gowşan çakylygyň esasynda guralýar. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň çykyşlaryna Baku şäherindäki “Bina” atçylyk sport merkezinde badalga berildi. 4-nji martda bu toplumda ýurdumyzda we daşary döwletlerde meşhur bolan bu toparyň çykyşlary örän täsirli medeni çärä hem-de türkmen atçylygynyň baý däplerini we çapyksuwarlaryň özboluşly ussatlygyny görkezmek bilen, dostlugyň we sungatyň hakyky baýramyna öwrüldi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Azyk bolçulygyny artdyrmak, ýer we suw serişdelerini oýlanşykly peýdalanmak daşky gurşawy goramak bilen bagly wezipeler hem üstünlikli çözülýär. Daýhan birleşikleriniň kärendeçileriň ýer eýeleriniň netijeli işlemegi üçin zerur şertleri döretmek meselelerini durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.Oba hojalyk pudagynyň öňde goýlan bu möhüm wezipeleriň biridir. Ata-babalarymyzyň asyrlaryň synagyndan geçen däp-dessurlary halkymyz üçin gymmatly egsilmejek milli ýörelge bolup durýar. Bugdaýyň gadyr –gymmaty babatda hem şeýledir. Dana pederlerimiziň “Ekseň –bugdaý, baksaň goýun”, “Uly iliň soltany”, “Ýeriň görki galladyr, adam görki eldedir”, “Harman aldym gala aldym”, “Bugdaýy bolmadygyň, ýagdaýy bolmaz” diýen ýaly birnäçe parasatly nakyllary halkyň arasynda gallanyň –bugdaýyň sarpasynyň näderejede uludygyny görkezýär. Milli däp-dessurlarymyza çuňňur gadyr goýulýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesilleri ata-babalarymyzyň merdanalyk we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemekde ene topraga hyzmat etmek düşünjesiniň ähmiýeti diýseň uludyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda giň gerimli işler amala aşyrylyp, halkymyz ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly gadam urýar.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramy giňden belleniljek 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýilip atlandyrylmagy hem  ýurdumyzyň okgunly ösüşlerini, belent maskatlaryň ýolunda röwşen geljege tarap ynamly öňe barýandygynyň aýdyň beýanydyr. Bu şygar halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen behişdi bedewlerimize egsilmez söýgini we hormat-sarpany hem alamatlandyrýar.
Türkmenistanda ykdysadyýeti sanlylaşdyrmakda we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakda uly öňegidişlikler gazanylýar. Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň batly depginlerde dowam etdirilmegi ýurdumyzyň şähergurluşyk we ekologiýa babatda dünýä nusgalyk işleri bitirýändigini görkezýär. Diýarymyzda amala aşyrylýan iri maýa goýum taslamalary diňe bir ykdysady taýdan däl, eýsem, uly durmuş ähmiýetine-de eýedir. Täze önümçilik toplumlarynyň işe girizilmegi bilen ýüzlerçe täze iş orunlarynyň hem döredilmegi halkymyzyň iş bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmaga ýardam edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalygyny ylmy esasda toplumlaýyn ösdürip, iň girdejili pudaklaryň birine öwrümekde, ýerlerde ösdürilip ýetişdirilýän ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda we azyk bolçulygyny pugtalandyrmakda  uly tagallalar edilýär. Bu ugurda durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn işleriň netijesinde dünýäniň ösen tehnologiýalary, ata-babalarymyzyň ekerançylykda toplan baý iş tejribesi häzirki zaman ylmynyň gazananlary bilen utgaşdyrylyp, önümçilige ornaşdyrylmagy has-da guwandyrýar. Soňky ýyllarda Türkmenistanda häzirki zaman oba hojalyk pudagy hem uly işler alyp barýar. Hormatly Prezidentimiz çuňňur manyly çykyşynda şeýle belläp geçýär: “Biz oba hojalyk tolumynyň ösüşini ylym hemde ýokary tehnologiýalar bilen  berk  baglanyşdyrýarys”   Şu parasatly   sözlerden görnüşi ýaly ýurdumyzda oba hojalygyna aýratyn üns berilýär. Oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe –ykdysady taýdan goldamaga döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär.
Ak bugdaý etrabynyň sport mekdebinde «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV spartakiadanyň çägindäki küşt ýaryşynyň welaýat tapgyry geçirildi. Ony «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi, jemgyýetçilik guramalary hem-de welaýat Baş bilim müdirligi bilelikde gurady.
Ýaryşa gatnaşmaga welaýatymyzyň ähli etraplaryndan gelen okuwçy oglan-gyzlara akyl-paýhas oýny boýunça ukyp-başarnygyny görkezmäge ähli mümkinçilikler döredildi. Bu bolsa ýaryşyň gyzykly we guramaçylykly geçmegini üpjün etdi.
Türkmeniň her bir milli mirasy özüniň çuň manylygy, köp taraplylygy, durmuş hadysalaryny açyk beýan edip bilýänligi bilen buýsandyrýar. Şeýle buýsançly mirasymyzyň biri-de gelin-gyzlar tarapyndan tikilýän bukjalarymyzdyr. Bukja, syr gaby diýilse-de ýalňyş bolmaz. Sebäbi bukjalaryň haýsy biri bolsa-da, olar syr saklamaga ukyplydyr. Çünki hat bukjalaram, eşik bukjalaram, darak bukjalaram, el bugjalaram özüne salnan zatlaryň ýagşysynam ýamanynam ile ýaýman pynhan saklamagy başarýar.  Zenanlar gözbaşyny gadymýetden alyp gaýtýan bukjalaryň ähli görnüşlerinede uly sarpa goýup,olaryň saklanýan ornuny öýüň töri hasaplaýar. Bukjalaryň dürli maksatlara niýetlenişine görä görnüşleri boýunça hem örän köp dürlidir.Halydan dokalan bukjalar, parça (mata ) bukjalar, örme bukjalar,palas bukjalar bolup, olar içine salynýan zatlar bilen baglanşykly ýagdaýda dürli möçberde edilýär. Haly,palas,keçe, uly görnüşli parça (mata )bukjalara eşikler salnyp, olara bukja daşlar hem diýilýar. Örülip ýa-da parçadan tikilýän kiçi bukjalara darak, aýna hem-de el işleri salnyp, şoňa görä atlandyrylýar. Darak bukjany gyz durmuşa çykanda çatylýan, ýagny dokuz sepiniň üstüne salynýar. Şonda bukja görmek üçun açylanda kimde-kim ilki bilen darak bukjadaky aýnadan ýüzüne seretse, ol adam bagtly bolarmyş diýen yrym bar. Gyz durmuşa çykanyndan soň, eşik bukja salnan darak bukjasyny ulanyp başlanda, onuň içine aýna bilen darakdan başga-da,düşen saçlaryny hem salýar. Munuň özi gelin-gyzlaryň arassaçylyk düzgünlerini hemişe berk berjaý edýändiklerini gökezýär. Gelin- gyzlaryň ruhy dünýäsi bilen berk baglanyşykly bolan bukjalar barada enelerimiz şeýleräk gürriň berýärler. Haýsy bir bukjany açyp görseň, ol birleşýän ýeri bilen birlikde bäş bölekden ybaratdyr. Onuň her bölegi bir manyny aňladýar. Aşaky bölegi söýgüni, sag bölegi wepalylygy, çep bölegi perzendi, agyz bölegi yhlaslylygy, birleşýän ýeri bolsa bagtly durmuşy aňladýar. Umuman bukjalar gelin –gyzlaryň ýeke bir ykballaryna  dahylly zatlar bilen baglaşdyrylman, eýsem olaryň maşgaladaky häsýetlerini-de açyp görkezýär. Bekarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwürinde ata-babalarymyzyň medeniýetini, taryhyny öwrenmäge we olary dünýä ýaýmaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys. Goý, Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag bolsun,  ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan asylly işleri  rowaç alsyn!
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen milli gymmatlyklarymyz ylmy taýdan öwrenilýär. Şeýle gymmatlyklara taryhy ýadygärliklerimiz, dilimiz, edebiýatymyz, gadymdan galan senetlerimiz we beýlekiler degişlidir. Taryha nazar aýlanymyzda, türkmen durmuşynda uly orun tutan gurallaryň biri hem degirmendir.
Irki döwürde babadaýhanlarymyz harmany adatça iýul aýynyň ahyrynda awgust aýynyň başynda iri öý haýwanlary “çarhlar” diýlip atlandyrylýan gurala goşmak arkaly döwdüripdirler. Harman almak, degirmende un üwemek bilen baglanyşykly birnäçe atalar sözleri hem döräpdir: “Harmana giren çaň bolar”, “Harmanyň harpygy bardyr, ýumrugyň şarpygy bardyr”, “Bugdaýyň ahyr jaýy degirmen”, “Degirmende göwün gören günajy galar”, “Üç ýyl açlyk bolsa-da, degirmençi aç bolmaz”. Halkymyz degirmeni gadymy döwürlerde ulanyp başlapdyrlar. Degirmen daşy üçin ýasalan daşlar ýonulyp, tekiz ýylmanak edilipdir. Soňra un gowy üweler ýaly onuň ýüzi ýörite ýasalan iki tarapy hem tapkeşli polat çekiç ýa-da çoýundan guýlan köne ýerdemir bilen urlup, büdür-südür, para-para edilip, diş çykarylypdyr. Degirmeniň aşaky we ýokarky daşlaryna “paý” diýlipdir.
Ýurdumyzyň käbir ýerlerinde ýokarky paýa “üstünlik”, aşaky paýyna “astynlyk” hem diýilýär. Degirmen daşlarynyň aşaky paýynyň ortasyndan deşik edilip, ondan hem togalak agaç geçiripdirler. Bu agajyň togalaklygyna, topa meňzeşligine görä oňa “topagaç” diýilýär. Degirmeniň ýokarky daşynyň ortasyndan bugdaý, arpa guýmak üçin deşik edilipdir. Ol deşige “dol” diýilýär. Şol deşigiň içinde bolsa keseligine ortasy deşik agaç goýlupdyr. Bu agajyň adyna “pilek” ýa-da “jykyryk” diýlipdir. Jykyryk dänäni kadaly döwmek üçin ulanylypdyr. Aşaky daşyň deşigindäki topagajyň içinden ýylgyn ýaly sagdyn berk agaçdan edilen inçe, süýnmek agaç geçirilip, jykyrygyň ortasyndaky deşige geýdirilipdir. Daşky görnüşiniň süýnmekligine görä bu agaja “süýbek” diýipdirler. Ýokarky degirmen daşy hem jykyryk arkaly şol süýbegiň daşyndan aýlanýar. Şol sebäpli hem türkmen halk döredijiliginde “Gyz görnügi gabakda, degirmen erki süýbekde” diýen nakyl döräpdir.
El degirmenlerinde başga-da suw, ýel bilen işledilen, öý haýwanlarynyň kömegi arkaly ýöredilen galla üwelýän degirmenler hem bolupdyr. Mundan başga-da tutuş obanyň hasylyny üwemek üçin uly harazlar bolupdyr. Şol harazlary işledýän adamlara bolsa “kilwan” diýlipdir. Suw we ýel degirmenleri halkymyzyň maddy medeni we taryhy mirasynyň ajaýyp ýadygärlikleridir. Olar biziň eýýamymyzdan II-IV asyrlarda peýda bolup, XX asyryň ikinji ýarymyna çenli halkymyza hyzmat edip geldi. Şeýlelikde degirmeni, baý adam ýa-da iki-üç bolup gurup, oňa birlikde eýeçilik edipdirler. Türkmeniň “Degirmenim — bezirgenim” diýmegi tötänden däldir. Türkmenler suw degirmenlerini Dawut pygamberiň eli degen hökmünde keramatly saýypdyrlar. Degirmeniň içini, daş-töweregini örän arassa saklapdyrlar.
Suw degirmeniniň işi üçin iň zerur zadyň suwdugy düşnüklidir. Suw aýratyn köp mukdarda we güýçli akym bilen gelip, agramy 100 kilograma barabar bolan degirmen daşlaryny herekete getiripdir. Hut şonuň üçinem “Her kimiň bir derdi bar, degirmençiniň derdi — suw” diýen atalar sözi ýöne ýere döremändir.
Bekarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwürinde ata-babalarymyzyň medeniýetini, taryhyny öwrenmäge we olary dünýä ýaýmaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys. Goý, Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag bolsun,  ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan asylly işleri  rowaç alsyn!
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, halkymyzyň köp asyrlaryň dowamynda döreden milli gymmatlyklaryny dikeltmekde we medeniýetimizi baýlaşdyrmakda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda halkymyzyň milli ýörelgelerinden, giň dünýägaraýyşyndan, pähim-paýhasyndan gözbaş alýan, pederimiziň nesilden-nesle geçirip gelýän milli däp-dessurlary, asylly durmuş kadalary ylmy esasda öwrenilýär we geljek nesillere ýetirilýär.
Ata-babalarymyzdan bize miras galan milli gymmatlyklaryň ählisi nesilden-nesle geçip, şu günlerimize ýetip gelipdir.
Olaryň içinde türkmeniň ak öýi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Agaç önümlerinden taýýarlanýan türkmeniň ak öýi gözbaşyny has irki döwürlerden alyp gaýdýar.
Dünýäde iň ilkinji ýasalan, gurnalan zatlaryň iň gadymysy, syrlysy, ajaýyby, täsini hem-de amatlysy türkmeniň ak öýleri diýsek ýalňyşmasak gerek. Sebäbi şu wagta çenli ak öýleriň dörän wagtyny, anyk ýaşyny kesgitli aýdyp bilýän ýok. Bar bolan etnografik maglumatlara görä, ak öýleriň taryhy örän gadymydyr. Ak öýleri synlanyňda, onuň durkunyň tutuşlygyna türkmen halkynyň ýaşaýyş durmuşy bilen halkyň bagbançylyk, maldarçylyk, we senetçilik önümleri bilen baglanşyklydygyny görmek bolýar.  Ak öýler durmuş zerurlygyna uýgunlaşdyrylan we göçüp-gonmak üçin amatly serişde bolup, çarwa durmuşynyň ähli talaplaryna laýyk gelýär.
Häzirki döwürde ak öýlerimiz ýurdumyzda geçirilýän toý-baýramlaryň bezegidir. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen döwlet derejesindäki, il-ýurt bähbitli maslahatlardyr, ýygnaklary geçirmek üçin welaýatlarymyzyň her birinde “Türkmeniň ak öýi” binasy guruldy.
Halkymyzyň milli medeni gymmatlyklar ulgamynda aýratyn orun eýeleýän türkmeniň ak öýi kämil binagärlik sungatynyň bir görnüşidir. Türkmen ak öýi çarwa maldarlarynyň örän rahat göçme ýaşaýyş jaýy bolupdyr. Sebäbi onuň ýeriň sarsmagyna çydamlylygy, içiniň howasynyň çalşyp durmagy ýaly amatly taraplary bardyr.
Adaty ak öýde gündeki ulanylýan zatlaryň hersiniň goýulýan ýerleri bolupdyr. Öýüň düşegine gülli keçe, haly, palas düşäpdirler. Öýüň gapysynyň sag tarapynda azyk, gap-çanak, el degirmeni, satyl ýaly zatlar goýlupdyr we şol ýere “gap böwri”, “aş böwri” diýlipdir. Bu ýer maşgalanyň zenanlary we  çagalary üçin niýetlenipdir.
Erkek adamlaryň oturan tarapyndan tagta sekijigiň üstünde däneli argyş çuwaly, düýäň howudy, atyň eýeri, ýüp, don, aýakgap ýaly hojalykda ulanylýan zatlary goýupdyrlar.
Gapyň garşysynda bolsa owadan gyzyl, egin-eşik salynýan haly çuwalyny asypdyrlar.
Bu gymmatlyklar häzirki wagtda türkmen durmuşynyň aýrylmaz bir bölegi bolup durýar.
Türkmen halkynyň milli mirasyny ylmy taýdan öwrenmekde, olary dünýä ýaýmakda döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýaryn!
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli alyp barýan asylly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!
Araba ýasamak senedi. Araba ata, eşege goşulyp, ýük daşalýan iki tigirli ýönekeý oba hojalyk ulagydyr. Araba esasan agaçdan ýasalýar, onuň esasy bölekleri iki tigirden, iki aryş geçýän okdan ybaratdyr. Arabanyň bölekleriniň 30-a golaý ady bar. At arabanyň tigriniň diametri 140-150 sm. çemesinde bolýar. Onuň tigriniň agaç aýlaw gurşawy 9 äkden ybarat bolup, her äge 2 keýe berkidilýär, jemi 18 keýe bolýar. Arabadaky äk – munuň özi, tigriň tegelek agaç bölegini emele getirýär, ol sähelçe egrelip duran bölek-bölek agaçlardan ybaratdyr. Äkler biri-birine geýdirilip, agaç çüýler pelim arkaly berkidilýär. Arabadaky keýe-munuň özi tigriň küpjegi (topy) bilen daşky tegelegine birleşdirilýän agaçlar, tigriň agaç çişleri, keýäniň bir ujy tigriň daşky aýlawyny emele getirýän äklerine geýdirilýär.
Geçen, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp, geçen ýylyň dekabr aýynda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda dürli görnüşli işewürlik duşuşyklarynyň, gepleşikleriň, forumlaryň we okuw maslahatlarynyň guralmagy berkarar Watanymyzyň ynanyşmak, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan giň halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilen daşary syýasy ugrunyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysaly boldy.
Türkmen halkymyz täze 2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň ýurdumyzyň berkararlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, durnukly ösüşiň ýyly boljakdygyna pugta ynanýar. Hoşniýetli arzuw-umytlar bilen garşy alan täze ýylymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyny belläp geçeris. Watanymyzy bagtyýarlygyň we rowaçlygyň mekanyna öwürmek ugrunda yhlas bilen zähmet çekeris.
Garaşsyzlygyň 35 ýyly diýmek türkmen döwletiniň mertebesiniň dünýä derejesine göterilen döwri diýmekdir. Bu döwür – halkymyzyň berkarar döwletliligi, bagtyýarlygy, parahatçylykly ösüş ýoluny saýlap alyp, şol ýoldan hem ynamly gadam uran döwri.
Daýhanlar üçin ýene bir möhüm möwsüm ýetip geldi.Olaryň öňünde geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbini tutmak we ýetişdirilen gowaçany ýygnap almak wezipeleri dur. Il sylagly ýaşulylarymyzyň “Bismillasy” bilen bugdaý ekişine girişilenden soň, däne ekijiler doly güýjinde işläp başladylar.Bu bolsa, öňde duran wezipeleri wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer.Welaýatymyzyň Ak bugdaý etrabynda bugdaý ekilşine badalga berildi.
Etrabymyzda öz işine ökde, yhlasly  çemeleşýän daýhanlaryň  sany ýyl-ýyldan artýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy hem-de hemişelik Bitaraplyk  derejämiziň 30 ýyllygynyň toýlanýan günlerinde bugdaý ekişine başlan kärdeşlerimiziň ählisine “Her dänäniz müň bolsun!” diýip arzuw edýärin!
Mälim bolşy ýaly, “Merkezi Aziýa +” formaty Türkmenistany, Özbegistany, Gazagystany, Gyrgyzystany, Täjigistany hem-de sebit bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak, ösdürmek we pugtalandyrmak isleýän aýry-aýry döwletleri birleşdirýär. 2022-nji ýylda köptaraplaýyn formatlaryň, şol sanda “Merkezi Aziýa +” formatynyň çäklerinde özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Merkezi Aziýa döwletleriniň bilelikdäki konsepsiýasy tassyklanyldy. Şeýle görnüşdäki deňhukukly dialog gyzyklama bildirýän döwletleriň we guramalaryň ählisi üçin açykdyr. Bu hyzmatdaşlyk toplumlaýyn häsiýete eýe bolmak bilen, onuň çäklerinde diňe döwlet baştutanlarynyň duşuşyklary däl, eýsem, ministrler derejesindäki duşuşyklar hem geçirilýär. Şeýle formatdaky gatnaşyklar, esasan, ulag-kommunikasiýa, ýangyç-energetika, daşky gurşawy goramak, söwda-ykdysady, innowasion tehnologiýalar, maýa goýum ýaly ulgamlary öz içine alýar. Köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmegiň we özara tejribe alyşmagyň uly geljeginiň bardygyny aýtmak gerek.
Merkezi Aziýa – bu diňe iki yklymy birleşdirýän uly geografik giňişlik däl. Umumy taryh, medeniýet, dil we din sebitiň 81 milliondan gowrak ilatyny biri-biri bilen has-da ysnyşdyrýan, baglanyşdyrýan we birleşdirýän şert bolup çykyş edýär. Bu bolsa gadymy dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň üýtgewsizligini alamatlandyrýar.
Türkmen topragy- il-güne egsilmez hümmet täze döwre-sahawat. Bu topraga yhlas etseň oňa maňlaý deriňi döküp zähmet çekseň ol öwezine saňa eşretli, sapaly durmuş eşilýär. Türkmen daýhany bu gün ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda sünnäläp sungat derejesine ýetiren daýhançylyk kärini barha kämilleşdirmekde, häzirki zaman ekerançylyk ylmy bilen utgaşykly alyp barmakda ähli gujur-gaýratyny gaýgyrman ýadawsyz zähmet çekýär. Türkmen topragynyň owadan ösümlik dünýäsi hem bagtyýarlyk aýdymy deýin, kalbyňy ylhamdan dolduryp owazlanyp dur. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ruhuny täze belentliklere galkyndyrýar hem-de Berkarar Watanyň bagtly gelejeginiň ýalkymy dünýä parahatçylygynyň baýdagy täze döwür täze eýýamynyň genji-hazynasy şamçyragy bolup, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizi ak ýollardan şanly geljegine tarap alyp barýar.
Türkmenistanda 3 görnüşi gabat gelýär. Gyzgan- güneşi halaýan, gurakçylyga çydamly hem ýylylygy söýüji ösümlik. Gyrymsy agaç aprel-maý aýlarynda gülleýär, maý-iýulda miwesi ýetişýär. Gyzgan çöl hem dag eteklerinde, derýalaryň ýakalarynda, aglaba şorlaşan ýerlerde, ekin meýdanlaryň gyralarynda bitýär. Gyzgan ýurdumyzdaky seýregräk ösümlikleriň hataryna goşulýar.  Dermanlyk maksatlary üçin gory ýeterlik. Ösümligiň dermanlyk maksatlary  üçin miwesi çig mal bolup hyzmat edýär. Gyzganyň miwesinde, tohumynda ýag, polisaharidler, C witamini, palmitin bilen oleinin turşulyklary saklanýar.halk lukmançylygynda gyzganyň miwesi bilen tohumy saraltmada, ödi oňat çykaryjy, aşgazan sanjysynda, dem agyr alnanda, iç sürüji serişde hökmünde haýyrlanylýar. Şeýle hem ol oňat bal beriji, iýimlik hem-de  çägeleri berkidiji ösümlikdir. Gyzganyň bir nahar çemçe miwesini bir bulgur gaýnaga atyp, syrçaly gapda pessaý otda ýylylygyna deňleşýänçä goýmaly. Nahardan 20-30 minut öň her gün 3 wagtyna 10-15 günläp ýarym bulgurdan içmeli. Gyzganyň bir çaý çemçe owradylan tohumynyň un ýalysyny 100 ml spirte atyp, agzy mäkäm gapda 10 gün saklamaly. Soňra hasadan geçirip nahardan öň 5-10 damjasyny günsaýyn  iki hepdeläp kabul etmeli.
Dermanlyk hem bezeg häsiýetli gökgülälegiň dünýäde 20, Türkmenistanda 6 görnüşi duşýar. Olaryň aglabasy dermanlyk häsiýetli ösümlikdir. Gülleri açyk sary reňkli, onuň ortasy gyzyl ýa-da gyzylymtyl reňkli, esasy gara reňkli süýrümtik menekli. Ösümlik aprel-maý aýlarynda gülleýär we miweleýär. Tohumy arkaly köpelýär. Ösümligiň oty we tohumy dermanlyk maksatlary üçin çig mal bolup hyzmat edýär.  Otuny ösümlik gülleýän döwri ýygnamaly, adaty usulda guratmaly. Tohumyny doly bişende ýygnamaly. Gelşikli gökgülälekde 0,2-0,7% alkaloidler (glauwin, glausin, izoboldin, izokoridin, koridin, protopin, helidonin we başgalar ) bar. Türkmen halk lukmançylygynda gelşikli gökgülälegi guragyryny, dem alyş ýollarynyň sowuklamasyny bejermek üçin, şonuň ýaly-da
buşukdyryjy gakylyk goparyjy serişde hökmünde, şiresini göze ak düşmede peýdalanýarlar. Özbegistanda ösümligiň ýerüsti böleginden taýýarlanylan peti bilen jöwheri çagalary ukladyjy we süýji keseliň garşysyna dermanlyk serişde hökmünde,  Ermenistanda- üsgülewikde ulanylýar. Ylmy lukmançylykda gidrohlorid glausini üsgülewigiň garşysyna oňat netije berýän derman serişde hökmünde ulanylýar. Ösümligiň oňat owradylan hem guradylan bir çaý çemçesi otuny bir bulgur suwa atyp, içi syrçaly gapda 10 minut gaýnatmaly. Melhemlik peti  hasadan  süzüp,  her  gün 3  wagtyna  bir  çaý  çemçesinden içmeli.
Änew şäheri Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi bolup, ol paýtagtymyz Aşgabat şäherinden 8 km gündogarda ýerleşýär. Arheologik maglumatlar Änew şäheriniň eneolit döwründe peýda bolandygyna şaýatlyk edýär. Biziň ata-babalarymyz gadymy döwürlerde hem Änew topragynda ekerançylyk,maldarçylyk bilen meşgulanypdyrlar we ekerançylykda däneli ekinleriň baş pugdagy bolan bugdaýyň, arpanyň birnäçe görnüşlerini ösdürip ýetişdiripdirler. Bu bolsa Änew topragynyň has gadymy döwürlerde hem  ekerançylygyň gülläp ösen ýer bolandygyna şaýatlyk edýär. Ata-babalarymyzyň ak bugdaýyň tohumyny saýlap-seçip alyp bilmegi we ony dünýä halklarynyň arasyna ýaýratmagy başarmagy olaryň zähmetsöýer adamlar bolandygyndan habar berýär.Muňa garamazdan adamzat durmuşynyň ilkinji wagtlarynda adamlar diňe tebigatyň eçilen,ýabany ösümlikleriň miwelerini iýip oňňut etmäge eseslanypdyrlar.Tebigatyň guraklygy,sowuklygy adamlaryň ýaşaýşynda örän uly yz galdyrypdyr.Tebigy şertleriň bir ýerde amatsyzlygy bir ýerde bolsa oňaýlylygy adamlaryň ondan-oňa göçüp-gonmaklaryna sebäp bolupdyr. Ilatyň azlygy, meýdanlaryň giňligi hem şeýle ýaşaýşa amatly şert döredipdir.Diňe ekerançylygyň ýüze çykmagy bilen adam tebigata täsir edip başlapdyr.Adamlar täze ýerleri özleşdirip,suwaryş desgalaryny gurupdyrlar,ýeri ýumşadypdyrlar,tokaýlaryň agaçlaryny kesip onuň ýerine ekin ekipdirler.Adamlar ozal diňe tebigatyň eçilen ýabany däne ösümliklerini çöpläp iýen bolsalar, wagtyň geçmegi bilen admlaryň aňynyň ösmegi netijesinde,inni olaryň özleri ekin ekip özleride ýygnamaga girişipdirler. Otyrymly ekerançylykly obanyň bolmagy ilatyň köpelmegine getiripdir.Ýurdumyzyň ýerlerinde soňky ýyllarda geçirilen gazuw-agtaryş işleri netijesinde ekerançylyk bilen meşgul bolan oturymly obalaryň birnäçesi, ýagny   Jeýtun,Çopandepe,Togalakdepe, Bamy, Çagylly, Monjukly ýaly ençeme obajyklaryň barlygy anyklanyldy.
Mälim bolşy ýaly,ekerançylyk medeniýeti özüniň gözbaşyny Jeýtun medeniýetinden alyp gaýdýar. Jeýtun medeniýeti b.e.öňki VII-V müňýyllyga degişli, täze daş asyry döwründe Köpetdag eteginde döreýär.Ol hem bürünç asyryna çenli dowam edip, Jeýtun medeniýeti diýen at bilen taryha girdi. Jeýtun, ýagny ol at şol zamanyň ýadygärligi bolan jeýtun obasynyň ady bilen baglanşyklydyr. Jeýtun obasy Aşgabat şäherinden 30km demirgazykda ýerleşýär.Bu obada 1937-nji ýylda arheolog A.Maruşenka tarapyndan gazuw-agtaryş işleri geçirilýär. Geçirilen gazuw-agtaryş işleri netijesinde oraklaryň, arpa däneneleriň,palçyga garmak üçin ulanylan köp sanly sypal samanyň tapylmagy jeýtunlylaryň ekerançylyk bilen meşgullanandyklaryny subut etýär.Jeýtunlylaryň meýdany Jeýtunyň günortasynda akýan,Köpetdagdan gaýtýan Garasuw derýanyň suwy bilen suwarylypdyr.Jeýtunlylaryň oturymly ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgul bolan döwründe dünýäniň köp böleginde adamlar ýabany ösümlikleri ýygnap, aw awlapdyrlar.Neolit öz ornuny eneolit asyry bilen çalyşýar.Ol döwür Jeýtun medeniýetinden Änew medeniýetine geçirilýän döwre gabat gelýär.Taryhy edebiýatda amerkan alymy Rafael Pampaelliniň änew şäheriniň golaýynda düýpli işleri netijesinde Änew “Änew medeniýeti ” ady bilen taryha girdi.
Türkmen halkynyň asyrlara uzap gidýän taryhy we baý medeniýeti bar. Käbir däp-dessurlaryň we edim-gylymlaryň gadymylygy olaryň gizlin sahypalarynyň has jikme-jik görkezilmegini talap edýär. Wagtyň geçmegi bilen, ata-babalarymyzyň gadymy däp-dessurlary giňden ýaýrap, diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem goňşy ýurtlaryň halklarynyň taryhyndadyr medeniýetinde-de yz galdyrypdyr. Bu medeni gymmatlyklaryň biri-de türkmen tamdyrydyr.
Tamdyr Aziýa halklarynyň arasynda dürli tagamlary taýýarlamak we çörek bişirmek üçin, öňden bäri ulanylýan şar görnüşli özboluşly peçdir. Jaýlary ýylatmak üçin taýy bolmadyk bu desga dini dessurlar we kesel bejermek maksatlar üçin hem ulanylypdyr. Tamdyr  Aziýa ýurtlarynda, Azerbaýjanda, Ermenistanda, Gruziýada, Gyrgyzystanda, Ispaniýada, şeýle hem Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda, Russiýanyň günortasynda, Gazagystanda, Krymda, Täjigistanda we Hindistanda giňden ýaýrapdyr.
Türkmen halkynyň medeniýeti we durmuşy tamdyr bilen baglanyşykly däp-dessurlar, dabaralar, urp-adatlar, nakyllar hem aýtgylar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Türkmenler tamdyryň jadyly we bejeriş güýjüne ynanypdyrlar. Ol hemişe-de mukaddes hasaplanypdyr, çünki onda çörek bişirilipdir. Ony al-arwahdan goramak üçin, tamdyryň daşky diwarynda henizem goçak şekillendirilýär. Rowaýata görä, syrkaw çagany bejermek üçin, ony üç gezek tamdyryň daşyndan aýlamak ýeterlikdir. Türkmenleriň aşpezliginde-de şu güne çenli gönüden-göni tamdyrda taýýarlanylýan ýa-da ady tamdyr bilen baglanyşykly köp sanly tagam saklanyp galypdyr, mysal üçin, tamdyrlama.
Bekarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwürinde ata-babalarymyzyň medeniýetini, taryhyny öwrenmäge we olary dünýä ýaýmaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys. Goý, Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag bolsun,  ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan asylly işleri  rowaç alsyn!
Türkmenistanyň Halk Maslahaty halk häkimýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasy bolmak bilen, ony döretmegiň tertibi we ygtyýarlyklary konstitusion kanun bilen kesgitlenýär. 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda döredilen Türkmenistanyň Halk Maslahaty  tarapyndan kabul edilen kararlardyr çözgütler milli ösüş maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna gönükdirilip, tutuş halkymyz tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolýar. Şu ýylyň 20-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň  mejlisinde eden çykyşynda: “Biz döwletlilik, kanunylyk we milli demokratik kadalardan ugur alyp, döwlet ähmiýetli möhüm soraglary halk bilen maslahatlaşyp  amala aşyrýarys. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi hem şol maksatlara esaslanýar” diýip belledi.
Halkymyzda “Agzybirlik döwletliligiň altyn açarydyr” diýen ajaýyp pähim bar. Biz bu pähimiň halkymyzyň durmuş ýörelgesine öwrülip gidendigine şaýat bolýarys. Agzybirlik bilen, gurmak, döretmek, merdana ata-babalarymyzyň  gymmatly ýörelgelerini döwrüň gazananlary bilen baýlaşdyryp, geljekki nesillere geçirmek jemgyýetiň ösüşine täsir edýän durmuş gözellikleriniň biridir.
Türkmen halky özüniň milli gymmatlyklaryna mukaddeslik hökmünde garaýan halk. Göreniňde gözüňi gamaşdyrýan ençeme zenan lybaslarymyz türkmen gelin-gyzlarymyzyň zehininden, mähir-yhlasyndan kemala gelýär. Türkmen halky ýaly milliligini gorap-saklap asyrlardan miras goýan halklara hemmeleriň hormaty ulydyr. Türkmen gelin-gyzlarynyň çeper elleri bilen keşdelän lybaslaryny göreniňde ene-mamalarymyzyň keşde çekmek iňňe bilen guýy gazan ýaly diýmekliginiň asyl manysyna düşünýärsiň. Keşde çekmek ussatlygy, çeper elliligi we sabyrlylygy talap edýär. Çeper elli gelin-gyzlarymyzyň uz barmaklaryndan döreýän köz ýaly ýanyp duran keşdeli keteni köýnegi, tahýasy, dürli nagyşlar bilen bezelen çabytdyr begresi türkmen tebigatynyň gözýetmez ajaýyplyklarynyň, sahawatly türkmen topragynyň ajaýyplynyň berekediniň beýany we zenanlarymyzyň bezegidir. Zenanlarymyz asyrlardan aşyp gelen keşdeçilik sungatyny hem häzirki ajaýyp zamanamyzda hem sungat derejesine ýetirmegi başarýarlar. Olar her bir geýýän lybaslaryny döwrebap nagyşlar bilen bezäp milli türkmen lybaslary bilen türkmen toýunyň bezegini has-da artdyrýarlar.
Bekarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwürinde ata-babalarymyzyň medeniýetini, taryhyny öwrenmäge we olary dünýä ýaýmaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys. Goý, Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag bolsun,  ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan asylly işleri  rowaç alsyn!
Dermanlyk, azyklyk hem bezeg ähmiýetli daragt gadymy hem-de uzak ýaşaýan ösümlikleriň hataryna girýär.Daragt aprel-maý aýlarynda gülleýär, iýul-awgustda miweleýär. Ol kök çykyntgylary hem-de tohumy arkaly köpelýär.  Ýurdumyzyň hemme ýerlerinde diýen ýaly ösdürilip ýetişdirilýär. Daragtyň dermanlyk maksatlary üçin köküniň we sütüniniň gabygy, ýapragy hem miwesi çig mal bolup hyzmat edýär.Çig mallary adaty usulda ýygnamaly hem taýýarlamaly. Gabyklary we ýapragy mata haltalara gaplamaly, miwesini kagyz haltada ýa-da gutuda saklamaly.Çig mallyk gabyklaryň we ýapragyň saklanyş möhleti 1-2 ýyl, miwesiniňki-1ýyl. Gara tuduň sütüniniň gabygynda eý maddalary, malberrin flawonoidi, ýapragynda- C witamini, kofe fenolkarbon turşusy, rutin flawonoidi, kempferol, kwersetin, fridelin, hederagenin triterpenoidler, sitosterin, umbelliferon we skopoletin kumarinleri;  miwesinde -5-10% uglewodlar, 1,8% organiki turşulyklar, B1, B2, PP, C witaminler, karotin, eý maddalary; tohumynda- efir ýagy bar. Halk lukmançylygynda agajyň bişip ýetişmedik ter miwesi, bişen tudanasynyň şiresi ýa-da jöwheri içgeçmä garşy ulanylýar. Bişen tudananyň özüniň çalarak iç sürüjilik täsiri hem bardyr. Ol bedendäki dykylary açýar we arassalaýar, ganyň gyzgynlygyny peseldýär. Bokurdakdaky, damakdaky, kentlewikdäki we dildäki çişi sorup alýar hem olary pugtalandyrýar, işdäni açýar. Içegelerdäki dörän ýaralara haýyrly. Hytaý lukmançylygynda daragtyň köküniň gabygy howply çişlerde we iç sürüji hökmünde ulanylýar. Onuň toz görnüşindäkisi ýa-da peti soguljanlara garşy we diuretiki hem dismenoreýada  haýyrlanylýar. Ýapragyndan taýýarlanylan şerbet we spirtli ergini ýürek-damar ulgamynyň kesellerinde gipotenziw häsiýetli. Toşaby laringitde çaýkamak üçin ulanylýar hem-de derlediji hökmünde içilýär.Miwesiniň peti difteriýada, agyz boşlugynyň zeperlenmesinde çaýkamak arkaly ulanylýar.Tudanasynyň şiresi we özi ary baly bilen garylyp, bokurdak ragynda oňa çalynýar. 100 ml tudana şiresini we özüni şol gatnaşykdaky ary baly bilen garyşdyryp, 7 hepde goýmaly.Taýýar bolan melhemligi günde 3 gezek zeperli ýeriňe çalmaly.Gara tuduň  guradylan hem owradylan 4 nahar çemçesi ýapragyny 100 ml spirtiň içine atyp, agzy berk ýapylan aýna gapda 10 gün goýmaly. Taýýar bolan şerbedi hasadan geçirip, her gün 3 gezek 10-15 damjadan kabul etmeli.
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz daýhanlar barada edýän ýadawsyz aladasy, berýän kömekdir, goldawlary netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy uly ösüşlere we özgerişlere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwlet tarapyndan, oba hojalyk tehnikalaryny satyn almak üçin daýhan birleşiklerine, kärendeçilere, telekeçilere ýeňillikli karzlaryň berilmegi ekerançylaryň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga, sahawatly toprakdan has köp hasyl almaga ýardam edýär. Ýokary hasyl öndürmekde oba zähmetkeşlerine tehniki hyzmatlar, mineral dökünler, ýokary hilli tohumlar hem-de ösümlikleri zyýankeşlerden goraýan himiki serişdeler ýeňillikli bahalaradan berilýär. Döwletimiz dünýäniň ýokary öndürijilikli, işlemek üçin ähli amatlyklary bolan tehnikalary yzygiderli satyn alýar. Daýhanlar bilen olaryň öndüren önümleri üçin hasaplaşyklar öz wagtynda amala aşyrylýar. Bularyň ählisi daýhanlara oba hojalyk önümlerini ýokary hilden has köp öndürmäge höwes döredýär.
Diýarymyzda badamyň 6 görnüşi ösýär. Baldagy ýylmanak. Örän köp gysgajyk şahaly, tikensiz. Daşy gyzylymtyl-goňras gabykly. Dermanlyk daragt ir gülleýär, ýagtylygy  köp  talap  edýär. Badamyň melhemlik çig maly bolup hozy hyzmat edýär. Süýji badamyň maňzy ýakymly, ýagjymak tagamly, yssyz. Tohumynda 60,47% ýag, 7,80% uglewodlar, 23,30% beloklar saklanýar. Şeýle hem glikozidler, amigdalin, gematin, benzaldegid bilen sinil turşusy, B2 witamini, 20-ä golaý belokly madda hem-de saharoza bar. Ylmy lukmançylykda süýji badamyň tohumyndan taýýarlanan süýdi bilen ajysynyň suwy aşgazan bilen içege sökellilerinde peýdalynýar. Ýagy ýakymly iç sürüji  hem-de derini ýumşadyjy serişde.  Ajy badamyň suwy damar çekmegi rahatlandyrýar. Ösümligiň süýjisi içki agzalary arassalaýar. Beýniniň maddalaryny berkidýär, görüjiligi güýçlendirýär, bokurdagy ýumşadýar. Şeker bilen peýdalananyňda  demgysma, öýken perdesiniň näsazlygyna, gangusma, peşewhalta, tohumyň mukdarynyň köpelmeginedir  bedeniň  katdyna  gelmegine  haýyrly. Her gün maňzyndan 100-150 gram iýmeli.
Haşal derman ösümligiň baldagy dik, şahalanan, olar açyk ýaşyl reňkli, daşy gür tüýjagazlar bilen örtülen. Ýapragyň goltugynda 10-15 sany güljagazlar  ýerleşip, ýalan gül  çogdamyny  emele getirýärler. Olar şar şekilli, uzyn, açyk sary reňkli.        Miwesi-uzynlygy, takmynan 2mm, ýumurtgapisint,  üçgyraňly  kütek, ýalaňaç, ýylmanak, köplenç garamtyl reňkli gozajyk. Ösümlik dag eteklerinde, çagylly eňňitlerde, jülgelerde ýola we çeşmelere ýakyn ýerlerde, derelerde hem eňňitlerde, arçalyklarda ösüp boý almany halaýar. Ösümlik maý-awgust aýlarynda gülleýär, iýun-sentýabr aýlarynda miweleýär. Dermanlyk maksatlary üçin gory ýeterlik. Esasan merkezi Köpetdagda köp toplanan. Ösümligiň oty dermanlyk maksatlary üçin çig mal bolup hyzmat edýär. Ösümligi gülleýän wagty  ýygnamaly we adaty usulda guratmaly. Çig maly mata haltada saklamaly. Möhleti 2 ýyl.  Otunyň düzüminde alkaloidler we beýleki azotsaklaýjy birleşmeler: 0,16% holin, stahidrin, 0,4% efir ýagy, C witamini, kofe fenolkarbon turşusy, flawonoidler, antosianlar saklanýar. Tohumynda ýokary gurluşly ýag turşusynyň barlygy anyklanyldy. Halk lukmançylygynda ösümligiň otundan taýýarlanylan peti ýiti respirator ýokançlarynda, bokurdagyň kesellerinde ulanylýar. Ösümligiň otunyň şerbeti agyryny aýryjy, gipotenziw  serişdesi hökmünde  peýdalanylýar. Türkmen halk lukmançylygynda ösümligiň jöwheri  we peti aşgazan-içege bozulmalarynda, üsgülewikde  hem  bagyr  kesellerinde  ulanylýar. Ýolgutlynyň bir nahar çemçesi otuny bir bulgur suwa atyp, 30 minut goýmaly. Hasadan süzüp, her gün 3 gezek nahardan öň bir nahar çemçesinden içmeli.
Garaşsyz Türkmenistanyň üýtgewsiz garaýyşlary ýurtlaryň we halklaryň arasynda deňhukukly, özara hormata esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmakda dünýä giňişliginde BMG-niň eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga ýardam bermekde jemlenýär. Şu nukdaýnazardan, dünýäniň birnäçe döwletleriniň parlament ýolbaşçylarynyň, ugurdaş halkara we sebit guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Awazada geçiriljek köptaraply duşuşyk ägirt uly ähmiýete eýe bolar. Sebäbi Türkmenistan dürli syýasy ulgamly we garaýyşly ýurtlaryň açyk, netijeli gepleşikleri geçirip biljek ählumumy parlament meýdançasy bolup çykyş eder. Garaşylyşy ýaly, parlament ýolbaşçylarynyň öňde boljak duşuşgynyň dowamynda häzirki zaman parlamentarizmini ösdürmek barada pikir alyşmalar geçiriler. Olarda halklaryň we döwletleriň, olaryň ykdysady, durmuş-medeni ösüşiniň bähbidine mundan beýläk-de bilelikde işleşmek üçin anyk ugurlar kesgitleniler. Parlament ýolbaşçylarynyň Awaza duşuşygy parlamentara hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklere eýedigini, onuň ösüşiniň geriminiň giňdigini we dürlülige baýdygyny görkezmäge gönükdirilendir. Mundan başga-da, bu forum kanun çykaryjylygyň iň gowy tejribelerini we parlament işiniň usullaryny alyşmakda abraýly meýdançalaryň biri bolar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýleki pudaklar bilen bir hatarda Oba hojalyk pudagy milli ykdysadyýetiň möhüm pudagy hökmünde bedew bady bilen  öňe barýar. Bu pudagyň netijeliligini artdyrmaga, dürli görnüşli, ýokary hilli önümleriň önümçiligini ýokarlandyrmaga, azyk bolçulygyny üpjün etmäge, maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirmäge gönükdirilen işler yzygiderli ýagdaýda durmuşa geçirilýär, bu ugurdaky kanunçylyk binýady kämilleşdirilip. Ilki bilen, ýer we suw gorlaryny netijeli peýdalanmaga, agrosenagat toplumlary döwrebaplaşdyrmaga, ulgama sanly tehnologiýalary ornaşdyrylmaga üns berilýär.Oba hojalygynda geçirilýän şeýle düýpli özgertmeler ekinlerden ýokary hasyl almakda ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmekde eksport mümkinçiligimizi ýokarlandyrmakda hem-de senagaty çig mal bilen üpjün etmekde örän uly ähmiýete eýedir.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taryhy karary bilen bugdaýyň döwlet tarapyndan satyn alyş bahasynyň ýokarlandyrylmagy ýer eýeleriniň, kärendeçileriň işe bolan höwesini has-da artdyryp, täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzy nurana geljege alyp barýan, ýurdumyzyň oba hojalygyny özgertmekde we ösdürmekde nusgalyk işleri amala aşyrylýar.
Milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagy bolan oba hojalygyny ösdürmek ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda, üstünlikli işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek boýunça kabul edilen çözgütleri durmuşa geçirmek, ýurdumyzda ýer we suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak üçin Karar kabul edildi. Oba hojalygynda, ekerançylykdan peýdalanylýan daýhan hojalyklarynda ekin  dolanşygyna girizilen ýerleriniň azyndan 70 göteriminde şertnamalaýyn esasda bugdaý, gowaça we döwlet tabşyrygyna  girýän  beýleki  oba  hojalyk ekinlerini, galan böleginde bolsa, ylmy  esasda  ekin  dolaşygyny  geçirmek üçin döwlet tabşyrygyna girmeýän oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek  hem-de berilen  umumy  ýer  bölegi  üçin  döwlet  tabşyrygyna  girýän  oba  hojalyk ekinleriniň hasylyny öndürmek boýunça bellenen  meýilnamany doly  ýerine ýetirmek şertinde önüm öndürijilere  99-ýyla çenli peýdalanmaga berildi. Daýhan hojalykçylara ösen döwletleriň kombaýnlary, oba hojalyk tehnikalary, ätiýaçlyk şaýlary  yzygiderli alnyp  berilýär. Ýokary hilli tohumlar  dökünler bilen üpjün edilýär.
Halkymyzyň milli mirasynyň ýitip gitmezligi we ýaş nesillere ýetirmek üçin olary ýygnap,  saklap  hem-de öwrenip,  wagyz   edip ilata ýetirmek müzeýleriň,  muzeý işgärleriniň esasy wezipesi bolup durýar. Milli mirasyň,taryhy gymmatlyklaryň üsti bilen mähriban watanymyza, halkymyza, onuň taryhyna, milli mirasyna söýgi döretmekde, ýaşlarymyzy milli ruhda terbiýelemekde muzeýleriň ähmiýeti örän uludyr. Biziň milli “Ak bugdaý” muzeýmiziň etnografiýa bölüminde ýerleşdirilen gymmatlygymyz Çolpy barada gürrüň bersek,bu taryhy gymmatlyk göräýmäge ýönekeý çybyjaklardan örülen hem bolsa, biziň ene- mamalarymyz çolpyny tagam taýýarlamakda giňden ulanypdyrlar.
Geçmişdäki ata-babalarymyz öý hojalykda has giňişleýin peýdalanmaklyk üçin bu senedi öz gelin-gyzlaryna ýasap beripdirler, olar bolsa çolpyny haýsydyr bir tagamy süzüp almaly bolanlarynda peýdalanypdyrlar. Şeýlelikde çolpy häzirki döwrümizde süzgüjiň ýerine ulanylan senet bolup durmuşda uly orun eýeläpdir. Çolpy söwüt çybygynyň inçejik uzynjasyny saýlama görnüşde alyp, ony çyglygyna örüp goýansoňlar hem alyp ulanybermeli, sebäbi çybyklar guraýan ýagdaýynda-da öllügine goýulan şekilindäkiden üýtgemändir. Çolpy örülenden soň ýasy çemçe görnüşine gelip, çemçäniň gulpy ýaly inçelip gidýän ýeri bolsa, sökülmez ýaly ýörüte akly,goňurly alaja bilen berkidilipdir. Çolpyň reňki goýy goňur bolupdyr.Umuman çolpynyň daşky görnüşi süzgüje meňzeşdir. Çolpy häzirki döwürde örän seýrek ulanylýar.  Biziň milli mirasymyzy döwletli işleri bilen beýan etmäge muzeýlerimize uly ýol açyldy.
Haşal derman ösümligiň dünýäde 12, Türkmenistanda 1 görnüşi duşýar. Syçratgy maý-iýul aýlarynda gülleýär we miweleýär. Tohumy arkaly köpelýär. Ol gurak hem çüýrüntgä  baý  topraklarda ösüp boý almagy halaýar. Köplenç ýollaryň gyrasynda, ekin meýdanlaryň töwereginde, dag eteklerinde, derelerde we çeşmeleriň boýynda ösýär. Dermanlyk maksatlary üçin gory ýeterlik. Ýurdumyz boýunça her ýylda 10-15 tonna çig mal ýygnamaklyga mümkinçilik bar.Ekip hem ýetişdirilýär. Ösümligiň dermanlyk maksatlary üçin köki we oty çig mal bolup hyzmat edýär.Onuň köküni güýzde ýa-da ir baharda ýygnamaly. Syçratgynyň kökünde köp mukdarda inulin, B1 C witamin, holin, şeker we eý maddasy saklanýar. Onuň  hemme  böleklerinde  süýtli  şire  bolup, ol ajy maddalara baýdyr. Ösümlik halk lukmançylygynda giňden ulanylýar. Onuň kökünden hem gülünden taýýarlanylan peti merkezi nerw ulgamyny rahatlandyrýar, ýüregiň kadaly işlemegine ýardam berýär. Mundan başga-da syçratgynyň köki işdä açyjy serişde, böwregagyryny, içagyryny, azganlylygy, süýji keseli bejermekde peýdalanylýar. Şeýle-de garaguş kesellilere, kakynlylara, ýokary nerw gyjynyjylyk, ruhy nähoşluk, was-waslyk kesellerine  duçar bolanlara peýdalanmak maslahat berilýär. Mundan başga-da ony arassalaýjy we madda çalşygyny sazlaşdyryjy serişde hökmünde ulanylýar. Deri kesellerinde (örgün örende, çyban çykanda) syçratgynyň peti haýyrlanylýar. Lukmançylyk maksatlary üçin syçratgynyň ýabany görnüşini haýyrlanmak has peýdalydyr, çünki onda ajy maddalar köp toplanýar. Ösümligiň guradylyp owradylan otu we köki gaýnadylyp, süzülip içilýär.
Ermeni çerbiýesi – mamamçörekler maşgalasynyň  çerbiýeler urugynyň wekili. Ösümlik iýun-sentýabr aýlarynda gülleýär, iýul- oktýabrda miwesi ýetişýär. Ol çyglylygy talap ediji ösümlik. Tohumy arkaly köpelýär. Lukmançylykda onuň  köki çig mal bolup hyzmat edýär. Çerbiýäniň köki ir baharda ýa-da güýzde ýygnalýar.köküni depip alyp, gumlaryny aýyrmaly. Soňra ýuwmaly we agaçlaşan hem çüýrän ýerlerini aýyrmaly. Olary 20 sm galyňlykda bölekleşdirip, açyk howada ýa-da 50-60 dereje gyzgynlykda guradyjy enjamlarda guratmaly. Ösümligiň kökünde nemler, polisaharidler, krahmal, saharozalar, betain, ýag, pektin, eý, mineral we beýleki maddalar saklanýar. Ermeni çerbiýe halk lukmançylygynda meşhur ösümlikdir. Onuň kökünden taýýarlanylan peti gan gusmada, üsgülewikde we kükrek yzalarynda peýdalanylýar. Çerbiýäniň gülünden we ýapragyndan taýýarlanylan pete zenanlar saçlaryny ýuwýarlar. Ylmy lukmançylykda ol gakylyk goparyjy, ýumşadyjy, sowuklamanyň garşysyna, ötüşen bronhitde, traheitde, laringitde, bronh demgysmasynda ulanylýar. Şeýle hem onuň kökünden taýýarlanylan dermany gastritde we aşgazan hem onkibarmak içegäniň ýaralarynda, enterokolitde, iç geçmede, ekzemada, psoriazda, sistitde, agyz boşlugynyň nemli bardalarynyň ýaralaryny bejermekde peýdalanylýar. Dermanhanalarda çerbiýe köküniň gury we suwuk ekstraktlary, çerbiýe toşaby hem kükrek garyndysy bardyr. Ösümligiň iki çaý çemçesi owradylan gury köküni bir bulgur gaýnag suwuň içine atyp, 1 sagat goýmaly. Soňra hasa bilen süzüp, gün içinde her 2 sagatdan bir nahar çemçeden içmeli. Jöwheriň tagamynyň örän ajylygy sebäpli, oňa şeker ýa-da bal goşsaň bolýar.
