ÇEPER ELLI ZENANLARYŇ BAŞARNYGY

Ak budaý etrabynyň Gämi obasynyň Medeniýet öýünde «Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde yglan eden bäsleşiginiň welaýat tapgyryna etraplardan we Tejen şäherinden dürli kärde zähmet çekýän çeper elli, zähmetsöýer zenanlar gatnaşdy. Ene-mamalarymyzyň parasatly ýörelgelerini özünde jemläp, nesilden-nesle geçip gelýän hem-de durşuna zenan edebine ýugrulan keşdeli milli sungatyny geljekki nesillere nusgalyk miras galdyrmak, ýaşlarda zähmetsöýerligi, zenan edebini, asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemek, şeýle-de ajaýyp el işlerini wagyz etmek maksady bilen yglan edilen bäsleşik oňa gatnaşyjy zenanlara degişli ugurda özleriniň ukypdyr başarnyklaryny görkezmäge özboluşly mümkinçilik boldy. Bäsdeş zenanlaryň degişli şertler boýunça çykyş etmegi üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegi bäsleşigiň guramaçylykly geçmegine ýardam etdi. Çeper elli zenanlar bäsleşigiň «Ýedi ölçäp, bir kes» diýlip atlandyrylan şertinde ýaka, tahýa, kürte keşdeläp başlamak üçin zerur bolan ýüpek sapaklary işmek, nagyş saýlamak, saljak nagyşlaryna laýyklap, ýerligini biçmek we ýerine ýetirmek ýaly ilkinji taýýarlyk işlerini görkezdiler. «Syrly dünýäniň syryny aç!» atly şertde bäsdeşler keşde çekip, saýlap alan keşdeleri barada gürrüň berdiler. Şonda olaryň keşdelejek işlerini dyzynyň üstünde dogry goýmak, iňňe tutmak, işilen ýüplükleri ýerlige görä ulanmak, keşdäniň taryhyny gürrüňleriniň üsti bilen doly açyp görkezmek başarnygyna eminler tarapyndan aýratyn üns berildi. Bäsleşigiň «Elimden çykan egnime ýarar» atly soňky şertinde bolsa, oňa gatnaşyjy zenanlar çeper sözleriň, goşgy setirleriň, gazalyň üsti bilen ýerine ýetiren işleriniň waspyny etdiler. Bu bolsa, bäsleşige gyzyklanmany artdyryp, oňa baý many-mazmun çaýdy. «Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz» atly bäsleşigiň welaýat tapgyrynda Bäherden etrabyndaky 23-nji orta mekdebiň mugallymy Bahargül Akyýewa, Kaka etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň mugallymy Ogulsuraý Orazowa, Babadaýhan etrabyndaky 7-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Ogulmaral Hojagurbanowa dagy degişlilikde baýrakly birinji, ikinji, üçünji orunlary eýeläp, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň sowgatlaryna mynasyp boldular. Bäsleşikde birinji, ikinji orunlara mynasyp bolan zähmetsöýer zenanlar onuň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.