2022 –nji ýyl “ Halkyň Arkadagly Zamanasy “ ýylynda Arkadagly Prezidentimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bagtdan paýly halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny, röwşen geljegini nazarlaýan syýasaty dabaralanyp, mähriban Diýarymyzda abadançylyk , parahatçylyk , agzybirlik höküm sürýär. Asuda asmanyň astynda halkymyz parahat ýaşaýar, döredijilikli zähmet çekýär. Çaga gülkisiniň sesi göwinleri galkyndyrýar, Bagşy – sazandalaryň ýakymly aýdym – sazlary ýurt abadançylygyny , rahatlygyny wasp edip ýaňlanýar. Ýurdumyzda ulynyň hormaty , ýaş nesliň sarpasy belent tutulýar. Bularyň hemmesi bagtdan, döwletlikden , agzybirlikden nyşandyr. Arkadagly Sedarymyzyň baştutanlygynda bedew bady bilen uly ösüşleriň ýolunda beýik sepgitlere ýeten mähriban Diýarymyz bagtyýar çagalygyň mekanydyr. 1-niji Iyun ‘’Çagalar güni ‘’ mynasybetli Ahal welaýatynyň Babadaýahan etrabynyň Medeniýet mekeziniň K. Geldimyradow Çagalar sungat mekdebiniň ‘’ Bagtyýar nesiller ‘’ atly baýramçylyk dabarasy hem –de surat sergileri gurnaldy, baýramçylygyň dowmynda Gahryman hem Mähriban Arkadagly Serdarymyza ýaş nesiller özleriniň sagbolsunlaryny öz çeken suratlarynda hem –de aydym –sazyň üsti bilen ýerne ýetirdiler.