Ahal welaýatynyň merkezi Änew şäherine ýerleşýän, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Milli “Ak bugdaý” muzeýi. Muzeýiň taryhy tapyndylary Änew medeniýetiniň b.e.öňki IV-III müňýyllyklara degişli digini taryhy tapyndylar şoňa sudnama bolup bu tapyndylaryň arasynda çakmak daşdan ýasalan pyçaklar, şemdanyň bölegi, haly nagyşlary çekilen küýze bölekleri, çalgy daşlary bolup durýär, şol tapyndylar biziň muzeýimizde arheologiýa bölüminde ýerleşýän. Änew şäherinde tapylan IX-XVI asyrlara degişli taňsyk bölekleri, toýundan ýasalan syrçaly we syrçasyz küýzeler hem uly orun eýeleýär. Şeýle-de galla orulýan orak, däne üwemek üçin daşdan ýasalan el degirmen daşlary, galla önümlerini saklamak üçin niýetlenen uly humlar hem bar. Ahal welaýatynyň çägindäki ýadygärliklerden hem-de gadymy Merwden–Gäwürgaladan getirilen uly humlar örän täsirlidir hem gadymydyr. Şeýle humlar Günorta Türkmenistanyň çäginde seýrek tapylýar. Humlar geçmişde däneli ösümlikleri, esasan hem bugdaýy saklamak üçin niýetlenipdir, olaryň käbirleri bolsa, urylara gömülipdir. Humlar miladydan ozalky II asyrdan XVIII-XIX asyrlara degişlidir. Bekarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwürinde ata-babalarymyzyň medeniýetini, taryhyny öwrenmäge we olary dünýä ýaýmaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys. Goý, Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag bolsun,  ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan asylly işleri  rowaç alsyn!
Türkmenistan 2026 – 2028-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (ECOSOC) agzalygyna saýlanyldy. Bu baradaky çözgüt Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň golaýda geçirilen 75-nji umumy mejlisinde yglan edildi.
Mälim bolşy ýaly, Ykdysady we Durmuş geňeşi BMG-niň esasy düzümleriniň biri bolup, ol guramanyň ykdysady-durmuş meseleleri boýunça iş alyp barýan ýöriteleşdirilen edaralarynyň 15-siniň, düzümleýin komissiýalarynyň 9-synyň, sebitleýin komissiýalarynyň 5-siniň işini utgaşdyrmaga jogapkärdir. Geňeşiň agzalygyna Milletler Bileleşiginiň düzümindäki 193 döwletiň arasyndan her iki ýyldan bir gezek saýlanylýan 54 ýurt girýär. Her ýyl möhleti dolan döwletleri çalyşmak maksady bilen, sebitleýin toparlardan 18 ýurt saýlanylýar. Türkmenistan hem ilkinji gezek 2013 – 2015-nji ýyllarda, soňra bolsa 2019 -2021-nji ýyllar aralygynda durnukly ösüşiň ykdysady, durmuş we daşky gurşaw ölçeglerini ilerletmekde BMG-niň ulgamynda merkezi orny eýeleýän bu abraýly düzümiň agzalygyna kabul edilipdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ,,Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda türkmen halkynyň her bir güni toý-baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Häzirki wagtda Türkmenistan Watanymyzyň  gülläp ösmegi, bagtyýar halkymyzyň parahat we abadan durmuşy ugrunda giň möçberli döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Biziň Milli ,,Ak bugdaý” muzeýimizde hem zenanlarymyzyň geýen milli lybaslary mynasyp orun eýeleýär. Türkmen gelin-gyzlarynyň elleri bilen döreden ajaýyp keşdeleri görenleri haýran galdyrýar. Keşdeçilik sungaty gadym döwürlerden bäri dowam edip, nesilden-nesle geçip biziň şu günlerimize çenli gelip ýetipdir. Türkmen halkynyň keşde çekmek sungaty işeňňirligi, sabyrlylygy we ussatlygy talap edipdir. Zenanlar tarapyndan ýerine ýetirilýän keşdeleriň naýbaşylary esasan hem kürtelerde jemlenen diýsek ýalňyşmarys. Kürteleriň ýakasyna ,,gülýaýdy”, ,,tegbent”,  goçagyna ,,içýanagzy” nagşy keşdelenipdir. Kürtäniň etegine, ýeňlerine ,,tegbent”, ,,içýanagzy” ýaly nagyşlaryň salynmagy howp-hatary, erbet nazary yzyna serpikdirilýandigi bilen düşündirilýär. Türken-gelin gyzlary keşdelerine öz arzuw hyýallaryny siňdiripdirler.
Bekarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwürinde ata-babalarymyzyň medeniýetini, taryhyny öwrenmäge we olary dünýä ýaýmaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys. Goý, Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag bolsun,  ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan asylly işleri  rowaç alsyn!
Miwesi edil gäminiň labryna meňzäp duran täsin haşal dermanlyk ösümliginiň dünýäde 20, şol sanda Türkmenistanda 2 görnüşi duşýar. Demirtiken – düýedabanlar maşgalasyna degişli, inçejik kökli birýyllyk otjumak ösümlik. Ösümlik baldagynyň ýere ýazylyp  süýşüp-süýşüp  ösýändigi  bilen tapawutlanýar. Ol maý-awgust aýlarynda gülleýär, iýun-sentýabrda miweleýär.Demirtiken diňe tohumlary arkaly köpelýär. Dermanlyk ösümlik diýarymyzyň ähli etraplarynda köpçülikleýin duşýar. Demirtikeniň oty dermanlyk üçin çig mal bolup hyzmat edýär.Dermanlyk çig maly ösümlik gülleýän ýa-da miweleýän döwründe taýýarlamaly. Ösümligi köki bilen toprakdan goparyp almaly hem onuň köküni kesip aýyrmaly. Demirtikeni bassyrmanyň aşagynda ýa-da açyk gün düşýän ýerde guratmaly. Ösümligiň düzüminde flawonoidler, diosgenin, protodiosin, kikuba-saponin, gitogenin, ruskogenin ýaly saponinler, fitoestrogenler, fitosterinler, sakyz, eý we reňk beriji maddalar, ýapragynda “C” witamin saklanýar. Abu Aly ibn Sina “Lukmançylyk ylmynyň kanunlary” eserinde demirtikenden taýýarlanylan melhemlik petdir jöwheri dömme çişleri, dürli ýaralary  bejermekde  hem  peşew çykaryjy  serişde hökmünde  we böwrekde dörän daşlary aýyrmakda içmekligi maslahat beripdir. Halk lukmançylygynda onuň otundan taýýarlanan jöwheri bilen petini iç sürüji, ganly iç geçmäni, kelleagyryny dep ediji, gözüň sowuklamasyna haýyrly, ýarany bitiriji, buşukdyryjy, şonuň ýalyda gurplandyryjy serişde hökmünde ulanylýar.Häzirki zaman  ylmy  lukmançylygynda  demirtikenden  taýýarlanylan  “Tribustan” dermany jynsy gowşaklykda ulanylýar. Şonuň ýaly-da düzüminde demirtiken saklaýan “Tribusponin” derman serişdesi sklerozy, aterosklerozy, gipertoniýany, öt näsazlygyny dep etmekde giňden ulanylýar.
Hormatly Prezidentimiziň bitaraplyk syýasatymyzdan gelip çykýan paýhasly başlangyçlary bütin dünýäde giňden ykrar edilýär. Türkmenistan diňe öz milli bähbitlerini däl, eýsem, sebitara hyzmatdaşlygy, ikitaraplaýyn özara peýdaly we hoşniýetli gatnaşyklary ileri tutýar. Bu bolsa ýurdumyzyň daşary syýasatynyň parahatçylygy, agzybirligi, dostlugy ähli zatdan belentde goýýandygyna şaýatlyk edýär. Türkmenistan diňe Merkezi Aziýada däl-de, bütin dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen ylalaşdyryjy merkez bolup, Bitarap döwlet hökmünde giňden tanalýar. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine daýanmak bilen, köptaraplaýyn halkara gatnaşyklaryny yzygiderli giňeldýär. Ony döwletara derejesinde, şeýle hem, abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde netijeli ösdürmek ugrundaky tagallalaryň gerimini barha giňeldýär. Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasy netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň, döwletleriň we halklaryň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmegiň täsirli guraly hökmünde çykyş edýär. Şeýle beýik başlangyçlar hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli daşary syýasatynyň netijesinde durmuşa geçirilýär.
Ösümligiň dünýäde 3, Türkmenistanda 2 görnüşi gabat gelýär. Ösümlik diýarymyzyda Daşoguz medeni oturymynda, Hazarýaka çölünde köpçülikleýin duşýar. Dermanlyk maksatlary üçin gory ýeterlik. Güneýigiň dermanlyk maksatlary üçin esasan oty hem porrugy çig mal bolup hyzmat edýär. Çig mallary adaty usulda taýýarlamaly. Ösümligiň kökünde uglewodlar we oňa ýakyn maddalar, eý maddalary bar. Şeýle hem ösümligiň otunda uglewodlaryň, alkoloidleriň, kumarinleriň, eý maddalaryň barlygy anyklanyldy. Gülünde we gültoplumynda safranal, geliotropin, karotol, mikroton saklaýan efir ýagy hem bar. Halk lukmançylygynda ösümligiň porrugyndan, otundan we gülünden taýýarlanylan dermanlyk peti Uzak Gündogarda böwrek hem dem alyş agzalarynyň sökelliklerinde peýdalanylýar. Güneýigiň miwesini tibet lukmançylygynda gyzamykda ulanýarlar. Üneýik bal beriji ösümlikleriň hataryna girýär. Düýeler üçin iým bolup hyzmat edýär. Ösümligiň 1 nahar çemçesi gülüni 1 litrlik demkeşe demläp. Mazaly demini aldyrmaly. Taýýar bolan jöwheri hasadan geçirip, her gün 3 gezek ýarym bulgurdan içmeli.
Haşal derman ösümliginiň dünýäde 3, Türkmenistanda 1 görnüşi duşýar. Ösümligiň dermanlyk maksatlary üçin oty çig  mal  bolup  hyzmat   edýär. Ony adaty usulda guratmaly hem taýýarlamaly.
Otuny ol hurmalamanka (tohumlamanka) ýygnamaly.        Ysmanagyň  otunyň   düzüminde  C,  A, D, PP, K ýaly witaminleriň 20-siniň, turşuja, limon, alma turşulyklaryň barlygy anyklanyldy. Mundan başga-da onuň düzüminde beloklar, ýaglar, uglewodlar, demir, mis, sink, ýod, kaliý, fosfor ýaly mikroelementleriň, mineral duzlaryň köp mukdarynyň barlygy ylmy taýdan subut edildi. Ysmanak irki wagtlardan bäri azyklyk hem dermanlyk maksatlary üçin haýyrlanyp gelinýän ösümlikleriň naýbaşysydyr.  Ysmanagyň  şypaly dermanlyk häsiýetleri barasynda Abu Ali  Ibn  Sinanyň “Lukmançylyk ylmynyň kanunlary” diýen eserinde  beýan edilýär. Ol  ysmanagyň  şiresini  içgeçmäniň  garşysyna ulanypdyr. Ysmanak  derman hökmünde  peýdalanylanda  şowakörlük, azganlyk, witamin  ýetmezçiligi,  içgeçme ýaly keseller bilen kesellän adamlara nepi degýär.
Ýiti ýakymly ysy bolan narpyzyň dünýäde takmynan 50-den, Türkmenistanda 5 görnüşi duşýar. Ajy narpyzyň watany- Angliýa hasaplanýar. Ony ol ýerden Aziýanyň we  Amerikanyň ýurtlaryna ýaýradypdyrlar.
Narpyz iýun aýynyň ahyryndan sentýabra çenli gülleýär.
Narpyzyň  dermanlyk  maksatlary  üçin  toprakdan  ýokarky  bölegi- oty hyzmat edýär. Ösümligiň otunda efir ýagy- mentol, menton, pinen, limonen, sineol,  dipenten, pulegon, C witamin,  karotin, rutin we beýleki organiki turşylyklar, ýelim maddalary, betanin, gesperdin, mikroelementler  saklanýar. Ajy narpyzyň düzümindäki efir ýagy lukmançylykda, parfyumeriýada, süýji-köke hem likýor-arak önümçiliginde ulanýar. Esasan, lukmançylyk tejribesinde mentol ulanylýar. Ony ýürek yzalarynda, aşgazan-içege  ulgamynyň bozulmalarynda, gysylýan  kolitlerde  hem eneterokolitlerde  neplenýär.  Mentol ýagy bagyr hem öt haltanyň sökelliklerinde peýdalanylýar. Mundan başga-da, narpyzly çaýy ukusyzlykda, nerw ulgamyny  kadalaşdyrmakda  hem rahatlandyrmakda  haýyrlanmak  maslahat  berilýär.
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirip, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen baglanyşykly möhüm wezipeleriň çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça tagallalary birleşdirmekde işjeň hereket edýär. Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ulag ulgamyna möhüm orun degişlidir. Bu ugurda ýurdumyz sebit we halkara derejede ýaýbaňlandyrylan multimodal üstaşyr ulag we logistika düzümlerini kemala getirmek boýunça iri taslamalaryň başyny başlaýar hem-de olary daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde amala aşyrýar. Ulag ulgamyny dünýä ykdysadyýetiniň häzirki zaman şertlerine laýyklykda ilerletmek bilen bagly öňe sürülýän möhüm başlangyçlar Ýer ýüzünde giň goldaw tapýar. Birleşen Milletler guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynaň 63-nji plenar mejlisinde “Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hem munuň aýdyň güwäsidir.
Muzeýiň brynjy gatynda biziň türkmeniň mele myssyk çöregini bişirmek üçin ulanylýan enjamlary görüp bilersiňiz. Bu bölümde ilki bilen türkmeniň keramaty bolan mukaddes tamdyryna gözüň düşýär. Sergi zalynda görkezilen bu tamdyr XXI asyra degişli  küýze tamdyrydyr. Türkmen öz tamdyryny sähetli günde, arassa ýerden yhlas bilen salýar. Tamdyryň göwresinde “goçak” nagşy çekilipdir, ol nagyş tamdyryň berekedini gözden-dilden goramak üçin edilýär. Çörek bişirmek üçin gerek bolýan tabak, kendirik, elek, suw,duz, hamyrmaýa ýaly gerek esbaplar bolup durýar. Sergide görkezilen çörek bişirmek üçin ulanylýan senetler XXI asyra degişlibolup durýar. Türkmen halkynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýaryn.
Täsin gurluşly haşal derman ösümligiň dünýäde takmynan 1700, Türkmenistanda 3 görnüşi duşýar. Ösümlik iýun-iýul aýlarynda gülleýär, awgust-sentýabrda miweleri ýetişýär.  Eýran itüzüminiň  dermanlyk  maksatlary  üçin baldagy we köki çig mal bolup hyzmat edýär. Ösümligiň baldagynda we ýapragynda 0,62-0,82% alkaloidler (solasonin, solomargin, solapersmin, solasodin) bar. Miwesinde uglewodlaryň 4-4,7% çenli glýukoza, fruktoza,, saharoza, 0,2-1,03% organiki turşylyklar (limon,sadap, alma) bar. Mundan başga-da karatinoidler, C witamini, ýaglatyň hem tokoferolyň barlygy kesgitlendi. Türkmen milli tebipçiliginde hem halk lukmançylygynda eýran itüzüminiň kökünden taýýarlanylan dermanlyk şerbetini irki wagtlardan bäri merezýelde haýyrlanyp gelinýär. Halk lukmançylygynda ösümligiň baldagyndan taýýarlanylan jöwheri hem peti ýiti respirator kesellerinde, bronhitde, gökbogmada, dem gysmada, işiazda, sarygetirmede, guragyryda, deri  sökelliklerinde  peýdalanylýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan alnyp barylýan içeri we daşary syýasatyň baş maksady ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary ýola goýmaga, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ilerletmäge esaslanýar. Şeýle asylly maksatlar Watanymyzyň halkara abraýynyň barha belende göterilmegine ýardam edýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýetli wakalara beslenýän şu günlerinde bu hakykat has aýdyň ýüze çykýar. Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň ençeme döwleti bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy saklap, halkara derejede ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini dabaralandyrýar. Aýanlyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk, hoşmeýillilik, parahatçylyk söýüjilik halkymyza mahsus asylly gylyk-häsiýetlerdir. Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistan diňe bir sebitde däl, eýsem bütin dünýäde-de parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar. Ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasaty beýleki döwletler bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny we ösdürilmegini, halkara guramalar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek arkaly anyk taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hemişelik Bitaraplygymyzyň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygynyň bellenilýändigi hem-de Birleşen Millitler Guramasynyň esaslandyrylmagyna 80 ýylyň dolýandygy bilen has uly ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda amala aşyrylýan asylly işleriň netijesinde gülläp ösýän Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji döwlet hökmünde halkara abraýy barha artýar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da ýokarlandyrmaga, halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge gönükdirilýän aladalar rowaçlyklara beslenýär. Ýurdumyz oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirip, dünýä döwletleri bilen dostlukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýär. Hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň dostlukly döwletleriň Baştutanlary we ýurdumyza gelýän ýokary derejeli myhmanlar bilen yzygiderli geçirýän duşuşyklary hem bu hakykaty aýdyň tassyklaýar.
Türkmenistanyň oba hojalygy ýurdumyzyň halk hojalygynyň esasy pudagydyr. Sebäbi oba hojalygy halkyň azyk önümlerine hem-de azyk we ýeňil senagatynyň çig mala bolan barha ýokarlanýan talabyny kanagatlandyrýan maddy önümçiligiň wajyp pudagydyr. Oba hojalygy biziň her birimiz üçin örän möhüm bolan esasy maddy we energiýanyň başga hiç bir zat bilen çalşyp bolmajak görnüşi bilen üpçün edýär.
Ekerançylyk – bu azyklyk, tehniki we ot-iýmlik ekinleri ösdürip ýetişdirmek hem-de olardan bol hasyl almak bilen meşgullanýan oba hojalygynyň esasy önümçilik pudagydyr. Türkmenistanyň ekerançylygynyň esasy ileri tutlýan pudaklaryna däneçilik,pagtaçylyk, şalyçylyk, şugundurçylyk we beýlekiler degişlidir. Oba hojalyk ylmy hökmünde ekerançylyk ýerleri netijeli peýdalanmagyň, topragyň gurplulygyny artdyrmagyň hem-de oba hojalyk ekinlerinden durnukly ýokary we özüne düşýän gymmaty pes hasyl almagyň öňde baryjy usullaryny işläp düzmek bilen meşgullanýar.
Berkakar döwletiň  täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem çagalaryň hukuklaryny we abadançylygyny üpjün etmekdir. Diýarymyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady hem-de medeni ulgamlarynda çagalaryň hukuklaryny goramaga we yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilen şertler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Türkmenistanyň halkara şertnamalary esasynda çagalaryň hukuklaryny üpjün etmek barada öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarlylygyny beýan etmek we olaryň hukuklardan peýdalanmak mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen, “Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023-2028-nji ýyllar üçin Herekeleriň milli meýilnamasy” tassyklandy. Bu Meýilnama berk durmuş-ykdysady we hukuk binýadyna esaslanýar. Häzirki wagtda dünýäniň döwletleri we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Ýurdumyz halkara konwensiýalaryň, ylalaşyklaryň we beýleki köptaraplaýyn resminamalaryň ýüzlerçesine goşuldy.
Änew topragynyň taryhy barada Milli Liderimiziň halkymyza sowgat beren ,,Hakyda göwheri” atly ajaýyp eserinde hem ylmy esasda ýazylan maglumatlar ýerleşdirilen. Bu kitapda türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetine goşan ägirt uly goşandy we dünýä taryhyndaky orny barada ylmy taýdan delillendirilen baý maglumatlar beýan edilýär.
Gahryman Arkadagymyz bu ajaýyp eserinde Änew topragynda ata-babalarymyzyň ilkinji ekerançylyk bilen meşgullanandyklarynyň subutnamalary hakynda belleýär we Änew medeniýeti Köpetdagyň demirgazyk eteklerinde biziň eýýamymyzdan öňki bäşinji müňýyllykda peýda bolupdyr diýip beýan etmek bilen ýurdumyzda geçirilýän gazuw-agtaryş işlerinde ýüze çykarylan gymmatlyklary hatyralap biziň ata-bablarymyzyň ekerançylyk bilen meşgullanandyklaryna aýratyn üns çekýär. Sebäbi  ХХ asyryň başynda Amerikan alymy Rafael Pampelliniň alyp baran gözlegleri muňa şaýatlyk edýär. Bu ekspedisiýa Änewde Merkezi Aziýada seýrek duş gelýän siwilizasiýalaryň üýtgeýşi barada subutnamalaryny ilkinjileriň hatarynda ýüze çykarýar. Änew depelerinde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň iň täsin we ähmiýetli ýeri, ak bugdaýyň we arpa samanynyň yzlary açylyp, garalyp kömre öwrülen däneriniň tapylmagydyr. Ýene-de bir buýsanç bilen bellemeli zatlarymyzyň biri bolsa Gahryman Arkadagymyz ,,Hakyda göwheri” atly kitabynda Änew şäherindäki Türkmenistanyň Milli ,,Ak bugdaý” muzeýiniň hem ak bugdaýyň mekanyny baky ebedi saklajak muzeýdigini tassyklaýar.
Türkmen halkynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýaryn
Aňňyza çomujyň bir görnüşi bolup, boýy 100-200 santimetre çenli ýetýän köpýyllyk otjumak ösümlik. Ösümlik maý-iýun  aýlarynda  gülleýär  we  miweleýär.   Köki  we  baldagyndan çykýan sakyzlary ösümligiň  dermanlyk  maksatlary  üçin  hyzmat  edýär. Ösümligiň  ýaşyl  ýapraklary  ýokary  derejede  proteini,  az mukdarda  ýagy,  kül  elementlerini, saponini,  kletçatkany  saklaýandygyny anyklanyldy.
Mundan başga-da  aňňyzanyň  kökünde  hem  baldagynda  sakyzyň  şireleriniň  hem-de  efiriň  barlygy  kesgitlenildi.
Aňňyzanyň  kökünden  taýýarlanylan dermanlyk melhemi türkmen  milli  tebipçiliginde  hem  halk  lukmançylygynda irki wagtdan bäri  çaga  çigreklemesinde  ulanylyp  gelinýän  örän  nepli serişdedir. Ösümligi  “galbanum” ady bilen meşhur bolan sakyzyny hindi lukmançylygynda umumy berkidiji  serişde hökmünde, gakylyk goparyjy, bronh demgysmasynyň gysylmasynda, gaýtalap durýan bronhitde, kakynda (isteriýa), ysmazda, aşgazanyň nemli bardalarynyň sowuklamasynda, amenoreýede, dürli deri kesellerinde, guragyryda (rewmatizmde) peýdalanýarlar.
Hormatly Prezidentimiziň başda  durmagynda ata Watanymyz  “Halkara  parahatçylyk  we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylan ýylda eşretli durmuşyň hözirini görýän halkymyzyň her bir güni şowhunly, şatlykly toýlara beslenýär, baýramlarymyz goşa-goşadan gelýär. Şeýle dabaralaryň biri hem baharyň gelmegi bilen uludan bellenilýän Milli bahar baýramy - Nowruz baýramydyr. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasynda, Türkmeniň Ak öý binasynyň öňündäki baýramçylyk meýdançasynda ýokary guramaçylykly geçirilen dabara Ahal welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi we garamagyndaky edara-kärhanalary hem işjeň gatnaşdylar. Milli bahar baýramy mynasybetli milli öwüşgine çaýylan meýdançada türgenlerimiziň ýerine ýetirmeginde ýaglyga towusmak, düzzüm, milli göreş, aşyk oýny  ýaly milli oýunlarymyzy ýerine ýetirdiler. Dabara gatnaşýanlaryň ählisi türkmen sportynyň hak howandary Gahryman Arkadagymyza,  Arkadagly Gahryman Serdarymyza ömürleriniň uzak janlarynyň sag bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň mundan beýläkde rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler!
Dermanlyk hem ýokary bezeg häsiýetli ösümligiň dünýäde 60, şol sanda Türkmenistanda 15 görnüşi duşýar.  Çyryş aprel-iýun aýlarynda gülleýär. Onuň hozjagaz şekilli miwesi maý-iýul aýlarynda ýetişýär.  Melhemlik hem iýmitlik maksatlary üçin gory ýeterlik. Seýrek ot-çöpleriň hataryna girmeýär. Diýarymyzda Günorta-günbatar Köpetdagda: nohurda, Saýwanda, Deştde, Bendesende, Merkezi Köpetdagda: Howdanda, Gökderede duş gelýär.  Ösümligiň köki, şeýle-de, terje ýapragy dermanlyk çig maly bolup hyzmat edýär. Çyryşyň kökünde hem ýapragynda polisaharidler, ylaýta-da, eremuran polisaharidi köp mukdarda saklanýar. Suwda eredilen tozdan aýratyn ýelimjimek massa emele gelýär. Ony peşew çykaryjy, gakylyk goparyjy hökmünde ulanmak bolýar.
15 gram ýaşajyk köklerinden taýýarlanan melhemlik çig malyny bir bulgur suwa atyp gaýnatmaly. Emele gelen dermanlyk peti hasadan geçirip, nahardan 20-30 minut öň, gün içinde 3 gezek ýarym bulgurdan  içmeli. Dermanlyk pet keýpiňini çaglaýar, sowuklamanyň hem zäherlenmäniň garşysyna haýyrly. Otjumagyň täze ýapraklaryndan edil otly gutabyň bişirilişi ýaly edip taýýarlamaly. Ony ýel çykaryjy hökmünde peýdalansaň bolýar.Ösümligiň guradylan klubenini sokyda owratmalywe ony 1-2 gramdan her gün nahardan öň 3 wagtyna içmeli. Melhemlik toz önelgesizlik sökelliklerinde peýdalanylýar.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe halkymyzyň ajaýyp däp-dessurlary baýramçylyklary we toý-dabaralary täze many –mazmuna eýe boldy. Ruhy –medeni gymmatlyklarymyz asyrlaryň dowamynda halkymyzyň kalbynda hasyl bolan arzuwlaryň özboluşly beýanyna öwrüldi. Häzirki wagtda milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen ruhy –edebi we taryhy – medeni mirasymyzy öwrenmek, milli medenýetimizi ösdürmek  babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Milli bahar baýramynda –Halkara  Nowruz gününde umumy adamzat medenýetiniň dürdäne gymmatlyklary, baýramçylygyň täsin däpleri, onuň bilen bagly edebi eserler, milli ýörelgeler öz beýanyny tapýar. Nowruz taryhy göz başyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýtýar. Belli arheologlaryň we taryhçy alymlaryň ylmy gözlegleri Türkmenistanyň gadymy medenýetleriň mekany, ösen siwilizasiýalaryň biri bolandygyny subut etdi. Häzirki döwürde munuň  özi dünýä derejesinde ykrar edilen hakykatdyr. Ata- babalarymyz Nowruz baýramyny täzelenişiň nyşany, täze durmuşyň başlangyjy hasaplapdyr. Halklary birek - birege ýakynlaşdyrýan bu taryhy baýram watandaşlarymyzy belent sepgitlere,täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Milli bahar baýramy- Halkara Nowruz güni güneşli Diýarymyzda giňden bellenilip geçilýär. Naýbaşy baýramçylyklaryň biri bolup durýar. Taryhyň ähli döwürlerinde Nowruz Baýramynyň däpleri alysdaky we golaýdaky halklar bilen medeni gatnaşyklaryň we özara arabaglanyşygyň has-da kämilleşmegine hyzmat  edipdir.Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli bu gün türkmen halky ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlarymyzy dowam edip, Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda  agzybirlikde, asudalykda, jebislikde bir saçaga jem bolup, toý-toýlaýar. Şeýle joşgunly toýlaryň ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, Türkmenistanyň Milli “Ak bugdaý” muzeýinde hem dost- doganlyk ýurtlary bilen milli bahar baýramyny döwlet derejesinde giňden bellenilýär.Ynha üstümizdäki 2024 ýylda Akyldar şahyrymyz Magtymguly pyragynyň doglan gününe 300 ýyly dolmagy mynasybetli bu ýyly “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýip atlandyryldy.Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň “Jan içinde” ,“Nowruzdan seni” “Duman peýda ” “il geçer ” “Söýmüşem seni ” atly beýleki goşgularynda Nowruzyň ähmiýeti, adamzat durmuşynda, onuň ýaşaýşynda tutýan orny giňden beýan edilýär.Beýik Akyldar şahyrymyzyň şygyrlary mähriban Diýarymyzyň gözelliginiň  owazy bolup ýaňlanýar. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwrüde Nowruzyň  döwlet derejesinde milli baýramçylyk hökmünde bellenilip geçilmegine giň mümkinçilik döredip berýän Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza kop sag bolsun adýaryn.
Ýylyň şygarynyň mazmunyna görä öňde durýan wezipeleri amala aşyrmak  bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygnyň 30 ýyllygy we BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet topary döredildi. Ýylyň başynda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde bu toparyň ilkinji mejlisi geçirildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugularynyň Konsepsiýasy işlenip taýýarlanyldy. Bu resminamada döwletimiziň häzirki zaman ählumumy gün tertibiniň esasy meseleleri, özara ynanyşmak, dialog we jogapkärçilik esasynda ýurtlaryň tagallalaryny birleşdirmek bilen bagly garaýyşlary öz beýanyny tapýar.
Ýakynda  Ahal welaýatynyň  bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň  we Türkmenistanyň Karatedo federasiýasynyň bilelikde sportuň karatedo görnüşinden  açyk çempionaty geçirildi.   Bu ýaryşa ýurdumyzyň ähli künjeginden ýaş türgenleriň 200-den gowragy gatnaşdylar.
Ýaryşyň netijesi boýunça Balkan welaýatynyň ýaş türgenleri toparlaýyn birinji, Aşgabat şäheriniň topary ikinji, Ahal welaýatynyň topary bolsa üçünji orna mynasyp boldy. Ýeňijilere hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Rysgal-berekede baý boljak “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” ýylynda   Ahal welaýatymyzyň zähmetsöýer oba hojalykçylary hem gowaçanyň, bugdaýyň şeýle-de dürli bakja önümleriniň bol hasylyny ýetişdirmek üçin şu günlerden alada edýärler.                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                             Häzirki wagtda oba hojalykçy ekerançylary ýeralma ösdürip ýetişdirmekde uly tejribe topladylar. Ýörite saýlanyp alynan ýerlerde bu önümiň ýerli toprak- howa şertlerine laýyk gelýän görnüşleri ekilýär. Agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmegi, suw tutulmagyň, mineral dökünler bilen goşmaça iýmitlendirilmegiň talabalaýyk ýola goýulmagy ýeralmanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýär.
Şu ýyl welaýatymyzda ýazlyk ýeralma 9200 gektar ýerde ekildi. Bahar paslynyň ilkinji günlerinde guramaçylykly başlanan ekilen meýdanlarynda ideg işleri alnyp barylýar.
Täsin dermanlyk daragtyň Türkmenistanda 8 görnüşi duşýar. Ösümligi başgaça alyç we ýemşen diýip atlandyrýarlar. Haraçeken ýurdumyzyň seýrek ösümlikleriniň hataryna goşulmaýar. Gyrymsy agajyň dermanlyk maksatlary üçin güli, ýapragy we miweleri çig mal bolup hyzmat edýär.Olary irden we ýagyşdan soňra ýygmak maslahat berilmeýär. Ýygnalan gülleri adaty usulda bassyrmanyň aşagynda guratmaly. Onuň miwesi bilen gülleri ýygnalýarka pudaklaryny döwmeli däl. Haraçekeniň himiki düzümi doly öwrenilmedik. Ýöne onuň pontiý aljyna kybapdaşdygy maglumatlarda duş gelýär. Onuň gülünde kofein, hlorogen turşusy, holin, efir ýaglary saklaýar. Miwesinde alma, limon turşylary, şeker, flawonow glikozidi, eý maddalary, С witamini, karotin bar. Bulardan başga-da demir, mis, sink, margenes ýaly mikroelementlere baýlygy baradaky maglumatlar onuň saglyk üçin möhümdigini tassyklaýar. Haraçekeniň gülünden, ýapragyndan we miwesinden taýýarlanylan derman serişdeler (jöwher, pet, şerbet) türkmen halk lukmançylygynda gan basyşyny peseldiji, ýüregiň damarlaryny giňeldiji, kislorod üpjünçiligini gowylandyryjy, işjeňligi ýokarlandyryjy, rahatlandyryjy, buşukdyryjy, ukysyzlykda, nerw kesellerinde, garaguş keselinde haýyrly serişde hökmünde ulanylýar. Ösümligiň bir nahar çemçe gülüni bir bulgur gaýnaga atyp, agzy ýapyk gapda 2 sagat saklamaly. Hasadan geçirip, nahardan öň her gün bulguryň ¼-ni 3-4 gezek içmeli. Haraçekeniň nahar çemçe guradylan miwesini bir bulgur gaýnaga demläp, gyzgyn peçiň üstünde agzy ýapyk gapda goýmaly. Gaýnamanka aýryp, 2 sagat çemesi saklamaly. Jöwheri hasadan geçirip, 3 nahar çemçeden gün içinde 3-4 gezek nahardan öň kabul etmeli.
Oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk, özara bähbitlilik, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary ykdysady syýasaty durmuşa geçirmek, ähli ugurlar boýunça döwletara, sebitara, halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli söwda gatnaşyklaryny ösdürmek esasy wezipeleriň hataryndadyr. Daşary ýurtlar, abraýly guramalar, şol sanda iri maliýe-ykdysady düzümler bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen, ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda birnäçe çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Hususan-da işewürlik, maýa goýum forumlary, işewürlik geňeşleriniň ikitaraplaýyn duşuşyklary we beýlekiler guralar. Bu ugurda 23-24-nji aprelde Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda geçiriljek Türkmenistanyň ykdysadyýetine maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forum hem aýratyn ähmiýete eýe bolar.
Türkmen halky asyrlar boýy dokmaçylyk bilen meşgul bolupdyr, ýüňden, ýüpekden, pagtadan, her dürli matalary dokapdyrlar. Dokalan matalar köplenç halatda diňe öz zerurýetiň üçin ulanyp, her kimiň öýünde dokalypdyr. Türkmen gelin-gyzlary maşgalasyna gerek bolan matalary özleri dokap, biçip-tikip maşgala agzalaryny geýindiripdir. XX asyryň başlarynda türkmen gelin-gyzlary üçin her dürli reňkde ýüpek matalary keteni, sowsany, daraýy, nah bilen ýüpek garylan göwderi, alaça, erkek adamlar üçin pagtadan mata, biz, serendi we şoňa meňzes elde dokalýan nah, ýüpek, ýüň we zygyr matalary giňden peýdalanyp egin-eşik tikipdirler. Berkarar döwletimizde türkmen zenanlary milli egin-eşiklerini şu günlerimize çenli ýetiripdirler.Türkmen halkynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýaryn!
Häzirki wagtda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi döwrüň möhüm meselelerini çözmekde döwletlerdir halkara guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy höweslendirmäge oňyn täsir edýän şert hökmünde çykyş edýär. Şeýle hem ol köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk esasynda BMG-niň wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam bermäge gönükdirilendir. Beýleki döwletler bilen birlikde, Türkmenistan hut adamzada degişli bolan meseleleri çözmäge öz goşandyny goşup, oňa işjeň gatnaşmaga ymtylýar. Döwletimiziň türkmen halkynyň gadymdan gelýän ynsanperwer däplerine, parasatly durmuş filosofiýasyna esaslanýan hukuk ýagdaýy BMG-niň Tertipnamasynyň esasyny düzýän umumadamzat gymmatlyklaryna doly laýyk gelýär. Türkmenistan üçin iki sene – Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen maşgalasynyň beden saglygyny we bitewiligini gazanmak, şeýle hem, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek maksady bilen, welaýatymyzyň çäginde ýaşaýan köp çagaly maşgalalaryň arasynda “Sagdyn maşgala-sagdyn nesil” atly maşgala sport bäsleşigi geçirildi.Ahal welaýat häkimliginiň we Ahal welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň hem-de welaýat jemgyýetçilik guramalarynyň gurnamagynda  geçirilen maşgala sport bäsleşigi Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherindäki sport mekdebinde ýokary guramaçylykly geçirildi.  Bu sport ýaryşynda Ahal welaýatynyň etraplaryndan köp çagaly agzybir maşgalalar özara bäsleşdiler. Ýaryş örän gyzykly we çekeleşikli boldy. Maşgala sport bäsleşiginiň netijesinde Gökdepe, Ak bugdaý, Kaka etraplaryndan ýaryşa gatnaşan maşgalalar degişlilikde baýrakly birinji, ikinji, üçünji  orunlary eýelediler. Ýaryşyň ýeňijilerine we gatnaşanlara welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň adyndan ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar. Ýaryşa gatnaşan köpçagaly maşgalalar Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz ýürek buýsançlaryny beýan edip alkyşlaryny aýtdylar.
Ahal welaýatynyň merkezi Änew şäherine ýerleşýän, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Milli “Ak bugdaý” muzeýiniň gymmatlyklarynyň arasynda saýlanýanlary humlardyr. Ahal welaýatynyň çägindäki ýadygärliklerden hem-de gadymy Merwden–Gäwürgaladan tapylan uly humlar örän täsirlidir hem gadymydyr. Olaryň daşky diwarynda dürli “oýma hem-de güberçekli” nagyşlar bar. Humlar geçmişde däneli ösümlikleri, esasan hem bugdaýy saklamak üçin niýetlenipdir, olaryň käbirleri bolsa, urylara gömülipdir. Humlar miladydan ozalky II asyrdan XVIII-XIX asyrlara degişlidir. Bagtyýarlyk döwürde türkmen ylmyny ösdürmäge, halkymyzyň medeniýetini, taryhyny öwrenmäge we dünýä ýaýmaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys.
22-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen we milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylan künjegi bolan Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz şäheriň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi we şäheriň aragatnaşyk düzüminiň döwrebap derejede kämilleşmegine ak patasyny berdi.
Ýahdan-bu biziň eli hünärli ata-babalarymyzyň döredijilik ukybynyň täsin ýadygärligidir. Suw türkmen üçin hemişe birinji derejeli zat bolupdyr. Şonuň üçin hem olar gary tomsa alyp galmagyň çözgüdini tapypdyrlar. Ussalar ilki gerek möçberde ýeri tegeläp çyzyp, iki-üç metr çemesi gazýarlar, soň şol tegelek çukuryň içine goşa öküzi salyp, döwek döwdürýän ýaly aýlaýarlar. Toprak gataýar. Ýaňky tegelek çukuryň daşyndan tegeläp çig kerpiçden ýa-da pagsadan haýat aýlap, hüjre ýaly barha ýokarlygyna çürelýän gümmezi emele getirýärler. Minara meňzeş ýahdanyň ýokarsy deşik bolýar. Kiçijik gapysy - ötügi gündogara tarap bolýar. Bu garaňky jaýa gyşyna gar daşap, depeläp doldurýarlar. Indiki gara çenli, arly tomus  munuň içinde gar münder bolup ýatandyr. Ýahdany sowadyjy hökmünde azyk önümlerini saklamakda peýdalanypdyrlar. Kaka etrabynyň merkezinden 22 kilometr günortada ýerleşýän Köne Hywaabat galasynyň ýanyndaky bu ýahdan «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň garamagyndaky goralýan ýadygärlikdir.
Haşal dermanlyk ösümligiň  dünýäde 110, Türkmenistanda 3 görnüşi gabat gelýär. Ösümlik başgaça sanjygül ýa-da sanjyoty diýip atlandyrylýar.Ol daşly we çagylly eňňitlerde, arçalyklarda ösýär. Tohumy arkaly köpelýär. Garapeçe esasan merkezi Köpetdagda köp toplanan. Dermanlyk maksatlary üçin gory ýeterlik. Lukmançylykda ösümligiň oty çig mal hökmünde ulanylýar. Dermanlyk çig maly ösümlik gülleýän döwründe ýygnamaly. Olary adaty usulda guratmaly we taýýarlamaly.  Garapeçegiň otunda 0,009% alkaloidler bar. Türkmen halk lukmançylygynda garapeçegiň otundan taýýarlanylan çaýy iriňli çaga örgüninde, gyzzyrmada, kükrek sökelliklerinde, el-aýak çekmesiniň garşysyna içilýär. Ösümligiň peti garaguş keselinde, sarygetirmede, burundan gan gitmede, öýken inçekeselinde, aşgazan-içege we zenan sökelliklerinde kabul edilýär. Garapeçegiň oňat guradylan hem owradylan bir çaý çemçesi otuny 1 litrlik demkeşe atyp, üstüne gaýnag suw guýmaly. Mazaly demini aldyryp, hasadan geçirip, her gün ýarym bulgurdan 3 wagtyna içmeli.Ösümligiň bir nahar çemçesi otuny bir bulgur suwa atyp, içi syrçaly gapda 10 minut pessaý otda gaýnatmaly. Emele gelen peti hasadan geçirip, gün içinde nahar çemçeden 3 gezek haýyrlanmaly.Melhem garaguş keseline, aşgazan-içege we zenan sökelliklerinde nepli.
Haşal derman ösümligiň baldagy dik, şahalanan, olar açyk ýaşyl reňkli, daşy gür tüýjagazlar bilen örtülen. Ýapragyň goltugynda 10-15 sany güljagazlar  ýerleşip, ýalan gül  çogdamyny  emele getirýärler. Olar şar şekilli, uzyn, açyk sary reňkli.        Miwesi-uzynlygy, takmynan 2mm, ýumurtgapisint,  üçgyraňly  kütek, ýalaňaç, ýylmanak, köplenç garamtyl reňkli gozajyk. Ösümlik dag eteklerinde, çagylly eňňitlerde, jülgelerde ýola we çeşmelere ýakyn ýerlerde, derelerde hem eňňitlerde, arçalyklarda ösüp boý almany halaýar. Ösümlik maý-awgust aýlarynda gülleýär, iýun-sentýabr aýlarynda miweleýär. Dermanlyk maksatlary üçin gory ýeterlik. Esasan merkezi Köpetdagda köp toplanan. Ösümligiň oty dermanlyk maksatlary üçin çig mal bolup hyzmat edýär. Ösümligi gülleýän wagty  ýygnamaly we adaty usulda guratmaly. Çig maly mata haltada saklamaly. Möhleti 2 ýyl.  Otunyň düzüminde alkaloidler we beýleki azotsaklaýjy birleşmeler: 0,16% holin, stahidrin, 0,4% efir ýagy, C witamini, kofe fenolkarbon turşusy, flawonoidler, antosianlar saklanýar. Tohumynda ýokary gurluşly ýag turşusynyň barlygy anyklanyldy. Halk lukmançylygynda ösümligiň otundan taýýarlanylan peti ýiti respirator ýokançlarynda, bokurdagyň kesellerinde ulanylýar. Ösümligiň otunyň şerbeti agyryny aýryjy, gipotenziw  serişdesi hökmünde  peýdalanylýar. Türkmen halk lukmançylygynda ösümligiň jöwheri  we peti aşgazan-içege bozulmalarynda, üsgülewikde  hem  bagyr  kesellerinde  ulanylýar. Ýolgutlynyň bir nahar çemçesi otuny bir bulgur suwa atyp, 30 minut goýmaly. Hasadan süzüp, her gün 3 gezek nahardan öň bir nahar çemçesinden içmeli.
Melhemlik haşal ösümligiň dünýäde 300-den gowrak, Türkmenistanda 5 görnüşi duş gelýär. Doňuztopalak- ýylaklar maşgalasynyň topalaklar urugynyň boýy 20-40 santimetre ýetýän köpýyllyk otjumak porrukly wekili. Ösümligi halkyň arasynda topalak, dilkesen, gündesalam hem diýip atlandyrýarlar. Doňuztopalak- inçe porrukly, kökünde köp sanly kluben emele getirýär.Ýapraklary çal reňkli, ýasy, gysga sapakly. Gültoplumy saýawan şekilli. Ol ýylylygy we ýagtylygy söýüji ösümlikleriň hataryna girýär. Melhemlik otjumak adatça aprel aýynyň birinji ýarymynda gülläp başlaýar. Doňuztopalak tohumy arkaly hem wegetatiw ýoly bilen köpelýär. Ösümligiň bir düýbi ösüş döwründe, takmynan 10 müň tohum hem 100 sany klubeni emele getirmäge ukyply. Ülkämiziň ähli etraplarynyň suwarymly ýerlerinde köpçülikleýin ösýär. Daşoguz welaýatynda örän seýrek duşýar. Melhemlik maksatlary üçin gory ýeterlik. Doňuztopalagyň klubenleri hem porruklary dermanlyk maksatlary üçin hyzmat edýär. Ösümligi pil bilen depip almaly-da, onuň köküniň daşyndaky gumlary kakyşdyryp aýyrmaly. Soňra olar ownuk gözli demir tordan geçirilende klubenleri hem porruklary galýar.Taýýar çig maly kagyz haltada saklamaly. Ösümligiň porrugy, klubenleri we kökleri özünde krahmaly, alkaloidleri, polifenol birleşmelerini, 1% çenli kamfora ysly efir ýagyny,  siperonlary, 45% çenli spirtleri saklaýar. Gündogar, şol sanda türkmen halk lukmançylygynda haşal otjumagyň klubeninden taýýarlanylan dermanlyk jöwher derlediji, peşew çykaryjy serişde hökmünde ulanylýar. Kähalatlarda çagalar üçin ukladyjy hem agyryny aýryjy em deregine haýyrlanylýar. Mundan başga-da, bu emlik jöwheri gazan, böwrek hem bagyr sökelliklerinde gyzdyrmada, şonuň ýaly-da dürli ýaralary bejermekde ulanylýar. Doňuztopalagyň guradylan bir nahar çemçesi klubenini 1 litrlik demkeşe atyp, oňat demini aldyrmaly. Taýýar bolan melhemlik jöwheri hasadan geçirip, gün içinde 3 gezek nahardan öň ýarym bulgurdan içmeli. Emlik jöwher derlediji, peşew çykaryjy, çagalar üçin ukladyjy hem agyry aýryjy serişdedir.
Aksaraýdiň ýadygärligi Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň merkezinden 20 kilometr aralykda, Aksaraý obasynda ýerleşýär.  XI-XII asyrlara degişli bu taryhy bina  seýrek duş gelýän üç gatly diň şekilli binagärlik gurluşydyr. Binanyň diwarlary 26-28х4,5 santimetr bolan bişen kerpiçden palçyk ergininde örülipdir. Onuň umumy boýy 14 metre ýakyn. G.Pugaçenkowa Aksaraýdiň ýadygärligini töwereginden tapylan maglumatlara esaslanyp ony XI-XII asyrlara degişli hasaplaýar. Uzak wagtlap tebigy hadysalaryň (ýagyş, gar, ýel we ş.m.) weýran ediji täsirlerine sezewar bolandygy üçin düýpli zeper ýetendigini bellemek gerek. Orta asyrlaryň täsin ýadygärligi Aksaraýdiň goralyp saklanmaga, şeýle hem çynlakaý ylmy gözleglere mätäçdi. Uly göwrümli dikeldiş işleriniň geçirilmegi netijesinde gymmatly ylmy maglumat toplanyldy we ýadygärlik asyl görnüşine eýe boldy.
Diýarymyzda badamyň 6 görnüşi ösýär. Baldagy ýylmanak. Örän köp gysgajyk şahaly, tikensiz. Daşy gyzylymtyl-goňras gabykly. Dermanlyk daragt ir gülleýär, ýagtylygy  köp  talap  edýär. Badamyň melhemlik çig maly bolup hozy hyzmat edýär. Süýji badamyň maňzy ýakymly, ýagjymak tagamly, yssyz. Tohumynda 60,47% ýag, 7,80% uglewodlar, 23,30% beloklar saklanýar. Şeýle hem glikozidler, amigdalin, gematin, benzaldegid bilen sinil turşusy, B2 witamini, 20-ä golaý belokly madda hem-de saharoza bar. Ylmy lukmançylykda süýji badamyň tohumyndan taýýarlanan süýdi bilen ajysynyň suwy aşgazan bilen içege sökellilerinde peýdalynýar. Ýagy ýakymly iç sürüji  hem-de derini ýumşadyjy serişde.  Ajy badamyň suwy damar çekmegi rahatlandyrýar. Ösümligiň süýjisi içki agzalary arassalaýar. Beýniniň maddalaryny berkidýär, görüjiligi güýçlendirýär, bokurdagy ýumşadýar. Şeker bilen peýdalananyňda  demgysma, öýken perdesiniň näsazlygyna, gangusma, peşewhalta, tohumyň mukdarynyň köpelmeginedir  bedeniň  katdyna  gelmegine  haýyrly. Her gün maňzyndan 100-150 gram iýmeli.
Biziň Watanymyz-Türkmenistan tebigy, medeni we taryhy ýadygärliklere örän baý ýurtdur. Täsin ýadygärlikleriň biri Türkmenistanyň günorta serhetinde, ýurdumyzyň gözel ýerleriniň biri bolan Tagtabazar etrabynda ýerleşýär. Bu emeli gowaklar Murgap derýasynyň sag kenarynda, ýumşak gumdaşly ýerde adamlar tarapyndan gazylyp ýasalypdyr. Gowaklaryň iň ulusy Tagtabazar şäherçesiniň ýanynda ýerleşýän Ýekegowak (Ýekedeşik) ady bilen bellidir. Aslynda, Ýekegowak gowak däl-de, katakomba (ýerzemin) diýseň hem ýalňyş bolmaz. Taryhdan belli bolşy ýaly, Rim imperiýasynda giň ýerzeminleriň ulgamyna katakomba diýlip atlandyrylypdyr. Şondan bäri çylşyrymly gurluşly ýerzeminleriň ählisine katakombalar diýilýär. Olar Ýewropada, Aziýada, şol sanda Türkmenistanda hem gabat gelýär. Ýekegowak hem şolardan biri bolup, ol adamlara gaçybatalga hökmünde hyzmat edipdir. Häzirki döwürde bu ajaýyp ýadygärlik «Gadymy Merw» medeni-taryhy goraghanasyna degişlidir.
Dänegerçek diýarymyzyň dag eteklerinde, seýrek halatlarda Günorta-Günbatar Köpetdagda, Hojagalada, Magtymgulyda, Saýwanda, merkezi köpetdagda, Aşgabatda, Arçabilde, Gökderede, Bathyzda, Murgapda Farapda giňden ýaýran. Melhemlik çig maly hökmünde ösümligiň ýapragy, köki we tohumy hyzmat edýär. Bular ýygnalanda örän seresaply bolmaly. Düzümi güýçli alkaloidliligi üçin çig mallary ýygylanda eliňe ellik geýmeli. Gözüňi, agzyňy we burnuňy ellemeli däl. Çig mallary adaty usulda guratmaly. Dänegerçegiň oty skopalamin, giossiamin, giossin, tropin, asetiltropin, kuskgigirin, atropin, noratropin, tigloidin alkoloidli. Baldagy dekstrin, pektin, krahmal, gemisellýuloza uglewodly.Ösümligiň melhemlik häsiýetleri örän giň. Onuň täzesinden sykylyp hem süzülip alnan arassa suwuklygy gomeopatiýada, sussypeslik psihozynda, nerw biynjalygynda, damar çekmede, sakawlykda, ysmazda, inçekeselde, gökbogmada, garaguşagyryda peýdalanylýar. Köküniň tozy ýokanç kesellerde ulanylýar. Tohumy halk lukmançylygynda  şol durşuna atmak ýa-da toz şekilinde garaguşagyryda, was-waslykda ulanylýar. Nerw sökelliklerinde, guragyryda, bogunlar bilen etiň sowuklamagynda dänegerçek tohumynyň ýagy çalynýar.
Sarahs etrabynyň merkezinden 7-8 km günorta-gündogar tarapda orta asyr sarahsly ussalaryň bina eden ajaýyp gurluşyk desgalarynyň biri bolan Ýartygümmez kümmeti ýerleşýär. Häzirki wagta çenli kümmetiň dört diwaryndan günorta diwary we gündogar hem-de günbatar diwarlaryndan hem bölekler saklanyp galypdyr. Şol sebäpden hem bu ymarat halk arasynda Ýartygümmez diýlip atlandyrylýar. Kümmetiň diwarlarynyň birinde saklanyp galan arap ýazgysynyň aňlatmasynda (ol ýazgy diwardan 20-nji asyryň 70-nji ýyllarynyň ortalarynda ýykylyp gaçypdyr) bina 491-nji hijri ýylynda (1098-nji milady ýylynda) gurlupdyr. Ol as-Samanynyň berýän maglumаtyna görä, Şyh Ahmet al-Hadynyň mazarynyň üstünde bina edilipdir. Orta asyrlar döwründe ol ýerde Andukan atly uly oba ýerleşipdir. Ahmet al-Hady X-XI asyrlarda Sarahs töwereklerinde ýaşap, il içinde uly abraýdan peýdalanan musulman dininiň görnükli wekilleriniň biridir. 1994-1995-nji ýyllarda ýadygärlikde dikeldiş işleri alnyp baryldy. Şeýle hem 2004-nji ýylda sarahsly we köneürgençli ussalar tarapyndan rejeleýiş işleri geçirildi.
Derwişoty – birýyllyk haşal otjumak ösümlik, ýapraklary nobatlaýyn ýerleşýär, gyralary gözenekli, gülleri sebetige ýygnanan.ösümlik iýun-noýabr aýlarynda gülleýär. Derwişoty köpelmäge juda ukyply. Onuň gül sebetjiklerinde müňlerçe tohumjyklar emele gelýär. Olar ýeliň, mör-möjekleriň, guşlaryň, suwuň täsiri esasynda köpçülikleýin ýaýrap, suwarymly ýerlerde, bag-bakjalyklarda ösýärler. Çägesöw we toýunsow toprakda ösmegi halaýar. Ösümlik diňe tohum arkaly köpelýär. Diýarymyzda garagum çölünden başga ähli ýerlerde duşýar. Emlik çig mal hökmünde gülläp oturan halyndaky oty hyzmat edýär. Çig maly iýun-noýabr aýlarynda ýygnamaly.Çalgy bilen çalmaly ýa-da orak bilen ormaly. Adaty usulda guratmaly.
