«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

Türkmen halkynyň uzak taryhyndan habar berýän, ene-mamalarymyzdan miras galan dürli el işleri gyz-gelinlerimize nusgalyk bolup dowam edip gelýär. Türkmen zenanynyň döreden alajasynda gudratly, ruhy güýç bar. Çünki alajanyň keşbi, gözüň agy garasynyň keşbi gijäniň tümlüginiň, gündiziň ýagtylygynyň keşbi akyllary haýran edýän görnüşleriniň mysaly. Şonuň üçin alajada ala gözleriň, gije gündiziň owadanlygy ýaly täsin ajaýyp jadyly owadanlyk bar. Diýmek gözlerde täsir ediji ruhy güýç gudrat bar. Şonuň üçin gözleri haýsyda bolsa bir zada hyrydar seredende gözden görünmän çykýan şol güýçli şöhle, nazar has güýçlenip seredýän zadyna siňýärde kä halatlarda şol seredilen zadyň oňaýsyz ýagdaýa düşmegine sebäp bolýar. Aňyrdan gelýän ynanjymyza görä, şol pursat çaganyň boýnunda gudratly alaja bar bolsa, seredýän gözden çykan güýçli nazar, ilki bilen, alaja siňýärde, togtaýar diýýärler. Alajanyň owadanlyk jadysy synçynyň nazaryny özüne çekýärde, ol alaja dakynany goraýar. Diýmek, türkmen zenanynyň döreden alajasy “Göz degmeden” goraýan syrly sungat eken.Myhmanlar bilesigeljilik bilen alajalary synlap, haýran galyp, düzüm-düzüm edip alyp gidýärler.