«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ata Watanymyz ösüşiň täze belentliklerine tarap öňe barýar. Şeýle taryhy döwürde ýaşamagyň, zähmet çekmegiň, döretmegiň we gurmagyň özi hem tükeniksiz bagtdyr. Medeniýet işgärleri Arkadagly döwrümiziň eçilýän ajaýyp peşgeşlerinden ruhlanyp, has-da döredijilikli zähmet çekýärler. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän üstümizdäki ýylda halkymyz mukaddes ýurt Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuny giňden belläp geçýär. Şonuň bilen baglanyşykly, Kaka etrabynyň medeniýet-sungat işgärleri täze aýdym-sazlary, joşgunly tanslary, sahna eserleri bilen toýa sowgatly barmagy baş maksat edinýärler. Etrabyň medeniýet bölüminiň teatr studiýasynyň agzybir döredijilik topary tarapyndan hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitabyndan rowaýatlaryň birnäçesi sahnalaşdyryldy. Şu günler teatryň sahnasynda Aşyr Mämiliýewiň «Duralgada duran», Berdi Bäşimowyň «Kime jaý gerek, kime taý» atly eserleri esasynda sahna oýunlarynyň, körpeje tomaşaçylar üçin Aýmämmet Işangulyýewiň «Jadyly söz» atly gurjak oýunlarynyň üstünde işlenilýär. Bu sahna eserleriniň şowly çykmagy üçin teatryň halypa we ýaş artistleri özleriniň zehin-yhlasyny gaýgyrmaýarlar. Mundan başga-da birnäçe edebi sazly kompozisiýalaryň, gysgajyk degişme sahnalarynyň taýýarlyk işleri alnyp barylýar. *** «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän şanly ýylymyzda Ak bugdaý etrabynda baý many-mazmunly çäreler guralýar. Etrabyň Gämi obasynyň Medeniýet öýünde «Gahryman Arkadagyň kitaby — umumadamzat gymmatlygy» ady bilen yglan edilen bäsleşigiň etrap tapgyrynyň guralmagy hem şeýle çäreleriň üstüni ýetirdi. Bäsleşik hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly gymmatly kitabyna bagyşlandy. Onuň esasy maksady Gahryman Arkadagymyzyň ady agzalan ajaýyp kitabynyň düýp many-mazmunyny ýaş nesillere ýetirmekden, olarda geçmiş taryhymyza, milli ýol-ýörelgelerimize buýsanjy artdyrmakdan hem-de watançylyk duýgularyny ösdürmekden ybarat boldy. Bäsleşigiň alyp baryjysy onuň degişli düzgünleri we şertleri bilen tanyşdyrandan soňra, bäsdeş zenanlar sahnada döredijilik babatdaky ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan bölekleriň okalmagy, ondaky rowaýatdyr hekaýatlaryň terbiýeçilik ähmiýeti barada söhbet edilmegi, olaryň many-mazmunynyň açylyp görkezilmegi bäsleşigiň täsirliligini artdyrdy. Zenanlar bäsleşigiň şertleri esasynda ýerine ýetiren çykyşlarynda bu gymmatly kitabyň özlerinde galdyran täsirlerini goşgudyr gazallaryň üsti bilen hem beýan etdiler. «Gahryman Arkadagyň kitaby — umumadamzat gymmatlygy» bäsleşiginiň etrap tapgyrynda A.Öwezowa, A.Annamyradowa, G.Gurbanowa dagy baýrakly orunlary eýeledi. *** Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň zenanlarynyň arasynda geçirilmegi däbe öwrülen «Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň Kaka etrap tapgyry şanly ýylymyzda hem uly ruhubelentlige eýe boldy. Etrabyň Medeniýet öýünde bolan bäsleşigiň nobatdaky tapgyryny Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölümi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi hem-de etrabyň medeniýet bölümi bilelikde gurady. Hormatly Prezidentimiziň zenanlara goýýan sarpasyna jogap etmek we zenanlaryň hünär başarnygyny, ukybyny açyp görkezmek maksady bilen geçirilýän bäsleşigiň etrap tapgyryna gatnaşyjylar onuň degişli ugurlary we şertleri esasynda çykyş etdiler. Öňdebaryjy zenanlar jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda alyp barýan işlerini özleriniň çykyşlarynyň üsti bilen açyp görkezdiler. Olaryň asylly kärine bolan ukyp-başarnygyşol çykyşlarda aýdyň şöhlelendi. Ýakymly täsirlere beslenen bäsleşigiň netijesinde «Ýylyň işewür zenany», «Ýylyň çeper elli zenany», «Ýylyň sungatda işjeň zenany», «Ýylyň mährem zenany», «Ýylyň watançy zenany», «Ýylyň öňdebaryjy oba zenany», «Ýylyň telekeçi zenany» ýaly ugurlar boýunça aýratyn tapawutlanan zenanlar öňe saýlanyp, onuň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijilere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň sowgatlary gowşuryldy.