Osümlik düzüminde d-limonen, dipenten, d-a-terpineol bolan efir ýagynyň 0,3-0,6% saklaýar. Mundan başga-da tanini, holini we flawonoidleri özünde toplaýar. Derwişoty ýatgydan gan gitmede, esasanam klimakteriki döwürde peýdalanmak maslahat berilýär. Ösümlikden taýýarlanan melhemler gany togtadyjy serişde hökmünde dürli içki gan gitmelerde, ýokanç keselleriň garşysyna hem-de böwrekde daş emele gelme sökelliklerinde ulanylýar. Otundan taýýarlanan jöwhere saçyňy ýuwsaň ony berkidýär we ösmegini çaltlandyrýar.
Derwişotunyň bir nahar çemçesi otuny bir bulgur gaýnag suwuň içine atyp 15 minut saklamaly. Soňra hasadan geçirip, her günde iki nahar çemçesinden 5-6 gezek içmeli.Melhemligiň mäkäm owradylan 150 gram otunyň üstüne 2 litr gaýnag suw guýup, iki sagat demine goýmaly. Taýýar bolan jöwheri hasadan geçirip, saçyňy ýuwmaly. Soňra mylaýym suw bilen durlamaly. Bejeriş möhleti 3 aý. Melhemligi hepdede iki gezek peýdalanmaly.
Haşal derman ösümligiň dünýäde 12, Türkmenistanda 1 görnüşi duşýar. Syçratgy maý-iýul aýlarynda gülleýär we miweleýär. Tohumy arkaly köpelýär. Ol gurak hem çüýrüntgä  baý  topraklarda ösüp boý almagy halaýar. Köplenç ýollaryň gyrasynda, ekin meýdanlaryň töwereginde, dag eteklerinde, derelerde we çeşmeleriň boýynda ösýär. Dermanlyk maksatlary üçin gory ýeterlik. Ýurdumyz boýunça her ýylda 10-15 tonna çig mal ýygnamaklyga mümkinçilik bar. Ekip hem ýetişdirilýär. Ösümligiň dermanlyk maksatlary üçin köki we oty çig mal bolup hyzmat edýär. Onuň köküni güýzde ýa-da ir baharda ýygnamaly. Syçratgynyň kökünde köp mukdarda inulin, B1 C witamin, holin, şeker we eý maddasy saklanýar. Onuň  hemme  böleklerinde  süýtli  şire  bolup, ol ajy maddalara baýdyr. Ösümlik halk lukmançylygynda giňden ulanylýar. Onuň kökünden hem gülünden taýýarlanylan peti merkezi nerw ulgamyny rahatlandyrýar, ýüregiň kadaly işlemegine ýardam berýär. Mundan başga-da syçratgynyň köki işdä açyjy serişde, böwregagyryny, içagyryny, azganlylygy, süýji keseli bejermekde peýdalanylýar. Şeýle-de garaguş kesellilere, kakynlylara, ýokary nerw gyjynyjylyk, ruhy nähoşluk, was-waslyk kesellerine  duçar bolanlara peýdalanmak maslahat berilýär. Mundan başga-da ony arassalaýjy we madda çalşygyny sazlaşdyryjy serişde hökmünde ulanylýar. Deri kesellerinde (örgün örende, çyban çykanda) syçratgynyň peti haýyrlanylýar. Lukmançylyk maksatlary üçin syçratgynyň ýabany görnüşini haýyrlanmak has peýdalydyr, çünki onda ajy maddalar köp toplanýar. Ösümligiň guradylyp owradylan oty we köki gaýnadylyp, süzülip içilýär.
Ata-babalarymyz, ene- mamalarymyz maňlaý deri bilen gazanan çöregini dulundaky desterhanynda bereket, döwlet, gymmatly nygmat höküminde goýupdyrlar. Çünki mukaddes çörek kerem keramat. Dilleri senaly ene - mamalarymyz uzak ýola gidip barýan perzendine çörek berip ,,al balam ýoldaş bolar” diýip yrym-ynanjyna uýupdyrlar. Her gysym topragy altyna barabar Watanymyzda harmanymyz guşgursak bugdaýdan püre-pür bolup, türkmen saçagy bu gün dost-doganyny mele- myssyk çörekli desterhanyna hormat bilen çagyrýar. Adamzat ýaşaýşynyň gymmatly hazynasy gymmatly çöregimiz geljegimiziň ýalkymly çyragydyr.
Goý, her bir türkmen maşgalasynyň dulunda gündek çogly çöregimiz bol bolsun. Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda, eşretli zamanymyzda desterhanymyzyň bereketi mundan beýlägem döwletli bolup, türkmen çöregi bagtymyzyň bahary bolsun!
Keşde çekmek, dokma dokamak ýaly inçe işler bilen birlikde, keçe taýýarlamak hem irginsiz zähmeti talap edýär. Ilki keçe üçin goýun ýüňi saýlanyp alynýar, arassalanýar, tüýdülýär, onuň bir bölegi bolsa darakdan geçirilip sümek, pişge edilýär, gerekli boýaglara boýalýar. Ýörite taýýarlanyp dokalan gamşyň üstünde üýşüp keçe güllenilýär. Soňra keçe ýüzlenilýär, ýagny gülleriň üsti saýgylanyp taýýarlanylan ak ýüň bilen örtülýär, gyralaryna bir garyşa golaý gara ýüň  ýazylýar. Bu iş ýagdaýyna “keçe ýüzlemek” diýilýär. Soňra gamşy düýrlemek arkaly keçe çekmek işi başlanýar.
Türkmen halkynda keçe önümçiligi gadymdan gelýän senetleriň biridir. Ýörite keçe taýýarlamaklyga ussat zenanlarymyz bar. “Pylanynyň taýýarlan keçesi” diýdirmegi başarýan zenanlar bu milli senedimizi dowam etdirijilerdir.
Ýadygärlik Sarahsdan günortada, barmasy kyn bolan ýerde- dag gerişleriniň arasynda ýerleşýär. Ol IX-XIII asyrlara degişli ýadygärlikdir. Ýadygärlikde 1991-nji ýylda uly ylmy işgär Swiridenko tarapyndan barlag işleri geçirildi. Nardiwanly obasy jemi 10ga meýdanly derede ýerleşýär.Onda beýikligi 1-1,5 m bolan jaýlar gury usul bilen dag daşyndan örülendir.
Jaýlardan başga bu ýerde daşdan örülen kerwensaraý bar. Ol Gezgädik çeşmesiniň barmasy kyn bolan ýerinde ýerleşýär.Kerwensaraýyň bu ýerde salynmagy orta asyrlarda bu ýerde gyzgalaňly söwda ýolunyň geçendigi barada pikir ýöretmäge esas berýär.Kerwensaraýyň tutýan meýdany 7ga bolan çöketligiň merkezinde ýerleşýär.Onuň ölçegleri daşyndan 120x80 m-e deň. Bu gönüburçlyk görnüşli desga bolup, ortasynda giň howly bar. Kerwensaraýyň demirgazyk we günbatar tarapynda güýçli weýran bolan gurluşyklaryň galyndylary bar.
Haşal dermanlyk ösümligiň dünýäde takmynan 25, Türkmenistanda 4 görnüşi ýabany ýagdaýynda duşýar. Ösümlik aprel-maý aýlarynda gülleýär, maý-iýunda miweleýär. Ösümlik dag eteklerinde, düzlüklerde, çägeli hem çägeli-daşly çöllerde ösmäni halaýar. Ösümlik diýarymyzda Garagumda, Garabogazda, Türkmenbaşyda, Bathyzda, Serhetabatda, Arçmanda, Aşgabatda köpçilikleýin duşýar. Dermanlyk maksatlary üçin gory ýeterlik. Dermanlyk maksatlary üçin oty hem köki hyzmat edýär. Dermanlyk maksatlary üçin çig maly ösümlik doly güllände ýygnamaly. Olary kagyz ýa-da mata haltalarda gün şöhlesiniň düşmeýän  ýerlerinde saklamaly. Onuň otunda biologiki işjeň maddalar bolan alkaloidleriň, kumarinleriň, flawonoidleriň barlygy anyklanyldy. Gyzyldüýbiň otundan taýýarlanylan jöwherdir petler bakteriýalaryň hem kömelekleriň garşysyna täsirli. Türkmen tebipçiliginde hem halk lukmançylygynda ganly içgeçmede, dürli deri kesellerinde we ýaralarynda haýyrlanylýar. Köki ýüň matalary boýalanda gyzyl reňki berýär. Mundan başga-da dowarlar we düýeler üçin iým bolup  hyzmat edýär. Ösümligiň oňat owradylan bir nahar çemçe otuny bir bulgur gaýnag suwa atyp, içi syrçaly gapda pessaý otda 5-10 minut gaýnatmaly. Emele gelen melhemlik peti hasadan geçirip her gün nahardan 20-30 minut öň 3 wagtyna nahar çemçeden içmeli. Gyzyldüýbiň iki nahar çemçe otuny bir bulgur suwa atyp, haýal ýanýan otda goýalýança gaýnatmaly. Taýýar bolan melhemligi dürli deri kesellerine hem ýaralara ýapgy görnüşinde haýyrlanmaly.
Sungat älemine aralaşdygyňça ondaky bagşydyr, sazandalar bilen bilelikde özüň hem hiňleneniňi duýman galýarsyň. Ine şeýle ussat, öz ömrüni sungata, aýdym-saza bagyşlan bagşylaryň biri hem Kaka etrabynyň ussat bagşysy Allanazar Hallyýewdir. Onuň döredijilik älemine ser salanyňda, bagşyçylyk ýoluna ilkinji bolup öz kakasynyň hemaýaty hem özüniň zehini sebäp bolupdyr diýsek dogry bolardy.
Şägirtlikden halypalyga ýeten bu ussat bagşymyz öz maşgalasy bilen aýdym-sazyň inçe syrlaryna içgin aralaşmagy başaran halypalardandyr. Häzir hem biziň Kaka etrabymyzyň her bir toý-baýramlaryna özüniň ajaýyp aýdym-sazlary bilen sowgatly barýarlar.
Her bir baýramçylygyň özboluşly aýratynlygy, adama eçilýän lezzeti bolýar. Ýurduň, halkyň baky bagtyýarlygynyň baýramyny bir supranyň başyna jemlenip bellemek döwletliligiň nyşany. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry mähriban halkymyzyň durmuşynda örän möhüm ähmiýetli seneleriň biridir. Şu sene mynasybetli hem Ak altyn oba medeniýet öýünde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Bitaraplyk-baky abadançylyk» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyny hem meýilleşdirip, ýurdumyzda uludan bellenilýän bu baýrama özleriniň mynasyp toý sowgady bilen ynamly öňe barýarlar. Dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet-bu biziň ata Watanymyz eziz Türkmenistandyr. Bu türkmen döwletiniň, agzybir türkmen halkynyň dünýäniň ýüzünde ýeten belent derejesidir. Hemişelik Bitaraplyk derejesi adamzadyň gymmatly ynsanperwerlik, parahatçylyk, özara düşünişmek, dost-doganlyk ýörelgelerini berkarar edýär. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan şu günki güne çenli resmi taýdan ykrar edilen ilkinji we ýeke-täk hemişelik Bitarap döwletdir. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakyndaky Kararnama ikinji gezek biragyzdan kabul edildi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň dünýädäki at-abraýyny has-da belende götermekde taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, il-ýurt, halkara bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Türkmen halkymyzyň asudalylygyny, parahat durmuşyny ykrar eden naýbaşy baýramçylygymyzyň  biri hem Bitaraplyk bayramydyr.Tejen şäher merkezi  kitaphanasynyň “Syýasy- jemgyýetçilik edebiýatlary” bölüminiň Tejen şäheriniň  10-njy  orta mekdebinde Bitaraplyk baýramynyň 27 ýyllygyna bagyşlap geçiren “Bitaraplyk bilen galkynan diýar” atly gürrüňiniň hem-de guralan kitap sergisinden pursatlar.
Kaka etrap Merkezi kitaphanasynda okyjylaryň arasynda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän  “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň XIV tomynyň kitaphanamyza gelip gowuşmagy mynasybetli kitap tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Geçirilen bu çärede kitabyň her bir bölümine syn berilip, ondaky dermanlyk  ösümlikleri, şeýle hem şol dermanlyk ösümlikleriň saglyga peýdasy barada okyjylara gürrüň berildi. Çärede Gahryman Arkadagymyzyň galamynyň mundan beýläk hem ýiti bolmagy arzuw edildi.  Çäre guramaçylykly alnyp baryldy.
Türkmenistanda 3 görnüşi gabat gelýär. Gyzgan- güneşi halaýan, gurakçylyga çydamly hem ýylylygy söýüji ösümlik. Gyrymsy agaç aprel-maý aýlarynda gülleýär, maý-iýulda miwesi ýetişýär. Gyzgan çöl hem dag eteklerinde, derýalaryň ýakalarynda, aglaba şorlaşan ýerlerde, ekin meýdanlaryň gyralarynda bitýär. Gyzgan ýurdumyzdaky seýregräk ösümlikleriň hataryna goşulýar.  Dermanlyk maksatlary üçin gory ýeterlik. Ösümligiň dermanlyk maksatlary  üçin miwesi çig mal bolup hyzmat edýär. Gyzganyň miwesinde, tohumynda ýag, polisaharidler, C witamini, palmitin bilen oleinin turşulyklary saklanýar.halk lukmançylygynda gyzganyň miwesi bilen tohumy saraltmada, ödi oňat çykaryjy, aşgazan sanjysynda, dem agyr alnanda, iç sürüji serişde hökmünde haýyrlanylýar. Şeýle hem ol oňat bal beriji, iýimlik hem-de  çägeleri berkidiji ösümlikdir. Gyzganyň bir nahar çemçe miwesini bir bulgur gaýnaga atyp, syrçaly gapda pessaý otda ýylylygyna deňleşýänçä goýmaly. Nahardan 20-30 minut öň her gün 3 wagtyna 10-15 günläp ýarym bulgurdan içmeli. Gyzganyň bir çaý çemçe owradylan tohumynyň un ýalysyny 100 ml spirte atyp, agzy mäkäm gapda 10 gün saklamaly. Soňra hasadan geçirip nahardan öň 5-10 damjasyny günsaýyn  iki hepdeläp kabul etmeli.
Nusaýlylaryň harby söweş sungaty hereketlerinde çaltlyga esaslanypdyr. Olar haýal-ýagallygy ýa bolmasa ähli güýji bir galanyň daşyna üýşürip gabap ýatmagy halamandyrlar. Nusaýlylaryň ýörgünli taktikasy ýeňil ýaraglanan atlylar bilen tüweleý ýaly çalt hüjüm etmek we duşmanyň aýak ýeterinden daşrak aralykdan onuň üstüne ok ýagdyrmak bolupdyr. Olar duşman bilen garpyşanlarynda uzak söweşmän, birden yza serpilip, gaçan bolup, soňra duşman äm-säm bolup durka-da täzeden hüjüme geçilipdir. Şol pursatda agyr ýaraglanan atlylaram söweşe girýär ekenler. Şeýle psihologik hüjümden soň söweşiň ykbaly köplenç parfiýalylaryň peýdasyna çözülipdir. Bu barada Plutarh şeýle beýan edýär: “...parfiýalylar tarapyndan dar ýere gabalan rimliler biri-biri bilen çaknyşyp, duşman tarapyndan urlan zarba çydam edip bilmediler. Olar bedenine çümen peýkamlaryň çekip çydardan çökder agyrsyndan ýer bagyrtlap, towlam-towlam bolup iki ýana urunýardylar”. Parfiýalylaryň gazanan ýeňişlerinde olaryň söweş taktikasy bilen bir hatarda kowsa ýetýän, gaçsa gutulýan gamyş gulak bedewleri ägirt uly rol oýnapdyr. Belli atşynas professor W.O.Wittiň ýazmagyna görä, häzirki zaman türkmen atlary genetiki taýdan şol parfiýa atlarynyň nesilleridir.
Beýleki ýowşanlardan ösümlik özüniň limon hoşboý ysy bilen tapawutlanýar. Tebigy şertlerde diňe Türkmenistanda ösýär. Ösüşi fewral-mart aýlarynda başlanýar, iýulda bolsa gunçalaýar. Ol şorrak we şor toprakda hem ösýär. Gurakçylyga  hem sowuga ýokary derejede çydamlylygy bilen tapawutlanýar. Dermanlyk maksatlary üçin gory ýeterlik. Lukmançylykda dermanlyk maksatlary üçin ösümligiň oty çig mal bolup hyzmat edýär. Gyr ýowşanyň düzüminde 1,56% efir ýagy, 14% protein, 5,8% ýag, 30% kletçatka, 35% azotsyz ekstraktiw maddalar we C witamini saklanýar. Ösümligiň örän hoşboý limon ysly efir ýagy parfýumer-kosmetik we azyk senagatynda peýdalanylýar. Halk lukmançylygynda dermanlyk jöwherini we petini  gyzzyrmada, ýokary arterial basyşynda, işdä açyjy serişde hökmünde ulanylýar.  Gyr ýowşanyň çig maly alkogolsyz içgileri we ýokary hilli üzüm çakyrynyň önümçiliginde peýdalanylýar. Ösümligiň bir çaý çemçesi owradylan otuny bir bulgur gaýnag suwa atyp, 1-2 sagat saklamaly we hasa bilen süzmeli. Taýýar bolan jöwheri her gün bir nahar çemçeden 3 gezek içmeli.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda  Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda medeniýetimizi, uly aladalar edýär. Gündogaryň görnükli şahyr – filosofy, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy belleniler. Bu Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky  orny bilen baglanyşyklydyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmen halkynyň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekillerinde–de ýaňlanýar. Hususanda bütin adamzadyň altyn genji – hazynasyna giren Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny çuňňur öwrenmek we dünýäde giňden wagyz etmek maksady bilen, ХVIII asyryň meşhur akyldar şahyrynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanyp ýurdumyzda  dabaraly çäreler geçirilýär.  Ak bugdaý etrap merkezi kitaphanasy “Köňülleriň şahyry” ady bilen okyjylaryň arasynda konferensiýa geçirdi. Bu çärede Magtymguly Pragynyň döredijiligine degişli eserleri baý many – mazmuna eýe boldy. Çykyş  eşretli zamanada ýaşamaga mükinçilik döreden Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň jany sag il – ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin.
Kaka etrap merkezinden 7 kilometr çemesi günbatarda, 70 gektar meýdany tutup ýatan Namazgadepe örän uly ähmiýetli, ajaýyp täsinlikleri bilen tapawutlanýan arheologiýa ýadygärligidir. Namazgadepe Orta Aziýada ykdysady we medeni ösüşiň  ilkinji nobatda bir ýere jemlenip, şäheri emele getiren ýeridir. Türkmenistanyň iň gadymy döwri – ekerançylyk işleriniň ýüze çykyşy öwrenilende «Namazgadepe medeniýetiniň» deňeşdirmek üçin ölçeg birlik hökmünde alynmagy ýöne ýerden däldir. Sebäbi Namazgadepe ýadygärliginiň biziň eramyzdan öňki V müňýyllykdan başlanýan taryhy bar.  «Namazga» aslynda «namazgäh» sözi bolup, onuň «namaz okalýan ýer» diýen manysy bardyr. Bu ýere ýakyn oturan Abiwerd şäheriniň ilaty irki orta asyrlarda eýýämhaçan göçülenden soň çig kerpiçden gurlan köşgi-eýwanlary, kaşaň ymaratlary weýran bolup, eräp, topraga öwrülip, depe bolup galan gadymy şäheriň ornunda mukaddes ýer hökmünde metjit gurupdyrlar we ol ýere namaz okamaga barar ekenler. Seýil edilýän ýere «seýilgäh» diýlişi ýaly, namaz okamaga barylýan ýere-de «namazgäh» diýmek orta asyrlarda ýörgünli bolupdyr.
Kaka etrap Medeniýet bölüminiň şeýle hem etrap häkimliginiň gurnamagynda Kaka etrabynyň pagta meýdanynda daýhanlaryň medeniýetli dynç almaklary mynasybetli “Armaweriň daýhanlar” atly dynç alyş dabarasy geçirildi. Geçirilen bu çärede Medeniýet bölüminiň aýdym-saz döredijilik topary özleriniň aýdym-sazly çykyşlary bilen dabara gatnaşyjylarda ajaýyp ýatlama galdyrmagy başardylar. Dabarada işine ökde, ezber daýhanlar aýratyn sowgatlar bilen tapawutlandyryldy. Şeýle hem olara işlerinde mundan beýläk hem uly üstünlikler arzuw edildi. Dabara guramaçylykly işjeň ýagdaýda geçirildi.
Gadymy  Parfiýanyň   araçäginde  bir wagtlar  ýaşan halklaryň  taryhyny,  medenýetini we sungatyny  öwrenmekde   hünärmentçiligiň  belli  bir ugurlaryna ,  hususan , küýzegärçilik degişli  ylmy barlaglaryň  uly ähmiýeti bar.  Küýze  önümleri  Parfiýa  döwletiniň  taryhynda  uly   ornuny  eýeleýär.
Türkmenleriň  ata – babalarynda    ussaçylyk   iň bir mukaddes  şeýle hem  lebzi halallygy   talap  edýän  kesip –        kärdir.  Zergärler ,  demirçi  ussalar, küýzegärler  şol  döwürlerde  hem  il – günüň   hyzmatynda   bolup,  alkyş  alýan  sylagly  adamlar  bolupdyrlar.
Nusaý   galasynda  geçirlen   gazuw - agtaryş   işleriň  netijesinde   tapylan  taryhy  tapyndylar   onuň   bütin dünýä  bilen  söwda we medeni  gatnaşyklarynyň   bolandygyny   görkezýär.   Biziň  topragymyzda  birmahallar   meşhur  bolan   Parfiýa  patyşalygy,  ägirt  uly  ýadygärliklerini  galdyrdy.  Şol  ýadygärlikler  beýik  sepgitlereýetip,  sebitimiziň  gülläp – ösendigine   şaýatlyk  edýär. Gadymy   Nusaý,   Merw  we  Köneürgenç  bilen   birlikde  tutuş  adamzadyň  gymmatlygy  hökmünde  ykrar   edilmeginiň  özi  türkmen  halkynyň   dünýä   siwilizasiýasynyň  genji – hazynasyny   ägirt  uly  goşant  goşandygynyň    subutnamasydyr.   2007-nji  ýylda  Gadymy   Nusaý  ÝUNESKO-nyň   Bütindünýä   mirasynyň  sanawyna  girizildi.  Nusaýdan  tapylan  maddy   gymmatlyklaryň   arasynda  mermerden,  altyndan,   kümüşden,  şirmaýydan,  aýnadan,   keramikadan,  dag  hrustalyndan  ussatlyk  bilen   ýasalan  önümler   bar.
Berkarar  döwletiň   täze  eýýamynyň    Galkynyşy   döwründe  asyrlaryň  dowamyndan  nusgalyk  miras  galan  maddy   we  medeni   mirasymyzy   ýaş  nesillerimize   ýetirmekde   taýsyz   tagallalary   edýän   Hormatly  Prezidentimiziň   jany sag,  ömri  uzak ,   işleri   rowaç  bolsun!
Monjuklydepe II – bu ýadygärlik Kaka etrabynyň Mäne obasyndan 3 km günorta-gündogarda ýerleşýär. Ýadygärlik b.e. öňki VI – V müňýyllyk bilen senelenýär. Bu ýerde gazuw – agtaryş işleri ilkinji gezek 1959 -njy ýylda A.A.Maruşenkonyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Taryh institutynyň arheologiýa bölümi tarapyndan geçirilýär. Gazuw – agtaryş, ylmy barlag işleri netijrsinde dag eteginde Änew –I – A döwrüne degişli bolan gadymy ekerançylyk obasynyň üsti açylýar. Häzirki döwürde bu ýerde “Abiwerd” goraghanasynyň işgärleri professor R.Bernbergiň ýolbaşçylygyndaky türkmen - german arheologiýa ekspedisiýasy bilen bilelikde iş alyp barýarlar.
Haşal hem dermanlyk ösümligiň dünýäde 5, Türkmenistanda 1 görnüşi gabat gelýär. Ösümlik tohumy arkaly köpelýär. Bir düýp ösümlik 50 müňe golaý tohum berýär. Gyjy-gyjynyň tohumy ýaşaýyş ukybyny 6 ýyla çenli saklap bilýär. Gyjy-gyjy ýurdumyzyň çöllük ýerlerinden başga hemme ýerlerde örän giňden ýaýrandyr. Ol haşal ot hökmünde baglaryň içinde, gök we bakja ekinleri ekilýän ýerlerde, meýdanda hem ýollaryň gyralarynda duşýar. Dermanlyk  maksatlary üçin gory ýeterlik. Onuň oty, ýapragy we güli çig mal bolup hyzmat edýär. Çig mallary esasan aprel-maý aýlarynda ösümlik gülleýän wagtlary ýygnamaly. Halk lukmançylygynda gan gitmede, böwrek we öt kesellerinde giňden ulanylýar. Şonuň ýaly-da gyjy-gyjydan ýasalan dermanlar arteriýa gan damarlarynyň basyşyny kadalaşdyrmakda hem peýdalanylýar. Ösümligiň ýaşajyk ýapraklary iýmek üçin peýdalanylýar. Ösümligiň täze otundan taýýarlanylan şiresini her gün 3 gezek 50-60 damjadan içmeli. Gyjy-gyjynyň 2 nahar çemçesi täze guradylan otuny bir bulgur gaýnag suwuň içine atyp, bir sagat töweregi saklap, hasa bilen süzmeli. Taýýar bolan peti günüň dowamynda 1 bulgurdan 3 wagtyna nahardan bir sagat öň kabul etmeli.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň baý durmuş tejiribesi esasynda toplanan milli-ruhy medeni mirasyny öwrenmek, toplamak, olaryň gadymy nusgalaryny ýüze çykarmak, hasaba almak we geljekki nesillere ýetirmek babatynda möhüm wezipeler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň medeni-ruhy gymmatlyklary, milli mirasy hem-de taryhy ýadygärlikleri düýpli öwrenilýär we halk arasynda giňden wagyz edilýär. “Beýik ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy medeni ýadygärliklerde 2018-2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň döwlet maksatnamasy”  tassyklanmagynyň hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Beýik ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän ýadygärlikleriň biri hem Şährihaýbardyr.
Şährihaýbar taryhy-arhelogik ýadygärligi Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň merkezinden 10 kilometr demirgazykda, Gökdepe daýhan birleşiginiň demirgazyk çetinde ýerleşýät. Geçmişe ser galsak bu ýadygärlik Beýik Ýüpek ýolunyň Nusaý-Ürgenç şahasynda ýerleşip, esasy söwda nokatlarynyň biri bolupdyr.
Hormatly Arkadagymyzyñ öňden görjülikli döwlet syýasaty netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe umumy adamzat ösüşinde wajyp orny eýeleýän ruhy-medeni gymmatlyklarymyz bolan kämil taryhy-medeni we tebigy ýadygärliklerimizi geljek  nesillerimiz üçin aýawly saklamaga gönükdirilen nusgalyk işler alnyp barylýar.
Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň “Birleşik” obasynyň Günbatar tarapynda ýerleşýän taryhy depe.  1955-1962-nji ýyllarda W. M. Massonyň ýolbaşçylygynda GTAKE-niň XIV topary tarapyndan Aşaky Tejen ýaýlasynda ugurlaýyn gözleg işleri geçirlen döwründe aýan edilen “Köne Sarahs” taryhy – medeniýet döwlet goraghanasy döredilenden (1991) soň, bu ýadygärlikler goraghananyň sanawyna girizildi. 2005-nji ýylda “Köne Sarahs” döwlet goraghanasynyň ylmy işgärleri T. Artykow, M. Kemjaýew we S. Bäşimow tarapyndan barlanyldy we çyzga geçirildi.
Ýadygärlik IX – XIII asyrlaryň başlaryna degişli bolup, orta asyr döwrüniň daýhan mülküniň howlusy bolmaly.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşly döwründe  “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Hormatly Arkadagly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda diýarymyzyň her bir güni şanly senelere, toýdur-baýramlara, taryhy wakalara beslenýär. Ynha  bu  gün  hem  Tejen şäher medeniýet öýünde Tejen şäher,etrap medeniýet merkezleriniň bilelikde“El hünäri il gezer”aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi.Baýramçylyk çäresinde şäher,etrap Medeniýet merkezleriniň  aýdymçylarynyň  täze  aýdymlary, tans toparynyň baýramçylyk  çykyşlaryny, gurnaldy. Ene-mamalarmyzdan miras galan,gözellik sungaty bolan keçe bilen baglanyşykly taryhy maglumatlary, yrymlary, nagyşlary taryhdan gürrüň berýän gadymy rowaýatlary, degişmeleri, gazallary, aýdyşyklary, öz ýürek buýsançlaryny şahyrana setirleriň we çeper sahnalaryň üsti bilen ýerine ýetirdiler.Barýamçylyk çäresinde aýdymçylaryň aýdan täze  aýdymlary, hem-de tans toparlarynyň täze tanslary baýramçylyk dabarasyna gatnaşan tomaşaçylar tarpyndan el çarypmalar bilen garşylandy. Hormatly Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza biz medeniýet-sungat işgärleri üçin şeýle mümkinçilikleri döredip beren Hormatly Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza janynyň sag, ömrüniň  uzak, belent  başynyň  aman  bolmagyny,   il-ýurt  bähbitli, umumy adamzat  ähmiýetli  işleriniň  mundan beýläk  hem  rowaç  bolmagyny arzuw edýäris.
Haşal derman ösümligiň dünýäde 15, Türkmenistanda 2 görnüşi duşýar. Ösümlik derýajyklaryň jülgelerinde, derelerinde, çygly ýerlerde, gyrymsy agaçlyklarda ösüp boý almany halaýar. Ol iýun-iýul aýlarynda gülleýär we miweleýär. Tohumy arkaly köpelýär. Diýarymyzdaky seýrek ot-çöpleriň hataryna goşulýar.Sünt-hasardag we Köpetdag döwlet goraghanalarynda goralýar. Guşokaranyň dermanlyk maksatlary üçin ýapragy, gültoplumy we köki çig mal bolup hyzmat edýär. Olary açyk howada adaty usulda ýygnamaly we guratmaly. Ösümligiň kökünde 10,05% triterpenoidler, iridoidler, 0,24% alkaloidler, otunda 8,5% triterpenoidler, 0,4% alkaloidler, flawonoidler, miwesinde iridoidler we tohumynda 19,45% ýag bar. Halk lukmançylygynda ösümligiň köki öýken inçekeselinde we merezýelde peýdalanylýar. Türkmen halk lukmançylygynda ösümligiň ýapragyndan hem gültoplumyndan taýýarlanylan peti, melhemi pastany ýylan çakanda we gabarçykda, babasyl düwünlerinde anestezirleýji serişde hökmünde ulanylýar. Ösümligiň otunyň peti we jöwheri sowuklamanyň garşysyna, böwrek kesellerinde haýyrly, dem alyş agzalarynyň ýerine ýetirýän işlerini, ýürek-damar ulgamyny we gan aýlanyşy sazlaýar. Dermanlyk peti halk lukmançylygynda gyzzyrmada, aşgazanyň howply çişlerinde we başlarynda ulanylýar. Gültoplumyndan taýýarlanylan pet guragyryda ulanylýar. Ösümligiň  owradylan bir nahar çemçesi köküni bir bulgur suwa atyp, içi syrçaly gapda 10 minut gaýnatmaly. Hasadan süzüp, her gün 3 wagtyna bir nahar çemçesinden içmeli.
Dermanlyk ösümligiň dünýäde takmynan 24, Türkmenistanda 1 görnüşi duşýar. Ol jülgelerde we daşly eňňitlerde ösüp boý alýar. Ösümlik awgust-sentýabr aýlarynda gülleýär we sentýabr-oktýabr aýlarynda miweleýär.Dermanlyk maksatlary üçin gory ýeterlik.  Ösümligiň dermanlyk maksatlary üçin köki, baldagy, ýapragy çig mal bolup hyzmat edýär. Çig mallary adaty usulda ýygnamaly hem-de bassyrmanyň aşagynda açyk howada guratmaly. Gurşungülde alkaloidler, 7,4% eý maddalary, saponinler, fenolkarbon tuşusy (gallow), naftohitonlar (plýumbagin), antraglikozidler, antosianlar (sianidin, delfinidin), flawonoidler (ýewropetin) bar. Köp ýurtlaryň halk lukmançylygynda gurşungül ýaradyr başlarda we gelip çykyşy dürli bolan çişlerde, deriniň şöhle kesellerinde peýdalanylýar. Ol antifungal täsirli we giň spektorda antibakterial işjeňlige eýedir. Kawkazda ter köküni diş agyryda ulanýarlar. Onuň owradylyp toz derejesine ýetirilenini ýag bilen garyp, gijilewigiň hem kömelekli keselleriň garşysyna peýdalanýarlar. Ösümligiň oňat owradylan bir nahar çemçesi ýapragyny bir bulgur suwa atyp, içi syrçaly gapda haýal ýanýan otda 10 minut gaýnatmaly. Emele gelen peti hasadan süzüp, her gün 3 wagtyna iki nahar çemçesinden içmeli. Ösümligiň köküniň 2 nahar çemçesi tozuny 100 gram ak ýag bilen garyp, melhemi günde iki wagtyna deriniň ýaralaryna, gijilewiginde çalmaly ýa-da ýapgy etmeli.
Babadaýhan etrap merkezi kitaphanasynyň Neşirleri saklamak we okyjylara hyzmat etmek bölüminiň guramagynda Bilim bölüminiň «Eýjejik» atly 1-nji çagalar bagynda «Ertekiler dünýäsine syýahat» ady bilen körpeje okyjylaryň gatnaşmagynda gürrüňdeşlik geçirildi. Çagalary terbiýelemekde ertekileriň orny barada gyzykly gürrüňler berildi. Kitaphana täze gelen kitaplardan sergi gurnaldy.
Haşal derman ösümligiň dünýäde takmynan 200, Türkmenistanda 1görnüşi duşýar. Ösümligi başgaça sarygetirmäniň oty, pişik, ýapyşak, ittikenek, garagyz diýip atlandyrýarlar. Goşadiş tohumy arkaly köpelýär. Ýaşaýyş ukybynyň ýokarylygy sebäpli, haşal ösümlikleriň hataryna hem goşulýar. Goşadiş ýurdumyzdaky seýregräk ot-çöpleriň hataryna goşulýar. Dermanlyk maksatlary üçin gory ýeterlik.Goşadişiň dermanlyk maksatlary üçin ýaprakly ýokarky gülsüz bölegi hyzmat edýär. Ony ösümlik güllemänkä ýygnamaly. Ýygnalan oty oňat ýel çekýän ýerde bassyrmanyň aşagynda  adaty usulda guratmaly. Ösümligiň düzüminde eý maddalar, efir ýagy, nem, karotin, C witamin, margenes, flawonoidler we pigmentler bar.  Goşadiş halk we ylmy lukmançylygynda bagyr kesellerini, kelleagyryny, ekzemany, gorky zerarly emele gelen sökellikleri, deri kesellerini, böwrek hem aşgazan kesellerini bejermekde giňden ulanylýar. Ösümlikden taýýarlanylan jöwheri hem peti sowuklamanyň garşysyna suwa düşünmek arkaly peýdalanylýar. Deri kesellerini  bejermekde  onuň  otunyň  suwuna  düşünmek  örän  peýdaly.   Ösümligiň petini çagalaryň diatez kesellerinde, seboreýede, aşgazanyň başly sökelliklerinde, damar çekmede, psoriazda, çagalar gorkanda ulanylýar. Goşadiş ýarany guradýar we çalt bitirýär. Häzirki wagtda goşadişi derlediji  hem peşew çykaryjy serişde hökmünde hem ulanylýar. Goşadişiň bir nahar çemçesi otuny bir bulgur suwuň içine atyp, içi syrçaly gapda pessaý otda 10-15 minut gaýnatmaly. Soňra ony 45 minudyň dowamynda sowadyp, üstüne ýene-de bi bulgur gaýnan suwy guýmaly. Emele gelen melhemlik peti hasadan geçirip, nahar çemçeden her gün 3 wagtyna içmeli.
Ulugdepe arheologiýa ýadygärligi soňky on ýylyň dowamynda içgin öwrenilip, barha  uly meşhurlyga eýe bolýan gymmatly ýadygärlikdir.Bu taryhy – arheologiýa ýadygärlik türkmenleriň gadymy ata – babalarynyň örän irki zamanda (b.e. öňki III - II müňýyllyklarda)  irki demir eýýamy diýilýän döwürde ýaşan ilatly menzil – mekanydyr. Ýadygärlik Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Duşak şäherçesinden 4 km günortada, Kelet çaýynyň sag kenar ýakasynda ýerleşýär. Adyndan belli bolşy ýaly bu ýadygärlik uzak asyrlaryň dowamynda yzygiderli ýaşaýyş dowam eden baý medeni gatlakly 15 (on bäş) gektar çemesi meýdany bolup, 2001 – nji ýyldan bäri bolsa bu ýerde alnyp barylýan gazuw – agtaryş işleriniň dowamynda Ulugdepeden  maddy we ruhy medeniýetiň maglumatlaryny özünde jemleýän örän köp arheologik tapyndylar ýüze çykaryldy.
Dermanlyk hem bezeg häsiýetli gökgülälegiň dünýäde 20, Türkmenistanda 6 görnüşi duşýar. Olaryň aglabasy dermanlyk häsiýetli ösümlikdir. Gülleri açyk sary reňkli, onuň ortasy gyzyl ýa-da gyzylymtyl reňkli, esasy gara reňkli süýrümtik menekli. Ösümlik aprel-maý aýlarynda gülleýär we miweleýär. Tohumy arkaly köpelýär. Ösümligiň oty we tohumy dermanlyk maksatlary üçin çig mal bolup hyzmat edýär.  Otuny ösümlik gülleýän döwri ýygnamaly, adaty usulda guratmaly. Tohumyny doly bişende ýygnamaly. Gelşikli gökgülälekde 0,2-0,7% alkaloidler (glauwin, glausin, izoboldin, izokoridin, koridin, protopin, helidonin we başgalar ) bar. Türkmen halk lukmançylygynda gelşikli gökgülälegi guragyryny, dem alyş ýollarynyň sowuklamasyny bejermek üçin, şonuň ýaly-da
buşukdyryjy gakylyk goparyjy serişde hökmünde, şiresini göze ak düşmede peýdalanýarlar. Özbegistanda ösümligiň ýerüsti böleginden taýýarlanylan peti bilen jöwheri çagalary ukladyjy we süýji keseliň garşysyna dermanlyk serişde hökmünde,  Ermenistanda- üsgülewikde ulanylýar. Ylmy lukmançylykda gidrohlorid glausini üsgülewigiň garşysyna oňat netije berýän derman serişde hökmünde ulanylýar. Ösümligiň oňat owradylan hem guradylan bir çaý çemçesi otuny bir bulgur suwa atyp, içi syrçaly gapda 10 minut gaýnatmaly. Melhemlik peti  hasadan  süzüp,  her  gün 3  wagtyna  bir  çaý  çemçesinden içmeli.
Haşal derman ösümliginiň dünýäde 10, GDA ýurtlarynda we  Türkmenistanda 1 görnüşi duşýar. Ösümligiň uzyn ýere ýazylyp  ýatan  damarlary   hem-de ýerasty we ýerüsti baldaklary bar. Garaçaýyryň baldagyndan ýokarlygyna dik ösen şahajygy “antenna” meňzeş. Garaçaýyr maý aýyndan başlap, tä oktýabryň ahyryna çenli gülleýär. Ösümlik suwarymly we ekerançylyk meýdanlarynda örän bitgin bolýar. Garaçaýyr tohumy we porrugy arkaly köpelýär. Ösümlik diýarymyzyň ähli ýerlerinde diýen ýaly duşýar. Dermanlyk maksatlary üçin gory ýeterlik, köki we baldaklary çig mal bolup hyzmat edýär. Garaçaýyryň porrugynda köp mukdarda uglewodlar, saponinler, nemli maddalar, şeker, krahmal we tritisin polisaharidi saklanýar. Garaçaýyryň porrugyndan taýýarlanan melhemlik jöwheri döş kapasasynyň hem peşew-jyns agzalarynyň sökelliklerinde we umumy berkidiji serişde hökmünde ulanylýar. Halk lukmançylygynda böwrek kesellerinde, iç sürüji serişde hökmünde ulanmak maslahat berilýär. Garaçaýyryň porrugynyň bir nahar çemçesiniň üstüne bir bulgur suw guýup, ony içi syrçaly gapda 15-20 minut gaýnatmaly. Sowandan soň süzüp, kiçiräk käsejigiň möçberinde günde 2-3 gezek islän wagtyň içmeli.
Gündogar halklarynyň saz medeniýetinde atlary rowaýata öwrülen Gorkut ata, Baba Gammar, Aşyk Aýdyň saz sungatynyň hemaýatkärleridir (prileridir). Olaryň atlary etnograflara, filologlara, folklorçylara, gündogar öwrenijilere bellidir, sazandalar, olara aýratyn hormat goýýarlar. Olaryň arasynda Baba Gammar, Merkezi Aziýanyň, Hindistanyň we Pakistanyň halklarynyň gadymdan gelýän saz medeniýetiniň umumy kökleriniň biri-biriniň arasyndan eriş-argaç bolup geçýänligine şaýatlyk eden görnükli şahsyýetdir. Bu saz medeniýet gündogar mirasynyň kökleriniň birligine garamazdan, ol her halkyň medeni mirasynda özboluşly beýanyny tapýar.
Baba Gammar deňi taýy bolmadyk sazanda bolupdyr we onuň ady zehinli dutarçylaryň ussatlyk derejesini kesgitlemek üçin ulanylýar. Baba Gammar tarlary ýüpekden bolan tut agajyndan ilkinji dutary ýasapdyr, diýen halk arasynda ynam bar. Rowaýata görä dutary ýasamakda geljekki ussa sazandanyň gulagyna “saz guralynyň gurluşy barada” keramatly “ses” eşidilipdir diýilýär. Şonuň üçin her bir dutarçy ussa ony kämilleşdirmekde öz akylyny we başarjaňlygyny ulanypdyr. Mirasa hormat goýmak bilen, ýaş türkmen sazandalary onuň ýatan ýerine we dutaryň döwüginden gögeren agajyň ýanyna zyýarata gidip, “ak pata” alypdyrlar.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şular ýaly beýik şahsyýetleriniň halk arasynda giňden ýaýylmagyna berýän goldowlary üçin hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, alyp barýan il bähbitli, ýurt ähmiýetli işleri hemişe rowaç alsyn!
Hormatly Prezidentimiziň sport  ulgamyny ösdürmekde alyp barýan syýasatynyň netijesinde köpçülikleýin sporty  we bedenterbiýäni ösdürmek maksady bilen Ahal welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Ak bugdaý sport desgasynda “Halkara welosiped güni” mynasybetli “Sagdyn bedende – sagdyn  ruh” atly wagyz nesihat çäresi geçirildi. Çäräniň başynda Ak bugdaý sport desgasynyň hünärmeni çykyş etdi we ol öz çykyşynda welosiped sürmegiň adamyň saglygyny berkidip, onuň işe ukyplylygyny artdyrýandygy , tebigata hem ekologiýa taýdan berýän  peýdalary barada  gyzykly berdi.
Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda sporty we bedenterbiýäni ösdürmekde döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri rowaç bolsun!
Haşal derman ösümligiň dünýäde 3000, Türkmenistanda 2 görnüşi duşýar.Melhemlik otjumak iýun-awgust aýlarynda gülleýär, iýul-sentýabrda miwesi ýetişýär. Dag eteklerinde, dagda hem medeni oturymly ýerlerde ösýär. Seýrek ösümlikleriň hataryna girmeýär.Melhemlik maksatlary üçin gory ýeterlik. Emlik maksatlary üçin güllän çagy toprakdan ýokarky oty ulanylýar. Çig maly tutuş tomus paslynyň dowamynda ýygnamaly. Gaýtarmany gaýçy ýa-da orak bilen ýygnamaly. Toplanan çig maly kagyzyň ýa-da galyň matanyň üstünde guratmaly. Düzüminde laktin glikozid bolan werbenalin, taninler, alkaloidler, karotin bilen ajy maddalar bar. Otuny gara mallar iýenok. Öňler gaýtarmany hemme kesele em hasaplapdyrlar. Köplenç gyzdyrma, gowyşgynsyzlyk bilen kellagyryda ulanypdyrlar. Derlediji, peşew çykaryjy hökmünde nepi degýär. Nerw näsazlyklaryna oňat täsir edýänligi maglumatlarda nygtalýar. Bedeniň gyzgynyny peseldýär. Halk lukmançylygynda gaýtarmanyň gijilewigiň garşysyna peýdalydygy bellenýär. Diş we damak agyryda onuň otundan taýýarlanylan petine agzyňy çaýkamaly. Gresiýada gaýtarmany şu günlere çenli gudratly saýyp, “bagt getirýän” ösümlik diýip atlandyrýarlar. Iki nahar çemçesi otuny 1 litr suwa atyp 5 minut gaýnatmaly, soňra hasadan geçirmeli. Taýýar petini her gün dört gezek bir bulgurdan içmeli. Otunyň bir nahar çemçesini bir bulgur gaýnag suwa atmaly, soňra hasa bilen süzmeli. Emele gelen jöwher bilen ýylylygyna agzyňy çaýkamaly ýa-da ýaralara çalmaly.
Ýurdumyzda garlanyň 13 görnüşi ösýär. Ösümligi başgaça burça, garlanç diýip atlandyrylýar. Ösümlik aprel-maý aýlarynda gülleýär, miwesi maýyň ahyrynda ýetişýär. Garlanyň güli sap-sary bolup, ony ýolan dessiňe örän ýakymly ys burnuňa urýar. Bu ýakymly ys edil şekernana sepilýän wanilina meňzeş. Garlany ýolan eriňdeden edil süýde meňzeş şireli suwuklyk çogup çykýar.Bir salymdan soň ýaňky suwuklyk ýelim ýaly ýagdaýa geçip gataýar. Bu bolsa ösümligiň düzüminde köp mukdarda kauçuk maddalarynyň barlygy bilen düşündirmek bolýar. Garla daglaryň we baýyrlaruň eňňitlerinde gabat gelýär. Garlanyň toprakdan ýokarky bölegi ýazda ösýär, gülleýär we miweleýär. Tomsuň başynda bolsa guraýar. Ösümligiň topragyň aşagynda görnüşi özgeren ýerasty baldagy- klubeni galýar.Klubende ösümligiň ýaşaýyş hajatlary üçin gerek bolan maddalar toplanýar. Şonuň hasabyna täze baharda ösümlik ýene-de topragyň ýüzüne çykýar we ýaşaýşyny dowam etdirýär. Dermanlyk maksatlary üçin klubeni ulanylýar. Ony pil bilen gazyp almaly. Dermanlyk çig maly aýna gaplarda saklamaly. Klubeniniň düzüminde eý maddalary, glikozidler, aldegidler saklanýar.mundan başga-da şeker, kaliý, fosfor demriň duzlarynyň barlygy mälim edildi. Garlanyň klubeninden alynýan sakgyjy türkmenleriň daglyk obalaryndaky ilaty köpçilikleýin çeýnäp ulanyp gelýär. Sebäbi bu sakgyjyň dişe oňat täsir edýändigi, dişi arassalaýandygy mälimdir. Onuň klubeninden taýýarlanan melhemlik peti hem şondan bişirilen nahar berhiz iýmiti hökmünde ulanylýar.  Garlanyň iki sany arassalanan klubenini bir bulgur suwa atyp, pessaý otda 10-15 minut gaýnatmaly, hasadan süzüp, taýýar melhemlik peti günde 3 wagtyna içmeli.
Gadymyýetden biziň häzirki günlerimize çenli hem türkmenlerde myhmanyň ilki hezzeti çaý bolupdyr. Biziň ata-babalarymyz hem  ýurdumyzyň tebigy howa şertlerinde çaýyň göwne ýaraýan içgi bolanlygy, şeýle-de çaý içmegiň türkmençilige içgin ornaşmagy halkymyzyň häsiýet bütewiliginde hem aýdyň görünýär. “Çaýlaşmak” düşünjesi halkda birek-birege düşünişmegi, mähirli gatnaşygy aňladýar. Şoňa görä hem çaý içmek arkaýyn oturyp düşünişmek mümkinçiliginden habar berýär. Çaý içmegi ata-babalarymyz nepesiňi durlamak hasap edipdirler. Çaý içilende adamyň şähdiniň açylyp, onuň onki süňňüniň ynjalyk tapýandygyna ynanypdyrlar. Sähel ynjalyksyzlygy hem çaý çaý içip ýeňip bolýandygyna bil baglapdyrlar.
Türkmeniň belli şahyry K.Gurbannepesowyň goşgusyna Sahy Jepbaryň aýdýan “Gök çaý” diýen aýdymynda hem çaýyň lezzetine aýdyň göz ýetirmek bolýar.
Türkmen topragyndaky täsin hem enaýy ösümlikleriň hataryna girýar. Bu täsin melhemlik ösümligi peýkamýaprak diýip hem atlandyrylýar. Ösümlige beýle adyň berilmegi onuň ýapraklarynyň daşky görnüşiniň peýkama çalymdaşlygyndan gelip çykýar. Gargadiline toprakda kluben emele getirmek we baldagy ýapraksyzlyk mahsusdyr. Ösümlik köplenç çygly ýerlerde hem agaçlaryň kölegesinde, şonuň ýaly-da gaýalarda ösmäni halaýar. Çagylly hem daşly ýerlerde oňat ösýär. Gargadil özüniň ösüş döwrüni  gysga wagtyň içinde tamamlap, ömrüne gerek bolan dürli harajatlar üçin peýdaly we ýokumly maddalary görnüşi özgeren ýerasty baldagynda toplaýar.
Dermanlyk maksatlary üçin gory ýeterlik. Ekip ýetişdirseň hem bolýar. Melhemlik  maksatlary üçin ösümligiň görnüşi özgeren ýerasty baldagy çig mal bolup hyzmat edýär. Olary ir baharda ýa-da güýzde ýygnamaly. Klubenleri bölekleşdirip, sapakdan geçirmeli-de, oňat ýel çekýän ýerde asyp goýmaly. Mümkinçilik bolsa, ýörite enjamda, takmynan 40 dereje gyzgynlykda guratmaly.Täze klubenler zäherlidir. Taýýar bolan melhemlik çig maly kagyz haltalarda  ýa-da gutylarda saklamaly. Ösümlikde polisaharidler, flawonoidler, kumarinler bar. Uçujy maddalar, krahmal hem alkaloidler kän, özlerei-de örän zäherli.halk lukmançylygynda böwrekde daş emele gelende, meteorizmde, ýokary turşulykda, dürli sanjylarda, bagyr sökelliklerinde, babasylda ulanylýar. Mundan başga-da türkmen halk tebipçiliginde ösümligiň klubeninden taýýarlanylan toz bilen güýruk ýagy garyp alnan melhemi guragyryda çalgy hökmünde ulanýarlar.Gargadiliň bir çaý çemçesi owradylan melhemlik klubenini bir bulgur sowuk suwa atyp 8 sagat goýmaly. Hasadan geçirip, emlik jöwheri üçe bölüp içmeli. Ösümligiň klubeninden taýýarlanylan iki nahar çemçesi tozy 50 gram guýruk ýagyna garyp, ony agzy mäkäm ýapylan gapda, garaňky ýerde 7-10 gün goýmaly, taýýar bolan melhemi agyryly ýeriňe çalmaly.
Berkarar döwletimiziň täze galkynyşlar eýýamynda “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Kaka etrap sport mekdebinde ýaşlaryň hemmetaraplaýyn           aň-düşünjeli we hünär eýeleri bolup ýetişmeklerini, boş wagtlaryny peýdaly geçirip, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklaryny gazanmak maksady bilen, wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
TMÝG-nyň Kaka etrap geňeşiniň hem-de Kaka etrap sport mekdebiniň ýörite meýilnamasy esasynda bilelikde geçiren maslahatynda bedenterbiýäniň we sportuň ynsan saglygynda uly ähmiýete eýedigi, sport bilen meşgullanmagyň adam bedeniniň berkemeginde ornunyň uludygy, sportuň beden we ruhy taýdan sagdynlygy, çuňňur pikirlenmegi, netije çykarmak endiklerini, ugurtapyjylygy, çeýeli ösdürýänligi hem-de ýaş nesliň sagdyn ösüp kemala gelmegine ýardam edýänligi barada nygtaldy.
Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyz türkmen halkyny asyrlyk arzuwyna ýetirdi. Indi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ýörelgeleri esasynda arzuwlaryň hasyl bolýan ýurduna, hakykatyň we adalatyň dabaralanýan ýurduna, adamy döwletiň we jemgyýetiň iň gymmat hazynasy hökmünde görüp, onuň bagtyýar durmuşynyň yzygiderli üpjün edilip, nesillerden – nesillere geçirilmeginiň kepillendirilýän ýurduna öwrüldi.
Gündogar halklarynyň taryhyny öwreniji alym Bartold: “Türki halklaryň arasynda Magtymguly ýaly milli şahyrly halk diňe türkmenlerdir” diýip belleýär. Professor Wamberi: “Magtymgulynyň eserleriniň biziň üçin gymmatlygy onda türkmen diliniň örän sap nusgalarynyň barlygydyr” diýýär. Munuň özi nusgawy şahyryň edebiýat bilen bilelikde türkmen diliniň esaslandyryjysydygyny hem dünýä subut edýär.
Mähriban Arkadagymyz, Magtymguly Pyragynyň çeper söz ussady bolandygyna ýokary baha berip: “Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr. Magtymgulynyň şygryýet älemi – türkmen edebiýatynyň buldurap akýan, çuňňur mana we çeper söze teşne kalplary gandyrýan çeşmesi” diýip belleýär.
Ata babalarymyzdan  miras galan terbiýe, milli ýörelgeler bu günki gün nusgalyk mekdebe öwrüldi. Aýratyn hem özüniň akyl-paýhasa ýugrulan eserleri bilen dünýä edebiýatyna mynasyp goşant goşan beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň umumadamzat nesliniň öňünde bitiren hyzmaty örän uludyr.
