BIZIŇ ŞÖHRATLY BEDEWLERIMIZIŇ DÜNÝÄNIŇ ATÇYLYK MEDENIÝETINIŇ DÖREMEGINDE ULY GOŞANDY BARDYR

Ýurdumyzda behişdi bedewlerimize belent sarpa goýulýar. Olaryň hormatyna ýadygärlik toplumlary we ençeme binalar guruldy. Aşgabat atçylyk sport toplumynda açyk manež, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Kärizek ge¬ňeşliginde döwrebap Aba Annaýew obasy, paýtagtymyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň merkezi ulanmaga berildi. Atçylyk pudagyny ösdürmek maksady bilen, häzirki wagtda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 600 baş ahalteke atyny saklamaga niýetlenen täze athananyň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny hem bellemelidiris. Şu ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Balkan welaýatynda ýetginjekleriň, uly ýaşly hem-de halypa çapyksuwarlaryň gatnaşmagynda baýramçylyk at çapyşyklaryny geçireris. Şu maksat bilen, Balkan atçylyk sport toplumynyň durky täzelendi.

Şunuň bilen birlikde Hormatly Prezidentimiz gatnaşyjylara şeýle ýüzlendi: Men sizi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi hem-de ýurdumyzda dabaraly bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähli¬ňize berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda alyp barýan asylly işleri¬ňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!