«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Bäherden etrap Zenanlar guramasy, Bäherden etrap Kärdeşler Arkalaşygy bilen Bäherden etrap Medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň zähmetsöýer, çeper elli, edepli, maşgala ojagynyň abraý – mertebesini belende galdyrýan uly gyzlaryň arasynda yglan eden “Edepli hem çeper elli türkmen gözeli” atly bäsleşiginiň Ahal welaýatynyň Zenanlar bölüminiň Bäherden etrap tapgyry, Bäherden etrabynyň medeniýet öýünde uly şowhun bilen geçirildi. Bu dabarada etrapda halal zähmet çekýän zenanlarymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alnyp barylýan iňňän ähmiýetli işler, zenanlara goýulýan sarpa barada çykyşlarynda belläp geçdiler. Şeýle hem medeniýet öýüniň ussat artistlarynyň gatnaşmagynda edepli hem çeper elli türkmen gözellerini wasp edýän aýdym – sazlary, folklor çykyşlary, N.Halmämmedow adyndaky çagalar sungat mekdebiniň “Skripkaçylar” toparynyň ýerine ýetirmeginde birnäçe sazlary we şol sanda Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty hem – de halkymyz üçin edýän beýik işleri barada giňden wagyz edildi. Bu bäsleşik ýokary derejede alnyp barylyp “Altyn asyr” teleýaýlymy arkaly ýazgy edildi. Bäsleşige gatnaşan zenanlara Kärdeşler arkalaşyklary tarapyndan sowgatlar gowşuryldy. Bu dabara gatnaşan adamlar eşretli zamanany öz halkyna peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsunlaryny aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il – ýurt bähbitli, umumy adamzat ähmiýetli işleriniň rowana ýollarda rowaçlyga beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.