Haşal dermanlyk ösümligiň  dünýäde 110, Türkmenistanda 3 görnüşi gabat gelýär. Ösümlik başgaça sanjygül ýa-da sanjyoty diýip atlandyrylýar.Ol daşly we çagylly eňňitlerde, arçalyklarda ösýär. Tohumy arkaly köpelýär. Garapeçe esasan merkezi Köpetdagda köp toplanan. Dermanlyk maksatlary üçin gory ýeterlik. Lukmançylykda ösümligiň oty çig mal hökmünde ulanylýar. Dermanlyk çig maly ösümlik gülleýän döwründe ýygnamaly. Olary adaty usulda guratmaly we taýýarlamaly.  Garapeçegiň otunda 0,009% alkaloidler bar. Türkmen halk lukmançylygynda garapeçegiň otundan taýýarlanylan çaýy iriňli çaga örgüninde, gyzzyrmada, kükrek sökelliklerinde, el-aýak çekmesiniň garşysyna içilýär. Ösümligiň peti garaguş keselinde, sarygetirmede, burundan gan gitmede, öýken inçekeselinde, aşgazan-içege we zenan sökelliklerinde kabul edilýär. Garapeçegiň oňat guradylan hem owradylan bir çaý çemçesi otuny 1 litrlik demkeşe atyp, üstüne gaýnag suw guýmaly. Mazaly demini aldyryp, hasadan geçirip, her gün ýarym bulgurdan 3 wagtyna içmeli.Ösümligiň bir nahar çemçesi otuny bir bulgur suwa atyp, içi syrçaly gapda 10 minut pessaý otda gaýnatmaly. Emele gelen peti hasadan geçirip, gün içinde nahar çemçeden 3 gezek haýyrlanmaly.Melhem garaguş keseline, aşgazan-içege we zenan sökelliklerinde nepli.
Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary esasy ýörelge edinýän hajy Arkadagymyz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi bilen yzygiderli gyzyklanýar. Nobatdaky iş saparynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz welaýatyň merkezindäki köpugurly hassahana baryp, ilatyň, aýratyn-da, çagalaryň saglygynyň berkidilmegi ugrunda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplarydyr mugallymlary bilen duşuşdy, bazarlarda önüm bolçulygynyň döredilişi bilen gyzyklandy hem-de Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat – Farap awtoulag köprüsine baryp gördi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň oba hojalygyny ösdürmekde gallaçy babadaýhanlara döredýän mümkinçiliklerinden ugur alyp,  Ak bugdaý etrap medeniýet bölüminiň bagşy-sazandalaryň gatnaşmagynda, Ak bugdaý etrap häkimliginiň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde “Harmanyňa bereket, babadaýhan!” ady bilen mehanizatorçylaryň we gallaçy kärendeçileriň armasyny ýetirmek maksady bilen aýdym-sazly dabara geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň röwşen geljegi üçin uly aladalar edýän Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Serdarymyzyň jany sag ömri uzak, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Berkarar döwletimiziň Täze eýýamynyň galkynyşy döwründe “Halkyň Arkadagly Zamanasy” ýylynda Türkmenistanda oba hojalygyny ösdürmek boýunça toplumlaýyn çäre amala aşyrylýar.Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň ak pata bermeginde welaýatlaryň babadaýhanlary galla oragyna işjeň girişdiler. Tejen etabynyň Täze oba medeniýet öýünde hem galla oragynyň başlanmagy mynasybetli dabara geçirildi. Dabarada ak sakal ýaşulylar, ak saçly eneler babadaýhanlar hojalyk ekinlerinde bol hasyl almak üçin ähli şertleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize berk jan saglyk-il ýurt bähbitli ähli adamzat ähmiýetli tutýan tutumly işlerinde mundan beýläkde üstünlikler arzuw etdiler.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ekologiýa, energetika we ulag ugurlarynda halkara işjeňligi, Türkmenistanyň oňyn başlangyçlarynyň halkara resminamalarynda öz beýanyny tapmagy türkmen diplomatiýasynyň halkara hukugynyň, adamzat ösüşiniň möhüm şerti bolan parahatçylygyň, ynanyşmagyň we howpsuzlygyň bähbidine mynasyp goşant goşýandygyny şöhlelendirýär. Ösüş arkaly parahatçylyga hyzmat edýän bu wezipeler baky Bitaraplygymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri bilen sazlaşýar.
Ahal welaýatynyň häzirki Bäherden demirýol stansiýasyndan 4 km günorto-günbatar tarapynda gadymy gala hem-de Mürçe obasy ýerleşýär. Gadymy Mürçe obasynyň daş töweregi 4-10 kilometr aralygynda üç tarapyndan birnäçe tireler bilen gurşalan. Olardan, Garadaşly, Hoja we Seýit tireleri, aglaba bölegi bolsa Teke tiresi bolup durýar. Mürçe obasynyň günorto tarapyny, 1 kilometra barabar uzaklygy öz içine alýan Köpetdagy ýerleşýär. Mürçeli taýpasynyň Mürçeli diýilip atlandyrylmagynyň sebäbi, şol taýpanyň Mürçe obasyna gelip düşmegi bilen bagly bolup durýar. Hat-da şol taýpaň adamlary hem, özlerine Mürçeli diýip at dakypdyrlar. Häzirki wagtda Mürçeli taýpasyny Türkmenistanyň ähli ýerlerinde tanaýarlar. Mürçe sözi, garyp, güýçsiz, uly bolmadyk we garynja diýen manylary aňladýar. Ol ýerlerdäki taryhy ähmiýetli gadymy galalary, Türkmenistanyň ähli künjeginden görmäge gelýärler. Ol galalaryň durky häzirki wagta çenli gowy saklanyp galypdyr.
Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda, Türkmenistan döwletimiziň ajaýyp taryhyny dünýä ýaýmakda uly işler alynyp barylýar. Bu bolsa Türkmenistanyň dünýä ýüzünde tanalmagyna, at-abraýynyň has-da belende galmagyna ýardam edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedenterbiýe we sport ýurdumyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan döwletimiziň ähli künjeklerinde döwrebap sport mekdepleriň, desgalaryň we sport toplumlarynyň birnäçesi hereket edýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda sportuň mekanyna öwrülen eziz diýarymyzda türgenlerimize ähli sport hereketine gatnaşmaga giň mümkinçilikler döredilýär.  Sport enjamlary bilen enjamlaşdyrylan Ak bugdaý etrabynyň sport mekdebinde sportuň birnäçe görnüşleri boýunça ussat tälimçi-mugallymlar tarapyndan ýüzlerçe ýaş türgenlere okuw-türgenleşik sapaklary geçirilýär. Olar  etrap, welaýat, döwlet derejesinde geçirilýän ýaryşlara yzygiderli gatnaşyp baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.
Ak bugdaý etrabynyň sport mekdebinde  sport ulgamynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde yzygiderli wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär. Ol duşuşyklarda ýaşlary bedenterbiýe we sporta çekmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmek, sagdyn-ruhly berk-bedenli nesillerde Watançylyk duýgusyny ösdürmek, ýaramaz endiklerden daşda durup, arassa ahlakly, jemgyýetçilik tertip-düzgünleri berjaý etmek baradaky öwüt-ündewler uly orun eýeleýär.
Türkmenistan döwletimizde köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketini ösdürmekde uly ösüşlere alyp barýan  Hormatly Prezidentimiziň  jany sag, ömri uzak, il bähbitli ýurt ähmiýetli tutumly işleri barha rowaçlyklara beslensin!
Şu gün Çagalary goramagyň halkara güni welaýatymyzda ýatda galyjy dabaralara beslenip, egsilmez ruhubelentlikde bellenilip geçildi. Änew şäherindäki “Buýsanç” çagalar medeni-dynç alyş merkezindäki tomaşalar has-da täsirli boldy. Bu gözel künjek welaýat derejesindäki dabaralaryň esasy merkezine öwrüldi. Welaýat häkimliginiň, welaýat Medeniýet müdirliginiň, welaýat Baş bilim müdirliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda günüň saba-säherinden ýaýbaňlandyrylýan baýramçylyk dabarasy diýseň köp adamly boldy. Kalby joşgundan pürepür bagtyýar çagalaryň şadyýan çykyşlary dabara ruhubelentlik goşdy. Welaýatyň çagalar döredijilik toparlarynyň medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada giň gerim berlen aýdym-sazlary, tanslary diňe bir ýaş nesliň däl-de, ol ýere ýygnanan ata-eneleriň, bilim işgärleriniň we beýleki köp sanly myhmanlaryň göwnüni ganatlandyrdy. Joşgunly çykyşlarda barha özgerýän ata Watanymyzyň eşretli durmuşymyzyň, bagtyýar çagalygyň waspy buýsançly beýanyny tapdy. Bagtyýar ýaş nesliň wekilleri merkeziň çägindäki dürli öwüşginli tomaşalardan ruhy lezzet aldylar. Merkezdäki dürli görnüşli oýun atraksionlarynyň we meýdançalaryň, ýokary derejede enjamlaryň çagalaryň ygtyýaryna berilmegi olaryň toý keýpiçaglygyny belende göterdi.
Bu gala Kaka etrabynyň Garahan obasyndan, takmynan,               5-6 kilometr demirgazykda ýerleşýär. Gala taraplary 120 metre deň bolan dörtburçluk görnüşinde gurlupdyr. Galanyň günorta tarapdaky ganatynyň ortasynda giňligi 3,5 metre barabar bolan derweze gurlupdyr. Derwezäniň iki gapdalynda diwaryň deňesinden 3,5 metr öňe çykyp duran, töwerek görnüşinde salnan iki sany diň bolup, olaryň beýikligi 4 metre barabardyr. Dörtburçluk görnüşinde bina edilen bu galanyň her burçunda bir diň uzakdan seleňläp görünýär. Diwarlary 1 metr pagsadan salnyp, olaryň häzirki beýikligi 4 metr çemesidir. Galanyň daş-töweregi garym we gaçy bilen gurşalypdyr. Gala XVIII asyryň aýaklary XIX asyryň başlary bilen senelenýär. Galanyň ilaty ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgul bolupdyr. XIX  asyryň ortalarynda gözbaşyny dag eteginden alyp gaýdýan Nöwrekçaýyň suwunyň kesilmegi zerarly, galanyň ilaty bu ýerden günorta tarapa süýşmäge mejbur bolupdyr.
Ýakynda Kaka etrabynyň  Medeniýet bölüminiň taýýarlamagynda medeniýet we sungat adamlarynyň arasynda sungat maşgalalary bilen söhbetdeşlik çäresi geçirildi. Ýagny geçirilen bu çärede Kaka etrap Medeniýet bölüminiň aýdymçy zenany J.Çaryýewanyň we onuň adamsy sazanda K.Myratdurdyýewiň we olaryň  agzybir döredijilik maşgalalarynyň medeniýet-sungat bilen meşgul bolmaklary, şeýle hem ogullary Mukam Myratdurdyýewiň aýdyp beren aýdymy we körpeje jigimiz Rahmanberdi Myratdurdyýewiň çalan sazy bu maşgalanyň sungat älemindäki ajaýyp üstünliklerini aýdyňdan açyk beýan etdi. Çärede bu döredijilik maşgalasyna sungat äleminde uly üstünlikler arzuw edildi. Çäre guramaçylykly geçirildi.
Wulkanlar-tebigatyň täsin hadysalarynyň biridir. Wulkanlaryň güýçli partlamasy gadymy döwürlerden bäri adamlaryň ünsüni özüne çekipdir. Türkmenistanda hem nebit we gaz ýataklary bilen baglanyşykly bolan läbik wulkanlar bar. Läbik wulkanlar täsin tebigy hadysadyr. Bu özboluşly geologiki emele gelmelerdir. Olar köplenç suw we nebit bilen garyşan, yzygiderli ýa-da wagtal-wagtal ýerden atylyp çykýan läbik we gazyň garyndysydyr. Läbik wulkanlar Türkmenistanyň günbatarynda, Hazar deňziniň gündogar kenar ýakalarynda ýerleşýär. Gelip çykyşy boýunça bu wulkanlar aşaky we orta antropogen döwrüne (1.8 mln. ýyl mundan ozal), käbirleri golosene (100 müň ýyl mundan ozal) degişli bolup, häzirki döwürde hem dowam edýär. Häzirki wagtda bu wulkanlar tebigy geologiki ýadygärliklere degişlidir. Türkmenistanda bu wulkanlaryň ählisine «gaýnak» diýilýär. Ondan başga-da her wulkanyň daşky aýratynlygy ýa-da atylma häsiýetleri boýunça özboluşly atlary bar.
2022 –nji ýyl “ Halkyň  Arkadagly  Zamanasy “  ýylynda  Arkadagly  Prezidentimiziň  Berkarar  döwletimiziň  bagtyýarlyk   döwründe  bagtdan  paýly   halkymyzyň  eşretli   ýaşaýşyny,  röwşen  geljegini  nazarlaýan  syýasaty  dabaralanyp,  mähriban  Diýarymyzda  abadançylyk , parahatçylyk , agzybirlik  höküm sürýär.  Asuda  asmanyň  astynda  halkymyz  parahat  ýaşaýar, döredijilikli  zähmet çekýär.  Çaga   gülkisiniň  sesi  göwinleri  galkyndyrýar,  Bagşy – sazandalaryň  ýakymly   aýdym – sazlary   ýurt   abadançylygyny ,  rahatlygyny  wasp   edip  ýaňlanýar.   Ýurdumyzda   ulynyň  hormaty ,  ýaş  nesliň   sarpasy  belent  tutulýar.   Bularyň  hemmesi   bagtdan,   döwletlikden ,   agzybirlikden   nyşandyr.  Arkadagly   Sedarymyzyň   baştutanlygynda   bedew   bady bilen uly  ösüşleriň   ýolunda  beýik   sepgitlere   ýeten  mähriban  Diýarymyz   bagtyýar   çagalygyň  mekanydyr.  1-niji   Iyun  ‘’Çagalar  güni  ‘’  mynasybetli   Ahal  welaýatynyň  Babadaýahan  etrabynyň   Medeniýet  mekeziniň  K. Geldimyradow   Çagalar sungat  mekdebiniň  ‘’ Bagtyýar nesiller ‘’ atly  baýramçylyk  dabarasy   hem –de  surat  sergileri  gurnaldy, baýramçylygyň dowmynda  Gahryman hem Mähriban Arkadagly  Serdarymyza  ýaş  nesiller  özleriniň  sagbolsunlaryny  öz çeken suratlarynda hem –de  aydym –sazyň  üsti   bilen  ýerne  ýetirdiler.
Dermanlyk hem bezeg  ähmiýetli ösümlik gadymy Ortaýer deňziniň sany azalýan relikt görnüşi. Türkmenistanda 2 görnüşi duşýar. Ösümlik deňiz derejesinden 600-2800 metre çenli belentlikde bitýär. Ol daşly gaýalaryň jaýryklarynda, kölegeli yzgarly hem gyrymsy agaçlyklardawe arçalyklarda ösüp boý almany halaýar. Ösümlik sporalary arkaly köpelýär. Olar maý-iýun aýlarynda ýetişýär. Ösümlik diýarymyzdaky seýrek ot-çöpleriň hataryna goşulýar. Ekip ýetişdirmek maslahat berilýär. Ol Köpetdag we Köýtendag goraghanalarynda goralýar. Eýran gyrasiňňillijäniň ýaşajyk ýapraklary dermanlyk maksatlary üçin çig mal bolup hyzmat edýär. Olary gaýçy bilen gyrkyp almaly we bassyrmanyň aşagynda adaty usulda guratmaly. Ösümligiň himiki düzümi ýeterlik öwrenilmedik. Onuň otunda eý we nem maddalar, şekerjimek jisimler saklanýar.Türkmen halk lukmançylygynda ösümligiň tozuny gany togtadyjy serişde hökmünde ulanýarlar. Ýapragynyň jöwher we peti gastritde hem aşgazan ýarasynda haýyrlanylýar.Ösümligiň ýapragyndan taýýarlanylan bir nahar çemçesi tozuny ýara ganasa ýa-da tene zeper ýetmeginde gan aksa şol ýere ýapmaly. Eýran gyrasiňňillijesiniň bir nahar çemçesi owradylan ýapragyny bi bulgur gaýnaga çaý demlän ýaly demlemeli, 1-2 sagat saklamaly. Jöwheri hasadan geçirip, her gün 2-3 gezek nahardan öň ýarym bulgurdan içmeli
Ahal welaýatynyň Tejen  etrabynyň gallaçylary «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny zähmet üstünliklerine beslemek maksady bilen, jemi 44 müň 300 gektar şolardan 17 müň 150 gektary daýhan hojalyklar bolup ýerde ekilen galla meýdanynda bol hasylyň kemala getirilmegi üçin ähli ukyp-başarnyklaryny bugdaý idegine gönükdirýärler. Olar agrotehniki çäreleriň her birini öz wagtynda we ýokary hilli amala aşyrmagyň hötdesinden gelip, ekin meýdanlarynda joşgunly zähmet çekýärler. Tejen etrabynyň çägindäki ak ekinlerini ýerli we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, haşal otlara garşy göreş çärelerini amala aşyrmak ýaly derwaýys işler utgaşdyrylyp, ýokary depginde alnyp barylýar. Ak ekinlere ideg etmekde “Tejen”, “Däneçilik”, “Agalaň” daýhan birleşikleriniň hem-de “Nurly ýer”, “Miweli diýar” “Arzuwly mülkdar”, “Sekiz bag” ýaly Daýhan hojalyklarynyň agzalary nusga alarlyk iş bitirýärler. Bularyň ekin meýdanlarynda ösümlikler  2-nji gezek iýmitlendirilýär,  2-nji, 3-nji gezek ösüş suwy tutulýar. Haşal otlaryň garşysyna göreş çäreleri bolsa, yzygiderli we ýokary derejede alnyp barylýar.
Gökdepe metjidinde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy, hajy Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Birleşen Arap Emirlikleriniň merhum döwlet Baştutany Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň belli gününiň sadakasy berildi. Ýurdumyzyň Milli Ge¬ňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, hajy Arkadagymyz ir bilen Köşidäki metjide geldi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň hormatly ýaşulularynyň, din wekilleriniň ösüp gelýän ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde we asyrlar aşyp gelýän dünýä nusgalyk däp-dessurlarymyzy wagyz etmekde uly işleri bitirýändiklerini kanagatlanma bilen belledi. Şeýle-de Arkadagymyz her welaýatyň bir etrabynda metjit gurmak boýunça edilýän işler bilen gyzyklandy. Hormatly ýaşulular häzirki döwürde halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy, ýurdumyzyň abadançylygy, şeýle-de türkmen halkynyň ynsanperwer ýörelgeleriniň döwrebap derejede ösdürilmegi ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändigi üçin hajy Arkadagymyza hemde Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.
Ýüpek gurçuklaryny idetmek möwsümini ýokary guramaçylykly alyp barýan  Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň zähmetsöýer ýüpekçileri hysyrdyly hem jogapkärli işe yhlasly çemeleşýärler. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda etrabyň ýüpekçileri 1000 guty ýüpek gurçugyndan 40 tonna pile öndürmek ugrunda ähli tagallalardan netijeli peýdalanyp öz öňlerinde baş wezipe edip goýdular. Tejribeli ýüpekçilere paýlanyp berlen ýüpek  gurçuklarynyň saklanylýan jaýlary  doly talaba laýyk ýagdaýda alnyp barylýar. Ýüpekçiler ýüpek gurçuklarynyň idedilýän jaýlarynyň tämizligine, ýylylyk derejesiniň kada laýyk saklanmagyna aýratyn ähmiýet berýärler. Ýüpek gurçuklarynyň kadaly iýmitlendirilmegi zähmetsöýer ýüpekçileriniň ýüpek gurçyklaryn pile sarap başlandygy sebäpli çekýän yhlasly zähmetiniň ýerine düşjekdiginden habar berýär. Ýüpek gurçuklaryny idetmek işinde etrabyň “Agalaň”, “Babadaýhan” şeýle-hem “Öwezmämmet Japarow” adyndaky daýhan birleşikleriniň ýüpekçileriniň zähmeti nusga alarlykdyr. “Agalaň” daýhan birleşigiň zähmetsöýer ýüpekçileri şu ýyl 54 guty ýüpek gurçugyndan 2150, “Babadaýhan” daýhan birleşiginiň zähmetsöýer ýüpekçileri 43 guty ýüpek gurçugyndan 1700, şeýle-hem “Öwezmämmet Japarow” adyndaky daýhan birleşikleriniň zähmetsöýer ýüpekçileri 78 guty ýüpek gurçugyndan 3130 kilogram pile almagy meýilleşdirýärler. Meýilnamalaýyn borçnamalaryny doly ýerine  ýetirmek üçin Tejen etrabynyň ýüpekçileri häzirden janypkeşlikli zähmet çekýärler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe, “Halkyň Arkadagly zamanasy”  ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigini geçirmek barada Türkmenistanyň Medeniýet ministirligi hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde yglan eden bäsleşiginiň Düzgünnamasyna laýyklykda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap Medeniýet bölüminde, oba medeniýet öýleriniň höwesjeň aýdymçy ýaşlarynyň gatnaşmagynda etrap gözden geçiriş tapgyry guramaçylykly ýagdaýda şowhunly geçirildi. Bäsleşikde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň has tapawutly çykyş edenleri deslapky welaýat gözden geçiriş tapgyryna saýlandylar we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyş döwründe milli medeniýetimizi we sungatymyzy gülläp ösdürmekde uly aladalar edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag ömri uzak, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
“ Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Gökdepe daýhan birleşigindäki sport mekdebinde öz ugrunda tälimçileriň 10 sanysy sportuň 8 görnüşi boýunça türgenleşik sapaklaryny yzygiderli alyp barýarlar.Olar etrap derejesinde geçirilýän ýaryşlarda öz türgenleri bilen çykyş edip, türgenleriniň etrabyň ýygyndy toparynyň hataryna goşup welaýat we döwlet derejesinde geçirilýän ýaryşlara gatnaşýarlar.
Sport mekdebiň ussat tälimçileri kýukşinkaý karate boýunça A.Durdyýewiň,milli –göreş boýunça R.Hojamyradowyň we atçylyk sportunyň konkur görnüşi boýunça B.Garajaýewiň türgenleri welaýat etrap hem-de döwlet derejesinde geçirilýän ýaryşlarda  birnäçe baýrakly orunlary eýelediler.Mundan başgada ussat baýry tälimçiler täze başlan  ýaş tälimçilere tälimçiligiň inçe tilsimlerini türgenlere yzygiderli okuw- türgenleşik sapaklaryny geçmekligi öwredýärler.
Sport mekdebiň ussat tälimçileri Hormatly Prezidentimiziň özleri üçin edýän aladalaryna jogap edip, sport görnüşleri boýunça milli ýygyndy toparymyzyň hatarynda öz türgenleriniň çykyş etmeklerini gazanmak üçin gije-gündiz zähmet çekýärler.
Täsin dermanlyk ösümligiň dünýäde 30, Türkmenistanda 1 görnüşi duş gelýär.dermanlyk ösümligiň ak gar kimin gülleri ýokarky ýapraklaryň goltugynda çogdamlaýyn ýerleşýär. Her çogdamynda 2-4 sany uzyn papaklyja güljagazlar bar. Gülýanynyň uzynlygy takmynan, 15 millimetr. Ösümligiň miwesi gyzyl reňkli iýmişdir. Ösümlik Solomonyň möhri hem mojek iýmişleri (zäherliligi sebäpli) ady bilen hem mälimdir. Ösümlik aprel-maý aýlarynda gülleýär, maý-iýunda miweleýär. Diýarymyzda Könegümmezde, Saýwanda, Germapda has köp düşýar. Dermanlyk maksatlary üçin gory ýeterlik. Ösümligi ekip ýetişdirse bolýar. Egrijäniň oty hem porrugy dermanlyk çig maly hökmünde  hyzmat edýär. Ösümligiň melhemlik otuny onuň güllemeziniň öň ýanynda, porrugyny güýz paslynda ýygnamaly.Ösümlik ýaşajyk pudaklarynda hem porrugynda köp mukdarda C witamini, şekeri, nemi, saponini, krahmaly, şonuň ýaly-da iýmişinde ýürek glikozidleri saklaýar.Egrije halk lukmançylygynda garnyň ýüzünde yza peýda bolanda, kelle agyryda, ýaralaryň ganyny saklaýjy hem olary bitiriji serişde hökmünde ulanylýar. Ösümligiň porrugyndan taýýarlanan melhemlik petiniň ýokary şepbeşikligi sebäpli, aşgazanyň we onkibarmak içegäniň başly sökelliklerinde, ganly içgeçmede, ruhy näsazlyk sebäpli gözüne bir zat görünmede, gulagyna bir zat eşidilmede haýyrlanylýar. Mundan başgada ösümlik gan arassalaýjy hem togtadyjy häsiýetlidir. Onuň ähli bölekleriniň gusduryjy täsiri bardyr. Ösümlik türkmen halk lukmançylygynda (Magtymguly, Bäherden we Gökdepe etraplarynda)yşky hyjywy güýçlendiriji hem gowylandyryjy dermanlyk serişde hökmünde irki wagtlardan bäri haýyrlanyp gelinýär.Egrijäniň bir nahar çemçesi (15 g) oňat owradylan porrugynyň üstüne iki bulgur (400ml) suw guýup, syrçaly gapda pessaý otda 15-20 minut gaýnatmaly. Soňra ony sowadyp, hasadan geçirmeli. Taýýar bolan melhemligi her gün 2-3 gezek  bulguryň ¼ -den içmeli.
Howanyň yssy günleriniň gelmegi bilen, ýaşyl dona beslenen gözel tebigatymyzy ýangyndan goramak möhüm wezipeleriň biridir. Tebigatymyzyň ösümlik dünýäsi dürli görnüşli bolup, olaryň käbir görnüşleri irki möhletde ýetişip, bahar paslynyň ahyrynda gurap başlaýar. Howanyň gyzyp başlamagy bilen, şol ösümlikleriň guramagy netijesinde tebigatda ýangyn döremek howpy emele gelýär. Tebigatda ýangyn howpunyň döremeginiň öňüni almak ählimiziň borjumyzdyr. Çalgy ýaglary, ýeňil ýanyjy suwuklyklary siňen matalary tebigata taşlap gitmek howpludyr, sebäbi gyzgyn howa şertlerinde çalgy ýaglary siňen matalar öz-özünden ýanyp, ýangynyň döremegine sebäp bolup biler. Tebigatda çüýşe gaplaryny we aýna döwüklerini galdyrmak hem howpludyr, Günüň şöhlesiniň ugruny üýtgedip geçmegi netijesinde, ýangynyň döremegine sebäp bolýar. Tokaý seýilgählerindäki ekilen arça agaçlarynyň aralyklary guran dürli haşal otlardan wagtynda arassalanyp, sürüm işleri geçirilmelidir. Bölünip berlen çäkler ilkinji ýangyn söndüriji serişdeler bilen üpjün edilmelidir. Ot ýakmazlyk baradaky ýatlamalar görnükli ýerlerde goýulmalydyr. Bölünen çäklere ýangyn howpsuzlygy boýunça ýörite jogapkär adamlar bellenmelidir.
Ahalteke  bedewleri  milli  gymmatlyklarymyzyň   biridir.  Şonuň üçin  bedewlerimiz  bilen  baglanşykly  her bir   işe  uly üns  berilýär.   Häzirki wagtda  milli  Liderimiziň  tagallasy  bilen  gadymdan gelýän  seýisçilik   sungatymyz  dowam  edip  gelýär,   Ahalteke bedewlerimiziň    göwne jaý   idedilmegine,   tohum  arassalygynyň    goralyp    saklanylmagyna  möhüm  ähmiýet   berýärler.   At münmegiň  peýdasy  barada  alymlar,  akyldarlar  parasatly   sözleri beýan edipdirler.   At  münmegiň  peýdasyna  şeýle  uly ähmiýet  berilmegi  ýöne ýerden däldir,  sebäbi  at  üstinde  otyran adam  göwresi   bilen  dürli hereketleri  amala  aşyrýar.  Şeýlelikde,   ol  hereketlere  bedeniň   ähli   myşsalary   goşulýar.  Iň wajyp  ýeri-de,  at münmegiň   lezzetinden   adamyň    göwini  götirilýär.  Türkmen  halky  atyna  hemişe  ideg edip, oňat  bolan  mährini  görkezýär. Hormatly  Prezidentimiz  türkmen  bedewleriniň  şan- şöhratyny   dünýä  ýaýdy. Biz  hem  Babadaýhan  etrabynyň medeniýet  merkeziniň  işgärleri  bolup  Milli  Bedewmiziň   Baýramyna  gatnaşdyk.   Ahalteke  bedewlerimiziň   şöhratyny   artdyrýan  Gahryman   Arkadagymyzyň   jany sag  bolsun,  beýik  işleri  hemişe  rowaçlyklara  beslensin!
2022-nji ýyly   “Halkyň Arkadagly  Zamanasy”  ýylynda   Beýik  ösüşlere   şanly sepgitlere eýe bolup  dowam edip dur,  Horamatly  Prezidentimiziň   saýasynda saýalaýan  mähriban Türkmen   halky   buýsançly   başyny  göge ýetirdi. Asylynda  bahar  paslynyň   özboluşly  aýratynlygy  bar. Bahar paslynyň gelmegi  bilen  ene  ýere   tohum  sepip,  bol hasylyň  düýbüni  tutmaga  başlaýarlar. Halkymyz mydama  baharyň  gelmegine   sabyrsyzlyk bilen   garaşýarlar  bu pasylda  tebigat   täzeden  janlanyp,  keramatly   topraga  bereket  ýagýar.  Türkmen halky  toýdyr  baýramlara   baý  myhman söýer halklaryň birdir. Bu gün hem türkmen  ýaşyl   ýaýlasy bolan  Guryhowdanda  geçerlen  “Joş  dileriň  saýrasyn,   Läle reýhan içinde” atly  aýdym-sazly dabara  geçirildi,   dabarada  Ak budaý etrabynyň  “Dürdäne”  folklor  tans  topary  hem-de Türkmenistanyň Halk artisti Guwanç Ýazmmämedow  hem-de   Babadaýhan etrabynyň  medeniýet merkeziniň   gatnaşmagynda  baýramçylyk   dabarasy geçirildi.  Dabaranyň  dowamynda, Hormatly Przidentimize  Arkadagly  Serdarymyza  sag bolsunlaryny aýtdylar.
Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda oba hojalygynda zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak, pudagyň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin, ilkinji nobatda, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny bellemek bilen,  bu günki gün döwletimiz ekerançylaryň bugdaýyň, gowaçanyň, şalynyň, gant şugundyrynyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmegi hem-de azyk bolçulygyny üpjün etmek üçin ähli şertleri döredýär.
Şol wezipeler oba hojalygynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmakdan, ýer we suw serişdelerinden rejeli peýdalanmakdan, ekerançylyk meýdanlarynyň ýagdaýyny gowulandyrmakdan, olary suwaryş suwy bilen üpjün etmekden, pudaga bazar usullaryny ornaşdyrmakdan hem-de hususy telekeçileri giňden çekmekden ybaratdyr. Şu maksat bilen ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap ýyladyşhanalar, sowadyjy ammarlar, maldarçylyk toplumlary, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalar gurulýar. Ylmyň we tehnikanyň gazananlarynyň, öňdebaryjy tejribäniň, daýhanlaryň zähmetini goldamagyň hem-de höweslendirmegiň netijeli ulgamynyň yzygiderli ornaşdyrylmagy ýer eýelerini täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar.
Şeýlelikde, ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň okgunly ösýändigini, içerki bazarlarda azyk bolçulygynyň üpjün edilýändigini, oba zähmetkeşleriniň durmuş derejesiniň ýokarlanýandygyny we hususy pudagyň kuwwatynyň artýandygyny bellemeli. Bularyň ählisi türkmen döwletiniň berkararlyk döwrüniň hem-de türkmen halkynyň bagtyýarlyk zamanasynyň, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça milli ykdysadyýetimizde amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň oňyn netijeleridir.
Hormatly  Prezidentimiziň  yglan  eden  “Berkarar  döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy” döwründe,  “Halkyň  Arkadagly zamanasy”  ýylynda  ýurdumyzyň  her  bir  gűni şanly  toýlara  baýramlara  beslenýär. Hormatly Arkadagymyzyň  parasatly  baştutanlygynda    “Berkarar  döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy” döwründe, “Halkyň  Arkadagly  zamanasy”  ýylynda  Bedew  baýramyçylygy    ýurdumyzyň   ähli  künjeginde  uly dabara  bilen bellenip geçilýar.  Ynha  bu  gün  hem  Tejen  şäher  Medeniýet öýümizde  Tejen  şäher  medeniýet  bölümi   bilen  bilelikde  Saragt  ertap  medeniýet  bölümi   Bedew  baýramçylygyny  mynasybetli  aýdym-sazly baýramçylyk  çäresi  geçirildi. Çäräniň dowamynda çykyş  edenler  Bedew baýramçylygy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar. Bu  gün  Gahryman  Arkadagymyzyň  bimöçber  tagallalary  bilen  halk  bähbitli, ýurt  ähmiýetli  alnyp  barylýan  dünýä  nusgalyk  beýik  ösüşlerimiziň  bedew bady  bilen  deňeşdirilmegi  diýseň  çuňňur  mana  eýedir. Garaşsyz, hemişelik  Bitarap  Türkmenistan  döwletimiziň  halkara  derejesindäki  at-abraýyny  mundan  beýläk-de  ýokary  götermekde  taýsyz  tagallalary  durmuşa  geçirýän  Mähriban  we  Gahryman  Arkadagymyzyň  janynyň  sag, ömrüniň  uzak, belent  başynyň  aman  bolmagyny, il-ýurt  bähbitli, umumy adamzat  ähmiýetli  işleriniň  mundan beýläk  hem  rowaç alamagyny arzuw edip sözüni jemledi.
Baýramçylyk çäräniň dowamynda, Tejen şäheriniň Medeniýet merkeziniň  zehinli aýdymçylary we “Zyýada” tans topary, Ahal welaýat Sarahs etrabynyň   zehinli  aýdymçylary  we  “Sarahs  Nagmalar”  tans toparlary gatnaşdylar.Olaryň  ýerine ýetiren  täze aýdymdyr, tanslary   çärä  gatnaşan  adamlar  tarapyndan  uly el  çarpyşmalar  bilen  garşylandy.  Hormatly Prezidentimiz janynyň sag, ömrüniň  uzak, belent  başynyň  aman  bolmagyny, il-ýurt  bähbitli, umumy adamzat  ähmiýetli  işleriniň  mundan beýläk  hem  rowaç alamagyny arzuw edýäris.
Berkarar döwletimiziň Täze eýýamynyň galkynyşy döwründe “Halkyň Arkadagly Zamanasy” ýylynda Ahal welaýatynyň höwesjeň çagalarynyň arasynda “Garaşsyz Watanym bar bagtly geljegim bar” atly bäsleşiginde Tejen etrabynyň Oba medeniýet öýleriniň arasynda geçirilen “Garaşsyz watanym bar bagtly geljegim bar” atly bäsleşikde biziň hem Döwletli oba medeniýet öýünde aýdym-saz gurnagynyň ýaş çeper höwesjeňleri çykyş etdiler. Äsleşik diýseň gyzykly geçdi, onda Watanymyzy Hormatly Prezidentimizi, Arkadagymyzy wasp edip çykyş etdiler. Şular ýaly bäsleşikleri döredip ýaş çeper höwesjeňleri ýüze çykarmaga rugsat beren Hormatly Prezidentimize Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsunymyzy aýdýarys. Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak tutýan tutumly işleri elmydama rowaç bolsun.
Gökdepe etrabynyň sport mekdebinde 2022-nji ýylyň 4 aýynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň tassyklan meýilnamasy esasynda bernäçe işler amala aşyryldy.
“Halkyň Arkadagly zamanasy”  ýylynda sport mekdebinde öz ugrundan ussat  tälimçileriň 19 sanysy sportuň 12 görnüşinden  türgenleşik sapaklaryny yzygiderli alyp barýarlar. Olar etrap derejesinde geçirilýän ýaryşlarda öz türgenleri bilen çykyş edip,  türgenleriniň etrabyň ýygyndy toparynyň hataryna goşup, welaýat we döwlet derejesinde geçirilýän ýaraşlara gatnaşýarlar. Sport mekdebiň ökde tälimçileri karate-do boýunça S.Setdarowyň, küşt boýunça A.Paşşyýewiň we ýeňil atletika boýunça    G.Annadurdyýewiň türgenleri welaýat hem-de döwlet derejesinde geçirilen ýaryşlarda birnäçe  baýrakly orunlary eýelediler. Mundan başgada ussat baýry tälimçiler, täze başlan ýaş tälimçilere tälimçiligiň inçe tilsimlerini, türgenler bilen yzygiderli okuw-türgenleşik sapaklaryny geçmekligi öwredýärler.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler kabinetiniň ýygnagynda sportuň görnüşleri boýunça 2024-nji ýylda geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistanyň Milli ýygyndylarynyň gatnaşmaklaryny belläp geçdi. Sportuň Olimpiýa görnüşlerinden türgenleşik geçýän sport mekdebiň tälimçileri, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti bilen ysnyşykly işleýärler.
Sport mekdebiň ussat tälimçileri Hormatly Prezidentimiziň özleri üçin edýän aladalaryna jogap edip, sport görnüşleri boýunça Milli ýygyndy toparymyzyň hatarynda öz türgenleriniň çykyş etmeklerini gazanmak üçin gije-gündiz arman ýadaman zähmet çekýärler.
Il arasynda Sarahs baba diýlip atlandyrylýan bu ajaýyp bina Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynda sarahsly ussalar tarapyndan 1023-nji  ýylda aradan çykan Abul Fazl Hasanyň guburynyň üstünde galdyrylan  kümmetidir. Sarahs baba (Abul Fazl) kümmeti monumental kompozisiýadan ybarat bolup, onuň esasy göwrümi parallelepiped görnüşindedir. Desga taraplary 23 х 23 sm, galyňlygy 4-4,5 sm bolan inedördül bişen kerpiçlerden gurlan. Inedördül bolan bu binanyň diwarlarynyň daşky ölçegleri 15,40 metre, içki ölçegleri 10,2 metre barabardyr. Diwarlarynyň galyňlygy 2,5 metre ýetýär. Abul Fazl Sarahsy özüniň akyl-paýhaslylygy, sadalygy, adamkärçiligi, belent mertebeliligi bilen halkyň uly hormatyna mynasyp bolan şahsdyr. Abul Fazlyň (Sarahs baba) kümmetiniň suratyny ilkinji gezek 1894-nji ýylda professor W.A.Žukowskiý çap edipdir. Kümmet häzirki Sarahs şäheriniň 1,5 km günorta-gündogar tarapynda ýerleşýär. Bu bina 1947-nji ýylda onuň ölçeglerini we gaýtadan dikeltmek işlerini ýerine ýetiren A.M.Pribytkowanyň işinden soň ylma girdi.
Ak budaý etrabynyň Gämi obasynyň Medeniýet öýünde «Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde yglan eden bäsleşiginiň welaýat tapgyryna etraplardan we Tejen şäherinden dürli kärde zähmet çekýän çeper elli, zähmetsöýer zenanlar gatnaşdy. Ene-mamalarymyzyň parasatly ýörelgelerini özünde jemläp, nesilden-nesle geçip gelýän hem-de durşuna zenan edebine ýugrulan keşdeli milli sungatyny geljekki nesillere nusgalyk miras galdyrmak, ýaşlarda zähmetsöýerligi, zenan edebini, asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemek, şeýle-de ajaýyp el işlerini wagyz etmek maksady bilen yglan edilen bäsleşik oňa gatnaşyjy zenanlara degişli ugurda özleriniň ukypdyr başarnyklaryny görkezmäge özboluşly mümkinçilik boldy. Bäsdeş zenanlaryň degişli şertler boýunça çykyş etmegi üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegi bäsleşigiň guramaçylykly geçmegine ýardam etdi. Çeper elli zenanlar bäsleşigiň «Ýedi ölçäp, bir kes» diýlip atlandyrylan şertinde ýaka, tahýa, kürte keşdeläp başlamak üçin zerur bolan ýüpek sapaklary işmek, nagyş saýlamak, saljak nagyşlaryna laýyklap, ýerligini biçmek we ýerine ýetirmek ýaly ilkinji taýýarlyk işlerini görkezdiler. «Syrly dünýäniň syryny aç!» atly şertde bäsdeşler keşde çekip, saýlap alan keşdeleri barada gürrüň berdiler. Şonda olaryň keşdelejek işlerini dyzynyň üstünde dogry goýmak, iňňe tutmak, işilen ýüplükleri ýerlige görä ulanmak, keşdäniň taryhyny gürrüňleriniň üsti bilen doly açyp görkezmek başarnygyna eminler tarapyndan aýratyn üns berildi. Bäsleşigiň «Elimden çykan egnime ýarar» atly soňky şertinde bolsa, oňa gatnaşyjy zenanlar çeper sözleriň, goşgy setirleriň, gazalyň üsti bilen ýerine ýetiren işleriniň waspyny etdiler. Bu bolsa, bäsleşige gyzyklanmany artdyryp, oňa baý many-mazmun çaýdy. «Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz» atly bäsleşigiň welaýat tapgyrynda Bäherden etrabyndaky 23-nji orta mekdebiň mugallymy Bahargül Akyýewa, Kaka etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň mugallymy Ogulsuraý Orazowa, Babadaýhan etrabyndaky 7-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Ogulmaral Hojagurbanowa dagy degişlilikde baýrakly birinji, ikinji, üçünji orunlary eýeläp, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň sowgatlaryna mynasyp boldular. Bäsleşikde birinji, ikinji orunlara mynasyp bolan zähmetsöýer zenanlar onuň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Ajaýyp ahalteke bedewlerimiz gadymdan bäri halkymyzyň aýrylmaz hemrasy, wepaly syrdaşy bolup gelýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde ynsan ýaly syzýan ajaýyp bedewlerimiziň şanyna uludan toý tutulmagy taryhy hem-de ruhy kanunalaýyklykdyr. Çünki olar edermen, batyr, watansöýüji ýigitlerimiziň syrdaşy, ýakyn hemrasy bolupdyr.
Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren “Ahalteke bedewi-biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitaplaryndan hem ata-babalarymyzyň irginsiz zähmeti, yhlasy we söýgüsi siňen bedew atlarymyzyň gözelligi, ýyndamlygy eýesine wepadarlygy, olaryň halkymyzyň ýaşaýyş durmuşdaky orny, şeýle-de häzirki döwürde ýurdumyzda atlara goýulýan   sarpa barada gyzykly maglumatlary okap bolýar.
Dabarasy, şan-şöhraty dünýä dolan behişdi bedewlerimiziň sarpasyny belende götermekde, atçylyk sungatyny ösdürmekde nusgalyk işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň döwletli tutumlarynyň rowaçlanmagyny arzuw edýäris.
Ýurdumyzda behişdi bedewlerimize belent sarpa goýulýar. Olaryň hormatyna ýadygärlik toplumlary we ençeme binalar guruldy. Aşgabat atçylyk sport toplumynda açyk manež, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Kärizek ge¬ňeşliginde döwrebap Aba Annaýew obasy, paýtagtymyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň merkezi ulanmaga berildi. Atçylyk pudagyny ösdürmek maksady bilen, häzirki wagtda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 600 baş ahalteke atyny saklamaga niýetlenen täze athananyň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny hem bellemelidiris. Şu ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Balkan welaýatynda ýetginjekleriň, uly ýaşly hem-de halypa çapyksuwarlaryň gatnaşmagynda baýramçylyk at çapyşyklaryny geçireris. Şu maksat bilen, Balkan atçylyk sport toplumynyň durky täzelendi.
Şunuň bilen birlikde Hormatly Prezidentimiz gatnaşyjylara şeýle ýüzlendi: Men sizi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi hem-de ýurdumyzda dabaraly bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähli¬ňize berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda alyp barýan asylly işleri¬ňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!
Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda 2013-nji ýylda açylyp, ulanmaga berilen  350-orunlyk sport mekdebine ýaşlaryň ýüzlerçesi gatnaýar. Sportuň woleýbol, futbol, stol tennisi, küşt, grek-rim göreş, milli –göreş, boks, ýeňil-atletika görnüşleri boýunça tälim alýan türgenleriň sanynyň has-da artýandygy bolsa tälimçilerimiziň  yhlasynyň ýerine düşýändiginden nyşandyr. Sport mekdebine gatnaýan türgenler etrap, welaýat, ýurt derejesinde geçirilýän sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Sport mekdebiniň tälimçileri, woleýbol görnüşi boýunça tälimçiler Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Babasary Söýünowyň, Nurly Tagandurdyýewiň, Täçmyrat Şyhberdiýewiň, Orazgeldi Altaýewiň,  küşt boýunça Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Akmyrat Geldiýewiň, sport ussady Atamyrat Geldiýewiň we Hurma Weliýewanyň, Grek–rim göreşi boýunça tälimçi Parahat Amanowyň, Boks boýunça Türkmenistanyň çempionatlarynda we Kubok ýaryşlarynda milli derejeli emin Orazgeldi Çaryýarowyň, Rejepmuhammet Hojamgulyýewiň, stol tennis görnüşi boýunça Hurmagül Garamämmedowanyň, futbol boýunça tälimçiler Bäşim Tatowyň, Aşyrmyrat Amatdyýewiň, ýetişdiren toparlarynyň türgenleri  her bir geçirilýän etrap, welaýat we döwlet derejesinde üstün çykmaklary aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Türkmen sportuny ösdürmek üçin döwlet derejesinde edilýän işler hormatly Prezidentimiziň halkyň saglygy barada edýän aladalarynyň biridir. Sport ulgamynyň ösmedi üçin edýän aladalary üçin Prezidentimiziň jany sag ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Ak bugdaý etrap Medeniýet bölüminiň oba medeniýet öýleriniň höwesjeň aýdymçy-sazanda ýaşlarynyň gatnaşmagynda “Garaşsyz watanym bar, bagtly geljegim bar” ady bilen bäsleşik guramaçylykly ýagdaýda şowhunly geçirildi. Bäsleşikde höwesjeň aýdymçy-sazanda ýaşlaryň has tapawutly çykyş edenleri deslapky welaýat gözden geçiriş tapgyryna saýlandylar we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň röwşen geljegi üçin uly aladalar edýän Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Serdarymyzyň jany sag ömri uzak, il-ýurt bahbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Zirkler maşgalasyna degişli, köpýyllyk, görnüşi özgeren ýerasty   baldagy-kluben emele getiriji, ömründe  birnäçe  gezek tohum beriji otjumak ösümlik. Doňuzgataňňyr mart-aprel aýlarynda gülleýär, miweleýär. Güli sary. Toplumynda 100-110 güljagaz ýerleşýär. Miwesi gozajyk. Ösümlik ýeriň aşagynda ýumruk ýaly armyt şekilli klubeni emele getirýär. Bäş-ýedi ýaşlarynda gülleýär. Ösümlik özüniň ösüş döwrüni gysga wagtyň içinde tamamlap, ömrüne gerek bolan dürli hajatlar üçin peýdaly we  ýokumly maddalary klubende toplaýar. Doňuzgataňňyr  Uly we  Kiçi Balkanda,merkezi Köpetdagda giňden ýaýran. Esasan çägesöw hem-de dag eteklerindäki toýunsow ýerlerde, düme ekinleriniň içinde ösýär. Melhemlik maksatlary üçin gory ýeterlik. Emlik çig maly hökmünde klubeni hyzmat edýär. Ony baharda ýygnamaly. Esasanam, martyň soňky ongünlügi bilen aprel aýynyň birinji ongünlügi aralykda almaly.Şundan gijigseň tapylanok. Sebäbi onuň toprakdan ýokarky bölegi – baldagy aprel  aýynyň  20-25-lerinden  soň  guraýar. Gazylyp alnan klubeni ikä ýa-da üçe bölüp, kölegede adaty usulda  guratmaly. Sapaga düzüp goýsaň hem amatly saýylýar. Klubeniň 60-65% suw tutýar. Tagamy ajy, iýmäge ýaramsyz. Onda 44-70% çenli uglewod, triterpin saponinler, leontamin, leontidin, leontin hem-de beýleki karatinoidler bar. Ösümligiň klubeni spirt almak üçin gymmat bahaly çig maldyr. Düzüminde köp mukdarda  alkaloidleriň  bardygy sebäpli krahmaly iýmit hökmünde ulanylmaýar. Merkezi Aziýa lukmançylygynda peşew ýollarynda daş emele gelmek sökelligini dep etmekde ir döwürlerden peýdalanypdyrlar.  Käbir  açyk ýaralaryň üstüne ony sepseň, nepi degýär. Owradylan klubeniň üstüne bir bulgur gaýnag suw guýup, birnäçe wagt saklamaly,hasadan süzmeli. Demini alan jöwheri ýylyka her gün 3 wagtyna 1-2 nahar çemçeden içmeli. Şeýle taýýarlanylan jöwhere agzyňy çaýkasaň, dişiň etlerini berkidýär. Guragyrydan yza çekýän ýeriňe klubeniň 1-2 sanysyny mynjyradyp ýapsaň, nepi degýär.
Ulus-ilimiz taryha altyn harplar bilen ýazyljak täze döwre gadam basdy. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy” diýlip atlandyrylan ösüşiň täze döwri eziz Watanymyzyň şan-şöhratynyň has-da artyp, ykdysady kuwwatynyň ýokarlanjak, ähli ugurlarda täze-täze üstünliklere ýetiljek eýýamdyr, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň täze belentliklere çykjak ajap zamandyr. Bu döwür her birimiz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň daşyna mäkäm jebisleşmäge, päk we halal zähmetimiz bilen berkarar Watanymyzyň täze, batly ösüşlerine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň Watanymyzy ösüşiň täze derejelerine çykarmak, halkymyzy has mynasyp durmuşda ýaşatmak ugrundaky tutumly işleriniň rowaçlanmagyny arzuw edýäris.
Bu gün Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde bagtyýarlyga beslenýän döwrümiziň her bir güni taryhy wakalara beslenýär. Ýurdumyzyň sport durmuşynyň hem şeýle wakalara beslenmegi bolsa ulgamyň işgärleriň her biriniň kalbynda milli sportumyzy ösdürmek ugrunda durmuşa geçirýän beýik işlere buýsanç duýgusyny döreýär. “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda türkmen döwletimiziň sport abraýynyň ýokary göterilmegini we welosiped sportuny ösüp gelýän nesilleriň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, Ahal welaýatynyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynyň okuwçy-türgenleriniň hem-de tälimçi-mugallymlarynyň we welaýatyň çägindäki orta mekdep okuwçylarynyň arasynda welosiped sportunyň taryhyny, ýurdymyzda welosiped sportuny ösdürmek boýunça alynyp barylýan işleri düşündirmek boýunça wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär.
Şeýle-hem 2022-nji ýylyň aprel aýynyň dowamynda we 7-sine Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçiljek sport çärelerine we welosiped ýörüşine hem Ahal welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň hem-de garamagyndaky edara-kärhanalarynyň işgärleri tarapyndan birnäçe işler amala aşyryldy. Muňa mysal edip aprel aýynyň dowamynda Ahal welaýatynyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynyň okuwçy-türgenleriniň hem-de tälimçi-mugallymlarynyň gatnaşmagynda geçirilen ertirki beden maşklaryny, 2022-nji aprel aýynyň 3-ne Ak bugdaý etrabynyň çäginde gurnalan welosipedli ýöreýşi, şol aýyň 4-ne Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň sport mekdebiniň öňünde geçirilen sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary hem-de 7-ne Arçabil şaýolunyň Ahal welaýatynyň çäginiň başlaýan ýerinden, Ak bugdaý etrabynyň Baky Bitarap Türkmenistan (Ahal) köçesiniň çatyrygynda ýerleşýän Ak bugdaý etrabynyň sport mekdebiniň öňünde tamamlanjak welosipedli ýörüşi we sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilen görkezmek çykyşlary aýtmak bolar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan sergide bolup, ýurdumyzyň işewür düzümleriniň öndürýän önümleri, senagat harytlary hem-de olaryň görnüşleri bilen tanyşdy.
Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz ulgamyny ösdürmek, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, dünýäniň ösen tejribesinden ugur alnyp, hususy ulgamyň ykdysadyýetimizde eýeleýän ornunyň berkidilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi türkmen telekeçileriniň dürli ugurlar, şol sanda azyk we beýleki harytlaryň önümçiligi boýunça belent sepgitleri eýelemegine giň ýol açýar.
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň telekeçiligini mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmek boýunça degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berip, yhlasly zähmeti bilen milli ykdysadyýetimiziň pugtalandyrylmagyna we halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna mynasyp goşant goşýan hususy işewürligiň wekillerine üstünlikleri arzuw etdi.
Halkyň hakydasynda özüniň gözelligi hem-de beýikligi bilen haýran galdyrýan uly şäherleriň aýry-aýry binalaryň her biri hakynda rowaýatlar ýaşaýar, taryhymyz baradaky takyk ylmy maglumatlar gymmatly ýazuw çeşmelerinde saklanýar.  Ine olaryň biri hem Seýitjemaleddin metjididir. Aşgabadyň 12 kilometr gündogarynda ýerleşmek bilen özboluşly aýratynlyklary bardyr. Metjidiň girelgesiniň ýokarsynda Horasanyň hökümdary (1446-1457ý.) soltan-Kasym-Babyryň adyny tutýan ýazgylar bar. Beýleki ýazgylarda “Gözellik öýüni” Muhammet diýen biriniň öz kakasy Jemal-ed-dünýä-wad-diniň ýadygärligi üçin serişdeleri bilen 1455-1456-njy ýyllarda gurdurandygy hakynda maglumat getirilýär. Metjidiň girelgesindäki arkanyň üstünde biri-birilerine tarap süýnüp gelýän aždarhanyň şekili çekilipdir. Şuňa meňzeş aždarhalaryň şekillendirilişiniň nusgasy Orta Aziýada başga ýerde gabat gelmeýär. Bu suratlaryň gelip çykyşy barada halkyň arasynda  rowaýatlar bar emma hazire çenli gutarnykly düşündirşi tapylanok.
Dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän Türkmenistanyň durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm ugrudyr. Bu pudagyň ýokary depginde ösdürilmegine, yurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijilere hemme taraplaýyn döwlet goldawyny bermäge gönükdirilen çäreleriň netijesinde bu pudakda düýpli üstünlikler gazanylýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhammedow: “Ýurdumyzda adamyň saglygy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolup durýar” diýip bellemek bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we olary ýok etmek, saglygy goraýyşy we derman senagatyny dünýä derejesinde ösdürmek babatdaky işleriniň has-da rowaçlanmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Bu hakykata döwlet Baştutanmyzyň wezipä girişmek dabarasyndaky çuň manyly çykyşynda aýdanlary hem şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiz şol taryhy günde saglygy goraýyş ulgamyndaky özgertmeleriň dowam etdiriljekdigini, täze-täze hassahanalaryň, bejeriş-sagaldyş edaralarynyň gurlup, döwrebap lukmançylyk enjamlarydyr derman serişdeleri bilen üpjün ediljekdigini aýratyn belledi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ulus-ilimiziň sagdyn durmuşda ruhubelent ýaşamagy, beýik eşretleriň hözürini görüp, netijeli zähmet çekmegi ugrunda taýsyz tagalla edýän hormatly Prezidentimize alkyşlarymyzyň çägi ýokdur
Ahal welaýat häkimliginiň garamagynda bolan şu aşakdaky sanawda görkezilen jaýlaryň satuwa çykarylýandygyny mälim edýäris:
1. Gökdepe etrabynyň T.Baýramdurdyýew adyndaky geňeşliginiň N.Saryhanow köçesiniň 120-nji jaýy;
2. Gökdepe etrabynyň Babarap obasynyň H.Ysmaýyl köçesiniň 82-nji jaýy;
3. Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly obasynyň Mollanepes köçesiniň 26-njy jaýy;
4. Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň Gündogar köçesiniň 28-nji jaýy.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Bäherden etrap Häkimligi bilen Bäherden etrap Medeniýet bölüminiň, Medeniýet merkeziniň bilelikde gurnamagynda «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» ÝUNESKO – nyň «Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna» girizilmegi mynasybetli Bäherden etrabynda dutar bagşy – sazandalaryň gatnaşmagynda aýdym-sazly dutarly dabara, Bäherden etrabynyň medeniýet öýünde uly şatlyk-şowhun bilen geçirildi. Bu dabarada Bäherden etrabynyň “Halypa şägirtlik” ýoluna eýerip ýören birnäçe halypalar özleriniň şägirteri bilen dutar saz guralynyň adamzat durmuşyndaky ähmiýeti hakynda gyzykly gürrüňler berip, özleriniň şirin owazlary bilen diňleýjilere lezzet paýladylar.  Şeýle hem bu dabarada Bäherden etrabynyň dutar ussasy Döwletýar Magtymberdiýew, dutar ýasamagyň inçe syrlaryny paýlaşyp, dutar senedine berilýän ähmiýet hakynda gürrüňler berdi. Dabaranyň dowamynda N. Halmämmedow adyndaky çagalar sungat mekdebiniň “Dutarçylar” toparynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp Watanymyzy, eziz diýarymyzy wasp edýän birnäçe aýdym – sazlary ýerine ýetirdiler. Soňra bu dabara söhbetdeşlik arkaly dowam edip, dabara gatnaşan halypalar, ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiz tarapyndan alynyp barylýan işler hakynda giňden wagyz edip, öz ýürek buýsançlaryny ildeşlerimize ýetirdiler. Bu dabara ýokary derejede alynyp barylyp “Miras” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi. Bu dabara gatnaşan adamlar, bu ýetilen belent sepgitler bilen bütin türkmen halkyny hem-de eşretli zamanany öz halkyna peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzy tüýs ýürekden gutladylar. Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il – ýurt bähbitli, umumy adamzat ähmiýetli işleriniň rowana ýollarda rowaçlyga beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary boýunça gazanylýan belent depginli ösüşler bilen Türkmenistan Watanymyz dünýäniň ösen döwletleriniň arasynda mynasyp orny eýeleýär. Ýurdumyzyň raýatlarynyň durmuşyny hil taýdan has-da gowulandyrmak, ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmak ugurunda geljege nazarlaýan toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde kabul edilen “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýylllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy” hem milli ykdysadyýetde düýpli özgertmeleri amala aşyrmaga gönükdirilen işleriň möhüm ugurlarynyň biridir. Ykdysadyýetiň ýagdaýy halkyň ýaşaýyş-durmuş, halýagdaýynyň ygtybarly durmuş üpjünçiliginiň, adamlaryň ýaşaýyş şertlerini gowlandyrmagyň binýady bolup durýar. Ykdysadyýet ösdügiçe, ýurdumyz has-da kuwwatlanýar, adamlaryň durmuş derejesi has-da gowulanýar.
Welosiped sportyna biziň ýurdumyzda uly üns berilýär. Welosiped sport, dürli dersleri öz içine alýar, fiziki taýdan terbiýeleýän, özboluşly mümkinçilikleri we dürli ýaş toparlaryndaky adamlary saglygy goramak üçin özboluşly mümkinçilikleri bar. Ýörite şu sportyň görnüşi bularyň hemmesi dinamika goşant goşýar işjeň goldawçylaryň hataryny ýokarlandyrýar.
Ýurdumyzda welosiped sürmek döwlet syýasatynyň aýratyn ileri tutulýan ugurlary derejesine çykaryldy. Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň aprelinde türkmen tarapynyň başlangyjy bilen BMG Baş Assambleýasy 3-nji iýunda bütindünýä welosiped güni diýip ajaýyp däbi döretdi, bu däp her ýyl welosiped  sport baýramçylygyny geçirmäge mümkinçilik. Tigir sürmek iň meşhur dynç alyş çäreleriniň birine öwrüldi.
Ahal welaýatynyňýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynyň direktory ýygnagy açyp  ýygnaga gatnaşýan myhmanlar bilen tanyşdyryp, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz baky bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýynyň barha artýandygyny, ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly işleriň diňe bir sebitde däl, eýsem dünýä jemgiýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändigini şular ýaly il ýurt bähbitli döwlet maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa amala aşyrylýan döwründe biziň her birimiziň diňe öz halal zähmetimiz, päk ahlaklylygymyz bilen, Milli Lidermiziň öňe sürýän sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip jogap bermekligimiziň galýandygyny uly buýsanç bilen belledi, şeýle-de mekdep okuwçylarymyzyň ylymly bilimli, giň dünýä garaýyşly bolup kemala gelmekleri üçin ägirt uly işleriň amala aşyrylýandygyny belledi.
“ Halkyň  Arkadagly   Zamanasy “   şygary   astynda  geçýän şu ýylda   zenanlaryň ajaýyp baýramyna  bagyşlanan dabaraly  çäreler  aýratyn many- mazmuna   eýerdir.  Zenanlardan  ylham alyp  döredilenleri  sanap geçmek  halkyň ,  ýurdyň taryhyny  beýan etmegi  aňladar.  Hawa  kalplary heýjana salýan  ýazyň  hoştap  howasy, täzeden  jan giren  tebigatyň  heýjany,  şadyýan  saýraşýan  guşlaryň  owazy diýermiň,  bularyň bary birigip,  bize ýazyň gelendigini   buşlaýar. Ýazda  ütgeşik ýakym bar. Ol diňe bir biziň  bedenimizi  ýylatman , eýsem,  kalbymyzy hem ýyladýar.  Ýazyň gözelligi  aňyrsyna - bärsine  göz  ýetmeýän    ýaşy   ýaýlalarynada , gök asmanyň ýüzine  asuda ýüzip barýan  ötegçi  bulutlarda, bir demde dünýäni  su sil etýän,  ýaz ýagmyryndan son çykýan  nurly  güneş , Mähriban   Enelerimiz  gelin gyzlarmyzyň   nurly ýylgyryşlaryna meňzeýär.  Ynha  bu gün hem  Babadaýhan etrabynyň  Medeniýet merkezinde “ Ýörelgesi  edep   göreldesi  mekdep”  atly  dabaraly çäre geçirildi dabaranyň dowmaynda , Mährem  Enelere  gelin gyzlara  hormat goýan  mähriban  Arkadagymyza  sagbolsunlaryny  aýtdylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Gutlagynda nygtaýşy ýaly, türkmen halkynyň, şeýle hem Gündogar halklarynyň durmuşyna örän berk ornaşan Nowruz baýramy parahatçylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgelerini giňden dabaralandyrýan baýramdyr. Nowruz galkynyşyň, gülleýşiň we täzelenişiň baýramy bolmak bilen, halklaryň arasynda parahatçylygy, agzybirligi, ynanyşmagy kemala getirýär. Hoşniýetli goň¬şuçylyk, özara bähbitli gatnaşyklar, birekbirege ynam Nowruz baýramynyň esasy ýörelgeleridir.
Şu günki esasy wakalar Garagum derýasynyň kenarynda guraldy. Bu ýerde milli dessurlaryň we özboluşly ýörelgeleriň bitewi sazlaşygyny döreden ertekilerdäki şäheriň keşbi janlandyryldy. Hatara düzülen ak öýler, haly düşelen sekiler, bereketli gazanlar, ruhubelent aýdym-sazlar we şatlyk-şowhun bu günki baýrama özboluşly dabara berýär. Nowruz baýramynyň hormatyna guralan toýda älemgoşar öwüşginli bezegleri bolan öýleriň ýanynda hoş owazly aýdymlar belentden ýaň¬landy.
Berkakar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Ak bugdaý etrap medeniýet bölüminiň Berkarar şäherçesindäki medeniýet öýüniň işgärleriniň gurmagynda, ýaş höwesjeň okuwçylaryň çykyş etmeginde “Nowruz geldi ilime” ady bilen dabara geçirildi. Müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan, parahatlyk, dostlyk, ynsanperwerlik we hoşniýetli goňşyçylyk däplerini, umumyadamzat ýörelgelerini dabaralandyrýan baýramlaryň biri hem gadymy Nowruz baýramydyr. Gahryman Arkadagymyzyň nesil terbiýesinde, raýatlaryň watançylyk, sowatlylyk, medenýetlilik derejesini ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Bu bolsa gadymdan gelýän däp-dessurlarymyzy nesil terbiýesinde dowam etdirmek, kämilleşdirmek we ylymly-bilimli, watansöýji, ruhubelent, giň dünýägaraýşly, ýokary derejede sowatly, sagdyn ruhly, hünär bilimli we döwrebap nesiller edip ýetişdirmäge  gönükdürlendir.
Berkakar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe däp-dessurlarymyzy, milli medeniýetimizi gülläp ösdürmekde uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag ömri uzak, il-ýurt bahbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary ykdysady syýasatynyň durmuşa geçirilmegi bilen, çaklanylýan döwürde Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmagyň we olaryň düzümini diwersifikasiýalaşdyrmagyň hasabyna ýurdumyzyň eksport mümkinçiligi has-da ýokarlanýar. Eksportyň düzüminde ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän senagat kärhanalarynyň we hususyýetçileriň paýy ýokarlanýar.
Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe Ýurt Baştutanymyzyň saýasynda  "Halkyň Arkadagly zamanasy" atly şygar bilen dabaralanýan ýylymyzda ýurdumyzyň gülläp ösmegine goşant goşýan, uly ähmiýetli medeni çäreler yzygiderli geçirilýär.Ynha bu gün hem Sarahs  etrap   medeniýet  merkezinde "Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty" ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni-mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli  aýdym- sazly dabaraly çäre geçirildi. Dabarada O.Salyr adyndaky çagalar sungat mekdebiniň mugallymlar we çagalar ansambly, oba medeniýet öýleriniň bagşylary Gahryman Arkadagymyzy, Halkyň Arkadagly zamanasyny wasp edýan  we türkmen halk aýdymlary bilen çykyş etdiler. Dabaranyň dowamynda dabara gatnaşyjylar Baky Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny belende göterýän, agzybir halkymyzy eşretli eýýama ýetiren  Gahryman  Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Haşal derman ösümligiň dünýäde, takmynan 600, Türkmenistanda 13 görnüşi duşýar.Ösümlik maý-iýun aýlarynda gülleýär we miweleýär.Bir düýp ösümlik 200-250 sebetjigi emele getirýär. Olarda taкmynan 7000-e çenli tohum  kemala gelýär. Köplenç çäge hem  çegesöw toprakda bitýär.
Daşkekre ülkämizde Aşgabadyň töwereklerinde we Magtymgulyda duşýar. Diýarymyzdaky örän seýrek ot-çöpleriň hataryna goşulýar. Dermanlyk maksatlary üçin gory ujypsyzja. Dermanlyk maksatlary üçin güli (gyraky güljagazlary)  çig mal  bolup  hyzmat  edýär. Olary  doly  güllände ýygnamaly. Ony  gün  şöhlesinden  goragly  ýerde, bassyrmanyň aşagynda ýa-da oňat ýel çekerli  jaýda adaty usulda guratmaly. Daşkekräniň gülünde sianin glikozidiniň, sentaunin ajy glikozidiniň, mineral düzlaryň we  beýleki  az öwrenilen  maddalaryň barlygy anyklanyldy. Ösümligiň güli halk lukmançylygynda peşew ýörediji hökmünde ulanylýar. Şeýle hem böwrek sowuklamasynda, sözenekde peşew kowujy deregine haýyrlanylýar. Daşkekräniň gülleri oňat öt çykaryjydyr. Gözüň nemli  bardasynyň  çişmeginde  nepli.  Ösümligiň  bir  nahar çemçesi gülüni syrçaly gaba  atyp, bir  bulgur  gaýnag suw guýmaly, 45 minut gaýnadyp, sowansoň  süzmeli. Alnan  jöwheri  200 ml  gaýnag  suw  bilen  garmaly  we 2 gije-gündiz  saklamaly. Her gün 1 nahar çemçeden 3 wagtyna mylaýym görnüşinde içmeli.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2022-nji ýyl şanly dabaralara beslenip geldi. Türkmeniň şirin owazly milli şirwana dutary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu bolsa biziň mähriban halkymyzyň buýsanjynyň hasda arşa galmagyna getirdi. Hormatly Prezidentimizi we bütin türkmen halkymyzy dünýä ýaň salan hoş habar bilen gyzgyn gutlaýarys.
1.	Ýurtda syýasy durnuklylygy, jemgyýetçilik asudalygyny gazanmak Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Garaşsyzlygymyzyň esaslaryny pugtalandyrmakda amala aşyrylýan oýlanyşykly hem-de öňdengörüjilikli özgertmeleriň, bu günki gün döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynyň  milli ykdysadyýetiň depginli ösmegine mümkinçilik berdi.
Eýran ýowşany– çylşyrymly gülliler maşgalasynyň ýowşanlar urugynyň wekili. Ösümlik deňiz derejesinden 1800-2900 metr belentlikde bitýär. Ol ýerleriň derelerinde, dagyň daşly we çagylly eňňitlerinde ösýär. Ösümlik iýul-sentýabr aýlary gülleýär  hem  miweleýär. Tohumy arkaly köpelýär. Eýran ýowşany ýurdumyzda diňe Köýtendaga köpçülikleýin duşýar. Ol ýerlerde ýaprakly agaçlaryň arasynda, arçalyklarda we ýowşanlyklarda giň ýaýran. Dermanlyk maksatlary üçin gory ýeterlik. Lukmançylykda eýran ýowşanynyň dermanlyk maksatlary üçin oty çig mal bolup hyzmat edýär. Ony ösümlik güllän wagty ýygnamaly. Eýran ýowşanyny kamforany almak üçin çig mal hökmünde peýdalanmak, şeýle hem ondan dürli hoşboý ys beriji erginleri we goşundylary  hem dermanlyk garyndylary taýýarlamak mümkin. Ösümligiň ýapraklarynda we gülli sebetjiklerinde 0.21-0.4% efir ýagy bar, onuň düzümine, takmynan 16% kamfora, 12-14% kamfena, 7-12% pinena, 18% berneola, 25,5% bornilkapronata, 1,5% fenol, keton we başgalar girýär. Otunda alkoloidleriň, flawonoidleriň we kumarinleriň barlygy anyklanyldy. Eýran ýowşany hindi lukmançylygynda berkidiji, gyzgyny peseldiji we soguljany çykaryjy serişde hökmünde peýdalanylýar.Türkmen lukmançylygynda gül sebetjiklerinden taýýarlanylan tozy ary baly bilen garyp, soguljanyň garşysyna peýdalanylýar. Şeýle hem ösümligiň guradylan we owradylan ýokarky pudaklaryndan çaý demläp, demiň tutulmasynda, ýokarky dem alyş ýollarynyň sowuklamasynda, ýüregiň gowşaklygynda içilýär, şonuň ýaly-da sowuklamanyň garşysyna, peşew we soguljan çykaryjy serişde hökmünde ulanylýar.Eýran ýowşanynyň bir çaý çemçesi owradylan otuny bir bulgur gaýnag suwa atyp, mazaly demini aldyrmal. Hasa bilen süzmeli. Taýýar bolan jöwheri her gün bir nahar çemçesinden 3 gezek içmeli.
Dermanlyk, azyklyk hem bezeg ähmiýetli daragt gadymy hem-de uzak ýaşaýan ösümlikleriň hataryna girýär.Daragt aprel-maý aýlarynda gülleýär, iýul-awgustda miweleýär. Ol kök çykyntgylary hem-de tohumy arkaly köpelýär. Ýurdumyzyň hemme ýerlerinde diýen ýaly ösdürilip ýetişdirilýär. Daragtyň dermanlyk maksatlary üçin köküniň we sütüniniň gabygy, ýapragy hem miwesi çig mal bolup hyzmat edýär.Çig mallary adaty usulda ýygnamaly hem taýýarlamaly. Gabyklary we ýapragy mata haltalara gaplamaly, miwesini kagyz haltada ýa-da gutuda saklamaly.Çig mallyk gabyklaryň we ýapragyň saklanyş möhleti 1-2 ýyl, miwesiniňki-1ýyl. Gara tuduň sütüniniň gabygynda eý maddalary, malberrin flawonoidi, ýapragynda- C witamini, kofe fenolkarbon turşusy, rutin flawonoidi, kempferol, kwersetin, fridelin, hederagenin tripenoidler, sitosterin, umbelliferon we skopoletin kumarinleri;  miwesinde -5-10% uglewodlar, 1,8% organiki turşulyklar, B1, B2, PP, C witaminler, karotin, eý maddalary; tohumynda- efir ýagy bar. Halk lukmançylygynda agajyň bişip ýetişmedik ter miwesi, bişen tudanasynyň şiresi ýa-da jöwheri içgeçmä garşy ulanylýar. Bişen tudananyň özüniň çalarak iç sürüjilik täsiri hem bardyr. Ol bedendäki dykylary açýar we arassalaýar, ganyň gyzgynlygyny peseldýär. Bokurdakdaky, damakdaky, kentlewikdäki we dildäki çişi sorup alýar hem olary pugtalandyrýar, işdäni açýar. Içegelerdäki dörän ýaralara haýyrly. Hytaý lukmançylygynda daragtyň köküniň gabygy howply çişlerde we iç sürüji hökmünde ulanylýar. Onuň toz görnüşindäkisi ýa-da peti soguljanlara garşy we diuretiki hem dismenoreýada  haýyrlanylýar. Ýapragyndan taýýarlanylan şerbet we spirtli ergini ýürek-damar ulgamynyň kesellerinde gipotenziw häsiýetli. Toşaby laringitde çaýkamak üçin ulanylýar hem-de derlediji hökmünde içilýär.Miwesiniň peti difteriýada, agyz boşlugynyň zeperlenmesinde çaýkamak arkaly ulanylýar.Tudanasynyň şiresi we özi ary baly bilen garylyp, bokurdak ragynda oňa çalynýar. 100 ml tudana şiresini we özüni şol gatnaşykdaky ary baly bilen garyşdyryp, 7 hepde goýmaly.Taýýar bolan melhemligi günde 3 gezek zeperli ýeriňe çalmaly.Gara tuduň  guradylan hem owradylan 4 nahar çemçesi ýapragyny 100 ml spirtiň içine atyp, agzy berk ýapylan aýna gapda 10 gün goýmaly. Taýýar bolan şerbedi hasadan geçirip, her gün 3 gezek 10-15 damjadan kabul etmeli.
Haşal derman ösümligiň dünýäde 12, Türkmenistanda 1 görnüşi duşýar. Syçratgy maý-iýul aýlarynda gülleýär we miweleýär. Tohumy arkaly köpelýär. Ol gurak hem çüýrüntgä  baý  topraklarda ösüp boý almagy halaýar. Köplenç ýollaryň gyrasynda, ekin meýdanlaryň töwereginde, dag eteklerinde, derelerde we çeşmeleriň boýynda ösýär. Dermanlyk maksatlary üçin gory ýeterlik. Ýurdumyz boýunça her ýylda 10-15 tonna çig mal ýygnamaklyga mümkinçilik bar. Ekip hem ýetişdirilýär. Ösümligiň dermanlyk maksatlary üçin köki we oty çig mal bolup hyzmat edýär. Onuň köküni güýzde ýa-da ir baharda ýygnamaly. Syçratgynyň kökünde köp mukdarda inulin, B1 C witamin, holin, şeker we eý maddasy saklanýar. Onuň  hemme  böleklerinde  süýtli  şire  bolup, ol ajy maddalara baýdyr. Ösümlik halk lukmançylygynda giňden ulanylýar. Onuň kökünden hem gülünden taýýarlanylan peti merkezi nerw ulgamyny rahatlandyrýar, ýüregiň kadaly işlemegine ýardam berýär. Mundan başga-da syçratgynyň köki işdä açyjy serişde, böwregagyryny, içagyryny, azganlylygy, süýji keseli bejermekde peýdalanylýar. Şeýle-de garaguş kesellilere, kakynlylara, ýokary nerw gyjynyjylyk, ruhy nähoşluk, was-waslyk kesellerine  duçar bolanlara peýdalanmak maslahat berilýär. Mundan başga-da ony arassalaýjy we madda çalşygyny sazlaşdyryjy serişde hökmünde ulanylýar. Deri kesellerinde (örgün örende, çyban çykanda) syçratgynyň peti haýyrlanylýar. Lukmançylyk maksatlary üçin syçratgynyň ýabany görnüşini haýyrlanmak has peýdalydyr, çünki onda ajy maddalar köp toplanýar. Ösümligiň guradylyp owradylan oty we köki gaýnadylyp, süzülip içilýär.
Halkymyzyň döwletli işiň başyny tutmazdan öňinçä, geňeş etmek däbiniň jemgyýetçilik ähmiýeti dogry hem-de aýdyň maksadyň kesgitlenilmegine ýardam edilmeginde bolup durýar. Terbiýeçilik ulgamymyza berk ornan şu ýörelge il-halkymyzy jebisleşdirip, agzybirlik sütünini bina etdi. Milli medeniýetimizde giňden ornan geňeş etmek, il bilen bitewülik däpleri türkmen soltanlarynyň adalatly höküm sürmegi bilen amala aşdy. Şunuň özi hem ýurdy dolandyran soltanlaryň, merdana serkerdeleriň atlarynyň halkymyzyň hakydasynda rowaýatlara öwrülip, müdimi ýaşamagynyň esasy sebäbidir.
Ata-babalarymyzdan bize miras galan ýörelgeleriň gözbaşynda biz Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi gurduk.
Dünýäni ösüşe alyp barýan işler has rowaçlansyn! Ýaşasyn Bitarap Watanymyz!
Ermeni çerbiýesi – mamamçörekler maşgalasynyň  çerbiýeler urugynyň wekili. Ösümlik iýun-sentýabr aýlarynda gülleýär, iýul- oktýabrda miwesi ýetişýär. Ol çyglylygy talap ediji ösümlik. Tohumy arkaly köpelýär. Lukmançylykda onuň  köki çig mal bolup hyzmat edýär. Çerbiýäniň köki ir baharda ýa-da güýzde ýygnalýar.köküni depip alyp, gumlaryny aýyrmaly. Soňra ýuwmaly we agaçlaşan hem çüýrän ýerlerini aýyrmaly. Olary 20 sm galyňlykda bölekleşdirip, açyk howada ýa-da 50-60 dereje gyzgynlykda guradyjy enjamlarda guratmaly. Ösümligiň kökünde nemler, polisaharidler, krahmal, saharozalar, betain, ýag, pektin, eý, mineral we beýleki maddalar saklanýar. Ermeni çerbiýe halk lukmançylygynda meşhur ösümlikdir. Onuň kökünden taýýarlanylan peti gan gusmada, üsgülewikde we kükrek yzalarynda peýdalanylýar. Çerbiýäniň gülünden we ýapragyndan taýýarlanylan pete zenanlar saçlaryny ýuwýarlar. Ylmy lukmançylykda ol gakylyk goparyjy, ýumşadyjy, sowuklamanyň garşysyna, ötüşen bronhitde, traheitde, laringitde, bronh demgysmasynda ulanylýar. Şeýle hem onuň kökünden taýýarlanylan dermany gastritde we aşgazan hem onkibarmak içegäniň ýaralarynda, enterokolitde, iç geçmede, ekzemada, psoriazda, sistitde, agyz boşlugynyň nemli bardalarynyň ýaralaryny bejermekde peýdalanylýar. Dermanhanalarda çerbiýe köküniň gury we suwuk ekstraktlary, çerbiýe toşaby hem kükrek garyndysy bardyr. Ösümligiň iki çaý çemçesi owradylan gury köküni bir bulgur gaýnag suwuň içine atyp, 1 sagat goýmaly. Soňra hasa bilen süzüp, gün içinde her 2 sagatdan bir nahar çemçeden içmeli. Jöwheriň tagamynyň örän ajylygy sebäpli, oňa şeker ýa-da bal goşsaň bolýar.
Miwesi edil gäminiň labryna meňzäp duran täsin haşal dermanlyk ösümliginiň dünýäde 20, şol sanda Türkmenistanda 2 görnüşi duşýar. Demirtiken – düýedabanlar maşgalasyna degişli, inçejik kökli birýyllyk otjumak ösümlik. Ösümlik baldagynyň ýere ýazylyp  süýşüp-süýşüp  ösýändigi  bilen tapawutlanýar. Ol maý-awgust aýlarynda gülleýär, iýun-sentýabrda miweleýär.Demirtiken diňe tohumlary arkaly köpelýär. Dermanlyk ösümlik diýarymyzyň ähli etraplarynda köpçülikleýin duşýar. Demirtikeniň oty dermanlyk üçin çig mal bolup hyzmat edýär.Dermanlyk çig maly ösümlik gülleýän ýa-da miweleýän döwründe taýýarlamaly. Ösümligi köki bilen toprakdan goparyp almaly hem onuň köküni kesip aýyrmaly. Demirtikeni bassyrmanyň aşagynda ýa-da açyk gün düşýän ýerde guratmaly. Ösümligiň düzüminde flawonoidler, diosgenin, protodiosin, kikuba-saponin, gitogenin, ruskogenin ýaly saponinler, fitoestrogenler, fitosterinler, sakyz, eý we reňk beriji maddalar, ýapragynda “C” witamin saklanýar. Abu Aly ibn Sina “Lukmançylyk ylmynyň kanunlary” eserinde demirtikenden taýýarlanylan melhemlik petdir jöwheri dömme çişleri, dürli ýaralary  bejermekde  hem  peşew çykaryjy  serişde hökmünde  we böwrekde dörän daşlary aýyrmakda içmekligi maslahat beripdir. Halk lukmançylygynda onuň otundan taýýarlanan jöwheri bilen petini iç sürüji, ganly iç geçmäni, kelleagyryny dep ediji, gözüň sowuklamasyna haýyrly, ýarany bitiriji, buşukdyryjy, şonuň ýalyda gurplandyryjy serişde hökmünde ulanylýar.Häzirki zaman  ylmy  lukmançylygynda  demirtikenden  taýýarlanylan  “Tribustan” dermany jynsy gowşaklykda ulanylýar. Şonuň ýaly-da düzüminde demirtiken saklaýan “Tribusponin” derman serişdesi sklerozy, aterosklerozy, gipertoniýany, öt näsazlygyny dep etmekde giňden ulanylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda düýpli özgertmeler                          ýoluna düşen Türkmenistan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň  ýyl ýazgysynyň sahypalaryny täze we şöhratly üstünlikler bilen baýlaşdyrýar. Öňdengörüjilikli we durmuş ugurly syýasat, ylmy esasda çemeleşmek, toplumlaýyn, strategik meýilnamalaşdyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan ykdysady syýasatynyň, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň, halk hojalygyna bazar gatnaşyklaryny we  ylmyň gazananlaryny, önümçilige dolandyrmagyň usullaryny ornaşdyrmagyň özenini düzýär.
Ussat seýis Orazmyrat Annalyýewiň döwletli maşgalasy Gökdepe etrabynyň Kärizek ge¬ňeşliginiň Aba Annaýew obasynda ýaşaýar. Ykbalyny atçylyga baglan halypa atşynas indi 20 ýyla golaý wagt bäri Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda zähmet çekmek bilen, pudagy ösdürmekde, ýaş nesillerimizde atçylyk sungatyna höwes döretmekde, atlary seýislemekde tagallalaryny gaýgyrmaýar.
Şatlykly wakanyň yzysüre gürrü¬ňi edilýän seýis bilen duşuşmak, onuň ýürek buýsanjyny eşitmek diýseň ýakymly boldy.
“Durmuşymda ýatdan çykmajak, örän şatlykly we buýsançly waka bolup geçdi. Behişdi bedewlerimiziň çyn janköýeri milli Liderimiz «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän şanly ýylyň ajaýyp gününde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna gelip, iş we durmuş şertlerimiz, behişdi bedewleri idetmek, seýislemek boýunça alyp barýan işlerimiz bilen gyzyklandy. Bu pursat meni juda tolgundyrdy. Arkadag Prezidentimize täze dünýä inen taýçanak barada gürrüň berdim. Döwlet Baştutanymyzyň meşhur Pere¬ňiň nesil ugruna degişli, Gözbaş we Keýkilhan atly bedewlerden bolan taýçanaga Zaman diýip at goýup, boýnuna mähriban käbesi Ogulabat ejäniň ören alajasyny dakmagy, meniň begenjimi goşalandyrdy”
Atşynaslaryň obasynda ýaşaýan bu bagtyýar maşgalanyň agzalary ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek, ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek, tohumçylyk-seçgi işlerini, türkmen milli seýisçilik sungatyny kämilleşdirmek boýunça taýsyz tagalla edýän Gahryman Arkadagymyza ýürekden çykýan alkyşlaryny aýdýarlar.
Ak bugdaý etrap medeniýet bölüminiň Täze durmuş oba medeniýet öýüniň işgärleriniň guramagynda, 2022-nji ýylyň “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip yglan edilmegi mynsybetli Ak bugdaý etrabynyň ýöriteleşdirilen 8-nji orta mekdebinde ýaş höwesjeň okuwçylaryň çykyş etmeginde ýyla bagyşlap aýdym-sazly dabara geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen parasatly baştutanlygynda 2022-nji ýylda “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda ýurdumuzyň täze belent sepgitlere hem-de ajaýyp üstünliklere barýan ýoluny dowam etdirjekdigi şübhesizdir. Gahryman Arkadagymyzyň nesil terbiýesinde, raýatlaryň watançylyk, sowatlylyk, medenýetlilik derejesini ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Bu bolsa gadymdan gelýän nesil terbiýesini dowam etdirmek, kämilleşdirmek we ylymly-bilimli, watansöýji, ruhubelent, giň dünýägaraýyşly, ýokary derejede sowatly, sagdyn ruhly, hünär bilimli we döwrebap nesiller edip ýetişdirmäge  gönükdirilendir.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetimizi gülläp ösdürmekde uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag ömri uzak, il-ýurt bahbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Döwletimizi ählitaraplaýyn ösdürmek boýunça görülýän çäreler, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň esasynda döredilen häzirkizaman kanunçylyk binýady, syýasy we makroykdysady durnuklylyk, amatly daşary-ykdysady ýagdaý, daşary yurt maýa goýumlarynyň gelmegini üpjün edýän netijeli maýa goýum syýasaty, tebigy baýlyklaryň netijeli peýdalanylmagy ýurdumyzyň depginli durmuş-ykdysady ösüşine ýardam etdi. Halkymyzyň saýlap alan Garaşsyz ösüş ýoly «Täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamany» we «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri» diýlip atlandyrylýan täze taryhy eýýamda mundan beýläk-de öňe gitmek üçin mäkäm binýady, esasy üpjün etdi.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda Ahal welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligiň garamagyndaky Bäherden etrabynyň sport mekdebinde ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň saglygyny berkitmek hem-de olary ýurdumyzda bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty ösdürmekde türkmen sportuny dünýä derejesine çykarmakda ýaşlaryň arasynda bedenterbiýäni we sporty giňden wagyz etmek şeýle-de ýaş nesillermiziň, beden taýdan sagdyn, ruhubelent bolup ýetişmekleri üçin yzygiderli işler alynyp barylýar.
Ýurdymyzda “Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministirligi tarapyndan meýilleşdirilen sport çäreleri, okuw-türgenleşik sapaklaryny we ýygnanşyklaryny geçirmegiň wagtlaýyn” tertibine laýyklykda türkmen Milli oýunumyz bolan küşt boýunça sport mekdebiniň binýadynda okuw-türgenleşik sapaklary uly depginde alnyp barylýar. Türgenleşik sapaklaryna gatnaşýan türgenler ýurdymyzda geçiriljek döwlet we halkara ýaryşlaryna taýýarlyk görýärler.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Bäherden etrap Zenanlar guramasy, Bäherden etrap Kärdeşler Arkalaşygy bilen Bäherden etrap Medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň zähmetsöýer, çeper elli, edepli, maşgala ojagynyň abraý – mertebesini belende galdyrýan uly gyzlaryň arasynda yglan eden “Edepli hem çeper elli türkmen gözeli” atly bäsleşiginiň Ahal welaýatynyň Zenanlar bölüminiň Bäherden etrap tapgyry, Bäherden etrabynyň medeniýet öýünde uly şowhun bilen geçirildi. Bu dabarada etrapda halal zähmet çekýän zenanlarymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alnyp barylýan iňňän ähmiýetli işler, zenanlara goýulýan sarpa barada çykyşlarynda belläp geçdiler. Şeýle hem medeniýet öýüniň ussat artistlarynyň gatnaşmagynda edepli hem çeper elli türkmen gözellerini wasp edýän aýdym – sazlary, folklor çykyşlary, N.Halmämmedow adyndaky çagalar sungat mekdebiniň “Skripkaçylar” toparynyň ýerine ýetirmeginde birnäçe sazlary we şol sanda Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty hem – de halkymyz üçin edýän beýik işleri barada giňden wagyz edildi. Bu bäsleşik ýokary derejede alnyp barylyp “Altyn asyr” teleýaýlymy arkaly ýazgy edildi. Bäsleşige gatnaşan zenanlara Kärdeşler arkalaşyklary tarapyndan sowgatlar gowşuryldy. Bu dabara gatnaşan adamlar eşretli zamanany öz halkyna peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsunlaryny aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il – ýurt bähbitli, umumy adamzat ähmiýetli işleriniň rowana ýollarda rowaçlyga beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Dermanlyk hem haşal ösümligiň Türkmenistanda  10 görnüşi gabat gelýär. Atgulak diýarymyzyň ähli etraplarynda duşýar. Ol düzlükleriň, daglaryň çygly ýerlerinde, çeşmeleriň golaýlarynda,  derýajyklaryň  we  ýaplaryň boýlarynda ösýär. Lukmançylykda  ösümligiň  ýapragy  we  tämiz  oty  dermanlyk  çig  mal  bolup  hyzmat edýär. Çig maly ösümligiň  gülleýän  wagtyndan (maý-awgust aýlarynda) ýapragynyň saralyp başlaýan ýa-da bölekleýin gyzaran pursadyna çenli taýýarlamaly. Atgulagyň kökünde sitosterin, stigmasterin, holesterin, kampesterin ýaly steroidler we ýokary derejeli linol ýag turşusy saklanýar. Ösümligiň ýapragynda uglewodlar hem polisaharidler, nemler, manit, sorbit, aukunin we  katalpol iridoidler, tirozol fenoly, wanilin, çomuç, kumar, salisil, benzoý fenolkarbon turşylary toplanan.Tibet, hytaý, mongol we koreý lukmançylygynda atgulagyň täze oty, şiresi hem dermanlyk jöwheri – ýarany çalt bitiriji serişde, aşgazan- içege kesellerinde, diareýada, enteritde, pnewmoniýada, öýken inçekeselinde, bronhitde, plewritde, nefritde, burun ganamasynda ulanylýar. Ary baly bilen garylan şiresini çagalaryň dizuriýa sökelliginde diuretik deregine haýyrlanylýar.Halk lukmançylygynda hem atgulagyň şiresi we jöwheri giňden ulanylýar. Atgulagyň tohumyndan taýýarlanylan dermanlyk peti amaly ginekologiýada- zenanlaryň endokrin görnüşli önelgesizliginde ulanylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde sanly maglumat aragatnaşyk tehnologiýalarynyň peýdalanylmagyna esaslanýan ykdysady gatnaşyklaryň ulgamy ösdürilýär. Häzirki döwürde ykdysadyýet biliminde sanly ykdysadyýetiň anyk ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamak, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary babatynda goşmaça bilimleri girizmek, bu ugurlarda özara tejribe alyşmak işlerine uly üns berilýär. Maglumat tehnologiýalaryndan doly baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagy sanly ykdysadyýetiň wezipelerini giňden ornaşdyrmaga ýardam berer.
Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe Ýurt Baştutanymyzyň saýasynda ,,Türkmenistan - Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly atly şygar bilen dabaralanýan ýylymyzda ýer ýüzünde parahatçylygyň, asudalygyň, agzybirligiň, dost-doganlygyň gülläp ösmegine goşant goşýan uly ähmiýetli medeni çäreler yzygiderli geçirilýär.Ynha bu günki-gün hem biziň Sarahs etrabymyzda Täze  ýyl baýramçylygyna bagyşlanyp ,,Arkadagly zamanama hoş geldiň sen, Täze ýyl” ady bilen  geçirilen çäräniň baý many-mazmuny aýdym saza beslendi. Baýramçylyk dabarasynda ,,Sarahs nagmalary” folklor-tans toparlarynyň çykyşlary, aýdymçylaryň aýdym-sazynyň owazy belentden belent ýaňlandy. Sarahs etrap merkezi kitaphanaçylary Berdinýazowa Gülşöhle, Amangeldiýewa Gurbansoltan Täze ýyl baýramçylygyny gutlap, ýürek buýsançlaryny goşgy setirleri bilen beýan etdiler. Her  bir günümizi, durmuşymyzy, zamanamyzy toý-baýrama besleýän Hormatly Prezidentimize ýürekden alkyşlar aýtdylar.
“Türkmenistan – Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany”  ýylynda Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen medeniýet ulgamynda uly işler amala aşyrylýar.  Ak bugdaý etrap medeniýet bölüminiň Gämi oba medeniýet öýüniň işgärleriniň guramagynda “Keşdeçilik senediniň nepisligi” ady bilen çäre geçirildi. Çärede ene-mamalarymyzdan gelýän keşdeçilik senediniň aýratynlyklaryny ýaş zenanlarymyza  onuň inçe syrlary, aýratynlyklary dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi  we özleriniň aýdym-sazlary bilen dowam etdiler. Bu çäräniň esasy maksady el işleriniň ussatlygyny kämilleşdirmek we gadymdan gelýän keşdeçiligi ýaş zenanlarmyzda ösdürmekden ybaratdyr. Gahryman Arkadagymyzyň nesil terbiýesinde, raýatlaryň watançylyk, sowatlylyk, medenýetlilik derejesini ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Bu bolsa gadymdan gelýän sungatymyzy dowam etdirmek, nesilleri kämilleşdirmek we ylymly-bilimli, watansöýüji, ruhubelent, giň dünýägaraýyşly, ýokary derejede sowatly, sagdyn ruhly, hünär bilimli we döwrebap nesiller edip ýetişdirmäge  gönükdirilendir.
Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetimizi gülläp ösdürmekde uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag ömri uzak, il-ýurt bahbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Ülkämiziň çöllük ýerlerinde ösýän bozagany başgaça ýowşan, limonly ýowşan, ysly ýowşan diýip atlandyrýarlar. Bozagan çägesöw toprakda ösýär, gurakçylyga we sowuga çydamly. Ösümlik awgust-sentýabr aýlarynda gülleýär we miweleýär. Dermanlyk maksatlary üçin ösümligiň oty  çig mal bolup hyzmat edýär. Ony ösümlik gülleýän wagty gyrkyp almaly. Çig maly günüň düşmeýän ýerinde guratmaly. Bozaganyň otunyň düzüminde  flawonoidler,  kumarinler,  laktonlar,  alkoloidler  we saponinler bar.
Türkmen halk lukmançylygynda ösümligiň otundan taýýarlanan peti we jöwheri gadymdan bäri soguljanyň garşysyna ulanylýan serişdedir. Ol melhemlik basykda bokurdagy çaýkamak üçin hem ulanylýar.
Ösümligiň bir nahar çemçesi (15g ) owradylan otuny bir bulgur (200ml) suwa atyp, içi syrçaly gapda pessaý otda 10 minut gaýnatmaly, soňra süzmeli. Taýýar bolan peti günde irden we agşam  ýarym bulgurdan (100ml) içmeli. Bokurdagy çaýkamak üçin  5 gram gury otuny bir  bulgur  gaýnan  suwa atyp, mazaly demini aldyryp, süzüp, mylaýym  görnüşinde  günde 3 wagtyna  ulanmaly.
“Türkmenistan Parahatçylygyň we Ynanyşmagyň Watany” ýylynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň 2021-nji ýylyň                                 08-nji ýanwaryndaky 2080 belgili karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministirliginiň ýaşlar syýasaty bölüminiň hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirlikleriniň başlyklarynyň, hünärmenleriniň gatnaşmagynda 2021-nji ýylyň dekabr aýynyň 16-na wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty geçirildi.
Geçirilen iş maslahatynda alnyp barylýan işleriň netijelerini seljermek şeýle-de öňümizde duran maksatlar barada alnyp barylmaly çäreler boýunça meseleler ara-alynyp maslahatlaşyldy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen medeniýetiniň, sungatynyň kämil döwrebap ösüşleriniň has-da rowaçlanmagyna, milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň äleme ýaýylmagyna giň ýol açyldy. Ösüşleriň aýgytly ýoluna düşen medeniýetimiziň belent derejelere ýetmegi üçin taýsyz tagallalar edýän mähriban Arkadagymyza biz medeniýet-sungat işgärleriniň hoşallyk alkyşlary çäksizdir.
Türkmenistanyň medeni syýasatynyň esasy maksady, ýurdumyzda adamyň, jemgyýetiň, döwletiň ruhy kämilliklere eýe bolmagy üçin zerur talaplaryndan ugur alyp, ösýän hem özgerýän milli medeniýetimiz, sungatymyz halkymyzyň ruhy ýüzüdir, aň-düşünje derejesidir. Hut şu nukdaýnazardan ugur alyp mähriban Arkadagymyz milli medeniýetimizi, sungatymyzy gorap saklamaga, has-da ösdürmäge, baýlaşdyrmaga uly üns berip, bu ugurda döwlet derejesinde düýpli işleri amala aşyrýar. Şeýle işleriň mysalynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Medeniýet merkezinde milli mirasymyza we sungatymyza bagyşlanyp birnäçe medeni köpçülik çäreleri yzgiderli geçirilip durulýar. Şol geçirilýän çärelerde milli medeniýetimiziň gadymdan gelýän milli lybaslary we olaryň taýýarlanylyşyny ýaş nesillere ýetirmek maksady bilen milli lybaslaryň sergileri guralýar.
Geçirilýän çäreleriň mazmunynda milli medeniýetimiziň ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň esasy özenini düzýär. Halkyň ajaýyp edebi we sungat nusgalarynyň ençemesini peşgeş beren halk döredijiliginde giň beýanyny tapýar. Medeniýetimiziň, sungatymyzyň ösmegine we kämilleşmegine uly goşant goşan medeniýet, sungat ussatlarymyz abraýly döwlet sylaglaryna, hormatly atlara, şa serpaýlaryna mynasyp bolýar. Döredijilik işgärleriniň netijeli, öndümli işlemekleri üçin ähli mümkinçilikler, şertler döredilýär. Türkmen medeniýetiniň binýadynyň berk bolup dünýä ýaýylmagy, gülläp ösmegi barada uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, başynyň dik, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Ösümligiň lukmançylykda dermanlyk maksatlary üçin oty hem gülleri çig mal bolup hyzmat edýär.Boýbodranyň dermanlyk otyny ol gülleýän wagty (maý hem iýun aýynyň birinji ýarymy) ýygnamaly.
Ösümligiň baldagynyň ýokarsyny 15 santimetr uzynlykda orak ýa-da gaýçy bilen gyrkyp almaly. Dermanlyk güllerini taýýarlamak üçin olaryň her haýsyny aýratynlykda ýa-da 2 santimetr uzynlykda gültoplumy bilen almaly. Boýbodrany köki bilen goparylmaýar, çünki bu ýagdaý otluklaryň ýok bolup gitmegine getirýär.
Ol hoşboý ysly, baldagynda, ýapragynda, gülünde efir ýagy, flawonoidler, ahillein, glikozidler, karotin, ajy, eý we biologik işjeň maddalar saklanýar.
Boýbodran bedeni ýumşadýar, dykyn almany açýar, peşew çykaryjy täsiri bar. Böwrekdäki daşy eredýär we ony daşyna çykarýar, ýatgyda dörän ýaralary arassalaýar. Halk lukmançylygynda boýbodrandan taýýarlanan petdir jöwheri aşgazanyň nemli bardasynyň sowuklamasynda, içgeçmede, onkibarmak içegede dörän ýaralary bejermekde, bagyr we kelle agyryda, dem gysmada hem beýleki sökelliklerde dep etmekde ulanylýar.
Boýbodranyň 15 gram gyradylan otuny 2 bulgur suwa atyp, syrçaly gapda gaýnatmaly. Soňra 45 minut goýmaly. Sowan melhemlik peti süzüp, nahar çemçesinden günde 2-3 gezek içmeli. Boýbodranyň owradylan gury otunyň üstüne 1 litr suw guýup, 10 minut gaýnatmaly. Taýýar bolan melhemi süzmeli we ýaralary ýuwmak üçin ulanmaly.
«Türkmenistan Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilen 2021-nji ýyl tamamlanyp barýar. Biz az salymdan üstünliklere beslenen bu ýyl bilen hoşlaşyp, Täze — 2022-nji ýyly uly şatlyk bilen garşylarys.
2021-nji ýyl — Gündogar müçenamasy boýunça sygyr ýyly. Sygyr «Malym — janym» diýýän türkmeniň gowy görýän mallarynyň biri, öý-ojagyň, maşgalanyň rysgaly. Şoňa görä-de, sygyr ýyly bereketli ýyl hasaplanýar.
Merdana halkymyz Täze ýyla aýdyň maksatlar, uly ynam bilen gadam basýar. Mähriban halkymyzyň döredijilikli zähmeti bilen döwletimiziň kuwwaty barha artýar.
Biz dünýäde dowam edýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, yhlasly zähmetimiz bilen 2021-nji ýylda hem ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegini gazandyk, il-ýurt bähbitli döwletli işlere badalga berildi. Köp sanly durmuş we önümçilik maksatly binalarydyr desgalary gurup, ulanmaga berildi. Müňlerçe bagtyýar maşgala jaý toýlaryny toýlady. Häzirki wagtda ýurdumyzda durmuş we önümçilik maksatly müňlerçe desganyň gurluşygy depginli dowam edýär.
Türkmenistan döwletimizde ençeme halkara ähmiýetli taslamalar durmuşa geçirilýär. Bu taslamalaryň netijesinde Türkmenistan täze sebit we sebitara ulag-aragatnaşyk düzüminiň emele gelýän möhüm halkasyna öwrülýär. Bu taslamalaryň netijesiniň arkasynda Gahryman Arkadagymyzyň uly egsilmez tagallalary aladalary ýatyr, şunuň ýaly ajaýyp ýurtda ýaşamaga mümkinçilikleri döredip beren Gahryman we mähriban Arkadagymyza hoşallyklarymyzy bildirýäs we şatlanýarys. Hormatly Prezidentimiziň jany sag ömri uzak bolsun, il ýurt bähbitli alyp barýan içerki we daşarky syýasatlarynda uly üstünlikleri arzuw edýäs.
Pulhatyn köprüsi Sarahs etrabynyň günortasynda, Tejen derýasynyň daglykdan  çykyp, düzlüge ýaýlyp ugraýan ýerinde gurlupdyr. Hywa taryhçysy Agehi 1826-njy ýylda Pulhatyn köprüsi barada şeýle ýazypdyr. «Pulhatyn – bu berk köpri bolup, daşy suwalan kerpiçden salnandyr, ol Tejen derýasynyň üstünde gurlan. Onuň uzynlygy 72 arşina (1 arşin 71 sm-e deň), ini 3 arşina deň, suw geçiriler ýaly 5 sany uly arka, 5 sany kiçi arka gurlupdyr». 1889-njy ýylda Rus patyşalygy zamanasynda köprüde düýpli rejeleýiş işleri geçirilip, köprüniň 5 sany uly gözleri suw akar ýaly goýlup, onuň ähli ýeri ýonulan daş bilen örtülipdir. Köpri derýanyň iň çalt akýan ýerinde bina edilipdir. Pulhatyn köprüsi orta asyrlarda Merw-Nişapur Beýik Ýüpek  ýolunyň ugrunda Türkmenistandan Eýrana geçilýän ýeke-täk geçelge hökmünde kerwenlere hyzmat edipdir. Häzirki wagtda bu ajaýyp köprüniň uzynlygy 60 metr, ini 3 metr, beýikligi 10 metr. 1976-njy ýylda Tejen derýasynyň iň bir joşan wagtynda, bu köpri sekuntda 1600 kubmetr suwy geçirmäge ukyplydygyny görkezdi.
2021-nji ýyl “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda geçirilen “Garaşsyzlyk daňy atdy, sowulmaýan şapakdyr, pederleriň wesýeti biziň üçin sapakdyr” atly dabaraly maslahat hem-de onuň çägindäki muzeý syýahaty  watançylyk ruhynyň has belende götermegine itergi berdi. Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzalarynyň gatnaşmagyndaky çäräniň hormatly myhmanlaryny etrap häkimliginiň wekilleri we il sylagly ýaşulylar mähirli garşyladylar. Myhmanlar ilki bilen etrabyň Täze ýol obasynda ýerleşýän Bedimuhammet Annaýew adyndaky muzeýe baryp gördiler. Muzeý syýahatyndan soňra, myhmanlar dabaraly maslahatyň geçýän ýerine – etrap merkezindäki Medeniýet öýüne bardylar. Ol  ýerde etrabyň medeniýet merkeziniň we Ak Altyn oba medeniýet öýüniň bilelikde guramagy esasynda aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabaranyň soňunda bolsa Hormatly Prezidentimiziň syýasatyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işlerini wasp edýän “Arkadag” atly aýdym bilen jemlenildi.
Eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli maksatnamalaryň çäklerinde durmuş düzüminiň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy, halkyň aň-bilim mümkinçilikleriniň netijeli artdyrylmagy hem-de bu ugurda amal edilýän uly işler bilen bagly alnyp barylýan öňdengörüjilikli we oýlanyşykly syýasat ýurdumyzyň giň möçberli ösüşleriniň hil taýdan ýokary derejä çykmagynda wajyp orun eýeleýär. Milli ykdysadyýetimiziň önümçilik we eksport mümkinçiliklerini ösdürmek, ýurdumyzda öndürilen harytlaryň dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur şertler döredilýär.
“Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň toýlanan ýylynda türkmen halky ýene-de bir uly toýuň Baky Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk toýuna taýynlanylýan günlerinde biziň Gökdepe etrap medeniýet bölümimiziň döredijilik toparlary hem Baky Bitaraplyk toýuna bagyşlap Gökdepe etrap Medeniýet merkezinde baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabaraň dowamynda çykyş eden aýdymçylar, sazandalar we artistlar  watanymyzy Baky Bitaraplygymyzy wasp edýän täze eserler bilen çykyş etdiler.  Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny belende göterýän, agzybir halkymyzy ajaýyp döwüre ýetiren Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyşly sözler aýdýarys! Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Milli ykdysadyýet baý tebigy, ykdysady, maýa goýum kuwwatyny peýdalanmak,      döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmek we daşary ykdysady mümkinçiligini ýokarlandyrmak bilen, üstünlikli diwersikasiýalaşdyrylýar. Häzir ýurdumyzda döwrebap tehnikalary we iň täze tehnologiýalary peýdalanmagyň, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmagyň, innowasion önümçilik düzümlerini döretmegiň, döwletimiziň dünýä ykdysady ulgamyna goşulmagyny çuňlaşdyrmagyň, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň hem-de maýa goýum işini işjeňleşdirmegiň esasynda durnukly ösüşiň berk binýadyny kemala getirmäge niýetlenen özgertmeler geçirilýär.
