Ahal welaýatynyň bilim ulgamynda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda mekdebe çenli çagalar baglarynda terbiýelenýän körpelerde Watanyna, il-halkyna, Garaşsyz hem Baky Bitarap Diýarymyzyň Prezidentine söýgi döretmekden, arassa, dogry geplemegi başarýan ukyply, zehinli, wäşi körpeleri ýüze çykarmak maksady bilen ýanwar aýynyň 23-ne welaýat derejesinde “Körpe wäşiler” ady bilen bäsleşik geçirilip, etraplardan we Tejen şäheriniň çagalar baglaryndan ýeňiji bolan körpeler gatnaşyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedew bady bilen ýeten beýik sepgitlerine ýürek buýsançlaryny, özleriniň öwrenen sanawaçlaryny, matallaryny, ýaňlytmaçlaryny çalt we dogry aýtmagy, keşipler boýunça şorta sözleri çaga kalplary bilen ussatlyklaryny, başarnyklaryny we ukyplaryny görkezip özara bäsleşdiler. Netijede çagalaryň arasynda Gökdepe etrabynyň 20-nji çagalar bakja-bagynyň körpejeleri ýeňiji boldular.