“Arkadagyň eserleri – ýaşlara görelde mekdebi”

“Türkmenistan – Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Ak bugdaý etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçylary, Ak bugdaý etrap medeniýet bölüminiň “Gülle ýaşlyk” çagalar tans toparynyň gatnaşmagynda Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň rowaýatlaryndan Ak bugdaý etrap merkezi kitaphanasynda, çagalara gyzykly gürrüňler berildi hem-de rowaýatlaryň manysy, ahlak-ruhy terbiýeçilik ähmiýeti barada giňden düşündirildi.