«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Bäherden etrap Häkimligi bilen Bäherden etrap Medeniýet bölüminiň, Medeniýet merkeziniň bilelikde gurnamagynda «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» ÝUNESKO – nyň «Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna» girizilmegi mynasybetli Bäherden etrabynda dutar bagşy – sazandalaryň gatnaşmagynda aýdym-sazly dutarly dabara, Bäherden etrabynyň medeniýet öýünde uly şatlyk-şowhun bilen geçirildi. Bu dabarada Bäherden etrabynyň “Halypa şägirtlik” ýoluna eýerip ýören birnäçe halypalar özleriniň şägirteri bilen dutar saz guralynyň adamzat durmuşyndaky ähmiýeti hakynda gyzykly gürrüňler berip, özleriniň şirin owazlary bilen diňleýjilere lezzet paýladylar. Şeýle hem bu dabarada Bäherden etrabynyň dutar ussasy Döwletýar Magtymberdiýew, dutar ýasamagyň inçe syrlaryny paýlaşyp, dutar senedine berilýän ähmiýet hakynda gürrüňler berdi. Dabaranyň dowamynda N. Halmämmedow adyndaky çagalar sungat mekdebiniň “Dutarçylar” toparynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp Watanymyzy, eziz diýarymyzy wasp edýän birnäçe aýdym – sazlary ýerine ýetirdiler. Soňra bu dabara söhbetdeşlik arkaly dowam edip, dabara gatnaşan halypalar, ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiz tarapyndan alynyp barylýan işler hakynda giňden wagyz edip, öz ýürek buýsançlaryny ildeşlerimize ýetirdiler. Bu dabara ýokary derejede alynyp barylyp “Miras” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi. Bu dabara gatnaşan adamlar, bu ýetilen belent sepgitler bilen bütin türkmen halkyny hem-de eşretli zamanany öz halkyna peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzy tüýs ýürekden gutladylar. Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il – ýurt bähbitli, umumy adamzat ähmiýetli işleriniň rowana ýollarda rowaçlyga beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.