“Türkmenistan – Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany”  ýylynda Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen medeniýet ulgamynda uly işler amala aşyrylýar. Ak bugdaý etrabynyň we Ak bugdaý etrap medeniýet bölüminiň Bokurdak oba medeniýet öýüniň işgärleriniň gurmagynda “Halypa şägirtlik ýoly” ady bilen çäre geçirildi. Çärede halypa şägirtlik ýoly bilen ýaş nesillerimize dutar ýasamak senetçiliginiň inçe syrlary, aýratynlyklary dogrusynda giňişleýin düşündirildi. Bu çäräniň esasy maksady milli saz gurallaryny ýasamagyň ussatlygyny kämilleşdirmek we dutarçylyk senediniň milli mekdebini ösdürmekden ybaratdyr. Gahryman Arkadagymyzyň nesil terbiýesinde, raýatlaryň watançylyk, sowatlylyk, medenýetlilik derejesini ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Bu bolsa ýaş nesilleri kämilleşdirmek we ylymly-bilimli, watansöýji, ruhubelent, giň dünýägaraýyşly, ýokary derejede sowatly, sagdyn ruhly, hünär bilimli we döwrebap nesiller edip ýetişdirmäge  gönükdirlendir.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetimizi gülläp ösdürmekde uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag ömri uzak, il-ýurt bahbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
10-njy maýda Babadaýhan etrabynda täze döwrebap senagat toplumynyň düýbüniň tutulyş dabarasy boldy,  ol “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” çäklerinde, şeýle hem eksport ugurly önümleriň çykarylyşynyň möçberlerini artdyrmak boýunça dokma pudagynyň öňünde goýlan wezipelere laýyklykda bina edildi.
Geljekki dokma kärhanasynyň taslamasy pagta süýümini gaýtadan işlemek tapgyryndan başlap, ahyrky önümini öndürmäge çenli tehnologik işleriň tutuş toplumyny gurmagy göz öňünde tutýar hem-de egriji, dokma, boýag we tikin bölümlerini özünde jemleýär. Bu çözgüt pudaklary giň möçberde diwersifikasiýalaşdyrmaga, sebitleri senagat taýdan ösdürmäge, ýerli tebigy serişdeleri has doly peýdalanmaga gönükdirilen milli ykdysadyýetimizň ösüş strategiýasyny amala aşyrmakda nobatdaky möhüm ädim bolar.
“Türkmenistan Parahatçylygyň we Ynanyşmagyň Watany” ýylynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň 2021-nji ýylyň                                 08-nji ýanwaryndaky 2080 belgili karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýastynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça, Ahal welaýatynyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynda, Ahal wleýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar gurmasynyň Ahal welaýat geňeşiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlyklarynyň hem-de sport mekdep-internatynyň okuwçy-türgenleriniň gatnaşmagynda “Ýaşlary döwlet tarapyndan goldamak” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Geçirilen wagyz-nesihat duşuşygynda “Ýurdymyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn durmyşyny üpjün etmek we olary köpçülikleýin sporta çekmek barada edilýän goldaw”, “Ýaş nesillerimizi ruhy taýdan ahlakly, watan söýji hem-de ýurdymyzy ösdürmekde ukyply ýaşlar edip ýetişdirmekde edilýän atalyk aladalar” şeýle-hem “Sport diplomatiýasy” temalary boýunça düşündiriş işleri geçirildi.
Bereket-bolçulygy, päk zähmete goýulýan belent sarpany alamatlandyrýan Hasyl toýuň dabaralary welaýatymyzyň ähli oba kendini, şäherçedir şäherlerini gurşap aldy. Welaýatymyzyň edermen pagtaçy babadaýhanlary 145 müň gektar gowaça ýetişdirilen ýerden “ak altynyň” 280 müň tonnadan gowragyny Watanymyzyň belent harmanyna goşup, Hasyl toýuny mynasyp zähmet üstünligi bilen garşyladylar. Nobatdaky ajaýyp zähmet üstünligi daýhanlarymyzyň topraga ýylboýy eden yhlasynyň ýerine düşendiginiň dabaralanmasyna öwrüldi. Bagtyýar ildeşlerimiz hem toý dabaralaryna egsilmez şatlyk we ruhubelentlik bilen gatnaşdy.
Milli Liderimiziň baştutanlygynda her ýyl uly dabara bilen bellenip geçilýän Hasyl toýunyň dabaralary daýhanlarymyzyň şatlygyna şatlyk goşdy. Şeýle toýly günde ýurdumyzyň hasyl ussatlaryna, janypkeş daýhanlara Gahryman Arkadagymyzyň Permany bilen Şa serpaýlarynyň gowşurylmagy, ene ýeri gözüniň göreji deýin saklap, ýurdymyzda datly nazy-nygmatlaryň, bazarlarymyzy bezeýän gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirýän daýhanlarymyzy zähmet üstünligine ruhlandyrdy.  Bu şatlykly pursat olaryň durmuşynda ýatdan çykmajak waka öwrüldi.
12-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Rejep Taýyp Ärdoganyň çagyrmagy boýunça Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşliginiň döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitine gatnaşmak üçin Türkiýe respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Ýurdumyz ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň çözgüdini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşyp, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, köptaraplaýyn oňyn hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça tagallalaryň birleşdirilmegine uly goşant goşýar. Ýurdumyz türki dilli döwletleriň Ýewraziýa yklymynda eýeleýän çäk taýdan uly giňişliginde netijeli söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek üçin bar bolan ähli mümkinçilikleri doly peýdalanmagy maksat edinýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň sport bilen meşgullanmaklary barada edýän atalyk aladalaryndan ugur alyp Ýurdymyzda “Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi tarapyndan meýilleşdirilen sport çärelerini, okuw-türgenleşik sapaklaryny we ýygnanşyklaryny geçirmegiň wagtlaýyn” tertibine laýyklykda, Ak bugdaý etrabynyň sport mekdebiniň sportuň Karate-do görnüşi boýunça tälimçi-mugallymlary ezber türgenleri taýýarlap-ýetişdirmek üçin gije-gündiz üznüksiz zähmet çekýärler. Tälim alýan türgenler öz tälimçi-mugallymlarynyň öwredýän inçe tilsimlerini ussatlyk bilen öwrenýärler hem-de ýurdymyzda geçiriljek welaýat, döwlet we halkara derejesindäki ýaryşlaryna taýýarlyk görýärler.
“Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda welaýatymyzyň pagtaçy kärendeçileri bereketli türkmen topragynda gowaçanyň ýerli toprak-howa şertlerinde ýokary hasyl berýän görnüşlerini ekip, ýokary hasyly ýetişdirdiler. Ata-babalarymyz “Zeri ýokdan zergär bolmaz, ýeri ýokdan daýhan bolmaz diýip aýdyp geçipdirler. Taryhyň dürli döwürlerinde şöhratly türkmen halky ýere seretmeklige we ondan bol hasyl almaklyga, zähmetini gaýgyrman daýhançylyk etmeklige üns beripdir. Bu häsiýetler halkymyzyň milliliginde bar. Berekede beslenen “ak altynly” pellerde pagta ýygymynyň gyzgalaňly dowam edýän günlerinde welaýatymyzyň janypkeş babadaýhanlary şertnamalaýyn borçnamalaryny ilkinjileriň hatarynda abraý bilen berjaý etdiler. Hasyl ussatlarynyň bu şanly ýylda gazanan nobatdaky üstünligi olaryň ýylboýy topraga eden yhlasynyň ýerine düşendiginiň dabaralanmasydyr. Şol bir wagtyň özünde pagtasy doly ýygnalan meýdanlarda aralyk ekinleri ekmek üçin ýerleri taýýarlamak işleri hem geçirilýär. Welaýatymyzyň, etraplarymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bolsa, möwsümiň ilkinji günlerinden pagtaçylaryň arasynda höweslendiriş çärelerini gurap, öňdebaryjy kärendeçileri, ýygymçylary, mehanizatorlary hem-de awtoulag sürüjilerini yzygiderli ýüze çykaryp, olary höweslendirdiler. Munuň özi pagta ýygymynyň depgininiň ýokarlanmagynda örän ähmiýetli boldy.
Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany”  ýylynda  dünýä derejesinde ösüşli sepgitlere ýetilýär. Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde her bir günimiz toýdyr baýrama, satlyk şowhuna beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, döwletimiziň ykdysady ösüşini hil taýdan täze derejä çykarmak, pudaklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Oba hojalyk pudagyndada amala aşyrylýan özgertmeler özüniň oňyn netijelerini berýär. 2021-nji ýylyň noýabr aýynyň 7-ne Tejen etrabynyň        Altyn asyr şäherindäki Pagta arassalaýjy kärhanada ýenede bir ajaýyp baýramçylyklaryň biri bolan Hasyl toý baýramy bellenilip geçildi. Babadaýhanlarymyzyň alyn deriniň, arly ýylky çeken zähmediniň miwesi bolan, bereketli hasylyň  baýramçylyk dabarasy bu baýramçylyk ýurdumyzyň ähli künjeklerini gurşap aldy. Bu baýramçylyga  sungat we medeniýet işgärleriniň aýdym sazly dabaraly çykyşlary baýramçylyk şatlygyna hasam şatlyk, şowhun goşdy. Bu baýramçylyga gatnaşan adamlar Gahryman Arkadagymyza köp köp alkyşlaryny aýtdylar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda Ahal welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligiň garamagyndaky Bäherden etrabynyň sport mekdebinde ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň saglygyny berkitmek hem-de olary ýurdumyzda bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty ösdürmekde türkmen sportuny dünýä derejesine çykarmakda ýaşlaryň arasynda bedenterbiýäni we sporty giňden wagyz etmek şeýle-de ýaş nesillermiziň, beden taýdan sagdyn, ruhubelent bolup ýetişmekleri üçin yzygiderli işler alynyp barylýar.
Ýurdymyzda “Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministirligi tarapynda meýilleşdirilen sport çärelerin, okuw-türgenleşik sapaklaryny we ýygnanşyklaryny geçirmegiň wagtlaýyn” tertibine laýyklykda türkmen Milli oýunumyz bolan küşt boýunça sport mekdebiniň binýadynda okuw-türgenleşik sapaklary uly depginde alynyp barylýar. Türgenleşik sapaklaryna gatnaşýan türgenler ýurdymyzda geçiriljek döwlet we halkara ýaryşlaryna ýaryşlara taýýarlyk görýärler.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda dünýä hojalyk ulgamyna işjeň goşulyşýan ata Watanymyz Türkmenistanyň ykdysadyýeti bedew bady bilen ösýär. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli döwlet syýasaty netijesinde ykdysadyýetimiziň oba hojalyk pudagy senagat ulgamy bilen deň derejede alnyp barylýar. Dünýäniň ösen döwletlerinde öndürilen ýokary derejeli oba hojalyk tehnologiýalarynyň ýurdumyza getirilmegi we pudagyň işiniň dürli ugurlaryna ornaşdyrylmagy, daýhanlaryň kämil tilsimatlar bilen üpjün edilmegi hem-de olara ýer we adam arasyndaky gatnaşyklary üstünlikli guramaga ýardam berýän ähli şertleriň döredilip berilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Ýurdumyzyň ykdysady kuwwadyny artdyryp, oba hojalygyny ösdürmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklaýan hormatly Prezidentimiziň welaýatlary mundan beýläk-de ösdürmekde, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmekde edýän tagallalarynyň ýerine düşýändigi  Watan harmanyna tabşyrylan bol hasyllarda aýdyň görünýär.
Ak altyn geňeşligindäki kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň uludan toýlanjak ýylynda Ak altyn obasyndaky çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda «Garaşsyzlyk-buýsanjymyz bagtymyz» atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabarada çagalar sungat mekdebiniň okuwçylary Hormatly Prezidentimizi hem-de Garaşsyzlygymyzy wasp edýän aýdymlary ýerine ýetirdiler. Şahamçanyň kitaphanaçysy tarapyndan «Garaşsyzlyk-köňülleriň nagşydyr» atly kitap sergisi şanly Garaşsyzlygymyza bagyşlanan dabara aýratyn ähmiýet berdi. Milli Liderimiziň ajaýyp eserleri bolsa, serginiň bezegine öwrüldi.
Türkmen halkynyň uzak taryhyndan habar berýän, ene-mamalarymyzdan miras galan dürli el işleri gyz-gelinlerimize nusgalyk bolup dowam edip gelýär. Türkmen zenanynyň döreden alajasynda gudratly, ruhy güýç bar. Çünki alajanyň keşbi, gözüň agy garasynyň keşbi gijäniň tümlüginiň, gündiziň ýagtylygynyň keşbi akyllary haýran edýän görnüşleriniň mysaly. Şonuň üçin alajada ala gözleriň, gije gündiziň owadanlygy ýaly täsin ajaýyp jadyly owadanlyk bar. Diýmek gözlerde täsir ediji ruhy güýç gudrat bar. Şonuň üçin gözleri haýsyda bolsa bir zada hyrydar seredende gözden görünmän çykýan şol güýçli şöhle, nazar has güýçlenip seredýän zadyna siňýärde kä halatlarda şol seredilen zadyň oňaýsyz  ýagdaýa düşmegine sebäp bolýar. Aňyrdan gelýän ynanjymyza görä, şol pursat çaganyň boýnunda gudratly alaja bar bolsa, seredýän gözden çykan güýçli nazar, ilki bilen, alaja siňýärde, togtaýar diýýärler. Alajanyň owadanlyk jadysy synçynyň nazaryny özüne çekýärde, ol alaja dakynany goraýar.  Diýmek, türkmen zenanynyň döreden alajasy “Göz degmeden” goraýan syrly sungat eken.Myhmanlar bilesigeljilik bilen alajalary synlap, haýran galyp, düzüm-düzüm edip alyp gidýärler.
Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda welosiped sporty meşhurlyga eýe bolýär. Gözel paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň binýadynda Welotrek binasynyň gurulmagy bilen, milli sport hereketiniň taryhynda täze sahypa açyldy. Çüňki şeýle görnüşdäki sport desgasy Türkmenistanda ilkinji gezek guruldy. Bu toplumyň gurluşygyna hiline diňe bir milli synag ýaryşyna gatnaşanlar däl, eýsem halkarar welosiped birleşmesiniň hünärmenleri hem ýokary baha berýärler.Bu ýerde döredilen şertler halkara ýaryşlaryny, şol sanda dünýä çempionatyny geçirmäge mümkinçilik berýär.
2021-nji ýyl “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly mynasybetli Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Gökdepe daýhan birleşiginde Galla oragynyň möwsüminde gallaçy kärendeçileriň meýdan düşelgesinde, Gökdepe etrap häkimligi, Gökdepe etrabynyň Jemgyýetçilik guramalary we etrap Medeniýet bölüminiň bilelikde gurnamagynda gallaçy kärendeçiler we kombaýnçylar, mehanizatorlar üçin aýdym-sazly medeni dynç alyş çäresi geçirildi. Medeni dynç alyş çäräniň konsertinde Gökdepe etrap Medeniýet bölüminiň ussat aýdymçylary eziz Watanymyzy, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüni wasp edýän, täze döredilen aýdymlary bilen çykyş etdiler. Medeni çäräniň geçýän ýerinde türkmeniň ak öýleri gurulup, türkmen saçagy giňden ýazyldy, türkmen milli tagamlaryň birnäçesi taýýarlanyldy. Medeniýet we sungat ussatlaryň  aýdym-saz çykyşlary boldy, kitaphana sergileri gurnaldy hem-de kärendeçiler ýurdumyzda gündelik çap edilýän neşirleri gazet-žurnalaryň habarlary bilen tanyşdylar. Meýdan düşelgesinde geçirilen medeni dynç alyş çäresi gallaçy kärendeçilerde we kombaýnçylarda, oba hojalyk işgärlerinde gyzykly täsirler galdyrdy.
Watanymyzy gülledip ösdürmäge, agzybir halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmaga ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, umumyadamzat  ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Türkmenistan – Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany”  ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy, Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy  belenilýän ýylynda Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen medeniýet ulgamynda uly işler amala aşyrylýar. Ak bugdaý etrabynyň medeniýet bölüminiň Ýaşyldepe oba medeniýet öýünde medeniýet hepdeligine bagyşlap çeper höwesjeňleriň arasynda “Biz bagtyýar çagalar” ady bilen çäre geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň şahsy göreldesi nesil terbiýesinde, raýatlaryň watançylyk, sowatlylyk, medenýetlilik derejesini ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Bu bolsa ýaş nesilleri kämilleşdirmek we ylymly-bilimli, watansöýji, ruhubelent, giň dünýägaraýşly, ýokary derejede sowatly, sagdyn ruhly, hünär bilimli we döwrebap nesiller edip ýetişdirmäge  gönükdürlendir.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetimizi gülläp ösdürmekde uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag ömri uzak, il-ýurt bahbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
“Türkmenistan – Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Sarahs etrap Geňeşi, Sarahs etrap bilim bölümi, Sarahs etrap Merkezi kitaphanasy bilen bilelikde Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça, Ýaşlary kitaphanalara işjeň çekmek maksady bilen , kitaphanalaryň hyzmatyndan peýdalanmagyň derejesini ýokarlandyrmak we onuň ähmiýetini ýaşlara giňden düşündirmek maksady bilen Sarahs etrabynyň 21-nji orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda maslahat duşuşygy  geçirildi.
Ýurdumyzda adam hakdaky alada döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan  ugurlarynyň biri bolmak bilen ilatymyzyň saglygyny dürli kesellerden gorap saklamakda döwlet derejesinde uly işler alnyp barylýar. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, «Awaza»  milli syýahatçylyk zolagynda raýatlarymyz üçin dynç alşy bökdençsiz guramak maksady bilen, Dolandyryş merkeziniň döredilmegi “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň iş ýüzünde ýerine ýetirilýändiginden nyşandyr.
Ýakynda Kaka etrap Medeniýet bölüminiň mejlisler zalynda hormatly Prezidentimiziň “Ak şäherim Aşgabat” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara Kaka etrabynyň jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, bilim işgärleri şeýle hem, Medeniýet bölüminiň döredijilik toparynyň işgärleri işjeň gatnaşdylar.
Kitapda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzy ösdürmekde gazanylan üstünlikler hakynda jikme-jik gürrüň berilýär. Bu eseri okap, milli Liderimiziň zehinine, häzirki zamanyň ösen şähergurluşyk ylymlaryndan baş çykaryp, iň täsin taslamalary hem ýokary netijelilik bilen durmuşa geçirmek ussatlygyna haýran galýarsyň. Täze kitap döwlet Baştutanymyzyň Watanymyza, paýtagtymyza, mähriban halkymyza çuňňur söýgüsinden döräpdir.  Munuň şeýledigine kitapda ählimiziň söýgüli şäherimiziň üýtgeşik gözelligini açyp görkezýän, döredijilik duýgurlygy bilen saýlanyp alnan fotosuratlarda hem aýdyň görmek bolýar.
Gülden näzik göwnümizi galkyndyrýan Berkarar döwletimiziň bagty-ýarlyk döwri Ýurt Baştutanymyzyň saýasynda ,,Türkmenistan Parahat-çylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Garaşsyz Diýarymyzyň at-abraýynyň dünýä dolýan döwri. Gözel Diýarymyzyň ähli künjekleri türkmen bedewiniň milli baýramy, türkmen Alabaýynyň baýramy myna-sybetli dabaraly çäreler bilen utgaşyp gidýär. Ynha bugün hem biziň Sarahs etrabymyzyň Medeniýet öýünde Sarahs etrap häkimliginiň, jem-gyýetçilik guramalarynyň hem-de medeniýet öýüniň  guramagynda ,,Aýagy ýelden bedeni gülden bedew “ atly dabaraly çäre geçirildi. Bu çärede türkmen bedewiniň we türkmen Alabaýynyň waspy aydym-sazyň owazy bilen belentden belent ýaňlandy. Baýramçylyk dabarasynda ýaňlanan aýdymdyr sazlar dabara gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady. Dabaranyň dowamynda merkezi kitaphananyň işgärleri Gahryman Arkadagymyza ýürekden alkyşlar aýdyp, türkmen bedewiniň we türkmen Alabaýynyň baýramy bilen gutladylar.
Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda
Bäherden  etrap  medeniýet  bölüminiň  medeniýet merkeziniň iş meýilnamasy esasynda “Türkmeniň bedewiniň milli baýramy we Türkmeniň alabaýynyň” baýramyna bagyşlanyp, Bäherden etrabynyň Börme obasynyň gök-ýaşyl öwsüp oturan meýdan düzlüginde milli mirasymyza degişli bolan,  Türkmen halysynyň, hem-de şaý seplerimiziň Türkmen bedewiniň we Türkmen alabaýyny wasp edýän suratlary,Hormatly Arkadagymyzyň  keramatly  kitaplaryndan,“Türkmeniň bedewiniň we Türkmeniň alabaýynyň” dürli  pudaklaýyn  eserlerden sergi guralyp, aýdym-saz, “Bäherdeniň läleleri” folklor toparlarynyň we skiripkaçylar toparynyň çykyşlarynyBäherden etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Hojageldiýewa Aýnajemal özüniň ýürek buýsanjyny goşgy setirleri bilen beýan etdip “Miras” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.
Bäherden etrap medeniýet bölüminiň işgärleri, ähli türkmen halkyny, Mähriban Arkadagymyzy “Türkmeniň bedewiniň milli baýramy we Türkmeniň alabaýynyň” baýramy bilen gutlap, bize şeýle mümkinçilikleri  döredip  berenligi  üçin Hormatly Prezidentimiziň, Mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli ähli tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap Geňeşi we etrap jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän jemgyýeti kemala getirmekligi gazanmak maksady bilen Babadaýhan etrabynyň Medeniýet öýüniň mejlisler jaýynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
ALÇA ŞIRESI
Bu şiräni taýýarlamak üçin : 1 kg miwesi, 100 g şeker, 1 litr suw gerek. Alçanyň arassalanylan miwelerini pessaý otda 1-2 sagatlap gaýnatmaly hem-de ony elekden geçirmeli. Alnan pürä şeker we suw goşup täzeden gaýnadyp, sowanyndan soň islän wagtyňyz içibermeli.
ÇITÇITI ŞIRESI
Şiräni taýýarlamak üçin: 1 kg ýaşajyk çitçiti oty we 1 litr suw gerek. Çitçitiniň ýaşajyk ýapraklaryny baldagy bilen et üwelýänden geçirmeli hem ony 0,5 litr gaýnadylyň sowadylan suw guýup buglamaly hem-de şiräni hasadan geçirmeli. Sykylyp çykarylan şireden galanyny ikinji gezek et üwelýänden geçirip, oňa suw guýup ýene sykyp şiresini almaly. Ikinji gezekdäki alnan şiräni birinji bilen garmaly.
Alnan şire dürli ýarym witaminli içgileri we tagam beriji hoşboýlyklary taýýarlamakda ulanylýar.Şiräni uzak möhletli saklamak üçin ony ýarym litrlik aýna gaba guýup, 65-70 dereje gyzgynlykda 15 minutlap gaýnatmaly we agzyny berk ýapyp, salkyn ýerde saklamaly.
Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň agza döwletleriniň ählisi bilenTürkmenistany dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk we birek-biregi hormatlamak ýörelgelerine esaslanan taryhy gatnaşyklar, köpýyllyk hyzmatdaşlyk birleşdirýär. Bularyň hemmesi düşnükli we açyk ýörelgelerde özara ýakynlaşmagyň, netijeli gatnaşyklary ýola goýmagyň, hyzmatdaşlygyň ugurlaryny we görnüşlerini işläp taýýarlamaga çemeleşmeleriň goşmaça şerti bolup hyzmat edýär.
Babadaýhan etrabynyň Medeniýet bölüminde 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlar bilen duşuşyk geçirildi.
Etrap merkezi kitaphanasynyň guramagynda geçirilen duşuşykda zähmet weteranlary bagtyýar durmuşda ýaşaýandyklaryny uly buýsanç bilen bellediler. Duşuşykda teatr artistleriniň görkezen edebi-sazly kompozisiýasy gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Kitaphana hünärmenleri hormatly Prezidentimiziň ajaýyp eserleri «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» atly kitaplarynyň baý many-mazmuny barada täsirli gürrüň berdiler. Duşuşyga gatnaşyjylar halkyny asuda, parahat, abadan durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza özleriniň alkyş sözlerini aýtdylar. Duşuşygyň çäginde kitap sergisi hem guraldy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýeti köpugurly ösdürmek babatda alnyp barylýan giň gerimli işleriň netijesinde, ýurdumyzda dürli görnüşli önümleriň öndürilişi barha artýar. Welaýatlarda gurlan senagat kärhanalary we toplumlary, oba hojalygynyň önümçilik binalary ykdysady ösüşiň uly geljeginiň bardygyndan habar berýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan esasy oba hojalyk we senagat önümleri babatda özüni doly üpjün edýän hem-de taýýar önümleri dünýä bazarlaryna çykaryp bilýän döwlete öwrüldi.
Türkmenistan demokratiýany, adam hukuklaryny, ynsanperwerligi we adalaty dabaralandyrmakda özüniň asyrlarboýy arzuwlap gelen röwşen ýoluny saýlap aldy. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna we demokratik ýörelgelere esaslanyp, halkymyzyň däp-dessurlaryna, medeni gymmatlyklaryna pugta eýermek bilen, halkara giňişliginde uly abraýa eýe boldy. Alnyp barylýan işlerde hormatly Prezidentimiziň depginli ösüşi nazarlaýan ynsanperwer, öňdengörüjilikli we parasatly syýasaty aýdyň şöhlelenýär.
Hormatly Prezidentimiziň Mähriban Arkadagymyzyň 2021-nji ýyly “Türkmenistan-Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany”diýip atlandyrmagy bilen Tejen etrap Medeniýet bölüminiň Babadaýhan geňeşligindäki oba medeniýet öýünde 2021-nji ýyl Bütin dünýä Saglyk güni, Türkmen Bedewiniň we Türkmen Alabaýynyň baýramy mynasybetli ýaş çeper höwesjeňleriniň gatnaşmagynda  sergi gurnaldy.
Sergide çeper höwesjeňler halkymyzyň milli buýsanjy bolan bedewlerimiziň ýyndamlygyny,gözelligini türkmen alabaýynyň wepalylygyny belent duýgyda wasp edýän eserleri giňden ýaýbaňlandyryldy. Türkmen bedewiniň we Türkmen Alabaýynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda alyp barýan işleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň jany sag başy dik ýurdy abadan bolsun!
,,Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany“ ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap geňeşi we etrabyň iri jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça, ýurdumyzyň gelejegi bolan ýaş nesillerimizi ylymly-bilimli edip terbiýelemek bilen bir hatarda,olaryň berk bedenli, boş wagtlaryny ýerlikli peýdalanmagyny, bidüzgünçiliklerden, ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak, ýüze çykýan nogsanlyklaryň öňüni almak maksady bilen Tejen etrabynyň 23-nji orta mekdebinde bilim alýan ýaşlaryň arasynda ,,Ýaşlar kämillige tarap” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
2021-nji ýylyň 26-nji aprelde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar gurmasynyň  Ahal welaýatynyň  Ak bugdaý etrabynyň   sport we ýaşlar syýasaty bölümi bilen bilelikde guramaklartynda „Türkmenistanda sport we ýaşlar syýasatyny ösdürmegiň kämil ýollary”ady bilen maslahat duşuşygny guramaçylykly geçirmegni gazanmaly. Çärä  gatnaşdylar TMÝG-nyň Ak bugdaý etrap Geňeşini we IÝG-nyň agzalary,Ak bugdaý etrabynyň sport we ýaşlar syýasaty bölümi gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna türkmen halkynyň ajaýyp däplerini girizmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Şolaryň hatarynda alabaý tohum itlerini ösdürip ýetişdirmek işiniň hem bolmagy bizi begendirýär, guwandyrýar. Milli Liderimiz “Türkmen alabaýy” atly kitabynda: «Alabaý ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygydyr, ony gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljek nesillerimize ýetirmek biziň borjumyzdyr» diýip ýazýar.
Häzirki wagtda türkmen alabaýy dünýäde meşhur tohumlaryň biridir. Ýurdumyzyň seçgiçileriniň alyp barýan işleri hem-de alabaýyň arassa ganlylygyny saklamagyň netijesinde, ol biziň günlerimize çenli özüniň asyl keşbini saklap geldi. Türkmen alabaý itleri dünýäniň goragçy tohum itleriniň hatarynda öňdäki orny eýeleýär we hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, alabaýlaryň tapawutly aýratynlyklarynyň birini hem ýitirmezligi üçin olary diňe hünär derejesinde köpeltmek zerurdyr. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlyga ähmiýetli orun berilýär. Hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy — ÝUNESKO we beýleki iri guramalar, şol sanda daşary ýurtlaryň assosiasiýalary, şeýle hem dünýäniň dürli döwletlerinden ýuridik şahslar we hususy itşynaslar bilen uzak möhletli hyzmatdaşlyk ýola goýulýar.
Daşary işler ministrliginiň çärýekde bir gezek neşir edilýän “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly ylmy-tejribe žurnalynyň şu ýyldaky birinji sany çapdan çykdy. Žurnal milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasy doktrinasynyň ileri tutulýan möhüm ugurlary barada gürrüň bermek bilen, halkara bileleşigiň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň öňünde durýan belent maksatlara hem-de möhüm wezipelere oňat düşünmegine ýardam edýär. Neşiriň sahypalarynda şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda hormatly Prezidentimiziň halkara syýasy işjeňligine aýratyn orun berilýär.
”Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça milli maksatnamasyna” laýyklykda ýurdumyzyň birnäçe obalarynda ýaşaýyş jaýlaryň  gurluşyk işleri alnyp barylýar. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly geňeşliginiň çäginde 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň birnäçesiniň gurluşyk işleri alnyp barylýar. Gurluşyk işlerini Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli bolan hususy kärhanalar tarapyndan alnyp barylýar.
Bitarap Türkmenistanyň BMG-niň nobatdaky wajyp resminamasynda öz beýanyny tapan, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda işjeň durmuşa geçirilýän netijeli daşary strategiýasy ýene-de bir gezek dünýä bileleşiginiň goldawyna eýe boldy. BMG-niň 75-nji sessiýasynyň 59-njy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny” atly Kararnamasy biragyzdan kabul edildi. Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň 72-si bu Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başda durmagynda halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, saglygynyň goraglylygyna gönükdirilen işler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän ýylynda Ak bugdaý etrabynyň sport mekdebinde Ak bugdaý etrap merkezi kitaphanasy Ak bugdaý etrabynyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň işgärleri bilen bilelikde saglyk aýyna bagyşlap, “Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar” ady bilen çäre geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan “Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur” atly we beýleki sport, saglyk baradaky kitaplaryndan gürrüňdeşlik geçirildi.
Berkarar  döwletimiziň  bagtyýarlyk  döwründe  hormatly Prezidentimiziň  parasatly  ýolbaşçylygynda  türkmen  medeniýetiniň, sungatynyň  kämil  döwrebap  ösüşleriniň  has-da  rowaçlanmagyna,  milli medeniýetimiziň,  sungatymyzyň  äleme  ýaýylmagyna  giň  ýol  açyldy.  Ösüşleriň aýgytly  ýoluna  düşen medeniýetimiziň belent derejesine ýetmegi üçin taýsyz tagallalar edýän mähriban  Arkadagymyza halkymyzyň hoşallygy çäksizdir.
Buýsançly geçmişimiziň irki döwürlerine uzap gidýän menzillerini yzarlasaň hem goja taryhyň sahypalaryny zer harplar bilen ýazan pederlerimiziň ösen medeniýetleri döredendigine düşünýärsiň.
Türkmenistanyň medeni syýasatynyň esasy maksady, ýurdumyzda adamyň, jemgyýetiň, döwletiň ruhy kämilliklere eýe bolmagy üçin zerur talaplardan ugur alyp, ösýän hem özgerýän milli medeniýetimiz, sungatymyz halkymyzyň ruhy ýüzüdir.
Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatynyň netijesinde daşary döwletler bilen söwda-ykdysady we dostlukly gatnaşyklar güýçli depginde ösdürilýär. Ýakynda Ýaponiýa döwletinde öndürilýän ýer gazýan hem-de awtomobil tehnikalarynyň Türkmenistana getirilmeginiň meseleleri, Tokio şäherinde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon  komitetiniň 14-nji mejlisini geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň döwlet gurluşynda täze kanun çykaryjy edara – Halk Maslahaty döredildi. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň iki palatasynyň bilelikdäki birinji mejlisini geçirdi. Bilelikdäki mejlis täze açylyp ulanylmaga berlen Halk Maslahatynyň Diwanynyň ajaýyp binasynda geçirildi. Mejlisde guramaçylyk meselelerine garaldy we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň öňündäki wezipeleriň ugurlary kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň täze düzüminiň ýurdumyzyň Hökümeti bilen ysnyşykly işlejekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigini geçirmek barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilelikde yglan eden bäsleşiginiň Düzgünnamasyna laýyklykda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Medeniýet bölüminde,  etrap gözden geçiriş tapgyryna şu günlerden guramaçylykly taýýarlyk görülýär.
2021-nji ýyl “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda giňden belleniljek mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy, Watanymyzyň paýtagty Aşgabat şäheriniň şanly 140 ýyllygy baýramy mynasybetli “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigine gatnaşjak çeper höwesjeňler özleriniň çykyşlarynda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüni, eziz Watanymyzy, bagtyýar halkymyzy, gazanylýan beýik zähmet ýeňişlerini joşgunly wasp edýän, estrada kompozitorlarynyň döreden ýa-da türkmen halk aýdymlaryndan öz islegi boýunça saýlap alyp, aýdymlaryny sazandalar toparynyň sazandarlyk etmeginde aýdymy janly ýerine ýetirmeli.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetimizi, sungatymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek hem-de kämilleşdirmek bilen bagly amala aşyrýan bimöçber işleri bilen medeniýet we sungat, döredijilik işgärlerini täze döredijilik gözleglerine ruhlandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, umumyadamzat  ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.
№1. Çerbiýäniň köki 20,0, çopantelpegiň gülleri 20,0, eşekýorunjanyň oty 20,0, zygyryň tohumy 30,0. Agyz  bilen bokurdagyň çaýkalanda ýyly jöwheri nemli bardajyklaryň  sowuklamasynda ýumşadyjy serişde hökmünde peýdalanylýar.
№2. Dub agajynyň gabygy 50,0, ýakymlyjanyň  oty 40,0, çerbiýäniň köki 10,0. Jöwheri bilen agyz boşlugy  hem  bokurdak  çaýkalyp, sowuklamada ulanylýar.
№3. Itburunyň miweleri 100,0. Bir bulgur gaýnagy demkeşe guýup, içine miweleriniň 5-6 çemçesini atmaly. Melhem sowuklamadan ýüze çykýan islendik sökelliklerde  bedeniň  garşylygyny  ýokarlandyrýar, çalt   sagalmaga ýardam  edýär. Çaý içen ýaly ulanylýar.
Ahal welaýatynyň  Bäherden etrabynyň 2-nji orta mekdebinde  Türkmenistanyň  Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Ahal welaýatynyň  Bäherden etrap Geňeşi, tarapyndan  hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti kemala getirmek ugrundaky tagallalaryny ýaşlara düşündirmek maksady bilen  “Ýaramaz endikleriň garşysyna milli ruh bilen” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
2021-nji ýylyň aprel aýynyň 09-na  Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky  Ýaşlar guramasynyň Gökdepe etrap Geňeşi tarapyndan  Gökdepe  etrabynyň 26-njy orta mekdebinde Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň  2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasynyň 25-nji punkty boýunça ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, olaryň ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmaklaryny gazanmak, zyýanly endikleriň adamyň saglygyna ýetirýän zyýany baradaky sowatlylygyny ýokarlandyrmak, arassa ahlaklylyk, millilik meselelerine bagyşlanan wagyz-nesihat ähmiýetli duşuşyk çäresi geçirildi. Diýseň manyly çykyşlara baý bolan bu wagyz-nesihat ähmiýetli duşuşyk çäresi ýaşlarymyzda diýseň täsir galdyrdy.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşi, Ahal welaýat Baş bilim müdirligi bilen bilelikde tassyklamagynda 2021-nji  ýylyň  “Türkmenistan – parahatçylygyň
we  ynanyşmagyň Watany” ýyly diýip yglan edilmegi we Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy hem-de Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli welaýatyň mekdep okuwçylarynyň arasynda geçiriljek “Aziýanyň merjeni ak şäherim Aşgabat” atly
döredijilik bäsleşiginiň
DÜZGÜNNAMASY
Bäsleşigiň esasy maksady Hormatly Prezidentimiziň: “Çagalar, siz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli aýdym-saz sungatymyzyň ösmegine goşant goşmak üçin mydama döredijilik gözleglerinden bolmalysyňyz. Bilim-ukybyňyzy, zehiniňi okuwda, aýdym-saz, sungat äleminde, çeper döredijilikde uly üstünlikleri gazanmaga gönükdirmelisiňiz we milli sungatymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmalysyňyz” diýen sargytlaryndan, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň bagtyýar nesilleriniň bolelin durmuşda ýaşamagy, şadyýan, sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, geljekde Watanymyza peýdaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin durmuşa geçirýän beýik işlerinde, berýän gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, ösüp gelýän ýaş nesilleriň sungata, döredijilige bolan söýgüsini artdyrmakdan, bilimlerini kämilleşdirmekden, zehinli çagalary ýüze çykarmakdan we olary gollamakdan, olaryň ähli taraplaýyn kämil ýaşlar bolup ýetişmeklerini gazanmakdan ybaratdyr.
Bäsleşige ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 8-11-nji synplarynda okaýan mekdep okuwçylary gatnaşyp bilerler.
I Bäsleşigiň geçiş tertibi
1. Bäsleşik  jemi  2  ugurdan ybarat bolup, onuň 1-nji ugry goşgy ýazmak, Watanymyzyň ösüşini Ak şäherimiz Aşgabady wasp edýän goşgular. 2-nji ugry surat çekmek ýurdumyzyň ösüşini beýan etmek, “Aziýanyň merjeni ak şäherim Aşgabat” atly temadan.
II bäsleşigiň geçiş tertibi we wagty:
“Aziýanyň merjeni ak şäherim Aşgabat” atly döredijilik bäsleşigine welaýatymyzyň orta mekdeplerinde bilim alýan 8-11-nji synplarynda bilim alýan mekdep okuwçylar Türkmen, Rus, Iňlis dillerinde ýazan goşgulary, çeken suratlary bilen gatnaşyp bilerler. Döredijiligiň ýaş wekilleri bäsleşigiň diňe bir ugry we görnüşi boýunça gatnaşyp başarnyklaryny görkezip bilýärler.
Bäsleşik bir tapgyrda geçirilip, goşgular (Iň azyndan üç sany) we suratlar (2 sany) Ahal welaýat Baş bilim müdirligine 2021-nji ýylyň 5-nji maýyna çenli tabşyrylmalydyr.
Bäsleşige hödürlenjek suratlar 50X70 sms ölçegde, daşy ramkalanan we guwaş bilen kompazisiýa görnüşinde çekilen bolmaly.
Bäsleşik 2021-nji ýylyň maý aýynyň 19-na çenli jemi jemlener.
III Bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitlemek we sylaglamak:
“Aziýanyň merjeni ak şäherim Aşgabat” atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini kesgitlemek üçin döredijilik, sungat bäsleşigini yglan eden edara-guramalaryň wekillerinden düzülen eminler topary döredilýär. Eminleriň çykaran netijesi gutarnyklydyr.
Bäsleşikde ýeňiji bolan okuwçylar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary we hormat hatlary bilen sylaglanarlar.
Habarlaşmak üçin telefon belgimiz: 80012-57-43-57
Täsin gurluşly haşal derman ösümligiň dünýäde takmynan 1700, Türkmenistanda 3 görnüşi duşýar. Ösümlik iýun-iýul aýlarynda gülleýär, awgust-sentýabrda miweleri ýetişýär.  Eýran itüzüminiň  dermanlyk  maksatlary  üçin baldagy we köki çig mal bolup hyzmat edýär. Ösümligiň baldagynda we ýapragynda 0,62-0,82% alkaloidler (solasonin, solomargin, solapersmin, solasodin) bar. Miwesinde uglewodlaryň 4-4,7% çenli glýukoza, fruktoza,, saharoza, 0,2-1,03% organiki turşylyklar (limon,sadap, alma) bar. Mundan başga-da karatinoidler, C witamini, ýaglatyň hem tokoferolyň barlygy kesgitlendi. Türkmen milli tebipçiliginde hem halk lukmançylygynda eýran itüzüminiň kökünden taýýarlanylan dermanlyk şerbetini irki wagtlardan bäri merezýelde haýyrlanyp gelinýär. Halk lukmançylygynda ösümligiň baldagyndan taýýarlanylan jöwheri hem peti ýiti respirator kesellerinde, bronhitde, gökbogmada, dem gysmada, işiazda, sarygetirmede, guragyryda, deri  sökelliklerinde  peýdalanylýar.
Babadaýhan etrabynyň Sport mekdebinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Babadaýhan etrap merkezi kitaphanasynyň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Babadaýhan etrap komitetiniň bilelikde guramagynda «Saglygym – baş baýlygym» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa etrap Sport mekdebinde zähmet çekýän mugallymlar gatnaşdy. Duşuşykda ýurdumyzda sporta we bedenterbiýä berilýän üns, bu ugruň döwrebap derejede ösmegi babatda durmuşa geçirilýän işler, sagdyn durmuş ýörelgelerine birkemsiz eýermegiň ähmiýeti dogrusynda gürrüň edildi. Kitaphana hünärmenleri hem Hormatly Prezidentimiziň galamyna degişli bolan ajaýyp eserlerinde ynsan saglygyny berkitmekde berilýän gymmatly maglumatlar barada gürrüň berdiler.
Duşuşygyň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň kämil paýhasyndan kemal tapan eserlerinden kitap sergi gurnaldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar ýurdumyzda milli sporty ösdürmekde we jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmekde beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag bolmagyny, döwletli tutumlarynyň rowaç almagyny arzuw etdiler.
,,Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany”ýylynyň
Bahar paslynyň gelmegi bilen Bäherden  etrap  medeniýet  bölüminiň  medeniýet merkeziniň iş meýilnamasy esasynda “Milli bahar” baýramyna bagyşlanyp, Arçman şäherçesiniň gök-ýaşyl öwsüp oturan meýdan düzlüginde milli mirasymyza degişli bolan,  türkmen halysynyň, milli senedimiz bolan dutar hem-de şaý seplerimiziň sergisi guralyp, aýdym-saz, “Bäherdeniň läleleri” folklor toparlarynyň çykyşlary “Türkmen owazy” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.
Ahal durmuşy gazýetiniň 2021-nji ýylyň mart aýynyň 24-däki sanynda bolsa, etrap medeniýet merkeziniň Akdepe oba medeniýet öýüniň aýdym-saz ýolbaşçysy Gülkamar Seýitgulyýewanyň “Ýerde Nowruz hormaty...” atly makalasynyň çap edilmegi bilen, etrap medeniýet işgärleri, ähli türkmen halkyny, Mähriban Arkadagymyzy “Milli Bahar” baýramy bilen gutlap, bize şeýle mümkinçilikleri  döredip  berenligi  üçin Hormatly Prezidentimiziň, Mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli ähli tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda ýurdumyzyň  ähli  künjeklerinde  döwrebap ajaýyp giň ýollaryň  hem-de  köprüleriň birnäçesi gurlup ulanmana berilýär. Şolaryň biride Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Saglyk binasyndan Bagabat şypahanasyna barýan ýol döwrebap derejede gurlupdyr. Onuň ini 16 metr uzynlygy bolsa 670 metre deňdir.
Türkmenistanyň önümçilik kuwwatny artdyrmakda, ykdysadyýeti ösüşiň innowasion ýoluna geçirmekde, senagaty täze ugurlary höweslendirmegiň hasabyna diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde döwlet we hususy hyzmatdaşlyga möhüm orun berilýär. Diýarymyzyň haryt öndürijilerine ýardam etmek boýunça syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde import harytlarynyň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça kärhanalar açylýar. Işewür başlangyçlary goldamak boýunça amala aşyrylýan işjeň we yzygiderli syýasat öz miwelerini berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlar ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ylymly-bilimli, Watana, halka, beýik pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly, ruhubelent, maksada okgunly, zähmetsöýer ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, häzirki zaman enjamlaryndan oňat baş çykarýan, başarjaň hünärmenleri taýýarlamakda has ýokary netijeleri gazanmak baş wezipelerdir.
Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesil çäksiz alada bilen gurşalýar hem-de ýaşlaryň bilim almagy, hünär öwrenmegi we ählitaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda guwandyryjy işler durmuşa geçirilýär.  2020 — 2021-nji okuw ýylynyň dowamynda 10-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirilmegi däbe öwrülen okuw dersleri boýunça “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly  bäsleşigiň döwlet tapgyry Ak bugdaý etrabynyň takyk we iňlis dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen  27-nji orta mekdebinde 2021-nji ýylyň aprel aýynyň 5-ine we 8-ine  guramaçylykly geçirildi. Bäsleşikde welaýatymyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinden zehinli  okuwçylarynyň          22-si baýrakly orunlara mynasyp boldular. “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly  bäsleşigiň  döwlet bäsleşiginde ýeňiji bolan zehinli okuwçylarymyzy üstünlikleri bilen gutlaýarys!
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan başy başlanan, raýatlaryň bähbitlerine, demokratiýanyň kämilleşmegine, halk häkimiýetiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen konstitusion özgertmeler jemgyýetiň syýasy ulgamynyň özgermegi hem-de milli parlamentiň ösüşi üçin zerur şertleri üpjün edýär. Iki palataly parlamentiň döredilmegi bilen, kabul edilýän kanunlaryň hiliniň hem-de kanunçylyk namalaryny kabul etmekde syýasy partiýalaryň ornunyň has-da ýokarlanmagy üçin täze mümkinçilikler döreýär. Türkmenistanyň ösen syýasy ulgamly, özygtyýarly döwlet hökmündäki abraýy barha belende göterilýär.
Täsin dermanlyk ösümligiň dünýäde takmynan 75, Türkmenistanda  16   görnüşi  gabat  gelýär. Boýdäne ýurdumyzdaky  seýrek  ot- çöpleriň hataryna girýär. Ösümligiň tohumy- dänesi dermanlyk maksatlary üçin çig mal bolup hyzmat edýär. Boýdänäniň tohumynda steroidler , sitosterina, rutin we beýleki wajyp maddalar saklanýar. Dermanlyk hem iýmitlik ösümlik türkmen halk lukmançylygynda irki zamanlardan  bäri ulanylyp gelinýär. Ony jynsy gowşaklykda ýa-da bedeniň endokrin sazlaşygynyň bozulmagy bilen baglanşykly jynsy gatnaşyklary amala aşyrmakdaky işleriň peselmeginde, bronh demgysmasynda peýdalanylýar. Boýdänäniň tohumyndan taýýarlanylan dermanlyk peti bedeniň gormonal fonuny kadalaşdyrýar, bronhlaryň ýylmanak myşsalarynyň  gysylmalaryny dep edýär,  çökündileriň hem galyndylaryň çykmagyny  üpjün edýär, içki agzalarda  ýakymly amatlyklar döredýär.
Raýatlaryň saglygy we abadançylygy baradaky alada Milli liderimiziň hemişe özüniň üns merkezinde saklanýar. Şonuň netijesinde hem ýurdumyzda döwrebap şypahanalar, saglyk merkezleri hem-de hassahanalar gurlup ulanmana berilýär. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň çäginde gurlup ulanmana berlen “Ahal welaýat ýokanç keseller hassahanasy” 3 gatdan ybarat bolup, birbada 200 sany näsagy kabul edip bilýär. Bu hassahanada dürli howply ýokanç keselleriň öňüni almak we olary bejermek üçin zerur bölümler hem-de barlaghanalar halka hyzmat edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti mähriban  Arkadagymyzyň 2021-nji ýyly ,,Türkmenistan-Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýip atlandyrmagy bilen Sarahs etrap medeniýet bölüminiň medeniýet merkezinde iş meýilnamasy esasynda ,,Türkmenistan-Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly mynasybetli ,,Milli bahar baýramy-Parahatçylygyň, dost-doganlygyň baýramy” ady bilen aýdym-sazly medeni çäre geçirildi. Sarahs etrap merkezi kitaphanasynyň we medeniýet işgärleriniň gatnaşmagynda ,,Bereket nuruny saçan Nowruzym” ady bilen ertirlik hem-de mähriban Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplaryndan sergi gurnadylar. Sarahs etrap medeniýet merkeziniň ,,Sarahs nagmalary” folklor-tans toparlarynyň çykyşlary, aýdymçylaryň aýdym-sazynyň owazy belentden-belent ýaňlandy. Her bir günümizi, durmuşymyzy, zamanamyzy toý-baýrama besleýän hormatly Prezidentimize ýürekden alkyşlar aýtdylar.
Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň tebigy zehin-başarnygyny doly ýüze çykarmak, ösdürmek we olaryň ylym-bilime höwesini artdyrmak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Muňa mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän taslama-döredijilik bäsleşikleri-de aýdyň mysaldyr. Ine, şolaryň biri-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan şu ýylyň 15-16-njy martynda geçirilen, ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda yglan edilen «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşigiň çäklerinde guralan ylmy-döredijilik taslama bäsleşiginiň jemleýji tapgyrydyr.
Bu bäsleşigiň maksady hormatly Prezidentimiziňokuwçylaryňtebigy zehin-başarnygyny ösdürmek, häzirki zamanyňýokary talaplaryna laýyk döredijilikli pikirlenýän ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek baradaky talaplaryny berjaý etmekden, olary hünäre ugrukdyrmak hem-de okuw dersleri boýunça ylmy-döredijilik işi bilen meşgullanýan zehinleri ýüze çykarmakdan we höweslendirmekden ybarat boldy. Elbetde, zehinli okuwçylaryňylmy-döredijilik taslama işlerinde milli Liderimiziňylym-bilim ulgamynda öňde goýýan wezipeleridir bildirýän talaplary, döwrebap ösüşiňugurlary özboluşly beýanyny tapýar.
«Altyn asyryňaltyn zehinleri» atly bäsleşigiň çäginde geçirilýän ylmy-döredijilik taslama bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda  ynsanperwerlik we durmuş bilimleri ylmy ugry (Türkmenistanyň taryhy) boýunça  welaýatymyzyň Sarahs etrabynyň 18-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçylary Mähriban Babajanowanyň, Nurmuhammet Maksadowyň «Türkmenistanyň ýadygärlikleriniň ensiklopediýasy» ylmy-taslama işi ikinji orna, takyk ylmy ugurly dersler boýunça  Tejen şäheriniň tebigy ugurly okuw dersleri  çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen umumybilim berýän 3-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Adyl Nurberdiýewiň we  Tejen şäheriniň  8-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy  Öwezgeldi Agajanowyň  «Suw  baýlyklaryny  obasenagat  toplumynda  rejeli peýdalanmak we önüm bolçulygyny döretmek»  ylmy-taslama işleri emin agzalary tarapyndan üçünji  orna mynasyp görüldi.
Ylmy-döredijilik taslama işleri üçin Bilim ministrligi tarapyndan diplomlara we ýadygärlik sowgatlara mynasyp bolan okuwçylary gazanan ýeňşi bilen gutlaýarys. Zehinli ýaşlara ylym-bilim dünýäsinde geljekde hem üstünlikler hemra bolsun!
2021-nji ýyl«Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Halkara Nowruz baýramy mynasybetli Agalaň geňeşligindäki oba medeniýet öýinde «Bahar gelse,gül açylar baglarda,gül yşgynda şeýda bilbil saz eýlär» ady bilen aýdym-sazly medeni çäre geçirildi.Çärede Agalaň geňeşligindäki ýaş höwesjeňler  gatnaşmagy esasynda çykyş etdiler.Bu çäre Medeniýet we sungat işgärleri ,mekdep okuwçylary gatnaşdylar.Çäräniň dowamynda  Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň,bagtyýarlyk döwründe ýaşaýan bagtyýar raýatlaryň saglygy ugrunda Gahryman Arkadagymyzyň edýän aladalary dogrusynda çykyş edip,minnetdarlyk sözlerini aýtdylar.Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, ýurdy abadan bolsyn!
Hormatly Prezidentimiziň döwletimizi ösdirmegiň täze tapgyrynda öňe sürýän başlangyçlarynyň hatarynda ýurdyň medeniýetini, ylmyny kämilleşdirmek, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek wezipeleri bolup, olar adamzadyň ruhy genji-hazynasyna uly goşant goşan türkmen halkynyň baý medeni mirasyny hemmetaraplaýyn öwrenmäge we dünýä ýaýmaga ýardam edýär. Medeniýet-adamzat tarapyndan döredilen we döredilýän, şahsyýetiň sazlaşykly ösdürilmegine, watançylygy terbiýelemäge, ýokary ahlaklylyk we ruhy ahlaklylyk häsiýetlerini kemala getirmäge, Türkmenistanyň raýatlarynyň estetiki talaplaryny, bähbitlerini kanagatlandyrmaga gönükdirilen maddy we ruhy gymmatlyklaryň jemi bolup durýar. 2010-njy ýylda «Medeniýet hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň kabul edilmegi bu ulgamy kämil, döwrebap hukuknama bilen üpjün etdi. Medeniýet ulgamynda ýurdumyzyň ykdysadyýetinde, medeni-durmuş ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgerişlikler öz täsirini ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz dürli ugurlara degişli ençeme atalyk kitaplaryny ýazdy, olardan «Türkmen medeniýeti», «Ile döwlet geler bolsa...», «Parahatçylyk sazy, dostluk doganlyk sazy» atly kitaplary gönüden-göni türkmen medeniýeti, sungaty bilen baglanyşyklydyr. Mähriban Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda halkyň köpasyrlyk medeni mirasy hem-de medeniýet ulgamynda häzirki zaman döwlet syýasatynyň wezipeleri hakynda giňişleýin maglumatlar ýerleşdirilendir we bu kitap häzirki wagtda medeniýet, sungat işgärlerine ähli babatda gymmatly gollanma bolup hyzmat edýär. Biziň medeniýetimiziň, sungatymyzyň ösmegi üçin uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag başynyň dik, il-ýurt umumadamzat bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Haşal derman ösümliginiň dünýäde 3, Türkmenistanda 1 görnüşi duşýar. Ösümligiň dermanlyk maksatlary üçin oty çig  mal  bolup  hyzmat   edýär. Ony adaty usulda guratmaly hem taýýarlamaly.
