Türkmenistan – Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy, Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy belenilýän ýylynda Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen medeniýet ulgamynda uly işler amala aşyrylýar. Ak bugdaý etrabynyň medeniýet bölüminiň Ýaşyldepe oba medeniýet öýünde medeniýet hepdeligine bagyşlap çeper höwesjeňleriň arasynda “Biz bagtyýar çagalar” ady bilen çäre geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň şahsy göreldesi nesil terbiýesinde, raýatlaryň watançylyk, sowatlylyk, medenýetlilik derejesini ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Bu bolsa ýaş nesilleri kämilleşdirmek we ylymly-bilimli, watansöýji, ruhubelent, giň dünýägaraýşly, ýokary derejede sowatly, sagdyn ruhly, hünär bilimli we döwrebap nesiller edip ýetişdirmäge gönükdürlendir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetimizi gülläp ösdürmekde uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag ömri uzak, il-ýurt bahbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!