«Halkyň Arkadagly zamanasy»

Ýakynda Kaka etrabynyň Medeniýet bölüminiň taýýarlamagynda medeniýet we sungat adamlarynyň arasynda sungat maşgalalary bilen söhbetdeşlik çäresi geçirildi. Ýagny geçirilen bu çärede Kaka etrap Medeniýet bölüminiň aýdymçy zenany J.Çaryýewanyň we onuň adamsy sazanda K.Myratdurdyýewiň we olaryň agzybir döredijilik maşgalalarynyň medeniýet-sungat bilen meşgul bolmaklary, şeýle hem ogullary Mukam Myratdurdyýewiň aýdyp beren aýdymy we körpeje jigimiz Rahmanberdi Myratdurdyýewiň çalan sazy bu maşgalanyň sungat älemindäki ajaýyp üstünliklerini aýdyňdan açyk beýan etdi. Çärede bu döredijilik maşgalasyna sungat äleminde uly üstünlikler arzuw edildi. Çäre guramaçylykly geçirildi.