Otuny ol hurmalamanka (tohumlamanka) ýygnamaly.        Ysmanagyň  otunyň   düzüminde  C,  A, D, PP, K ýaly witaminleriň 20-siniň, turşuja, limon, alma turşulyklaryň barlygy anyklanyldy. Mundan başga-da onuň düzüminde beloklar, ýaglar, uglewodlar, demir, mis, sink, ýod, kaliý, fosfor ýaly mikroelementleriň, mineral duzlaryň köp mukdarynyň barlygy ylmy taýdan subut edildi. Ysmanak irki wagtlardan bäri azyklyk hem dermanlyk maksatlary üçin haýyrlanyp gelinýän ösümlikleriň naýbaşysydyr.  Ysmanagyň  şypaly dermanlyk häsiýetleri barasynda Abu Ali  Ibn  Sinanyň “Lukmançylyk ylmynyň kanunlary” diýen eserinde  beýan edilýär. Ol  ysmanagyň  şiresini  içgeçmäniň  garşysyna ulanypdyr. Ysmanak  derman hökmünde  peýdalanylanda  şowakörlük, azganlyk, witamin  ýetmezçiligi,  içgeçme ýaly keseller bilen kesellän adamlara nepi degýär.
Garahan gala - bu gala Kaka etrabynyň Garahan obasyndan takmynan 5-6 kilometr demirgazykda ýerleşýär. Gala taraplary 120 metre deň bolan dörtburçlyk görnüşinde gurlupdyr. Galanyň günorta tarapdaky ganatynyň ortasynda giňligi 3,5 metre barabar bolan derweze gurlupdyr. Derwezäniň iki gapdalynda diwaryň deňesinden 3,5 metr  öňe çykyp duran, töwerek görnüşinde salnan iki sany diň bolup, olaryň beýikligi 4 metre barabardyr. Dörtburçlyk görnüşinde bina edilen bu galanyň her burçunda bir diň uzakdan seleňläp görünýär. Emma galanyň içine aralaşyp, syn etseň welin, günbatar, demirgazyk, gündogar we günorta ganatlarynyň ortasynda hem diňleriň bolandygy mese-mälim bildirip dur. Umuman galada jemi 9 sany diň bolupdyr. Diwarlary 1 metr inlilikde pagsadan salnyp, olaryň häzirki beýikligi 4 metr çemesidir. Gala XVIII asyryň aýaklary XIX asyryň başlary bilen senelenýär. Galanyň ilaty ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgul bolupdyr.
Ahal welaýatynyň Tejen  şäher  medeniýet  merkeziniň meýilnamasy esasynda Tejen şäheriniň Medeniýet öýünde 2021-nji ýyl “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Nowruz  baýramy  mynasybetli  “Nowruz  geldi  ülkäme” ady bilen  aýdym-sazly dabaraly  baýramçylyk çäresi geçirildi. Çäräniň dowamynda medeniýet bölümleriniň gelin-gyzlarynyň gatnaşmaklarynda ümeçi gelin gyzlar nowruzyň däp-dessurlaryny ýerine ýetirdiler we milli el işleriniň sergilerini gurnadylar hem-de nowruz bilen baglanşykly aýdymlary, läleleri, yrymlary ýerine ýetirdiler. Baýramçylyk dabaranyň dowamynda  medeniýet merkeziniň we Tejen şäheriniň  zehinli  aýdymçylarynyň ýerine ýetiren aýdymlary çärä gatnaşan adamlar tarapyndan uly el çarpyşmalar bilen garşylandy.Şeýle-de Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik bolmagy, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly  isleriniň  mundan beýläk hem rowaç almagyny arzuw etdiler.
Il saglygyny hemme zatdan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyz, her bir raýatyň saglygyny berkitmek we oňat dynç almaklary üçin ähli şertleri döredip berýär. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde gurulyp ulanmana berlen “Bagabat” şypahanasy üç gatly binalaryň ikisinden ybarat bolup, olaryň her birinde bir orunlyk otaglaryň 25-si, iki orunlyk otaglaryň 35-si hem-de lýuks otaglarynyň 5-si halka hyzmat edýär. Şypahanada raýatlaryň saglyklaryny berkidip oňat dynç almaklary üçin ähli amatly şertler döredilipdir.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallary netijesinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde birnäçe owadan ajaýyp binalar açylyp ulanmana berilýär. Şolaryň biride Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde açyp ulanmana berlen “Saglyk” binasydyr. “Saglyk” binasynyň beýikligi 21 metr, onuň depesinde oturdylan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň şekiliniň beýikligi 4 metr bolup, binanyň beýikligi jemi 25 metrden ybaratdyr.
Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlanmagy hem-de Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna Gurbanguly Berdimuhamedowyň adynyň dakylmagy mynasybetli Änew şäherindäki Medeniýet öýünde dabaraly maslahat geçirildi. Ony Türkmenistanyň Mejlisi, welaýat häkimligi hem-de welaýatyň jemgyýetçilik guramalary bilelikde gurady. Maslahata gatnaşyjylar çagalary mähir, alada bilen gurşamak ýaly ynsanperwer ýörelgesi üçin hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözleri aýtdylar.
2021-nji ýyl “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda,  berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe her bir güni toý baýramlara beslenýän eziz diýarymyzda Babadaýhan etrap medeniýet bölüminiň medeniýet merkezinde halkara Nowruz baýramy mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabarada etrap medeniýet bölüminiň drama-folklor tans ansambly, dutarçylar topary şeýle hem wäşiler çykyş edip, baýramçylyk dabarasyna gatnaşan tomaşaçylarda ýatdan çykmajak pursatlary galdyrdylar. Soňra hormatly Arkadagymyzyň adyna dördilen alkyşnama aýdymlary bilen baýramçylyk dabarasy  jemlenildi.
“Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Nowruz ýaýlasynda welaýat derejesindäki  Milli Nowruz baýramy mynasybetli, Ak bugdaý etrap medeniýet bölüminiň döredijilik işgärleri milli aýdym-saz, tans  hem-de türkmen halkynyň gymmatly baýlygy bolan ajaýyp halylary, Hormatly Prezidentimiziň “Arşyň nepisligi” atly eserinden   folklor çykyşlaryny  halka ýetirdiler. Dabarada joşgunly aýdym-sazlara, milli öwüşginli tans çykyşlaryny giň orun berildi. “Dürdäne” folklor toparynyň, “Ahal owazlary” aýdym-saz, tans toparynyň ýerine ýetiren medeni gymmatlyklarymyzyň aýrylmaz bölegi bolan milli tanslary, halk aýdymlary, şeýle-de şirin owazly bagşylaryň ruhy göteriji, ýürek joşduryjy çykyşlary dabara baý öwüşgin çaýdy. Ak bugdaý etrap medeniýet bölüminiň medeniýet işgärleri milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmek, dünýä ýaýmak babatda bimöçber tagallalary edýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza tükeniksiz alkyş aýdýarlar.
Gadymy hem uzak ýaşaýan  arçalaryň hataryna girýän arçalaryň dünýäde takmynan, 70, Türkmenistanda 2 görnüşi  duşýar. Daragt aprel-maý aýlarynda  gülleýär. Arçanyň dermanlyk maksatlary üçin miwesi (gozaly iýmişi) hem pürleri (ýapragy) çig mal bolup hyzmat edýär. Daragtyň pürlerinde hem miwesinde dermanlyk häsiýetli efir ýagy saklanýar. Agajyň tämiz şahajygynda 0.87% -e çenli efir ýagy toplanýar (olaryň 77% peninler. 12% pedrola we beýlekiler). Bişen gozaly iýmişinde 20% deňiç şeker, 2,5% polisaharidler, 0,18 % kumarin, C witamin (8,8%), 0,10% glikozid, 4,80% sakyzjymak hem boýag maddalary saklaýar. Türkmen alymlary arçanyň dermanlyk görnüşleriniň we serişdeleriniň antibakterial, ýarany çalt bitiriji häsiýetlerini, ýanyklaryň dürli görnüşlerine we ekzema neplidigini anykladylar. Daragtyň iýmişinden taýýarlanan melhemlik  şire oňat peşew ýörediji serişdedir. Ösümligiň efir ýagy iýmit siňdiriş ulgamynyň nemli bardalaryny gyjyndyrýar, içegelere haýyrly, gakylyk goparyjy, bronhial mäzleriniň bölüp çykarýan suwuklygyny güýçlendirýär.
Milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýurdumyz parahat dünýä gurmak meýlini halkara bileleşigiň dykgatyna ýetirip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň “2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly kararnamanyň biragyzdan goldanylmagyny gazandy. Şu kararnamanyň maksatdyr wezipeleriniň iş ýüzünde amal edilýän ýylynda Türkmenistan döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk ýubileýini hem giňden ýaýbaňlandyrýar. Şu mynasybetli Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçiriljek çäreleriň Maksatnamasy we Meýilnamasy tassyklanyldy.
Hormatly Prezidentimiz halkyny eşretli bolelin durmuşda ýaşatmak üçin uly işler alyp barýar. Halkymyzyň azyk harytlaryny bolelin hem-de elýeterli bahadan almagy üçin ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman döwrebap Söwda merkezleri gurulýar.Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginiň çäginde 2 gatdan ybarat bolan Söwda merkeziniň gurluşyk işleri hem uly depginde alnyp barylýar.Söwda merkeziniň içi iki gatdan ybarat bolup  häzirki zaman döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylyp halkyň hyzmatynda bolmagy üçin ähli amatlyklary döretmek göz öňünde tutulýar. Gurluşyk işleri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli bolan hususy kärhanalar tarapyndan ýerine ýetirilýär.
Ahal welaýatynyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň arasynda 2021-nji ýylyň mart aýynyň 17-sine  “Ýylyň terbiýeçisi – 2021” bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi.  Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň bilim ulgamyny ösdürmekde alyp barýan syýasatynyň talaplaryna laýyklykda ýaş nesle döwrebap, milli ruhda bilim-terbiýe bermekde döredijilikli işleýän, işbaşarjaň, çagalaryň zehinlerini we ukyplaryny ösdürmekde baý tejribesi bolan öňdebaryjy terbiýeçileri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bu bäsleşige welaýatyň Tejen şäherinden we etraplaryndan gelen terbiýeçiler özleriniň hünär kämilliklerini, alyp barýan okuw-terbiýeçilik, usuly işlerini beýan edip özara bäsleşdiler.
Netijede, “Ýylyň terbiýeçisi-2021” bäsleşiginiň welaýat  tapgyrynda ýeňiji bolan Ak bugdaý etrabynyň 8-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Meredowa Maýa bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmak üçin hödürlendi.
“Türkmenistan-Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat we Kaka etrap Geňeşleri bilen bilelikde, Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça, Ýaşlary kitaphanalara işjeň çekmek maksady bilen, kitaphanalaryň hyzmatyndan peýdalanmagyň derejesini ýokarlandyrmak we onuň ähmiýetini ýaşlara giňden düşündirmek maksady bilen Kaka etrabynyň Medeniýet öýüniň foýesinde öňde baryjy ýaşlarmyzyň arasynda tegelek stoluň başyndaky aýdym-sazly duşuşyk dabarasy geçirildi.
Il saglygyny hemme zatdan ileri tutýan Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde halkyň saglygyny goramak üçin häzirki zaman döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan saglyk öýleriniň birnäçesini gurup ulanmaga berýär. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginiň çäginde Saglyk öýüniň gurluşyk işleri uly depginde alnyp barylýar. Gurulýan saglyk öýi 1 gatdan ybarat bolup, näsaglary kabul edip saglygyny dikeltmek üçin  ähli amatly şertleri döretmek göz öňünde tutulan.
Ahal welaýatynyň Tejen  şäher  medeniýet  merkeziniň meýilnamasy esasynda Tejen şäheriniň Medeniýet öýünde 2021-nji ýyl “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli aýdym-sazly medeni çäresi dabaraly geçirildi. Aýdym-sazly medeni çäresine Tejen şäher medeniýet  merkeziniň  estrada  aýdymçylary  bilen  bilelikde  “Zyýada” tans topary hem gatnaşdylar. Olaryň  ýerine  ýetiren aýdymlary hem-de tanslary aýdym-sazly medeni çäresiniň şowhunyny  has-da  artdyrdy we taýýarlan täze aýdymdyr-tanslaryny tomaşaçylara hödürlediler. Şeýle-de  ussatlyk bilen ýerine ýetiren aýdym-sazlary, tanslary tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn el çarpmalar bilen garşylandy.
’’Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany’’ ýylyň başyndan dabaraly çäreler toý-dabaralara beslenip başlandy. Gökdepe etrap Medeniýet bölüminiň agzybir işgärleri hem her bir toýa özüniň mynasyp sowgatlary bilen gelýärler. Baharyň ilkinji buşlukçysy bolan 8-nji mart  Halkara Zenanlar güni bu ajaýyp baýramy hem her bir adamy biparh goýmaýar. Ýakynda mähriban zenanlarymyza baýramyna bagyşlanyp, Gökdepe etrap Medeniýet merkezinde dabara geçirildi. Bu dabarany Türkmenistanyň telewideniýe we radiogepleşikler, kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň ’’Miras’’ teleýaýlymy tarapyndan teleýazga geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň ’’Enä tagzym-mukaddeslige tagzym’’ atly kitabyndan ene dogrusynda aýdylan täsirli setirler okaldy we kümüş saçly eneleri we gelinleri, bahar ýürekli gözelleri wasp edýän ajaýyp aýdymlar ýerine ýetirildi. Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dürli desgalar gurlup ulanmaga berilýär. Şol gurlup ulanmana  berilýän desgalaryň biride Ak bugdaý etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň çägindäki döwrebap obada gurulýan 320 orunlyk çagalar bagydyr. Gurulýan çagalar bagy iki gatdan ybarat bolup onuň gurluşygyny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli bolan hususy kärhanalar tarapyndan ýerine ýetirilýär. Gurulýan çagalar bagynyň içi  giň  otagly  bolup, onuň  giň  howlusynda  bolsa    çagalar üçin oýun meýdançalary hem göz öňünde tutulypdyr.
Etlek ýaprakly derman hem azyklyk ösümligiň dünýäde 580, Türkmenistanda 1 görnüşi duşýar. Ol maýyň ahyryndan noýabryň başyna çenli gülleýär we miweleýär. Semzek yssy howany halaýan we sowuga çydamsyz ösümlik. Ösümligiň dermanlyk maksatlary üçin oty we tohumy çig mal  bolup hyzmat edýär. Ösümligiň toprakdan ýokarky böleginde uglewodlar (glýukoza, fruktoza, saharoza), belok, kletçatka, mineral duzlar, kaliý, kalsiý, magniý, natriý, organiki turşylyklar, glikozidler, alkoloidler, A,E,PP witaminler, likwiritin flawonoidi  saklanýar.  Ýapragynda – goňur,  çomuç  fenolkarbon  turşuluklary  bar.    Ösümlik  mundan  müň  ýyldan gowrakdan bäri iýmit hem dermanlyk hökmünde peýdalanylyp gelinýär. Halk lukmançylygynda  semzek bagyr, böwrek, peşew haltasynyň kesellerinde  hem-de  garyndyr bagyr we böwrek yzalarynda neplenilýär. Şonuň  ýaly-da ýüregiň  işleýşini  gowylandyrmak,  arterial basyşy ýokarlandyrmak üçin hem-de süýji keselinde haýyrlanylýar. Türkmen  halk   lukmançylygynda ösümligiň toprakdan ýokarky bölegini çişleriň we siňňiliň garşysyna serişde hökmünde peýdalanýarlar. Dömme  çişlere  ýapgy  görnüşinde  ulanýarlar.
Dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän Türkmenistanyň durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm ugrudyr. Bu pudagyň ýokary depginde ösdürilmegine, yurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijilere hemme taraplaýyn döwlet goldawyny bermäge gönükdirilen çäreleriň netijesinde bu pudakda düýpli üstünlikler gazanylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallary bilen eziz Watanymyzda sahawatly toprakdan bereket öndüryän merdana oba hojalykçylarymyza döwlet tarapyndan edilýän aladalar netijesinde,  2021-nji ýylda  bugdaýyň bol hasylyny almak üçin häzirki wagtda mineral dökünler, 3-nji suw tutma, hapa haşal otlara garşy gerbisidleri bermek işleri alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gahryman Arkadagymyzyň 2021-nji ýyly ,,Türkmenistan-Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany’’ diýip atlandyrmagy bilen Sarahs etrap medeniýet bölüminiň medeniýet merkezinde iş meýilnamasy esasynda ,,Türkmenistan-Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly mynasybetli ,,Millilik sahawatly ýörelge” ady bilen aýdym-sazly medeni çäre geçirildi.Sarahs etrap merkezi kitaphanasy ,,Dünýä dolýar şanymyz” ady bilen gürrüňdeşlik hem-de Gahryman Arkadagymyzyň keramatly kitaplaryndan sergi gurnalyldy. Sarahs etrap medeniýet merkeziniň aýdymçylarynyň ýerine ýetiren aýdymlary ,,Sarahs nagmalary” folklor-tans toparlarynyň çykyşlary bagtyýar zamanamyzyň waspçysy bolup ýaňlandy. Türkmen medeniýetiniň we sungatynyň Hak Howandary Gahryman Arkadagymyzyň şeýle ajaýyp mümkünçilikleri döredip berendigi üçin köp-köp  sag bolsun aýtdylar.
Şu ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleriniň çäklerinde, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, dalaşgärleri bellige almak möwsümi tamamlandy. Hödürlenen dalaşgärleriň 111-si Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi toparda bellige alyndy we olara dabaraly ýagdaýda şahsyýetnamalar gowşuryldy.
2021-nji ýyl “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap Medeniýet bölüminiň medeniýet merkeziniň sahnasynda Halkara zenanlar güni  mynasybetli “Mähri ummanlara deňelen ene” atly aýdym-sazly  baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasynda hormatly Arkadagymyzy wasp edýän aýdymlar aýdylyp, medeniýet merkeziniň drama folklor tans ansambly, wäşiler topary hem-de aýdymçy-sazandalary özeleriniň taýýarlan ajaýyp wakaly çykyşlary bilen çykyş etdiler. Dabaranyň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň medeniýatimizi sungatymyzy ösdürmek ugryndaky alyp barýan beýik işleri üçin öz minnetdarlyklaryny alkyşnama setirleriniň üsti bilen beýan edip baýramçylyk konsertini jemlediler.
"Türkmenistan-Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde tassyklanan meýilnamasy esasynda ýylynda Milli Bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 2-4-nji synplarynda okaýan mekdep okuwçy gyzlaryň arasynda geçiriljek “Iň eýjejik gyzjagaz -2021” atly şadyýan bäsleşiginiň Ahal welaýat tapgyry geçirildi Bäsleşikde 1-nji ornuna eýe bolan Bäherden etrabynyň 2-nji orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Hudaýnazarowa Merýem, 2-nji orny Sarahs etrabynyň 7-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Saparmyradowa Söýli ýeňiji boldylar.
Ýiti ýakymly ysy bolan narpyzyň dünýäde takmynan 50-den, Türkmenistanda 5 görnüşi duşýar. Ajy narpyzyň watany- Angliýa hasaplanýar. Ony ol ýerden Aziýanyň we  Amerikanyň ýurtlaryna ýaýradypdyrlar.
Narpyz iýun aýynyň ahyryndan sentýabra çenli gülleýär.
Narpyzyň  dermanlyk  maksatlary  üçin  toprakdan  ýokarky  bölegi- oty hyzmat edýär. Ösümligiň otunda efir ýagy- mentol, menton, pinen, limonen, sineol,  dipenten, pulegon, C witamin,  karotin, rutin we beýleki organiki turşylyklar, ýelim maddalary, betanin, gesperdin, mikroelementler  saklanýar. Ajy narpyzyň düzümindäki efir ýagy lukmançylykda, parfyumeriýada, süýji-köke hem likýor-arak önümçiliginde ulanýar. Esasan, lukmançylyk tejribesinde mentol ulanylýar. Ony ýürek yzalarynda, aşgazan-içege  ulgamynyň bozulmalarynda, gysylýan  kolitlerde  hem eneterokolitlerde  neplenýär.  Mentol ýagy bagyr hem öt haltanyň sökelliklerinde peýdalanylýar. Mundan başga-da, narpyzly çaýy ukusyzlykda, nerw ulgamyny  kadalaşdyrmakda  hem rahatlandyrmakda  haýyrlanmak  maslahat  berilýär.
Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň çäginde ýerleşýän taryhy depe. Ol  Tejen şäherinden 10 km. Günorta Günbatarda ýerleşýär. 1955-1962-nji ýyllarda W. M. Massonyň ýolbaşçylygynda GTAKE-niň XIV topary tarapyndan Aşaky Tejen ýaýlasynda ugurlaýyn barlag işleri geçirlen döwründe aýan edilen “Köne Sarahs” taryhy – medeniýet döwlet goraghanasy döredilenden soň, bu ýadygärlikler goraghananyň sanawyna girizildi. 2005-nji ýylda “Köne Sarahs” döwlet goraghanasynyň ylmy işgärleri T. Artykow, M. Kemjaýew we S. Bäşimow tarapyndan barlanyldy we çyzga geçirildi. Ýadygärlik   VIII – XII asyrlara degişli bolup,
Ýadygärlik  b. e. öň VI – IV asyrlara degişli bolup,  birnäçe uly patriarhal maşgalalaryň jaýlaryndan durýan oturumly oba.
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlar ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ylymly-bilimli, Watana, halka, beýik pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly, ruhubelent, maksada okgunly, zähmetsöýer ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, häzirki zaman enjamlaryndan oňat baş çykarýan, başarjaň hünärmenleri taýýarlamakda has ýokary netijeleri gazanmak baş wezipelerdir.
Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesil çäksiz alada bilen gurşalýar hem-de ýaşlaryň bilim almagy, hünär öwrenmegi we ählitaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda guwandyryjy işler durmuşa geçirilýär.  Ahal welaýatynyň bilim ulgamynda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda  2020 — 2021-nji okuw ýylynyň dowamynda  mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilmegi däbe öwrülen okuw dersleri boýunça “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly  bäsleşigiň welaýat tapgyry 2021-nji ýylyň mart aýynyň 5-6-sy aralygynda guramaçylykly geçirildi. Bäsleşikde ýeňiji bolan zehinli ýaşlaryň 100-den gowragy bäsleşigiň döwlet  tapgyryna gatnaşmaga  mümkinçilik gazandylar.
“Altyn asyryň altyn zehinleri” atly  bäsleşigiň  welaýat  tapgyrynyň ýeňijilerine aprel aýynda geçiriljek döwlet bäsleşiginde  uly üstünlikler gazanmaklary arzuw edýäris.
“Türkmenistan Parahatçylygyň we Ynanyşmagyň Watany” ýylynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň 2021-nji ýylyň                                 08-nji ýanwaryndaky 2080 belgili karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýastynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça, Ahal welaýatynyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynda, Ahal wleýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar gurmasynyň Ahal welaýat geňeşiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlyklarynyň hem-de sport mekdep-internatynyň okuwçy-türgenleriniň gatnaşmagynda “Ýaşlary döwlet tarapyndan goldamak” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Geçirilen wagyz-nesihat duşuşygynda “Ýurdymyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn durmyşyny üpjün etmek we olary köpçülikleýin sporta çekmek barada edilýän goldaw”, “Ýaş nesillerimizi ruhy taýdan ahlakly, watan söýji hem-de ýurdymyzy ösdürmekde ukyply ýaşlar edip ýetişdirmekde edilýän atalyk aladalar” şeýle-hem “Sport diplomatiýasy” temalary boýunça düşündiriş işleri geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz halkyny eşretli bolelin durmuşda ýaşatmak üçin uly işler alyp barýar. Halkymyzyň azyk harytlaryny bolelin hem-de elýeterli bahadan almagy üçin ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman döwrebap Söwda merkezleri gurulýar. Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginiň çäginde 2 gatdan ybarat bolan Söwda merkeziniň gurluşyk işleri hem uly depginde alnyp barylýar.Söwda merkeziniň içi iki gatdan ybarat bolup  häzirki zaman döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylyp halkyň hyzmatynda bolmagy üçin ähli amatlyklary döretmek göz öňünde tutulýar. Gurluşyk işleri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli bolan hususy kärhanalar tarapyndan ýerine ýetirilýär.
XIX asyryň 40-njy ýyllaryna degişli bu ýadygärlik Sarahs şäherinden 13.5 km demirgazyk-günbatarda, Tejen (Gerirud) derýasynyň sag kenarynda ýerleşýär. XIX asyryň 40-njy ýyllarynda Tejenden gaýdan türkmenler çöllüge öwrülen oazise gelip, ýumrulan şäheriň harabalygyna el urman, özleriniň merkezi galasyny-Gowşuthan galasyny salypdyrlar. 1857-nji ýylda bu işlere meşhur Gowşut han ýolbaşçylyk edipdir. Sarahs töwerekleriniň kartasynda, rus goşunynyň serkerdesi Maksut Alihanow Amarskiniň düşündirişli ýazgysynda şeýle ýazylypdyr: «Merwe barýan ýol derýanyň sag kenary bilen gidip, güzerden 4 wýorstlukda (1 wýorst-2.1 km) Gowşuthan galasynyň harabalygyna girýär. Galanyň gorag haýatlary birnäçe dörtburçluk ölçegi öz içine  alýar, berkitmäniň günorta tarapy derýanyň kert kenarlaryndan durýar. Bu gala 30 müň öýli Gowşut hanyň nökerleriniň daýanç ýeri bolupdyr». Gala pagsadan salnan diwarlar bilen goralan, tutýan meýdany 33 ga bolan uly giňişlikden ybaratdyr. Käbir ýerlerinde diňleriň galyndysy saklanyp galypdyr.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dürli desgalar gurlup ulanmaga berilýär. Şol gurlup ulanmana  berilýän desgalaryň biri-de Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginiň çägindäki döwrebap obada gurulýan 320 orunlyk çagalar bagydyr. Gurulýan çagalar bagy iki gatdan ybarat bolup onuň gurluşygyny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli bolan hususy kärhanalar tarapyndan ýerine ýetirilýär. Gurulýan çagalar bagynyň içi  giň  otagly  bolup, onuň  giň  howlusynda  bolsa    çagalar üçin oýun meýdançalary hem göz öňünde tutulypdyr.
Kaka etrabynyň Şükür bagşy daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän “Ýigit” hojalyk jemgyýetiniň ýyladyşhanalar toplumynyň gurluşygy “Eziz doganlar” hojalyk jemgyýeti tarapyndan alnyp barylan. Bu ýyladyşhana 2019-njy ýylda tapgyrlaýyn açylyp ulanylmana berildi. Ýyladyşhananyň umumy tutýan meýdany 34 gektar bolup, onuň 30 gektary hasyl ýetişdirmek üçin niýetlenen. Ýyladyşhanada pomidor ösdürip ýetişdirilýär. Öndürilen pomidorlar “Mahmal” haryt nyşany bilen daşary ýurt döwletlerine eksport edilýär.
“Türkmenistan – Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Sarahs etrap Geňeşi, Sarahs etrap häkimligi, Sarahs etrap Polisiýa bölümi, Sarahs etrap bilim bölümi, bilen bilelikde Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça etrabyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçy gyzlarynyň arasynda «Gyz edebi – il edebi» ady bilen ene-mamalarymyzyň milli ýörelgelerini, halal zähmet terbiýesini, hünär ussatlygyny ýaşlarda ornaşdyrmak maksady bilen Sarahs etrabynyň 25-nji orta mekdebiniň ýokary synp okuwçy gyzlarynyň gatnaşmaklarynda terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz-tagallalary netijesinde ýurdumyzda agresenagat ulgamynda uly ösüşlere ýetilýär. Ýurdumyzda pagta, bugdaý bilen bir hatarda gök-bakja we gaýry ekinleriniň bol hasylyny öndürilip ýetişdirilýär. Şu günler hem Ahal welaýatymyzyň ähli etraplarynda ýokary depginde ýer alma ekmek işleri alnyp barylýar.
Hormatly  Prezidentimiziň Mähriban Arkadagymyzyň 2021-nji ýyly “Türkmenistan – Parahatçylygyň  we ynanyşmagyň Watany” diýip atlandyrmagy bilen Tejen etrap Medeniýet bölüminiň Medeniýet merkezinde iş meýilnamasy esasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli “Bark urýar baharda gülleriň müşki, bulardan zyýada gözeller keşbi” ady bilen Agalaň geňeşligindäki oba Medeniýet öýünde aýdym- sazly medeni çäre geçirildi. Bu çäre Tejen etrap medeniýet bölüminiň medeniýet merkeziniň aýdymçylary, sazandalary, Agalaň geňeşligindäki çagalar sungat mekdebiniň gargy-tüýdükçiler topary çykyş etdiler. Bu çäre obanyň il-sylagly ýaşulylary, kümüş saçly Enelerimiz gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda il sylagly ýaşulylar Hormatly Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri barada çykyş etdiler, çäräniň dowamynda Arkadagymyzy wasp edýän aýdym –sazlar ýaňlandy. Biziň Enelerimize gelin-gyzlarymyza uly sarpa goýýan bize şu günki abadan durmuşda ýaşamaga, işlemäge mümkinçilik döredýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, ýurdy abadan bolsyn!
Hormatly Prezidentimiziñ öňden görjülikli döwlet syýasaty netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe umumy adamzat ösüşinde wajyp orny eýeleýän ruhy-medeni gymmatlyklarymyz bolan kämil taryhy-medeni we tebigy ýadygärliklerimizi geljek  nesillerimiz üçin aýawly saklamaga gönükdirilen nusgalyk işler alnyp barylýar.
Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň çäginde ýerleşýän taryhy depe. Ol  Tejen – Aşgabat gara ýolundan 5 km. Demitgazykda ýerleşýär. 1955-1962-nji ýyllarda W. M. Massonyň ýolbaşçylygynda GTAKE-niň XIV topary tarapyndan Aşaky Tejen ýaýlasynda ugurlaýyn gözleg geçirlen döwründe aýan edilen ýadygärlik. “Köne Sarahs” taryhy – medeniýet döwlet goraghanasy döredilenden (1991) soň, bu ýadygärlik goraghananyň sanawyna girizildi. 2005-nji ýylda “Köne Sarahs” döwlet goraghanasynyň ylmy işgärleri T. Artykow, M. Kemjaýew we S. Bäşimow tarapyndan barlanyldy we çyzga geçirildi.
Ýadygärlik   VIII – XII asyrlara degişli bolup, orta asyr iri begzadanyň berkidilen köşgi bolmaly.
“Türkmenistan – Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gökdepe etrap  Geňeşi  tarapyndan  Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça, Ýaşlary kitaphanalara işjeň çekmek maksady bilen, Kitaphanalaryň hyzmatyndan peýdalanmagyň derejesini ýokarlandyrmak we onuň ähmiýetini ýaşlara giňden düşündirmek maksady bilen Gökdepe etrabynyň Medeniýet köşgüniň foýesinde öňde baryjy ýaşlarymyzyň arasynda tegelek stolyň başynda aýdym-sazly duşuşyk dabarasy geçirildi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dürli desgalar gurlup ulanmaga berilýär. Şol gurlup ulanmana  berilýän desgalaryň biride Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginiň çägindäki döwrebap obada gurulýan 320 orunlyk çagalar bagydyr. Gurulýan çagalar bagy iki gatdan ybarat bolup onuň gurluşygyny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli bolan hususy kärhanalar tarapyndan ýerine ýetirilýär. Gurulýan çagalar bagynyň içi  giň  otagly  bolup, onuň  giň  howlusynda  bolsa    çagalar üçin oýun meýdançalary hem göz öňünde tutulypdyr.
Tasin melhemligiň watany – Günorta-gündogar Aziýa bilen Günbatar Hindistan hasaplanýar. Ösümligiň porrugy we ýagy dermanlyk  çig  mal  bolup  hyzmat edýär.  Zenjebiliň  porrugynda  0,25-3% efir ýagy, gingerol, ýiti  tagam beriji –şagol, keton, ýag, krahmal, sakyzlar,  taninler,  şeker  we  fenol  maddalary saklanýar.
Halk lukmançylygynda zenjebil nerw sökelliklerinde, ysmazda, sarygetirmede, peşewiň damjalap gelmeginde, içgeçmede, mäzleriň çişmeginde (ýapgy etmek arkaly) haýyrlanylýar. Ösümligiň porrugyndan  taýýarlalan  tozy  sowuk  we  çygdan  dörän  bogunagyry bilen çişlerde neplenýär.
“Türkmenistan Parahatçylygyň we Ynanyşmagyň Watany” ýylynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň 2021-nji ýylyň                                 08-nji ýanwaryndaky 2080 belgili karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýastynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministirliginiň ýaşlar syýasaty bölüminiň hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirlikleriniň başlyklarynyň, hünärmenleriniň gatnaşmagynda 2021-nji ýylyň fewral aýynyň 16-na wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty geçirildi.
Geçirilen iş maslahatynda alynyp barylýan işleriň netijelerini seljermek şeýle-de öňümizde duran maksatlar barada alynyp barylmaly çäreler boýunça meseleler maslahatlaşyldy.
Ulugdepe arheologiýa ýadygärligi soňky on ýylyň dowamynda içgin öwrenilip, barha  uly meşhurlyga eýe bolýan gymmatly ýadygärlikdir.Bu taryhy – arheologiýa ýadygärlik türkmenleriň gadymy ata – babalarynyň örän irki zamanda (b.e. öňki III - II müňýyllyklarda)  irki demir eýýamy diýilýän döwürde ýaşan ilatly menzil – mekanydyr. Ýadygärlik Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Duşak şäherçesinden 4 km günortada, Kelet çaýynyň sag kenar ýakasynda ýerleşýär. Adyndan belli bolşy ýaly bu ýadygärlik uzak asyrlaryň dowamynda yzygiderli ýaşaýyş dowam eden baý medeni gatlakly 15 (on bäş) gektar çemesi meýdany bolup, 2001 – nji ýyldan bäri bolsa bu ýerde alnyp barylýan gazuw – agtaryş işleriniň dowamynda Ulugdepeden  maddy we ruhy medeniýetiň maglumatlaryny özünde jemleýän örän köp arheologik tapyndylar ýüze çykaryldy.
Ýakynda  Ahal welaýatynyň Kaka etrap Medeniýet bölüminiň teatr studiýasynyň artistlary Hormatly Prezidentimiziň Jöwher paýhasyndan syzylyp çykan “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly ajaýyp kitabyndan, terbiýeçilik ähmiýetli uly bolan birnäçe rowaýatlary sahnalaşdyrylyp, Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan adyl syýasatlary dogrusynda, şeýle hem Mähriban Arkadagymyzyň öz halkyna peşgeş berýän  ajaýyp kitaplary esasynda wagyz-nesihat işleri geçirildi. Bu geçirilen çäre “Altyn asyr Türkmenistan” teleýaýlymynyň Diýar gepleşigi tarapyndan türkmen telewidinýesine ýazgy edildi. Teatr studiýasynyň artistlary özleri üçin döredilýän şeýle giň mümkinçilikleri üçin, medeniýetimiziň we sungatymyzyň hak howandary Hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlaryny beýan edýärler.
Hormatly Prezidentimiziň oba ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak hem-de ilaty ýaşaýyş jaý bilen üpjün etmek maksady bilen alyp barýan işleriniň çäklerinde  ýurdumyzyň ähli künjeklerinde birnäçe gatly ýaşaýyş jaýlaryň gurluşyk işleri alnyp barylýar. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Köpetdag geňeşliginiň çäginde 400 sany 1 gatly ýaşaýyş jaýynyň gurluşyk işleri alnyp barylýar. Gurluşyk işlerini Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli bolan hususy kärhanalar tarapyndan alnyp barylýar. Alnyp barylýan gurluşyk işlerini 2021-nji ýylyň dowamynda tamamlamak göz öňünde tutulýar.
Özbegistanda biziň halklarymyzyň doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine türkmen Lideriniň goşýan şahsy goşandyna ýokary baha berýärler, ýokary döwlet derejesinde ýola goýulýan ynanyşmak, açyk we netijeli syýasy gatnaşyklar ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň özenini düzýär. Goňşy döwletler, şol sanda Özbegistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek milli daşary syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Il saglygyny hemme zatdan ileri tutýan Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde halkyň saglygyny goramak üçin häzirki zaman döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan saglyk öýleriniň birnäçesini gurup ulanmaga berýär. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Köpetdag geňeşliginiň çäginde Saglyk öýiniň gurluşyk işleri uly depginde alnyp barylýar. Gurulýan saglyk öýi 1 gatdan ybarat bolup, näsaglary kabul edip saglygyny dikeltmek üçin  ähli amatly şertleri döretmek göz öňünde tutulan.
Aňňyza çomujyň bir görnüşi bolup, boýy 100-200 santimetre çenli ýetýän köpýyllyk otjumak ösümlik. Ösümlik maý-iýun  aýlarynda  gülleýär  we  miweleýär.   Köki  we  baldagyndan çykýan sakyzlary ösümligiň  dermanlyk  maksatlary  üçin  hyzmat  edýär. Ösümligiň  ýaşyl  ýapraklary  ýokary  derejede  proteini,  az mukdarda  ýagy,  kül  elementlerini, saponini,  kletçatkany  saklaýandygyny anyklanyldy.
Mundan başga-da  aňňyzanyň  kökünde  hem  baldagynda  sakyzyň  şireleriniň  hem-de  efiriň  barlygy  kesgitlenildi.
Aňňyzanyň  kökünden  taýýarlanylan dermanlyk melhemi türkmen  milli  tebipçiliginde  hem  halk  lukmançylygynda irki wagtdan bäri  çaga  çigreklemesinde  ulanylyp  gelinýän  örän  nepli serişdedir. Ösümligi  “galbanum” ady bilen meşhur bolan sakyzyny hindi lukmançylygynda umumy berkidiji  serişde hökmünde, gakylyk goparyjy, bronh demgysmasynyň gysylmasynda, gaýtalap durýan bronhitde, kakynda (isteriýa), ysmazda, aşgazanyň nemli bardalarynyň sowuklamasynda, amenoreýede, dürli deri kesellerinde, guragyryda (rewmatizmde) peýdalanýarlar.
Hormatly Prezidentimiziň berýän uly goldawy netijesinde, obasenagat pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy öndürijilerinden ýokary öndürijilikli häzirki zaman oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlary yzygiderli satyn alynýar. Bu ugurda görülýän anyk çäreler oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmegiň agrotehniki çärelerini öz wagtynda geçirmek, ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak, ýerleriň takyk hasabyny ýöretmek we suw serişdelerini rejeli ulanmak üçin köp şertler döredilýär.
Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany”diýip atlandyrmagy bilen Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap häkimligi we Gökdepe etrap Bilim we Medeniýet bölümleriniň, sport we ýaşlar syýasaty guramasy bilelikde gurnamagynda türkmeniň milli toý dabarasy kinofilme düşürildi. Gadymy Yzgant obasynyň demirgazyk-günbatarynda sazaklyk meýdanynda türkmeniň gadymy ak öýleri dikilip uly obaň ýaýylyp ýatan owadan keşbi döredildi. Garagum sährasynyň gözel ýerinde türkmeniň milli gelin toýy, milli däp-dessurlary at çapdyrmak, göreş tutmak, ýaglyga towusmak başgada birnäçe milli oýunlar oýnaldy. Gökdepe etrap Medeniýet bölüminiň ähli işgärleri toýa guramaçylykly gatnaşdylar. Türkmenistanyň telewideniýe we radiogepleşikler, kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Türkmen owazy” teleýaýlymy tarapyndan taýýarlanýan “Owazlar sazlaşanda” atly gepleşigi üçin türkmeniň milli toýy kinofilm görnüşinde dolulygyna ýazga geçirildi. Şeýle milli toýlarymyzy,däp-dessurlarymyzy halkymyza täze öwüşginler bilen açyp görkezmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza köp-köp alkyşly sözleri aýdýarys. Hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.
“Türkmenistan – Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda   Ak bugdaý etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçylary, Ak bugdaý etrap medeniýet bölüminiň “Gülle ýaşlyk” çagalar tans toparynyň gatnaşmagynda Hormatly Prezidentimiziň  jöwher paýhasyndan syzylyp çykan “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň  rowaýatlaryndan Ak bugdaý etrap merkezi kitaphanasynda, çagalara gyzykly gürrüňler berildi hem-de rowaýatlaryň manysy, ahlak-ruhy terbiýeçilik ähmiýeti barada giňden düşündirildi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň gülläp ösmegi üçin, halal zähmet çekip işlemek üçin ähli amatlyklary bolan täze edara binalary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginiň çäginde gurulýan Öňaldy Geňeşliginiň Geňeşiniň edara binasy 1 gatdan ybarat bolup, binanyň içinde işlemek üçin ähli amatly şertler döredilipdir. Binanyň daşky meýdançasyny bolsa owadan baglar, ýaşyl otlar hem-de dürli reňkdäki güller bilen  bezemek göz öňünde tutulýar.
“Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Ak bugdaý etrabynyň medeniýet bölüminiň Gämi oba medeniýet öýünde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň yglan eden “Gahryman Arkadagyň kitaby-umumyadamzat gymmatlygydyr” atly bäsleşiginiň Ahal welaýat tapgyry geçirildi. Bu bäsleşige Ak bugdaý etrabynyň medeniýet bölüminiň medeniýet merkeziniň aýdymçysy Aýna Ataýewanyň aýtmagynda, sazandalar toparynyň ýerine ýetirmeginde çykyş etdiler. Şeýle hem Ak bugdaý etrap merkezi kitaphanasy Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna peşgeş beren mukaddes kitaplarynyň sergisi gurnaldy. Bu bäsleşik aýdym-sazly ýokary derejede  guramaçylykly geçirildi. Bäsleşigiň ahyrynda Ak bugdaý etrabynyň döredijilik topary sungatyň we medeniýetiň kämilleşmegi ugrunda uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza çäksiz sagbolsunlaryny aýtdylar.
Ak bugdaýyň ilkinji Watany bolan Türkmenistanda ekerançylyk bilen gadym wagtlardan bäri meşgullanypdyrlar. Munyň şeýledigini ekin meýdanlary, tapylan suw turbalary şaýatlyk edýär. Ekinler güýzde we ýazda ekilipdir. Güýzlük tohumlary tekiz ýerlerde, ýazlygy bolsa daglyk ýerlerde ekipdirler. Güýz pasly ak bugdaý, ýazda bolsa gyzyl bugdaý ekilipdir.Hormatly Prezidentimziň goldamagy netijesinde babadaýhanlarymyzyň yhlasy bilen bereketli topragymyz egsilmez hazynanyň, bolçulygyň, rysgal-döwletiň çeşmesine öwrülýär.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ekologiýa, energetika we ulag ugurlarynda halkara işjeňligi, Türkmenistanyň oňyn başlangyçlarynyň halkara resminamalarynda öz beýanyny tapmagy türkmen diplomatiýasynyň halkara hukugynyň, adamzat ösüşiniň möhüm şerti bolan parahatçylygyň, ynanyşmagyň we howpsuzlygyň bähbidine mynasyp goşant goşýandygyny şöhlelendirýär. Ösüş arkaly parahatçylyga hyzmat edýän bu wezipeler baky Bitaraplygymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri bilen sazlaşýar.
“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap  Geňeşi we etrabyň iri jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça, Milli Liderimiz tarapyndan durmuşa ornaşdyrylýan sagdyn-durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek, ruhy we fiziki taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmek, şeýle-de ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek maksady bilen Tejen etrap Hassahanasynda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmaklarynda «Arkadagyň saglyk syýasaty – raýatlaryň baky bagty» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň oba ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak hem-de ilaty ýaşaýyş jaý bilen üpjün etmek maksady bilen alyp barýan işleriniň çäklerinde  ýurdumyzyň ähli künjeklerinde birnäçe gatly ýaşaýyş jaýlaryň gurluşyk işleri alnyp barylýar. Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginiň çäginde 400 sany 1 gatly ýaşaýyş jaýynyň gurluşyk işleri alnyp barylýar. Gurluşyk işlerini Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli bolan hususy kärhanalar tarapyndan alnyp barylýar. Alnyp barylýan gurluşyk işlerini 2021-nji ýylyň dowamynda tamamlamak göz öňünde tutulýar.
Ahal welaýatynyň etraplarynyň we Tejen şäheriniň bilim bölümlerine degişli bolan mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň arasynda 2021-nji ýylyň fewral aýynyň 9-11-i aralygynda “Ýylyň terbiýeçisi – 2021” bäsleşigiň etrap, şäher tapgyry geçirildi.  Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň bilim ulgamyny ösdürmekde alyp barýan syýasatynyň talaplaryna laýyklykda ýaş nesle döwrebap, milli ruhda bilim-terbiýe bermekde döredijilikli işleýän, işbaşarjaň, çagalaryň zehinlerini we ukyplaryny ösdürmekde baý tejribesi bolan öňdebaryjy terbiýeçileri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bu bäsleşikde terbiýeçiler özleriniň hünär kämilliklerini, alyp barýan okuw-terbiýeçilik, usuly işlerini beýan edip özara bäsleşdiler.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda bazar bolçulygy döretmekde, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan harytlary ýurdymyzda öndürmekde telekeçilerimize edýän atalyk aladalary netijesinde Ahal welaýatynyň çäginde birnäçe hojalyk jemgyýetleri halkymyza ýylyň ähli paslynda gök-bakja önümlerini amatly bahalardan halkymyza ýetirilýär. Şol hojalyk jemgyýetleriň biri hem “Ýigit” hojalyk jemgyýetinde öndürilýän pomidor önümidir.
Buýan Türkmenistanyň köp ýerlerinde duş gelýän, dermanlyk  maksatlary  üçin  gory ýeterlik, täsin dermanlyk ösümligidir. Ösümligiň  dermanlyk  köki  bilen  ýerasty  baldagy  çig mal bolup  hyzmat  edýär.
Buýan  kökünde  glisirrizin,  flawonoidler,  steroidler,  efir   ýagy,  C  witamini,  sakyz  we  krahmal  saklanýar.
Buýan  köki  ylmy  hem-de  halk  lukmançylygynda  ýokary  dem alyş  ýollarynyň kesellerinde, ýagny bronhitde, öýken  sowuklamasynda,  demgysmada,  onkibarmak  içegäniň  sökelliklerinde  ir döwürden  bäri  ulanylyp gelinýär. Hytaýda buýan gadym zamanlardan bäri  belli.  Bu  ýerde  ony  garratmaýan  serişde  hökmünde  peýdalanypdyrlar.
Buýan iýmit, konditer, reňk senagatynda, dürli içgileri taýýarlamakda  giňden ulanylýar.
Aşgabatda welotrek boýunça dünýä çempionatyny geçirmek babatynda Hormatly Prezidentimiziň gol çeken karary esasynda, 2021-nji ýylyň         13-17-nji oktýabry aralygynda geçiriljek bu iri ýaryş, halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmak hem-de bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek we olimpiýa hereketini ösdürme, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da belende götermek şeýle-hem Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgenlerini ýokary derejede toplumlaýyn esasda taýýarlamak üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen geçiriljek bu ýaryş 2021-nji ýylyň möhüm wakalarynyň biri bolar. Bu möhüm wakanyň gatnaşyjy türgenlerinden biri bolup çykyş etmek we Ýaşyl tugumyzy parlatmak üçin Ahal welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň, Tejen etrabynyň sport mekdebiniň sportuň welosport boýunça tälimçi-mugallymy, Türkmenistanyň welosport ýygyndy toparynyň agzasy Gylyçdurdyýewa Jennet hem uly depiginde taýýarlyk işlerini dowam etdirýär.
Hormatly Prezidentimiz täze döwlet taglymatynyň kemala gelmegine aýratyn ähmiýet berýär. Pederlerimiziň baý tejribesini özünde jemleýän ruhy gymmatlyklar türkmen jemgyýetinde syýasy medeniýetiň mizemez binýady bolup durýar. Däp-dessurlaryň täze meýiller bilen sazlaşygy, oňyn özgertmeleriň gadymdan gelýän ýörelgeler esasynda dowam etdirilmegi häzirki zaman türkmen syýasy medeniýetiniň mahsus aýratynlygydyr. Ol hakyky halk demokratiýasyna esaslanýar.
Hormatly Prezidentimiziň Mähriban Arkadagymyzyň 2021-nji ýyly «Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip atlandyrmagy bilen Bäherden etrap medeniýet bölüminiň medeniýet merkezinde iş meýilnamasy esasynda «Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli aýdym-sazly medeni çäre geçirildi. Bäherden etrap medeniýet merkezi kitaphanasy Hormatly Arkadagymyzyň keramatly kitaplaryndan,dürli pudaklaýyn eserlerden sergi gurnaly. Bäherden etrap medeniýet merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Gülbahar Gummadowa «Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna özüniň ýürek buýsançlaryny goşgy setirleri bilen beýan etdi. Bäherden etrap medeniýet merkeziniň sazly- Bäherden halk toparynyň sazandalary saz çalmagynda we halk-saz gurallary toparynyň aýdymçylary Hormatly Prezidentimiziň medeniýet we sungat işgärlerine şeýle mümkinçilikleri döredip berendigi üçin köp-köp sagbolsun aýdyp, döwletimiziň ösüşleri barada hem-de syýasy we halk aýdymlar bile çykyş etdiler.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oýlanyşykly, öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatlarynyň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça çalt depginde ösdürmäge gönükdirilen özgertmeleriniň netijesinde ata Watanymyzyň şan-şöhraty barha arşa göterilýär, ykdysady kuwwatymyz ýokarlanýar.
“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyny ösdürmek, jemgyýetimizi has kämilleşdirmek hem-de Garaşsyzlygymyzyň durmuşymyzdaky ähmiýetini halk köpçüliginiň arasynda wagyz etmek boýunça geçirilýän çärelere Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komiteiniň işgärleri hem işjeň gatnaşýarlar.
Ahal welaýat häkimligi bilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komiteti bilen bilelikde guralan “Parahatlyk we ynanyşmak – bagtyýar durmuşymyzyň goşa ganaty” atly dabaraly maslahatda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň halkymyzyň ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleri bilen berk baglanyşyklydygy barada täsirli çykyşlar edildi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dürli desgalar gurlup ulanmaga berilýär. Şol gurlup ulanmana  berilýän desgalaryň biride Gökdepe etrabynyň Köpetdag geňeşliginiň çägindäki döwrebap obada gurulýan 320 orunlyk çagalar bagydyr. Gurulýan çagalar bagy iki gatdan ybarat bolup onuň gurluşygyny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli bolan hususy kärhanalar tarapyndan ýerine ýetirilýär. Gurulýan çagalar bagynyň içi  giň  otagly  bolup, onuň  giň  howlusynda  bolsa    çagalar üçin oýun meýdançalary hem göz öňünde tutulypdyr.
Hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň sport bilen meşgullanmaklary barada edýän atalyk aladalaryndan ugur alyp Ýurdumyzda “Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi tarapyndan meýilleşdirilen sport çärelerini, okuw-türgenleşik sapaklaryny we ýygnanşyklaryny geçirmegiň wagtlaýyn” tertibine laýyklykda, Ak bugdaý etrabynyň sport mekdebiniň sportuň Karate-do görnüşi boýunça tälimçi-mugallymlary ezber türgenleri taýýarlap-ýetişdirmek üçin gije-gündiz üznüksiz zähmet çekýärler. Tälim alýan türgenler öz tälimçi-mugallymlarynyň öwredýän inçe tilsimlerini ussatlyk bilen öwrenýärler hem-de ýurdumyzda geçiriljek welaýat, döwlet we halkara derejesindäki ýaryşlaryna taýýarlyk görýärler.
Ahal welaýatynyň Ýokanç  keseller  hassahanasynyň kabul ediş bölümi 5 sany  otagdan  ybarat   bolup,   dürli   ýokanç  keselli  näsaglary  aýratynlykda  kabul  etmäge mümkinçilik berýär.
Funksional-anyklaýyş  bölüminde  ornaşdyrylan  USB enjamynyň kömegi  bilen adam bedenindäki garyn boşlugynyň agzalarynyň,  galkan  şekilli  mäziň,  göwüs  mäziniň  barlaglaryny,  rentgen  enjamyň  kömegi  bilen  öýkeniň  we  sünk ulgamynyň kesellerini,  endoskopiýa  enjamy  bilen  iýmit  siňdiriş   ulgamynyň dürli   kesellerini   anyklamak  bolýar.
Barlaghana bölüminde kliniki barlaghana, biohimiýa, bakteriologiýa, molekulýar-genetiki, immunologiýa barlaglary üçin otaglary  hereket  edýär.
Fizioterapiýa bölüminde lazer, utgaşdyrylan wakuum, mikro tolkunly, ultrases  magnit   bejergileri ýerine ýetirilýär.
Operasiýa geçirilýän, reanimasiýa we dogrum bölüminde näsaglara gaýragoýulmasyz saglygy goraýyş kömegini bermek we bejermek  üçin  zerur  şertler döredilen.
Dispanser bölüminde ýokanç keselli näsaglar hasaba alynýar we gözegçilik edilýär.
Ýatymlaýyn otaglar bir, iki adama  niýetlenen, olar şahsy gigiýena we  beýleki  ýaşaýyş  üçin  oňaýly  bolan  şertler  bilen doly üpjün edilen.
Sarahs şäheri we onuň sebitleri dürli taryhy döwürlerde diňe bir Merkezi Aziýada däl, eýsem, tutuş Alynky Gündogarda ýaşan halklaryň ykballarynda wajyp ähmiýete eýe bolan wakalaryň şaýady bolupdyr. Ol häzir etrap merkezi bolan Sarahs şäherçesiniň günorta-gündogarynda ýerleşýär. Köne Sarahs şäheri biziň eýýamymyzdan öňki VI – IV asyrlarda Ahmeniler döwründe döräpdir. Biziň eýýamymyzdan öňki II asyrda Sarahs Parfiýa döwletiniň düzümine birikdirilýär we Siraken diýen ady göterýär. Biziň eýýamymyzyň  öňki VII asyrynyň ikinji ýarymyndan soň, Köne Sarahs şäheriniň ähmiýeti has-da artýar. Sebäbi Beýik Ýüpek ýolunuň esasy ugurlarynyň biri üýtgäp, Sarahs şäheriniň üstünden geçip başlaýar. Eýranyň merkezi welaýatynyň biri bolan Nişapur şäherinden Merwe we yzyna gaýdýan kerwenler hökmany suratda Sarahs şäheriniň üstünden geçipdir. Sarahs şäheriniň gülläp ösen döwri orta asyrlara gabat gelýär. Orta asyrda ýaşap geçen taryhçylaryň, alymlaryň ýazgylary bu barada aýdyň maglumatlar berýär. Gala gadymy Amul, Merw, Köneürgenç şäherleri ýaly halkara söwda merkezleri bilen ýakyn gatnaşykda bolupdyr.
