Hormatly Prezidentimiziň yglan eden “Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy” döwründe, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda ýurdumyzyň her bir gűni şanly toýlara baýramlara beslenýär. Hormatly Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda “Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy” döwründe, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Bedew baýramyçylygy ýurdumyzyň ähli künjeginde uly dabara bilen bellenip geçilýar. Ynha bu gün hem Tejen şäher Medeniýet öýümizde Tejen şäher medeniýet bölümi bilen bilelikde Saragt ertap medeniýet bölümi Bedew baýramçylygyny mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çäräniň dowamynda çykyş edenler Bedew baýramçylygy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar. Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber tagallalary bilen halk bähbitli, ýurt ähmiýetli alnyp barylýan dünýä nusgalyk beýik ösüşlerimiziň bedew bady bilen deňeşdirilmegi diýseň çuňňur mana eýedir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara derejesindäki at-abraýyny mundan beýläk-de ýokary götermekde taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän Mähriban we Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumy adamzat ähmiýetli işleriniň mundan beýläk hem rowaç alamagyny arzuw edip sözüni jemledi. Baýramçylyk çäräniň dowamynda, Tejen şäheriniň Medeniýet merkeziniň zehinli aýdymçylary we “Zyýada” tans topary, Ahal welaýat Sarahs etrabynyň zehinli aýdymçylary we “Sarahs Nagmalar” tans toparlary gatnaşdylar.Olaryň ýerine ýetiren täze aýdymdyr, tanslary çärä gatnaşan adamlar tarapyndan uly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Hormatly Prezidentimiz janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumy adamzat ähmiýetli işleriniň mundan beýläk hem rowaç alamagyny arzuw edýäris.