Ak bugdaý etrap medeniýet bölüminiň Täze durmuş oba medeniýet öýüniň işgärleriniň guramagynda, 2022-nji ýylyň “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip yglan edilmegi mynsybetli Ak bugdaý etrabynyň ýöriteleşdirilen 8-nji orta mekdebinde ýaş höwesjeň okuwçylaryň çykyş etmeginde ýyla bagyşlap aýdym-sazly dabara geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen parasatly baştutanlygynda 2022-nji ýylda “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda ýurdumuzyň täze belent sepgitlere hem-de ajaýyp üstünliklere barýan ýoluny dowam etdirjekdigi şübhesizdir. Gahryman Arkadagymyzyň nesil terbiýesinde, raýatlaryň watançylyk, sowatlylyk, medenýetlilik derejesini ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Bu bolsa gadymdan gelýän nesil terbiýesini dowam etdirmek, kämilleşdirmek we ylymly-bilimli, watansöýji, ruhubelent, giň dünýägaraýyşly, ýokary derejede sowatly, sagdyn ruhly, hünär bilimli we döwrebap nesiller edip ýetişdirmäge gönükdirilendir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetimizi gülläp ösdürmekde uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag ömri uzak, il-ýurt bahbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!