Türkmen tamdyrynyň taryhyndan bir parça.

Türkmen halkynyň asyrlara uzap gidýän taryhy we baý medeniýeti bar. Käbir däp-dessurlaryň we edim-gylymlaryň gadymylygy olaryň gizlin sahypalarynyň has jikme-jik görkezilmegini talap edýär. Wagtyň geçmegi bilen, ata-babalarymyzyň gadymy däp-dessurlary giňden ýaýrap, diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem goňşy ýurtlaryň halklarynyň taryhyndadyr medeniýetinde-de yz galdyrypdyr. Bu medeni gymmatlyklaryň biri-de türkmen tamdyrydyr. Tamdyr Aziýa halklarynyň arasynda dürli tagamlary taýýarlamak we çörek bişirmek üçin, öňden bäri ulanylýan şar görnüşli özboluşly peçdir. Jaýlary ýylatmak üçin taýy bolmadyk bu desga dini dessurlar we kesel bejermek maksatlar üçin hem ulanylypdyr. Tamdyr Aziýa ýurtlarynda, Azerbaýjanda, Ermenistanda, Gruziýada, Gyrgyzystanda, Ispaniýada, şeýle hem Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda, Russiýanyň günortasynda, Gazagystanda, Krymda, Täjigistanda we Hindistanda giňden ýaýrapdyr. Türkmen halkynyň medeniýeti we durmuşy tamdyr bilen baglanyşykly däp-dessurlar, dabaralar, urp-adatlar, nakyllar hem aýtgylar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Türkmenler tamdyryň jadyly we bejeriş güýjüne ynanypdyrlar. Ol hemişe-de mukaddes hasaplanypdyr, çünki onda çörek bişirilipdir. Ony al-arwahdan goramak üçin, tamdyryň daşky diwarynda henizem goçak şekillendirilýär. Rowaýata görä, syrkaw çagany bejermek üçin, ony üç gezek tamdyryň daşyndan aýlamak ýeterlikdir. Türkmenleriň aşpezliginde-de şu güne çenli gönüden-göni tamdyrda taýýarlanylýan ýa-da ady tamdyr bilen baglanyşykly köp sanly tagam saklanyp galypdyr, mysal üçin, tamdyrlama. Bekarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwürinde ata-babalarymyzyň medeniýetini, taryhyny öwrenmäge we olary dünýä ýaýmaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys. Goý, Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan asylly işleri rowaç alsyn!