Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlar ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ylymly-bilimli, Watana, halka, beýik pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly, ruhubelent, maksada okgunly, zähmetsöýer ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, häzirki zaman enjamlaryndan oňat baş çykarýan, başarjaň hünärmenleri taýýarlamakda has ýokary netijeleri gazanmak baş wezipelerdir. Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesil çäksiz alada bilen gurşalýar hem-de ýaşlaryň bilim almagy, hünär öwrenmegi we ählitaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda guwandyryjy işler durmuşa geçirilýär. Ahal welaýatynyň bilim ulgamynda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda 2020 — 2021-nji okuw ýylynyň dowamynda mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilmegi däbe öwrülen okuw dersleri boýunça “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly bäsleşigiň welaýat tapgyry 2021-nji ýylyň mart aýynyň 5-6-sy aralygynda guramaçylykly geçirildi. Bäsleşikde ýeňiji bolan zehinli ýaşlaryň 100-den gowragy bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga mümkinçilik gazandylar. “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly bäsleşigiň welaýat tapgyrynyň ýeňijilerine aprel aýynda geçiriljek döwlet bäsleşiginde uly üstünlikler gazanmaklary arzuw edýäris.