«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

Ýakynda Ahal welaýatynyň Kaka etrap Medeniýet bölüminiň teatr studiýasynyň artistlary Hormatly Prezidentimiziň Jöwher paýhasyndan syzylyp çykan “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly ajaýyp kitabyndan, terbiýeçilik ähmiýetli uly bolan birnäçe rowaýatlary sahnalaşdyrylyp, Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan adyl syýasatlary dogrusynda, şeýle hem Mähriban Arkadagymyzyň öz halkyna peşgeş berýän ajaýyp kitaplary esasynda wagyz-nesihat işleri geçirildi. Bu geçirilen çäre “Altyn asyr Türkmenistan” teleýaýlymynyň Diýar gepleşigi tarapyndan türkmen telewidinýesine ýazgy edildi. Teatr studiýasynyň artistlary özleri üçin döredilýän şeýle giň mümkinçilikleri üçin, medeniýetimiziň we sungatymyzyň hak howandary Hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlaryny beýan edýärler.