2021-nji ýyl “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda geçirilen “Garaşsyzlyk daňy atdy, sowulmaýan şapakdyr, pederleriň wesýeti biziň üçin sapakdyr” atly dabaraly maslahat hem-de onuň çägindäki muzeý syýahaty watançylyk ruhynyň has belende götermegine itergi berdi. Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzalarynyň gatnaşmagyndaky çäräniň hormatly myhmanlaryny etrap häkimliginiň wekilleri we il sylagly ýaşulylar mähirli garşyladylar. Myhmanlar ilki bilen etrabyň Täze ýol obasynda ýerleşýän Bedimuhammet Annaýew adyndaky muzeýe baryp gördiler. Muzeý syýahatyndan soňra, myhmanlar dabaraly maslahatyň geçýän ýerine – etrap merkezindäki Medeniýet öýüne bardylar. Ol ýerde etrabyň medeniýet merkeziniň we Ak Altyn oba medeniýet öýüniň bilelikde guramagy esasynda aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabaranyň soňunda bolsa Hormatly Prezidentimiziň syýasatyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işlerini wasp edýän “Arkadag” atly aýdym bilen jemlenildi.