Sungata bagyşlanan ömür

Sungat älemine aralaşdygyňça ondaky bagşydyr, sazandalar bilen bilelikde özüň hem hiňleneniňi duýman galýarsyň. Ine şeýle ussat, öz ömrüni sungata, aýdym-saza bagyşlan bagşylaryň biri hem Kaka etrabynyň ussat bagşysy Allanazar Hallyýewdir. Onuň döredijilik älemine ser salanyňda, bagşyçylyk ýoluna ilkinji bolup öz kakasynyň hemaýaty hem özüniň zehini sebäp bolupdyr diýsek dogry bolardy. Şägirtlikden halypalyga ýeten bu ussat bagşymyz öz maşgalasy bilen aýdym-sazyň inçe syrlaryna içgin aralaşmagy başaran halypalardandyr. Häzir hem biziň Kaka etrabymyzyň her bir toý-baýramlaryna özüniň ajaýyp aýdym-sazlary bilen sowgatly barýarlar.