“Türkmenistan – Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany”  ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat we Bäherden etrap Geňeşleri bilen bilelikde, Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça, Ýaşlary kitaphanalara işjeň çekmek maksady bilen, kitaphanalaryň hyzmatyndan peýdalanmagyň derejesini ýokarlandyrmak we onuň ähmiýetini ýaşalara giňden düşündirmek maksady bilen Bäherden etrabynyň Arçman Medeniýet öýüniň foýesinde öňde baryjy ýaşlarymyzyň arasynda tegelek stoluň başyndaky aýdym-sazly duşuşyk dabarasygeçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen badalga berlen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýeti, syýasaty, medeniýeti, ylym-bilim ulgamyuly ösüşlere beslenýär.
Halkymyzyň öz ösüşinde täzeden-täze sepgitleri eýelemegi bilim ulgamynyň öňünde hem gaýragoýulmasyz wezipeleri goýýar. Şol wezipeleriň iň möhümlerinden biri hem eziz Watanymyza, mähriban Prezidentimize wepaly döwrebap bilim alan, ýokary ahlaklylyk ýörelgelerine laýyk terbiýeli ýaş nesli terbiýelemekdir.
Watanymyza, mähriban Prezidentimize wepalyterbiýeli ýaş nesli terbiýelemekde okuwçylar bilen köp sanly taryhy ýadygärliklere, taryhy, ülkäni öwreniş, mekdep muzeýlerine okuw gezelençleriniň guralmagynyň we toparlarda işlemegiň ähmiýeti uludyr. “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly  ýylynyň dowamynda geçiriljek çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda  Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe medeni mirasymyzy öwrenmek we ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen  Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy” adyndaky Milli  “Ak bugdaý”  muzeýine  welaýatyň Ak bugdaý etrabynyň             10-11-nji synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda  “Ak bugdaý” muzeýiniň  “Arheologiýa”, “Etnografiýa” we “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri”  bölümlerine  syýahatlar gurnaldy.Sy¬ýahat¬da ýaş¬lar mu¬zeý¬de sak¬la¬nyl¬ýan baý ta¬ry¬hy gymmat¬lyk¬lar bi¬len ta¬nyş¬dy¬lar. Ata-ba¬ba¬la¬ry¬my¬zyň baý eke¬ran¬çy¬lyk däp¬le¬ri¬ni, ga¬dy¬my Änew top¬ra¬gy¬nyň buýsanç¬ly geç¬mi¬şi¬ni be¬ýan ed¬ýän ta¬pyn¬dy¬lar, gym-mat¬ly mag¬lu¬mat¬lar ýaş¬lar¬da uly tä¬sir gal¬dyr¬dy. Mu¬ze¬ýeýa¬kyn¬da ge¬lip gow¬şan ta¬pyn¬dy¬la¬ra gy¬zyklan¬ma has ýo¬ka¬ry bol¬dy.Mu¬zeýhü¬när¬men¬le¬ri tä¬ze ta¬pyn¬dy-lar ha¬kyn¬da ýaş¬la¬ra gy¬zyk¬ly gür¬rüň ber¬di¬ler. Bu bol¬sa sy¬ýa¬ha¬ta gat¬na¬şan okuwçylarda ýa¬kym¬ly duý¬gu¬la¬ry döredip, ruhlaryny galkyndyrdy.Taryhy, ülkäni öwreniş muzeýler  Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründetäze many-mazmun bilen baýlaşyp, ýaş nesli terbiýelemekde görelde mekdebi bolup hyzmat edýär.
Hormatly Prezidentimiziň oňyn Bitaraplyk syýasatyna esaslanýan diplomatik syýasatynyň dabaralanmagy bilen ýurdumyz dünýä bileleşiginde sebitara parahatçylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen başlangyçlaryň berkidilmegine ähmiýet berýär. Giň gerimli halkara gatnaşyklaryň özenini düzýän netijeli hyzmatdaşlyklar dünýäde asudalygy gorap saklamakda, syýasy-diplomatik şertlerde bagtyýar durmuşy üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär. Döwletimiziň daşary syýasaty dünýä giňişliginde ynsanperwerligi we umumadamzat ähmiýetli gatnaşyklary öňe sürýär.
Ýakynda Türkmenistan bilen goňşy Azerbaýjan respublikasynyň arasynda Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda ähtnama gol çekildi.
Halkara gatnaşyklaryny ösdürmegiň çäklerinde Türkmenistanyň we Oman Soltanlygynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda ministrler derejesinde geňeşmeler geçirildi. Duşuşyga Oman Soltanlygynyň daşary işler ministri Saýýid Badr bin Hamad bin Hamud Al-Busaidi gatnaşdy. Maslahatda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklara degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ilerledilmeginde ýokary derejedäki özara hereketleriň ähmiýeti bellenildi.
Halkara gatnaşyklarynyň ösmegine, şonuň netijesinde hem milli ykdysady ulgamlaryň işiniň ilerlemegine ýol açmak döwletimiziň döwrebap ýörelgesidir.
Dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän Türkmenistanyň durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm ugrudyr. Bu pudagyň ýokary depginde ösdürilmegine, yurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijilere hemme taraplaýyn döwlet goldawyny bermäge gönükdirilen çäreleriň netijesinde bu pudakda düýpli üstünlikler gazanylýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda soňky ýyllarda ýurdumyzda täze nusgalyk obalaryň ençemesi peýda boldy.”Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça milli maksatnamasyna” laýyklykda ýurdumyzda birnäçe obalaryň gurluşyk işleri alnyp barylýar. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginiň çäginde täze obany gurmak üçin 108 gektar ýer bölünip berildi. Gurulýan täze obada bir gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 400-siniň gurluşyk işleri alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda “Saglyk” maksatnamasyny  durmuşa  geçirmek, ilatymyzyň saglyk ýagdaýyny has-da gowylandyrmak, saglygy goraýyş hyzmatlaryny halkara ölçeglerine laýyklykda  ösdürmek  hem-de  innowasion  tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna, tejribesine esaslanýan kämil we ýokary  netijeli  saglygy  goraýyş ulgamyny döretmek boýunça bimöçber  tagallalar  edilýär. Täze döwrebap hassahanalar gurlup ulanylmaga  berilýär.
Türkmenistanyň  Hormatly  Prezidenti G.M.Berdimuhamedowyň ak patasy bilen açylyp ulanylmaga berlen Ahal welaýatynyň Ýokanç  keseller hassahanasy  Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesinde ýerleşýär. Hassahana 200  näsag  oruna  niýetlenendir.
Bu döwrebap hassahana  daşary döwletleriniň   dünýä belli   öndürijileriniň  iň kämil, innowasion  lukmançylyk  we tehniki enjamlary  hem-de  saglygy  goraýyş  maksatly  serişdeleri  bilen üpjün edilen  birnäçe   bölümlerden  ybaratdyr.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengüjilikli ýolbaşçylygynda Ahal welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligiň garamagyndaky Bäherden etrabynyň sport mekdebinde ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň saglygyny berkitmek hem-de olary ýurdumyzda bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty ösdürmekde türkmen sportuny dünýä derejesine çykarmakda ýaşlaryň arasynda bedenterbiýäni we sporty giňden wagyz etmek şeýle-de ýaş nesillermiziň, beden taýdan sagdyn, ruhubelent bolup ýetişmekleri üçin yzygiderli işler alynyp barylýar.
Ýurdymyzda “Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministirligi tarapynda meýilleşdirilen sport çärelerin, okuw-türgenleşik sapaklaryny we ýygnanşyklaryny geçirmegiň wagtlaýyn” tertibine laýyklykda türkmen Milli oýunumyz bolan küşt boýunça sport mekdebiniň binýadynda okuw-türgenleşik sapaklary uly depginde alynyp barylýar. Türgenleşik sapaklaryna gatnaşýan türgenler ýurdymyzda geçiriljek döwlet we halkara ýaryşlaryna ýaryşlara taýýarlyk görýärler.
«Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň medeniýet öýünde Garaşsyzlygymyzyň şanly 30-ýyllygy mynasybetli, Ahal welaýat medeniýet müdirliginiň meýilnamasy esasynda  „Garaşsyzlygymyzyň ylham joşguny“ ady bilen döredijilikli aýdym-sazly duşuşygy geçirildi.Dabarada Ahal welaýat kitaphanasy Hormatly Arkadagymyzyň keramatly kitaplaryndan, dürli pudaklaýyn eserlerden sergi gurnaldy. Duşuşyga  Kaka etrabynyň Mäne obasynyň ýaşaýjysy kärendeçi Täzegül Rejepmyradowa, Ahal welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy Gülaýym Allamyradowa gatnaşdylar. Duşuşygyň esasy maksady «Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna özleriniň ýürek buýsançlaryny goşgy setirler bilen beýan etdiler. Dabaranyň dowamynda Ak bugdaý etrabynyň medeniýet merkeziniň sazandalarynyň saz çalmagynda Ahal welaýat medeniýet merkeziniň zehinli aýdymçysy Gülşöhre Orazsähedowa Horamatly Arkadagymyz - Watan hakynda şirin owazy bilen aýdym ýerine ýetirdi  we duşuşyga medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda  has-da şowhunly geçdi. Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda Hormatly Arkadagymyzyň döwletli tutumlarynda hemişe-de rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny arzuw etdiler.
Ahal welaýatynyň bilim ulgamynda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda mekdebe çenli çagalar baglarynda   terbiýelenýän körpelerde  Watanyna, il-halkyna, Garaşsyz  hem  Baky Bitarap  Diýarymyzyň  Prezidentine  söýgi  döretmekden,  arassa,  dogry   geplemegi   başarýan   ukyply, zehinli,  wäşi  körpeleri  ýüze  çykarmak  maksady  bilen ýanwar aýynyň 23-ne welaýat derejesinde “Körpe wäşiler” ady bilen bäsleşik geçirilip, etraplardan we Tejen şäheriniň çagalar baglaryndan ýeňiji bolan körpeler gatnaşyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedew bady bilen ýeten beýik sepgitlerine ýürek buýsançlaryny, özleriniň öwrenen sanawaçlaryny, matallaryny, ýaňlytmaçlaryny çalt we dogry aýtmagy, keşipler boýunça şorta sözleri çaga kalplary bilen ussatlyklaryny, başarnyklaryny we ukyplaryny görkezip özara bäsleşdiler.
Netijede  çagalaryň arasynda Gökdepe etrabynyň 20-nji çagalar bakja-bagynyň körpejeleri ýeňiji boldular.
Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan Diýarymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek hormatly Prezidentimiziň durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Muňa ýurdumyzyň dürli sebitlerinde gurlup ulanmaga berilýän beýik maksatly taslamalar – durmuş we döwlet ähmiýetli desgalar şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň aýdyň geljegini nazara alýan indiki  amala aşyryljak taslamalary öňünden ýörite öz guruljak ýerinde gözden geçirmegi hem-de  degişli belliklerini aýtmagy bu ugurda edilýän işleriň hemmetaraplaýyn talabalaýyk bolmalydygy baradaky ýadawsyz tagallalarynyň aýdyň şaýadydyr.
Häzirki döwürde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ynsanperwer başlangyçlary bilen Ahal welaýatynda ägirt uly maýa goýum taslamasy, ýagny welaýatyň täze dolandyryş merkeziniň gurluşygy amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini gurmak maksady bilen 2019-njy ýylyň 4-nji martyndaky “Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini gurmak hakynda” 1160 belgili karary kabul edildi. Karara laýyklykda gurluşygyň birinji tapgyryny 2019-2021-nji ýyllarda, ikinji tapgyryny 2020-2022-nji ýyllarda amala aşyrmaklyk bellenilýär. Şu karara esaslanyp, hormatly Prezidentimiziň 2019-njy ýylyň 23-nji awgustyndaky “Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde binalary we desgalary gurmak hakynda” 1377 belgili kararyna laýyklykda gurluşyk işlerine 2019-njy ýylyň awgust aýynda başlanyldy.
Häzirki wagtda gurluşygyň işleri türkmen telekeçileri tarapyndan güýçli depginlerde alnyp barylýar. Guruşyk meýdançasynda edara binalary bilen bir wagtda ýurdumyzyň bagtyýar raýatlary üçin ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň köp sanlysy gurulýar.
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň buýurmasy esasynda “Dowamat”, “Altyn”, “Nur bina gurluşyk”, “Döwlet gurluşyk”, “Çyzgy” hojalyk jemgyýetiniň, “Weli gurluşyk”, “Şadyýan gurluşyk”, “Goňur baş”, “Garadaşly gurluşyk”, “Nur asyr”, “Ajaýyp gurluşyk”, “Nusaý ýollary”, “Gaýratly gala”, “Kat-Türkmen”, “Gujurly binagär” hususy kärhanalarynyň gurmagynda ýedi gatly, 28 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 22-siniň gurluşygy alnyp barylýar.
Şeýle hem, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler bileşmesinuň buýurmasy esasynda “Goşa depe”, “Röwşen”, “Türkmen ýaýlasy”, “Ak saraý”, “Tumar”, “Bir ataly” hususy kärhanalarynyň gurmagynda 7 gatly, 42 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 22-siniň, “Kämil ymarat”, “Altyn tug”, “Älem ýyldyzlary”, “Ussat inžener”, “Gujurly binagär”, “Garadaşly gurluşyk”, “Bagtyýar döwür”, “Depginli ösüş”, “Aga gurluşyk”, “Weli gurluşyk”, “Ajaýyp gurluşyk” hususy kärhanalarynyň, “Sähet gurluşyk”, “Altyn” hojalyk jemgyýetiniň alyp barýan gurluşyk işleriniň netijesinde 9 gatly, 54 öýli ähli amatlyklary üpjün edilen ýaşaýyş jaýlarynyň jemi 24-siniň gurluşygy güýçli depginler bilen dowam edýär.
Ahal welaýatynyň Gorjaw geňeşliginde gurulýan täze, döwrebap edara ediş merkezinde edara-kärhanalaryň gurluşygy hem alnyp barylýar. Ýagny, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň buýurmasy esasynda , “Nur bina gurluşyk” hojalyk jemgyýetiniň ýerine ýetirmeginde welaýat boýunça gurluşyk, energetika, we jemagat toplumynyň edara ediş binasy, banklaryň buýurmasy esasynda Türkmenistanyň “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň welaýat şahamçasynyň, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň welaýat şahamçasynyň, “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň welaýat şahamçasynyň, “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň welaýat şahamçasynyň edara ediş binalary, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň buýurmasy esasynda, “Goňur baş” hususy kärhanasynyň gurmagynda welaýat boýunça Oba hojalyk toplumynyň edara binasy, Türkmenistanyň Senagat we komunikasiýa ministrliginiň buýurmasy esasynda welaýat boýunça Senagat we komunikasiýa toplumynyň edara binasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýurmasy boýunça Alyjylar birleşmesiniň Abatlaýyş gurluşyk bölüminiň  amala aşyrmagynda welaýat boýunça Söwda toplumynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň edara jaýynyň gurluşyk işleri gyzgalaňly dowam edýär.
Maksatnama laýyklykda  birinji tapgyrda amala aşyrylmagy meýilleşdrilen binalaryň we desgalaryň gurluşyk işleri 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda tamamlamaklyk göz öňünde tutulýar.
2021-nji ýylyň ýanwar aýynyň 23-ne çenli döwürde 19 sany 5 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň, 24 sany 7 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň, 16 sany 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň – jemi 59 sany ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyk gurnama işleri güýçli depginlerde alnyp barylýar.
Gahryman Arkadagymyz bagtyýar halkymyzyň, şol sanda ýaş nesliň saglygyny goramagy ilkinji derejeli möhüm wezipe hökmünde üns merkezinde saklaýar. Milli Liderimiz şol maksat bilen, bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sagdyn durmuş ýörelgelerini ösdürmekde uly tagalla edýär.
Ata Watanymyzda ynsan saglygy we bagtyýarlygy ugrunda üstünlikli durmuşa geçirilýän işleriň ähmiýetini ilata düşündirmekde sazlaşykly işleri yzygiderli häsiýetde alyp barýarys. Häzirki günlerde Tejen etrabynyň çägindäki edara-kärhanalarda howanyň sowamagy bilen baglylykda döräp biläýjek keselleriň öňüni almak, arassaçylygyň düzgünlerini berjaý etmek, agyz-burun örtüklerini talabalaýyk ulanmak boýunça wagyz-nesihat işlerine aýratyn ähmiýet berýäris. Şeýle işler etrapdaky umumybilim berýän orta mekdeplerde zähmet çekýän mugallymlaryň, bilim alýan okuwçylaryň arasynda hem guralýar.
Etrap häkimliginiň, etrabyň hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, etrap hassahanasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda bilelikde geçirilýän wagyz-nesihat işleriniň barşynda ata Watanymyzyň ösüşli menzilleriniň, öňegidişlikleriniň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň il-günümiz üçin edýän bimöçber aladalarynyň durandygy barada gürrüň berilýär.
Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen bu gün saglygy goraýyş düzümi ösüp, täze belentliklere çykýar, kämilleşýär, lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeliligi ýokarlanýar. Bu bolsa, ata Watanymyzda, türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň dabaralanmagyna şert döredýär. Wagyz-nesihat işlerinde şular dogrusynda hem gürrüň etmek bilen, bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak boýunça degerli maslahatlar berilýär.
Ýakynda Tejen etrabynyň Adalat geňeşliginde raýatlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Etrap häkimliginiň meýilnamasy esasynda geçirilen duşuşykda çykyş edenler jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini pugtalandyrmagyň özeninde hormatly Prezidentimiziň il-günümiziň bagtyýarlygy we abadançylygy, beden we ruhy sagdynlygy babatdaky tagallalarynyň durandygyny belläp, agyz-burun örtüklerini ulanmagyň şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmegiň ähmiýeti hakynda aýtdylar. Agyz-burun örtüklerini dogry ulanmak wajypdyr. Örtügiň agyz bilen burnuňy dolulygyna örtmelidigini, bu düzgünleri çagalara-da öwretmegiň zerurdygyny nygtadylar.
Ýurdumyzda ynsan saglygy we bagtyýarlygy ugrunda alnyp barylýan işlerden ugur alyp, sagdyn durmuş ýörelgelerini jemgyýetimize doly ornaşdyrmak, sanitariýa-arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilişini gazanmak maksady bilen, Sarahs etrabynyň sport mekdebinde “Saglygym — baş baýlygym!” ady bilen duşuşyk geçirildi. Etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň we etrap hassahanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen duşuşyga tälimçiler we türgenler gatnaşdy.
Duşuşykda ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti pugtalandyrmakda, şonuň bilen bir hatarda ildeşlerimiziň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup kemala gelmegini gazanmakda wagyz-nesihat işleriniň ähmiýeti dogrusyndaky gürrüňe üns çekildi. Çykyş edenler sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegiň, sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň ähmiýetiniň uludygyny aýdyp, gyşyň häzirki aýazly günlerinde kesellerden goranmagyň möhümdigini bellediler. Bellenilişi ýaly, her bir adam şahsy arassaçylyk kadalaryny berjaý etmelidir, jemgyýetçilik ýerlerinde howpsuz 2 metr araçägi saklamalydyr, agyz-burun örtüklerini dogry dakynmalydyr.
Tejen şäherindäki 2-nji orta mekdepde «Sagdyn durmuş ýörelgesi üstünligiň açarydyr» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa şäher häkimliginiň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri, ýokary synp mekdep okuwçylary we öňdebaryjy ýaşlar gatnaşdy.
Hormatly Prezidentimiziň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek, ýaşlaryň sagdyn durmuş baradaky aň-düşünjelerini kämilleşdirmek maksady bilen geçirilen duşuşyk täsirli boldy. Onda çykyş edenler ýurdumyzda adam sarpasynyň belentde tutulýandygyny, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýandygyny nygtadylar we jemgyýetçilik ýerlerinde agyz-burun örtüklerini ulanmagyň möhümdigi barada durup geçdiler.
Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Babadaýhan etrabynyň Garawekil obasyndaky sport mekdebiniň sport meýdançasynda TMÝG-niň etrap Geňeşiniň hem-de sport mekdebiniň bilelikde guramagynda «Biz — watançy nesiller» ady bilen sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryş geçirildi. Onda ýaş türgenler sportuň uzak aralyga ylgamak, köpçülik bolup tanap çekmek, futbol, woleýbol, tens görnüşleri boýunça özleriniň kämilliklerini görkezdiler.
Bu sport ýaryşy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe beden taýdan sagdyn, watansöýüji, ruhubelent ýaşlaryň kemala gelýändigini görkezdi. Ýeňiji bolan toparlar TMÝG-niň etrap Geňeşiniň hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandy.
Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Ahal welaýat gümrükhanasynda «Sport — Watan goragçylarynyň durmuşynda» ady bilen sport ýaryşlary geçirildi. Sportuň woleýbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis, küşt, şaşka görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşlarda gümrük nokatlarynda gulluk edýän gullukçylar özleriniň başarnyklaryny görkezdiler.
Sport ýaryşlary oňa gatnaşan türgenlerde uly ruhubelentlik duýgusyny döretdi. Ýeňiji bolan Watan goragçylaryna hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Kaka etrabynyň Gozgan geňeşliginiň çäginde «Röwşen — Rahym» daýhan hojalygy tarapyndan döwrebap guşçulyk we ýyladyşhana toplumlarynyň işi ýokary talaplara laýyklykda ýola goýlupdyr.
2019-njy ýylyň ýazynda dabaraly ýagdaýda açylyp, işe girizilen ýyladyşhana toplumynda ilkibaşda pomidoryň altynaý, aramo, moda ýaly görnüşleri ýetişdirilip başlandy. Toplumyň işçi-hünärmenleriniň tagallasy bilen ol ýerde pomidoryň agzalan görnüşleriniň bol hasyly ýetişdirilip, terligine ilata ýetirildi. Wagtyň geçmegi bilen, ýyladyşhana toplumynda pomidoryň başga-da birnäçe görnüşi synag edildi. Şoňa görä-de, üstümizdäki möwsümde ýyladyşhana toplumynda, esasan-da, pomidoryň tagamlylygy, ýokumlylygy we hasyllylygy bilen tapawutlanýan marwelans görnüşi ýetişdirildi.
Umumy 5 gektar meýdany tutýan ýyladyşhana toplumynyň 3,5 gektarynda pomidor ýetişdirilýär.  Dünýäniň meşhur kompaniýalarynyň enjamlaryndan, iň kämil innowatiw tilsimatlaryndan peýdalanyp gurnalan döwrebap ýyladyşhanada meýdany 720 inedördül metr bolan şitilhana ýerleşýär. Ýyladyşhana toplumynyň zerurlygy üçin gerekli şitiller şol ýerde ýetişdirilýär. Ýyladyşhana şertlerinde pomidor ýetişdirýän beýleki telekeçileri şitil bilen ýeterlik möçberde üpjün etmäge mümkinçilikler hem bar. Ýyladyşhananyň howa ulgamynyň, ýagny çyglylygynyň, kömürturşy gazynyň we ýagtylygynyň ýörite gurnalan akylly kämil tilsimatlar arkaly sazlanmagy dürli gök we bakja önümleriniň bol-bereketli hasylyny ýetişdirmäge şert döredýär. Şeýle bolansoň, üstümizdäki möwsümde şitilhananyň bellibir böleginde ilkinji gezek hyýar, gawundyr garpyz şitillerini ýetişdirmek meýilleşdirildi. Häzirki wagtda şol şitiller kadaly boý alýar. Mundan başga-da, ýyladyşhanada ýokuma baý dürli gök otlaryň ýetişdirilmegine ähmiýet berilýär.
Ýurdumyzyň iri senagat kärhanalarynyň biri bolan «Döwletabatgazçykaryş» müdirliginiň agzybir işçi-hünärmenleriniň her biri geçen ýylda tebigy gaz, gaz kondensatyny çykarmakda guwandyryjy görkezijilere eýe boldular. Müdirligiň gaz çykaryjylary geçen ýyl gaz we gaz kondensatyny çykarmak boýunça tabşyrygy artygy bilen ýerine ýetirmegiň hötdesinden geldiler. Olar şanly ýylda ýerasty guýularyň abatlaýyş işlerine hem aýratyn ähmiýet berdiler. Bu bolsa, guýularyň önüm berijiligini ýokarlandyrmaga ýardam etdi.
Şu ýyl guýularyň 30-synda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek meýilleşdirilýär. Tebigy gazyň täze gorlarynyň işe girizilmegini ýola goýmak arkaly «Zäkli derweze», «Çemmerli» gaz ýataklarynda iki guýyny, «Toparjulba» gaz käninde üç guýyny önümçilige goýbermek meýilleşdirilýär.
Häzirki wagtda ýylyň ilkinji günlerinden başlap müdirligiň gazçylary ýokary ruhubelentlik bilen zähmet çekmek arkaly, özleriniň iş depginlerini has-da ýokarlandyrýarlar. Gazçylaryň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmak babatda alnyp barylýan meýilnamalaýyn çäreler bolsa, olaryň netijeliligine oňyn täsirini ýetirýär.
Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ata Watanymyz ösüşiň täze belentliklerine tarap öňe barýar. Şeýle taryhy döwürde ýaşamagyň, zähmet çekmegiň, döretmegiň we gurmagyň özi hem tükeniksiz bagtdyr. Medeniýet işgärleri Arkadagly döwrümiziň eçilýän ajaýyp peşgeşlerinden ruhlanyp, has-da döredijilikli zähmet çekýärler.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän üstümizdäki ýylda halkymyz mukaddes ýurt Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuny giňden belläp geçýär. Şonuň bilen baglanyşykly, Kaka etrabynyň medeniýet-sungat işgärleri täze aýdym-sazlary, joşgunly tanslary, sahna eserleri bilen toýa sowgatly barmagy baş maksat edinýärler.
Etrabyň medeniýet bölüminiň teatr studiýasynyň agzybir döredijilik topary tarapyndan hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitabyndan rowaýatlaryň birnäçesi sahnalaşdyryldy. Şu günler teatryň sahnasynda Aşyr Mämiliýewiň «Duralgada duran», Berdi Bäşimowyň «Kime jaý gerek, kime taý» atly eserleri esasynda sahna oýunlarynyň, körpeje tomaşaçylar üçin Aýmämmet Işangulyýewiň «Jadyly söz» atly gurjak oýunlarynyň üstünde işlenilýär. Bu sahna eserleriniň şowly çykmagy üçin teatryň halypa we ýaş artistleri özleriniň zehin-yhlasyny gaýgyrmaýarlar. Mundan başga-da birnäçe edebi sazly kompozisiýalaryň, gysgajyk degişme sahnalarynyň taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän şanly ýylymyzda Ak bugdaý etrabynda baý many-mazmunly çäreler guralýar. Etrabyň Gämi obasynyň Medeniýet öýünde «Gahryman Arkadagyň kitaby — umumadamzat gymmatlygy» ady bilen yglan edilen bäsleşigiň etrap tapgyrynyň guralmagy hem şeýle çäreleriň üstüni ýetirdi.
Bäsleşik hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly gymmatly kitabyna bagyşlandy. Onuň esasy maksady Gahryman Arkadagymyzyň ady agzalan ajaýyp kitabynyň düýp many-mazmunyny ýaş nesillere ýetirmekden, olarda geçmiş taryhymyza, milli ýol-ýörelgelerimize buýsanjy artdyrmakdan hem-de watançylyk duýgularyny ösdürmekden ybarat boldy.
Bäsleşigiň alyp baryjysy onuň degişli düzgünleri we şertleri bilen tanyşdyrandan soňra, bäsdeş zenanlar sahnada döredijilik babatdaky ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan bölekleriň okalmagy, ondaky rowaýatdyr hekaýatlaryň terbiýeçilik ähmiýeti barada söhbet edilmegi, olaryň many-mazmunynyň açylyp görkezilmegi bäsleşigiň täsirliligini artdyrdy. Zenanlar bäsleşigiň şertleri esasynda ýerine ýetiren çykyşlarynda bu gymmatly kitabyň özlerinde galdyran täsirlerini goşgudyr gazallaryň üsti bilen hem beýan etdiler.
«Gahryman Arkadagyň kitaby — umumadamzat gymmatlygy» bäsleşiginiň etrap tapgyrynda A.Öwezowa, A.Annamyradowa, G.Gurbanowa dagy baýrakly orunlary eýeledi.
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň zenanlarynyň arasynda geçirilmegi däbe öwrülen «Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň Kaka etrap tapgyry şanly ýylymyzda hem uly ruhubelentlige eýe boldy. Etrabyň Medeniýet öýünde bolan bäsleşigiň nobatdaky tapgyryny Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölümi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi hem-de etrabyň medeniýet bölümi bilelikde gurady.
Hormatly Prezidentimiziň zenanlara goýýan sarpasyna jogap etmek we zenanlaryň hünär başarnygyny, ukybyny açyp görkezmek maksady bilen geçirilýän bäsleşigiň etrap tapgyryna gatnaşyjylar onuň degişli ugurlary we şertleri esasynda çykyş etdiler. Öňdebaryjy zenanlar jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda alyp barýan işlerini özleriniň çykyşlarynyň üsti bilen açyp görkezdiler. Olaryň asylly kärine bolan ukyp-başarnygyşol çykyşlarda aýdyň şöhlelendi.
Ýakymly täsirlere beslenen bäsleşigiň netijesinde «Ýylyň işewür zenany», «Ýylyň çeper elli zenany», «Ýylyň sungatda işjeň zenany», «Ýylyň mährem zenany», «Ýylyň watançy zenany», «Ýylyň öňdebaryjy oba zenany», «Ýylyň telekeçi zenany» ýaly ugurlar boýunça aýratyn tapawutlanan zenanlar öňe saýlanyp, onuň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijilere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň sowgatlary gowşuryldy.
Kaka etrabynyň Medeniýet öýünde saz-söhbede beslenen dabara geçirildi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän üstümizdäki şanly ýylyň çärelerine özboluşly badalga bolan dabarany etrap häkimligi, etrabyň medeniýet bölümi hem-de jemgyýetçilik guramalary bilelikde gurady.
Dabarany etrap häkiminiň orunbasary Altynjemal Sapardurdyýewa açyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan giň göwrümli işler, ykdysadyýetde, durmuş-medeni ulgamlarda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler, ata Watanymyzyň barha arşa göterilýän şan-şöhraty barada gürrüň etdi hem-de 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip, yglan edilmeginiň ähmiýetini nygtady. Etrap häkiminiň orunbasary gadam basylan şanly ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bagtyýar türkmen halkynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny uly dabaralara besläp, giňden bellejekdigi baradaky gürrüňe ünsi çekip, naýbaşy baýramymyzyň şanyna Kaka etrabynda hem baý many-mazmunly çäreleriň guraljakdygyny aýtdy.
Kaka etrabynyň baş ymamy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Nurmuhammet Rejebow, TDP-niň etrap komitetiniň başlygy T.Nuryýew, TAP-nyň etrap komitetiniň başlygy T.Beknazarowa, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň başlygy N.Öwlýakulyýew, TMÝG-niň etrap Geňeşiniň başlygy B.Öwezow dagy dabarada eden çykyşlarynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerindäki taryhy ähmiýetli wakalara ünsi çekip, Arkadagly döwrümiziň her bir gününiň şan-şöhrata beslenen wakalara utgaşýandygy, ata Watanymyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda uly öňegidişliklere eýe bolunýandygy hakda uly buýsanç bilen gürrüň berdiler. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli etrabyň çägindäki edara-kärhanalarda, guramalarynda, şeýle-de oba geňeşliklerinde meýilnama esasynda baý many-mazmunly çäreleri guramak meýilleşdirilýär. Meýilnamalaýyn esasynda geçiriljek aýdym-sazly dabaralaryň, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikleriň, döredijilik bäsleşikleriň, sport ýaryşlarynyň, wagyz-nesihat duşuşyklarydyr maslahatlaryň netijeliligini gazanmakda bilelikdäki tagallalara aýratyn ähmiýet beriljekdigi bellendi.
Dabaranyň dowamynda ýaňlanan sungat çykyşlary oňa baý many-öwüşginini berdi. Etrap medeniýet merkeziniň teatr studiýasynyň edebi-sazly kompozisiýasy, mahmal owazly bagşylaryň, ussat sazandalaryň, Çagalar sungat mekdebiniň skripkaçylar toparynyň Arkadagly döwrümizi, eziz Diýarymyzy wasp edýän aýdym-sazlary, tans toparlarynyň joşgunly çykyşlary dabara gatnaşyjylaryň kalbyny heýjana getirip, göwünlerine ganat berdi.
Gökdepe şäheriniň Medeniýet köşgünde «Dünýäde parahatçylygy üpjün etmek we birek-birege ynanyşmak türkmen halkynyň ebedilik ýol-ýörelgesidir» ady bilen dabara geçirildi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän şanly ýyla bagyşlanan dabarany etrap häkimligi, etrabyň jemgyýetçilik guramalary hem-de medeniýet bölümi bilelikde gurady.
Edara-kärhanalaryň zähmetkeşleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda bolan dabarada täsirli çykyşlara aýratyn orun berildi. Bagtyýar ildeşlerimiz çykyşlarynda Arkadagly döwrümiziň gadyr-gymmaty, ata Watanymyzyň arşa göterilýän abraý-mertebesi, şöhratly ýyllarymyzyň üstünliklere beslenilişi dogrusynda söz açyp, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän ýylymyzyň ilkinji günleri bolup geçýän şatlykly wakalar hakynda buýsanç bilen gürrüň etdiler.
Üstümizdäki ýylda bellenip geçiljek şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyny mynasyp garşylamakda etrabyň zähmetkeşleriniň agzybirlik bilen has-da tutanýerli zähmet çekjekdigi barada aýdylanlar dabara gatnaşyjylar tarapyndan gyzgyn goldaw tapdy. Dabara gatnaşanlar halkymyzy baky bagtyýarlyga ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyşly sözlerini aýtdylar.
Dabaranyň dowamynda etrabyň medeniýet merkeziniň aýdymçy-sazandalarynyň we «Ak telpek» çagalar tans toparynyň çykyşlary oňa gatnaşyjylarda uly täsirleri galdyrdy.
Tejen şäherindäki Medeniýet öýünde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli saz-söhbetli dabara geçirildi. Ýylyň şygary astynda ýaýbaňlandyrylan dabarany şäher häkimligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň şäher komiteti, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň şäher birleşmesi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramalarynyň şäher Geňeşi hem-de şäheriň medeniýet bölümi bilelikde gurady. Oňa dürli ugurlarda zähmet çekýän ildeşlerimiz gatnaşdy.
Dabara gatnaşyjylar medeni ojagyň eýwanynda guralan göçme kitap sergi bilen tanşanlaryndan soňra, dabaranyň geçýän ýerine bardylar. Ol ýerde 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýürek joşduryjy çykyşlar boldy. Çykyş edenler gadam basylan şanly ýylyň ata Watanymyzyň, halkymyzyň durmuşyna şöhratly ýyllaryň biri bolup girjekdigine, ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda uly sepgitlere ýetiljekdigine ynam bildirdiler.
Halkymyzy bedew batly ösüşleriň ýoly bilen eşretli, röwşen günlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň adyna aýdylan hoşallyk we alkyş sözleri dabaradaky çykyşlaryň özeni boldy. Aýdym-sazly çykyşlar bolsa, dabaranyň ruhubelentligini has belende göterdi. Şäheriň medeniýet bölümi tarapyndan taýýarlanan aýdym-sazlarda, tanslarda Arkadagly döwrümiziň joşgunly waspy beýanyny tapdy.
Ýakynda Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynyň Medeniýet öýünde geçirilen dabara «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçirilýän şanly ýylyň çärelerine özboluşly badalga boldy.
Dabarany etrabyň häkiminiň orunbasary Akgül Toporowa açyp, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň dünýäde barha arşa göterilýän şan-şöhraty, ähli ugurlarda gazanýan üstünlikleri barada gürrüň etdi. Ol çykyşynda geçen, 2020-nji ýylda eziz Diýarymyzyň ýeten beýik sepgitleri hem-de «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde bolup geçýän taryhy wakalaryň ähmiýeti dogrusynda aýratyn durup geçdi.
Dabarada çykyşlara giň gerim berildi. Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýylynyň taryha şan goşýan wakalara beslenýändigini, geçen ýylyň hem bagtyýar halkymyz, ata Watanymyz üçin rowaçlyga beslenen ýyllaryň birine öwrülendigini uly buýsanç bilen bellediler. Olaryň nygtaýşy ýaly, geçen, 2020-nji ýylda ýurdumyzyň dürli ugurlarynda gazanylan ägirt uly üstünlikler, ýetilen belent sepgitler milli ykdysadyýetimiziň has-da kuwwatlanmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna itergi berdi.
Dabara gatnaşyjylar ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň has-da eşretli durmuşda ýaşamagy, şeýle-de Ýer ýüzünde parahatçylygyň, abadançylygyň höküm sürmegi ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza bolan buýsanjyny alkyşly sözleri bilen beýan etdiler.
Dabaranyň dowamynda etrabyň medeniýet merkeziniň aýdym-saz toparlarynyň ýerine ýetiren joşgunly çykyşlary ýürekleri heýjana getirdi. Bagşy-sazandalaryň, «Dürdäne», «Ahal owazlary» aýdym-saz, tans-halk döredijilik toparlarynyň çykyşlarynda Arkadagly döwrümiziň waspy belentden ýaňlandy.
Toprakda ösümlikleriň kök ulgamynyň esasy böleginiň ýaýraýan gatlagyny gowaça ekilmezden öň ýumşatmak, şeýle hem topragyň üstki, kök galyndylaryna we çüýrüntgä hem-de peýdaly mikroorganizmlere baý gatlagyny aşak, ýagny ekinleriň kök ulgamynyň esasyýaýraýan zolagyna düşürmek, iýmit maddalaryny az mukdarda saklaýan gatlagyny bolsa topragyň ýüzüne çykarmak üçin azyndan 40sm çuňlukda sürüm geçirmek zerurdur.
Sürümiň netijesinde ýeriň ýüzüne çykarylan gatlakdaky toprak ýylyň dowamynda dowamynda geçirilýän agrotehniki çäreleriň täsiri bilen iýmit maddalary, peýdaly mikroorganizmler bilen baýlaşýar. Sürümiň netijesinde topragyň üstki gatlagyna çykarylyp, amatly şertlerine düşüp gögeren haşal otlar bolsa, soňky geçirilýän agrotehniki çäreleriň netijesine ýok edilýär. Topragyň maslahat berilýän çuňlukda , sürülmegi netijesinde haşal otlaryň  2-4 esse azalýandygy ylmy-barlaglarda anyklanyldy.
Ýokarda agzalan çäreleriň pes hilli geçirilmegi tohumlardan endigan gögeriş almaga we gowaçanyň kadaly gürlügini gazanmaga mümkinçilik bermeýär.
Eňňitsiz ýerlerde tagt suwundan soň yzgar saklamak maksady bilen, üsti guran badyna topragy ilki çizel, onuň yzyndan bolsa 2 tirkegli dişli dyrmyk bilen ýumşadypş, soňundan hem mala basmaly. Tohumyň ýeterlik çuňluga endigan düşüp, ekişiň ýokary hilli geçirilmegine mümkinçilik berýän,keseksiz,ownuk işlnip bejerilen toprak almak üçin öň ýanynda ýumşadyjylara bilen topragyň mehaniki düzümine baglylykda, 16-18 santimetre çenli çuňlukda, soň bolsa dişli dyrmyk bilen ýumşadyp, mala basmak zerur.
Toprak şeýle yzygiderlikde işlenip bejerilende tohumyň gögerijiligi ýokarlanýar, gowaçanyň gürügine, şeýle hem ösülikleriň kadaly ösüp, ýeterlik boý almagyna, hasyl şahalarynyň köpelmeginiň hasabyna gozalaryň sanyyň artmagyna hem-de olaryň öz wagtynda açylmagyna oňaýly täsir edýär. Netije-de, şeýle bejergi geçirilen meýdanlarda gowaçanyň hasyllygy ortaça 1,1-2,9 s/ga artýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňde goýlan strategik durmuş-ykdysady wezipeleri çözmek Türkmenistanyň gurluşyk, elektrik energetikasy, himiýa senagaty, gurluşyk önümçiligi we senagat ulgamynyň işiniň möhüm ugrudyr. Milli Liderimiz ýurdumyzda ykdysadyýetiň bu ulgamlaryny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär.
Olara ägirt uly maýa goýumlarynyň goýulmagy, pudaklaryň netijeli işlemegi üçin göwnejaý şertleriň döredilmegi, kuwwatlyklarynyň yzygiderli artdyrylmagy, maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy bolsa tutuş halk hojalygynyň okgunly we sazlaşykly ösmegine ýardam edýär.
Gurluşyk pudagyny ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwletimiziň üstünlikli durmuşa geçirilýän ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Soňky ýyllaryň dowamynda gurlup, ulanylmaga berlen dürli maksatly desgalar milli Liderimiziň döredijilikli syýasatynyň oňyn netijesidir, ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly öňe barýan Watanymyzyň barha artýan kuwwatynyň aýdyň subutnamasydyr.
Köp pudakly milli ykdysadyýetimiziň innowasiýalar esasynda mundan beýläk-de ösdürilmegine, örän baý tebigy serişdeleriň doly derejede peýdalanylmagyna, sebitleriň toplumlaýyn özgerdilmegine gönükdirilen ileri tutulýan maksatnamalara laýyklykda, ýurdumyzy okgunly ösdürmek üçin şertleriň döredilmeginde maýa goýum-gurluşyk toplumyna ähmiýetli orun degişlidir.
Döwlet Baştutanymyz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän bu strategiýanyň netijesinde, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümleriň dürli görnüşlerini öndürýän senagat kärhanalary gurulýar, häzirki zaman ulag we durmuş düzümleri kemala getirilýär, giň gerimli ýaşaýyş jaý gurluşygy alnyp barylýar. Ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň kuwwatlyklary, şol sanda ýerli çig maldan öndürilýän gurluşyk serişdeleriniň önümçilik binýadynyň kuwwatlyklary artdyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda geçirilen taryhy mejlisinde belleýşi ýaly, Türkmenistan gurýan ýurtdur, kuwwatly döwletdir. Ýurdumyzda amala aşyrylýan gurluşyklar Garaşsyz Watanymyzyň dünýäde kuwwatly hem-de ähli ugurlar boýunça ösýän döwletdigini aýdyň görkezýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda umumy bahasy 37 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan 2,5 müňe golaý iri desganyň gurluşygy alnyp barylýar.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, şäher we oba ýerlerini ösdürmek, ýurdy senagatlaşdyrmak, ulag-logistika düzümlerini döretmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Eziz Watanymyzyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny zähmet sowgatlary bilen garşylamak maksady bilen, ýurdumyzyň halk hojalygynyň beýleki toplumlary bilen birlikde gurluşyk ulgamynda hem döredijilikli işler alnyp barylýar.
2018-nji ýylda Ahal welaýatynyň Kaka we Babadaýhan  etrabynda täze senagat toplumlarynyň düýbüni tutmak dabarasy guralypdy. Bu desgalar “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna” hem-de eksport ugurly önümleriň möçberlerini artdyrmak boýunça dokma pudagynyň öňünde goýlan wezipelere laýyklykda bina edilýändiginiň subutnamasy bolup durýar.
Bu täze senagat toplumlary  döwlet baştutanymyz kararyna laýyklykda, egirme, dokma, boýag we tikin önümçiligini öz içine aljak  Kaka etrabyndaky dokma toplumy ýylda inçe süýümli pagtanyň 5 müň tonnasyny, ondan “kompakt-penýe” belgili nah ýüplügiň 3 müň 650 tonnasyny öndürmäge niýetlenen önümçiligi, 10 million inedördül metr matany hem-de 1 million 200 müň taýýar önümi öndürmäge niýetlenen önümçilik bölümlerini öz içine alýar.
Şeýle-de Babadaýhan etrap dokma toplumyna degişli boljak önümçilik kuwwatlylygy bir ýylda 3 müň 300 tonna kompakt penýe (tüýsüz) görnüşli inçe süýümli ýüplügi, 20 million inedördül metr ýokary hilli matalary öndürýän, şol sanda 18 million inedördül metr boýalan matany hem-de 3 million 500 müň sany tikin önümini öndürýän önümçilik bölümlerini bellesek bolar.
Bu Dokma toplumlaryň gurluşyklary  milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň strategiýasyny durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm ädim boldy, bu ýerde pudagy giň möçberde diwersifikasiýalaşdyrmak, sebitleri senagat taýdan ösdürmek, bar bolan çig-maly has düýpli gaýtadan işlemek göz öňünde tutulýar. Nobatdaky iri ýokary tehnologiýaly dokma kärhanasyny gurmak “Cotam Enterprises Ltd.” türk kompaniýasyna ynanyldy, bu kompaniýa bilen pudagyň desgalaryny gurmakda netijeli hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesi toplanyldy. Gurluşyk toplumlaryny  2021-nji ýylda ulanmaga bermek bellenildi.
Bu pudak ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýerleşýän ýokary tehnologiýaly ýetmiş kärhanany öz içine alýar hem-de Türkmenistanda köp mukdarda öndürilýän pagtanyň — gymmatly çig malyň zerur serişdelerine eýedir. Bu pudaga gönükdirilýän uly döwlet maýa goýum serişdeleri, kärhanalaryň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilmegi netijesinde, daşary ýurtlarda öndürilýän harytlar bilen mynasyp bäsdeşlik edýän ýokary hilli önümleriň ýurdumyzda çykarylýan görnüşleri yzygiderli artdyrylýar.
Merkezi Aziýada iň iri toplumlar pudagyň önümçilik binýadynyň esasyny düzýär, Kaka hem-de Babadaýhan etrabyndaky geljekki dokma toplumlary şolaryň sanawyna goşular.
Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen dünýä ülňilerine gabat gelýän oba hojalyk tehnikalary we gurallary satyn alyp bermegi netijesinde, oba hojalyk tehnikalaryny meýdan şertlerinde sazlaýyş işlerini geçirmegiň düzgünleri berjaý edilip, ekin meýdanlarynda geçirilýän agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda dürli görnüşli oba hojalyk gurallaryny netijeli ulanmak barada degişli çäreler geçirilýär. Oba hojalyk tehnikalary her bir möwsümleýin meýdan işlerinde netijeli ulanylanyndan soň uzak möhletleýin saklanmaga goýulmazdan öň degişli hünärmenler we mehanizatorlar tarapyndan oba hojalyk tehnikalaryny indiki möwsüme taýýarlamak üçin gerek bolan ätiýaçlyk şaýlarynyň sanawy düzülýär. Etrap Tehniki abatlaýyş kärhanasynda we daýhan birleşiklerinde oba hojalyk tehnikalarynyň aýawly saklanylmagy netijesinde, häzirki wagtda oba hojalyk tehnikalarynyň geljek ýylyň gowaça ekiş möwsümine doly taýýar edilen görnüşi.
2021-nji ýylyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diyip atlandyrylmagy mynasybetli Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň hem-de Ahal welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda  Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde  “Parahatçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklary türkmen halkynyň döwletlilik ýörelgesidir” atly şygar astynda 2021-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda aýdym-sazly maslahat geçirildi.
Brifing görnüşinde geçirilen dabaraly maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan parahatsöýüjilikli içeri we ynsanperwer daşary syýasatyny halk köpçüliginiň arasynda wagyz-nesihat etmek boýunça “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda   Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň hem-de Ahal welaýat Medeniýet müdirliginiň amala aşyrmagy meýilleşdirýän işleri,  şeýle hem, hormatly Prezidentimiziň dünýäde parahatçylygy üpjün etmek, ýurtlar arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak ugrunda alyp barýan giň möçberli işleri barada täsirli çykyşlar edildi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň her bir güni Gahryman arkadagymyzyň saýasynda ösüşlere özgertmelere şanly senelere beslenýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasarlary bilen  wideo şekilli göni aragatnaşykda geçiren iş maslahatynda  “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny hem-de iş meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky karara gol çekip  bermegi mynasybetli Änew şäherinde ýerleşýän Medeniýet öýünde Ahal welaýat häkimligi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşi bilen bilelikde guramaklarynda  hoşallyk maslahaty geçirildi.
2021-nji ýylyň ýanwar aýynyň 07-ne Änew şäherindäki Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna mynasyp bolan Ahal welaýatynyň zehinli çagalaryny sylaglamak dabarasy geçirildi. Ýaş nesliň arasynda uly meşhurlyk gazanan agzalan baýraga bu gezek welaýatymyzdan ruhubelent çagalaryň onusy  mynasyp boldy.
Mälim bolşy ýaly, bu baýrak ýurdumyzda geçirilýän jemgyýetçilik işlerine işeňňir gatnaşyp, bagtyýar döwrümizi wasp etmekde ýokary döredijilik başarnygyny, işjeňligini görkezýän, milli medeniýetimizi, aýdym-saz sungatymyzy ösdürmekde öz goşandyny goşýan, şeýle-de bilim, döredijilik bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda ýeňiji bolan, galybersede beýleki ugurlarda tapawutlanýan çagalara berilýär. Baýragyň ýeňijilerini Täze ýylyň başynda dabaraly ýagdaýda sylaglamak däbe öwrüldi. “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň şu taryhy günlerinde geçirilen dabarada baýraga mynasyp bolan ýaş zehinlileriň şatlygyny duýmak has-da buýsançly boldy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Ahal welaýat Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen dabarada bagtyýar çagalara Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň degişli şahadatnamasy hem-de gymmat bahaly sowgatlar uly ruhubelentlikde gowşuryldy. Bu pursat ýaş zehinlileriň durmuşynda aýratyn tolgundyryjy  pursada öwrüldi.
Baýraga mynasyp bolan çagalar okamaga, öwrenmäge döretmege, ähli taraplaýyn sazlaşykly ösmege giň ýol açandygy üçin hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
ARKADAGYMYZYŇ SOWGATLARY
GOWŞURYLDY.
Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 4-nji dekabrynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda “Agzybirlik tilsimaty” kärhanasy tarapyndan 1-nji synp okuwçylary üçin öndürilen täze kompýuterleriň çagalara täze ýyl sowgady hökmünde dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy barada aýtdy. Şonuň bilen baglanyşykly, düýn welaýatyň orta mekdepleriniň 1-nji synp okuwçylaryna döwlet Baştutanymyzyň ajaýyp sowgadynyň-tehniki häsiýetleri boýunça dünýä ölçeglerine gabat gelýän kompýuterleriniň dabaraly gowşurylyşy boldy.
“Türkmenistanyň – Bitaraplygyň mekany” ýylynda başlanan 2020-2021-nji okuw ýylynda welaýatymyzyň çägindäki orta mekdeplere 6 ýaşly çagalaryň 23137-si gadam basdy. Kompýuterleriň gowşurylyş dabaralary bagtyýar çagalaryň dumuşynda ýatdan çykmajak pursatlara öwrüldi. Dabaralara Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýatynyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, şeýle-de Aýazbabadyr Garpamygyň gatnaşmagy hem-de çagalara iň gowy arzuwlary beýan etmegi ýaş nesiliň şatlygyny goşalandyrdy.
Ak bugdaý etrabyndaky takyk we iňlis dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdepde bolup, 1-nji synp okuwçylarynyň şatlygyna şaýat bolmak buýsançly täsirleri peşgeş berdi. Bu mekdep welaýatymyzda göreldeli mekdep göreldeli bilim ojagynyň biridir. Mekdepde çagalaryň döwrebap bilim terbiýe almagy, berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegi ugrunda ähli şertler bar.Ýokary derejede enjamlaşdyrylan, okuw gollanma esbaplary bilen üpjün edilen, synp otaglarynyň giň amatlyklary çagalara berilýän bilimiň esaslaryny ele almaga we sapaklaryny oňat özleşdirmäge oňaýly täsirlerini ýetirýär, şeýle bolansoň, bagtyýar nesliň bilime bolan höwesi diýseň ýokarydyr.
Şatlykly günde Aýazbabadyr Garpamagyň iň gowy arzuwlary bilen, mekdebiň 1-nji synp okuwçylaryna hormatly Prezidentimiziň ajaýyp sowgady bolan kompýuterleri dababaraly ýagdaýda gowşurylmagy çagalaryň göwnüni galkyndyrdy. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiniň Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitetiniň başlygy Maksatberdi Gurbanow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň welaýat birleşmesiniň başlygy, Mejlisiň deputaty Baýramsoltan Myradowa, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň başlygy Resul Işangulyýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň bölüm müdiri Annamuhammet Gulow gymmatly sowgadyň gowşurylmagy bilen mekdep okuwçylaryny gutladylar. Gahryman Arkadagymyzyň täze ýyl sowgadyna eýe bolan, ruhy belent çagalar özleri barada edilýän, bimöçber aladalary üçin döwlet Baştutanymyzyň adynda hoşallygyny goşgy setirleriniň üsti bilen beýan etdiler. Etrapdaky beýleki orta mekdeplerde geçirilen dabaralara Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň etrap birleşmesiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşliginiň wekilleri hem gatnaşyp, onuň guramaçylykly geçmegine ýardam etdiler.
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň M.Sopyýew adyndaky paýdarlar jemgyýetiniň ýyladyşhanasynda ösdürilip ýetişdirilýän pomidor hasyly
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň M.Sopyýew adyndaky paýdarlar jemgyýetiniň ýyladyşhanasynda ösdürilip ýetişdirilýän limon hasyly