Nusaýlylaryň harby söweş sungaty hereketlerinde çaltlyga esaslanypdyr. Olar haýal-ýagallygy ýa bolmasa ähli güýji bir galanyň daşyna üýşürip gabap ýatmagy halamandyrlar. Nusaýlylaryň ýörgünli taktikasy ýeňil ýaraglanan atlylar bilen tüweleý ýaly çalt hüjüm etmek we duşmanyň aýak ýeterinden daşrak aralykdan onuň üstüne ok ýagdyrmak bolupdyr. Olar duşman bilen garpyşanlarynda uzak söweşmän, birden yza serpilip, gaçan bolup, soňra duşman äm-säm bolup durka-da täzeden hüjüme geçilipdir. Şol pursatda agyr ýaraglanan atlylaram söweşe girýär ekenler. Şeýle psihologik hüjümden soň söweşiň ykbaly köplenç parfiýalylaryň peýdasyna çözülipdir. Bu barada Plutarh şeýle beýan edýär: “...parfiýalylar tarapyndan dar ýere gabalan rimliler biri-biri bilen çaknyşyp, duşman tarapyndan urlan zarba çydam edip bilmediler. Olar bedenine çümen peýkamlaryň çekip çydardan çökder agyrsyndan ýer bagyrtlap, towlam-towlam bolup iki ýana urunýardylar”. Parfiýalylaryň gazanan ýeňişlerinde olaryň söweş taktikasy bilen bir hatarda kowsa ýetýän, gaçsa gutulýan gamyş gulak bedewleri ägirt uly rol oýnapdyr. Belli atşynas professor W.O.Wittiň ýazmagyna görä, häzirki zaman türkmen atlary genetiki taýdan şol parfiýa atlarynyň nesilleridir.