«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

“Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Nowruz ýaýlasynda welaýat derejesindäki Milli Nowruz baýramy mynasybetli, Ak bugdaý etrap medeniýet bölüminiň döredijilik işgärleri milli aýdym-saz, tans hem-de türkmen halkynyň gymmatly baýlygy bolan ajaýyp halylary, Hormatly Prezidentimiziň “Arşyň nepisligi” atly eserinden folklor çykyşlaryny halka ýetirdiler. Dabarada joşgunly aýdym-sazlara, milli öwüşginli tans çykyşlaryny giň orun berildi. “Dürdäne” folklor toparynyň, “Ahal owazlary” aýdym-saz, tans toparynyň ýerine ýetiren medeni gymmatlyklarymyzyň aýrylmaz bölegi bolan milli tanslary, halk aýdymlary, şeýle-de şirin owazly bagşylaryň ruhy göteriji, ýürek joşduryjy çykyşlary dabara baý öwüşgin çaýdy. Ak bugdaý etrap medeniýet bölüminiň medeniýet işgärleri milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmek, dünýä ýaýmak babatda bimöçber tagallalary edýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza tükeniksiz alkyş aýdýarlar.