«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

“Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň toýlanan ýylynda türkmen halky ýene-de bir uly toýuň Baky Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk toýuna taýynlanylýan günlerinde biziň Gökdepe etrap medeniýet bölümimiziň döredijilik toparlary hem Baky Bitaraplyk toýuna bagyşlap Gökdepe etrap Medeniýet merkezinde baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabaraň dowamynda çykyş eden aýdymçylar, sazandalar we artistlar watanymyzy Baky Bitaraplygymyzy wasp edýän täze eserler bilen çykyş etdiler. Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny belende göterýän, agzybir halkymyzy ajaýyp döwüre ýetiren Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyşly sözler aýdýarys! Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!