Türkmeniň her bir milli mirasy özüniň çuň manylygy, köp taraplylygy, durmuş hadysalaryny açyk beýan edip bilýänligi bilen buýsandyrýar. Şeýle buýsançly mirasymyzyň biri-de gelin-gyzlar tarapyndan tikilýän bukjalarymyzdyr. Bukja, syr gaby diýilse-de ýalňyş bolmaz. Sebäbi bukjalaryň haýsy biri bolsa-da, olar syr saklamaga ukyplydyr. Çünki hat bukjalaram, eşik bukjalaram, darak bukjalaram, el bugjalaram özüne salnan zatlaryň ýagşysynam ýamanynam ile ýaýman pynhan saklamagy başarýar. Zenanlar gözbaşyny gadymýetden alyp gaýtýan bukjalaryň ähli görnüşlerinede uly sarpa goýup,olaryň saklanýan ornuny öýüň töri hasaplaýar. Bukjalaryň dürli maksatlara niýetlenişine görä görnüşleri boýunça hem örän köp dürlidir.Halydan dokalan bukjalar, parça (mata ) bukjalar, örme bukjalar,palas bukjalar bolup, olar içine salynýan zatlar bilen baglanşykly ýagdaýda dürli möçberde edilýär. Haly,palas,keçe, uly görnüşli parça (mata )bukjalara eşikler salnyp, olara bukja daşlar hem diýilýar. Örülip ýa-da parçadan tikilýän kiçi bukjalara darak, aýna hem-de el işleri salnyp, şoňa görä atlandyrylýar. Darak bukjany gyz durmuşa çykanda çatylýan, ýagny dokuz sepiniň üstüne salynýar. Şonda bukja görmek üçun açylanda kimde-kim ilki bilen darak bukjadaky aýnadan ýüzüne seretse, ol adam bagtly bolarmyş diýen yrym bar. Gyz durmuşa çykanyndan soň, eşik bukja salnan darak bukjasyny ulanyp başlanda, onuň içine aýna bilen darakdan başga-da,düşen saçlaryny hem salýar. Munuň özi gelin-gyzlaryň arassaçylyk düzgünlerini hemişe berk berjaý edýändiklerini gökezýär. Gelin- gyzlaryň ruhy dünýäsi bilen berk baglanyşykly bolan bukjalar barada enelerimiz şeýleräk gürriň berýärler. Haýsy bir bukjany açyp görseň, ol birleşýän ýeri bilen birlikde bäş bölekden ybaratdyr. Onuň her bölegi bir manyny aňladýar. Aşaky bölegi söýgüni, sag bölegi wepalylygy, çep bölegi perzendi, agyz bölegi yhlaslylygy, birleşýän ýeri bolsa bagtly durmuşy aňladýar. Umuman bukjalar gelin –gyzlaryň ýeke bir ykballaryna dahylly zatlar bilen baglaşdyrylman, eýsem olaryň maşgaladaky häsýetlerini-de açyp görkezýär. Bekarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwürinde ata-babalarymyzyň medeniýetini, taryhyny öwrenmäge we olary dünýä ýaýmaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys. Goý, Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan asylly işleri rowaç alsyn!