Türkmen keşdesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ,,Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda türkmen halkynyň her bir güni toý-baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Häzirki wagtda Türkmenistan Watanymyzyň gülläp ösmegi, bagtyýar halkymyzyň parahat we abadan durmuşy ugrunda giň möçberli döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Biziň Milli ,,Ak bugdaý” muzeýimizde hem zenanlarymyzyň geýen milli lybaslary mynasyp orun eýeleýär. Türkmen gelin-gyzlarynyň elleri bilen döreden ajaýyp keşdeleri görenleri haýran galdyrýar. Keşdeçilik sungaty gadym döwürlerden bäri dowam edip, nesilden-nesle geçip biziň şu günlerimize çenli gelip ýetipdir. Türkmen halkynyň keşde çekmek sungaty işeňňirligi, sabyrlylygy we ussatlygy talap edipdir. Zenanlar tarapyndan ýerine ýetirilýän keşdeleriň naýbaşylary esasan hem kürtelerde jemlenen diýsek ýalňyşmarys. Kürteleriň ýakasyna ,,gülýaýdy”, ,,tegbent”, goçagyna ,,içýanagzy” nagşy keşdelenipdir. Kürtäniň etegine, ýeňlerine ,,tegbent”, ,,içýanagzy” ýaly nagyşlaryň salynmagy howp-hatary, erbet nazary yzyna serpikdirilýandigi bilen düşündirilýär. Türken-gelin gyzlary keşdelerine öz arzuw hyýallaryny siňdiripdirler. Bekarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwürinde ata-babalarymyzyň medeniýetini, taryhyny öwrenmäge we olary dünýä ýaýmaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys. Goý, Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan asylly işleri rowaç alsyn!