Arkadagymyzyň sowgatlary gowşuryldy

ARKADAGYMYZYŇ SOWGATLARY GOWŞURYLDY. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 4-nji dekabrynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda “Agzybirlik tilsimaty” kärhanasy tarapyndan 1-nji synp okuwçylary üçin öndürilen täze kompýuterleriň çagalara täze ýyl sowgady hökmünde dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy barada aýtdy. Şonuň bilen baglanyşykly, düýn welaýatyň orta mekdepleriniň 1-nji synp okuwçylaryna döwlet Baştutanymyzyň ajaýyp sowgadynyň-tehniki häsiýetleri boýunça dünýä ölçeglerine gabat gelýän kompýuterleriniň dabaraly gowşurylyşy boldy. “Türkmenistanyň – Bitaraplygyň mekany” ýylynda başlanan 2020-2021-nji okuw ýylynda welaýatymyzyň çägindäki orta mekdeplere 6 ýaşly çagalaryň 23137-si gadam basdy. Kompýuterleriň gowşurylyş dabaralary bagtyýar çagalaryň dumuşynda ýatdan çykmajak pursatlara öwrüldi. Dabaralara Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýatynyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, şeýle-de Aýazbabadyr Garpamygyň gatnaşmagy hem-de çagalara iň gowy arzuwlary beýan etmegi ýaş nesiliň şatlygyny goşalandyrdy. Ak bugdaý etrabyndaky takyk we iňlis dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdepde bolup, 1-nji synp okuwçylarynyň şatlygyna şaýat bolmak buýsançly täsirleri peşgeş berdi. Bu mekdep welaýatymyzda göreldeli mekdep göreldeli bilim ojagynyň biridir. Mekdepde çagalaryň döwrebap bilim terbiýe almagy, berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegi ugrunda ähli şertler bar.Ýokary derejede enjamlaşdyrylan, okuw gollanma esbaplary bilen üpjün edilen, synp otaglarynyň giň amatlyklary çagalara berilýän bilimiň esaslaryny ele almaga we sapaklaryny oňat özleşdirmäge oňaýly täsirlerini ýetirýär, şeýle bolansoň, bagtyýar nesliň bilime bolan höwesi diýseň ýokarydyr. Şatlykly günde Aýazbabadyr Garpamagyň iň gowy arzuwlary bilen, mekdebiň 1-nji synp okuwçylaryna hormatly Prezidentimiziň ajaýyp sowgady bolan kompýuterleri dababaraly ýagdaýda gowşurylmagy çagalaryň göwnüni galkyndyrdy. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiniň Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitetiniň başlygy Maksatberdi Gurbanow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň welaýat birleşmesiniň başlygy, Mejlisiň deputaty Baýramsoltan Myradowa, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň başlygy Resul Işangulyýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň bölüm müdiri Annamuhammet Gulow gymmatly sowgadyň gowşurylmagy bilen mekdep okuwçylaryny gutladylar. Gahryman Arkadagymyzyň täze ýyl sowgadyna eýe bolan, ruhy belent çagalar özleri barada edilýän, bimöçber aladalary üçin döwlet Baştutanymyzyň adynda hoşallygyny goşgy setirleriniň üsti bilen beýan etdiler. Etrapdaky beýleki orta mekdeplerde geçirilen dabaralara Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň etrap birleşmesiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşliginiň wekilleri hem gatnaşyp, onuň guramaçylykly geçmegine ýardam etdiler.