Nowruz geldi ilime

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe halkymyzyň ajaýyp däp-dessurlary baýramçylyklary we toý-dabaralary täze many –mazmuna eýe boldy. Ruhy –medeni gymmatlyklarymyz asyrlaryň dowamynda halkymyzyň kalbynda hasyl bolan arzuwlaryň özboluşly beýanyna öwrüldi. Häzirki wagtda milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen ruhy –edebi we taryhy – medeni mirasymyzy öwrenmek, milli medenýetimizi ösdürmek babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Milli bahar baýramynda –Halkara Nowruz gününde umumy adamzat medenýetiniň dürdäne gymmatlyklary, baýramçylygyň täsin däpleri, onuň bilen bagly edebi eserler, milli ýörelgeler öz beýanyny tapýar. Nowruz taryhy göz başyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýtýar. Belli arheologlaryň we taryhçy alymlaryň ylmy gözlegleri Türkmenistanyň gadymy medenýetleriň mekany, ösen siwilizasiýalaryň biri bolandygyny subut etdi. Häzirki döwürde munuň özi dünýä derejesinde ykrar edilen hakykatdyr. Ata- babalarymyz Nowruz baýramyny täzelenişiň nyşany, täze durmuşyň başlangyjy hasaplapdyr. Halklary birek - birege ýakynlaşdyrýan bu taryhy baýram watandaşlarymyzy belent sepgitlere,täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Milli bahar baýramy- Halkara Nowruz güni güneşli Diýarymyzda giňden bellenilip geçilýär. Naýbaşy baýramçylyklaryň biri bolup durýar. Taryhyň ähli döwürlerinde Nowruz Baýramynyň däpleri alysdaky we golaýdaky halklar bilen medeni gatnaşyklaryň we özara arabaglanyşygyň has-da kämilleşmegine hyzmat edipdir.Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli bu gün türkmen halky ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlarymyzy dowam edip, Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda agzybirlikde, asudalykda, jebislikde bir saçaga jem bolup, toý-toýlaýar. Şeýle joşgunly toýlaryň ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, Türkmenistanyň Milli “Ak bugdaý” muzeýinde hem dost- doganlyk ýurtlary bilen milli bahar baýramyny döwlet derejesinde giňden bellenilýär.Ynha üstümizdäki 2024 ýylda Akyldar şahyrymyz Magtymguly pyragynyň doglan gününe 300 ýyly dolmagy mynasybetli bu ýyly “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýip atlandyryldy.Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň “Jan içinde” ,“Nowruzdan seni” “Duman peýda ” “il geçer ” “Söýmüşem seni ” atly beýleki goşgularynda Nowruzyň ähmiýeti, adamzat durmuşynda, onuň ýaşaýşynda tutýan orny giňden beýan edilýär.Beýik Akyldar şahyrymyzyň şygyrlary mähriban Diýarymyzyň gözelliginiň owazy bolup ýaňlanýar. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwrüde Nowruzyň döwlet derejesinde milli baýramçylyk hökmünde bellenilip geçilmegine giň mümkinçilik döredip berýän Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza kop sag bolsun adýaryn.