Dost-doganlyk ýoly bilen

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary esasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dünýäniň beýleki döwletleri bilen dost-doganlyk, özara bähbitli gatnaşyklar ösdürilýär. Medeniýet ulgamynda gazanylan üstünlikler sungatyň dürli görnüşlerini gaýtadan dikeltmäge, ösdürmäge, şeýle-de giň halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam berýär. Bu ugurda gazanylan üstünlikleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen halkara festiwallar, sergiler, bäsleşikler, Medeniýet günleri yzygiderli geçirilýär. Biziň şöhratly taryhymyz, medeniýetimiz, milli mirasymyz dünýä ýüzünde uly gyzyklanma döredýär. Bu bolsa ýaş nesillerimiziň kalbynda pederlerimizden şu günlere gelip ýeten gadymy dessurlarymyza söýgi döretmekde, buýsançly taryhymyzy giňden wagyz etmekde aýratyn ähmiýetlidir. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Türkmenistanyň Medeniýet günleri ýylyň dowamynda dünýäniň dürli doganlyk ýurtlarynda geçirilýär. 2026-njy ýylyň iýun aýynyň 4 —6-sy aralygynda Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Bu bolsa iki döwletiň dostlukly gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýakyndan ýardam berýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde türkmeniň medeniýeti, kalby dünýä döwletleri üçin giňden açylýar. Çünki, biziň ýurdumyz parahatçylygyň, dostlugyň, doganlygyň, ynsanperwerligiň, ynanyşmagyň, medeniýetiň gülläp ösýän ýurdy.