“Ýaňlan, Diýarym!”-2022

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigini geçirmek barada Türkmenistanyň Medeniýet ministirligi hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde yglan eden bäsleşiginiň Düzgünnamasyna laýyklykda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap Medeniýet bölüminde, oba medeniýet öýleriniň höwesjeň aýdymçy ýaşlarynyň gatnaşmagynda etrap gözden geçiriş tapgyry guramaçylykly ýagdaýda şowhunly geçirildi. Bäsleşikde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň has tapawutly çykyş edenleri deslapky welaýat gözden geçiriş tapgyryna saýlandylar we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyş döwründe milli medeniýetimizi we sungatymyzy gülläp ösdürmekde uly aladalar edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag ömri uzak, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!