«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany”diýip atlandyrmagy bilen Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap häkimligi we Gökdepe etrap Bilim we Medeniýet bölümleriniň, sport we ýaşlar syýasaty guramasy bilelikde gurnamagynda türkmeniň milli toý dabarasy kinofilme düşürildi. Gadymy Yzgant obasynyň demirgazyk-günbatarynda sazaklyk meýdanynda türkmeniň gadymy ak öýleri dikilip uly obaň ýaýylyp ýatan owadan keşbi döredildi. Garagum sährasynyň gözel ýerinde türkmeniň milli gelin toýy, milli däp-dessurlary at çapdyrmak, göreş tutmak, ýaglyga towusmak başgada birnäçe milli oýunlar oýnaldy. Gökdepe etrap Medeniýet bölüminiň ähli işgärleri toýa guramaçylykly gatnaşdylar. Türkmenistanyň telewideniýe we radiogepleşikler, kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Türkmen owazy” teleýaýlymy tarapyndan taýýarlanýan “Owazlar sazlaşanda” atly gepleşigi üçin türkmeniň milli toýy kinofilm görnüşinde dolulygyna ýazga geçirildi. Şeýle milli toýlarymyzy,däp-dessurlarymyzy halkymyza täze öwüşginler bilen açyp görkezmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza köp-köp alkyşly sözleri aýdýarys. Hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.