Keşde çekmek, dokma dokamak ýaly inçe işler bilen birlikde, keçe taýýarlamak hem irginsiz zähmeti talap edýär. Ilki keçe üçin goýun ýüňi saýlanyp alynýar, arassalanýar, tüýdülýär, onuň bir bölegi bolsa darakdan geçirilip sümek, pişge edilýär, gerekli boýaglara boýalýar. Ýörite taýýarlanyp dokalan gamşyň üstünde üýşüp keçe güllenilýär. Soňra keçe ýüzlenilýär, ýagny gülleriň üsti saýgylanyp taýýarlanylan ak ýüň bilen örtülýär, gyralaryna bir garyşa golaý gara ýüň ýazylýar. Bu iş ýagdaýyna “keçe ýüzlemek” diýilýär. Soňra gamşy düýrlemek arkaly keçe çekmek işi başlanýar. Türkmen halkynda keçe önümçiligi gadymdan gelýän senetleriň biridir. Ýörite keçe taýýarlamaklyga ussat zenanlarymyz bar. “Pylanynyň taýýarlan keçesi” diýdirmegi başarýan zenanlar bu milli senedimizi dowam etdirijilerdir.