Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyz türkmen halkyny asyrlyk arzuwyna ýetirdi. Indi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ýörelgeleri esasynda arzuwlaryň hasyl bolýan ýurduna, hakykatyň we adalatyň dabaralanýan ýurduna, adamy döwletiň we jemgyýetiň iň gymmat hazynasy hökmünde görüp, onuň bagtyýar durmuşynyň yzygiderli üpjün edilip, nesillerden – nesillere geçirilmeginiň kepillendirilýän ýurduna öwrüldi. Gündogar halklarynyň taryhyny öwreniji alym Bartold: “Türki halklaryň arasynda Magtymguly ýaly milli şahyrly halk diňe türkmenlerdir” diýip belleýär. Professor Wamberi: “Magtymgulynyň eserleriniň biziň üçin gymmatlygy onda türkmen diliniň örän sap nusgalarynyň barlygydyr” diýýär. Munuň özi nusgawy şahyryň edebiýat bilen bilelikde türkmen diliniň esaslandyryjysydygyny hem dünýä subut edýär. Mähriban Arkadagymyz, Magtymguly Pyragynyň çeper söz ussady bolandygyna ýokary baha berip: “Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr. Magtymgulynyň şygryýet älemi – türkmen edebiýatynyň buldurap akýan, çuňňur mana we çeper söze teşne kalplary gandyrýan çeşmesi” diýip belleýär. Ata babalarymyzdan miras galan terbiýe, milli ýörelgeler bu günki gün nusgalyk mekdebe öwrüldi. Aýratyn hem özüniň akyl-paýhasa ýugrulan eserleri bilen dünýä edebiýatyna mynasyp goşant goşan beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň umumadamzat nesliniň öňünde bitiren hyzmaty örän uludyr.