Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen medeniýetiniň, sungatynyň kämil döwrebap ösüşleriniň has-da rowaçlanmagyna, milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň äleme ýaýylmagyna giň ýol açyldy. Ösüşleriň aýgytly ýoluna düşen medeniýetimiziň belent derejelere ýetmegi üçin taýsyz tagallalar edýän mähriban Arkadagymyza biz medeniýet-sungat işgärleriniň hoşallyk alkyşlary çäksizdir. Türkmenistanyň medeni syýasatynyň esasy maksady, ýurdumyzda adamyň, jemgyýetiň, döwletiň ruhy kämilliklere eýe bolmagy üçin zerur talaplaryndan ugur alyp, ösýän hem özgerýän milli medeniýetimiz, sungatymyz halkymyzyň ruhy ýüzüdir, aň-düşünje derejesidir. Hut şu nukdaýnazardan ugur alyp mähriban Arkadagymyz milli medeniýetimizi, sungatymyzy gorap saklamaga, has-da ösdürmäge, baýlaşdyrmaga uly üns berip, bu ugurda döwlet derejesinde düýpli işleri amala aşyrýar. Şeýle işleriň mysalynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Medeniýet merkezinde milli mirasymyza we sungatymyza bagyşlanyp birnäçe medeni köpçülik çäreleri yzgiderli geçirilip durulýar. Şol geçirilýän çärelerde milli medeniýetimiziň gadymdan gelýän milli lybaslary we olaryň taýýarlanylyşyny ýaş nesillere ýetirmek maksady bilen milli lybaslaryň sergileri guralýar. Geçirilýän çäreleriň mazmunynda milli medeniýetimiziň ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň esasy özenini düzýär. Halkyň ajaýyp edebi we sungat nusgalarynyň ençemesini peşgeş beren halk döredijiliginde giň beýanyny tapýar. Medeniýetimiziň, sungatymyzyň ösmegine we kämilleşmegine uly goşant goşan medeniýet, sungat ussatlarymyz abraýly döwlet sylaglaryna, hormatly atlara, şa serpaýlaryna mynasyp bolýar. Döredijilik işgärleriniň netijeli, öndümli işlemekleri üçin ähli mümkinçilikler, şertler döredilýär. Türkmen medeniýetiniň binýadynyň berk bolup dünýä ýaýylmagy, gülläp ösmegi barada uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, başynyň dik, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.