Gündogar halklarynyň saz medeniýetinde atlary rowaýata öwrülen Gorkut ata, Baba Gammar, Aşyk Aýdyň saz sungatynyň hemaýatkärleridir (prileridir). Olaryň atlary etnograflara, filologlara, folklorçylara, gündogar öwrenijilere bellidir, sazandalar, olara aýratyn hormat goýýarlar. Olaryň arasynda Baba Gammar, Merkezi Aziýanyň, Hindistanyň we Pakistanyň halklarynyň gadymdan gelýän saz medeniýetiniň umumy kökleriniň biri-biriniň arasyndan eriş-argaç bolup geçýänligine şaýatlyk eden görnükli şahsyýetdir. Bu saz medeniýet gündogar mirasynyň kökleriniň birligine garamazdan, ol her halkyň medeni mirasynda özboluşly beýanyny tapýar. Baba Gammar deňi taýy bolmadyk sazanda bolupdyr we onuň ady zehinli dutarçylaryň ussatlyk derejesini kesgitlemek üçin ulanylýar. Baba Gammar tarlary ýüpekden bolan tut agajyndan ilkinji dutary ýasapdyr, diýen halk arasynda ynam bar. Rowaýata görä dutary ýasamakda geljekki ussa sazandanyň gulagyna “saz guralynyň gurluşy barada” keramatly “ses” eşidilipdir diýilýär. Şonuň üçin her bir dutarçy ussa ony kämilleşdirmekde öz akylyny we başarjaňlygyny ulanypdyr. Mirasa hormat goýmak bilen, ýaş türkmen sazandalary onuň ýatan ýerine we dutaryň döwüginden gögeren agajyň ýanyna zyýarata gidip, “ak pata” alypdyrlar. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şular ýaly beýik şahsyýetleriniň halk arasynda giňden ýaýylmagyna berýän goldowlary üçin hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, alyp barýan il bähbitli, ýurt ähmiýetli işleri hemişe rowaç alsyn!