Gadymy Änew

Änew topragynyň taryhy barada Milli Liderimiziň halkymyza sowgat beren ,,Hakyda göwheri” atly ajaýyp eserinde hem ylmy esasda ýazylan maglumatlar ýerleşdirilen. Bu kitapda türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetine goşan ägirt uly goşandy we dünýä taryhyndaky orny barada ylmy taýdan delillendirilen baý maglumatlar beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyz bu ajaýyp eserinde Änew topragynda ata-babalarymyzyň ilkinji ekerançylyk bilen meşgullanandyklarynyň subutnamalary hakynda belleýär we Änew medeniýeti Köpetdagyň demirgazyk eteklerinde biziň eýýamymyzdan öňki bäşinji müňýyllykda peýda bolupdyr diýip beýan etmek bilen ýurdumyzda geçirilýän gazuw-agtaryş işlerinde ýüze çykarylan gymmatlyklary hatyralap biziň ata-bablarymyzyň ekerançylyk bilen meşgullanandyklaryna aýratyn üns çekýär. Sebäbi ХХ asyryň başynda Amerikan alymy Rafael Pampelliniň alyp baran gözlegleri muňa şaýatlyk edýär. Bu ekspedisiýa Änewde Merkezi Aziýada seýrek duş gelýän siwilizasiýalaryň üýtgeýşi barada subutnamalaryny ilkinjileriň hatarynda ýüze çykarýar. Änew depelerinde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň iň täsin we ähmiýetli ýeri, ak bugdaýyň we arpa samanynyň yzlary açylyp, garalyp kömre öwrülen däneriniň tapylmagydyr. Ýene-de bir buýsanç bilen bellemeli zatlarymyzyň biri bolsa Gahryman Arkadagymyz ,,Hakyda göwheri” atly kitabynda Änew şäherindäki Türkmenistanyň Milli ,,Ak bugdaý” muzeýiniň hem ak bugdaýyň mekanyny baky ebedi saklajak muzeýdigini tassyklaýar. Türkmen halkynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýaryn