«Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň medeniýet öýünde Garaşsyzlygymyzyň şanly 30-ýyllygy mynasybetli, Ahal welaýat medeniýet müdirliginiň meýilnamasy esasynda „Garaşsyzlygymyzyň ylham joşguny“ ady bilen döredijilikli aýdym-sazly duşuşygy geçirildi.Dabarada Ahal welaýat kitaphanasy Hormatly Arkadagymyzyň keramatly kitaplaryndan, dürli pudaklaýyn eserlerden sergi gurnaldy. Duşuşyga Kaka etrabynyň Mäne obasynyň ýaşaýjysy kärendeçi Täzegül Rejepmyradowa, Ahal welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy Gülaýym Allamyradowa gatnaşdylar. Duşuşygyň esasy maksady «Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna özleriniň ýürek buýsançlaryny goşgy setirler bilen beýan etdiler. Dabaranyň dowamynda Ak bugdaý etrabynyň medeniýet merkeziniň sazandalarynyň saz çalmagynda Ahal welaýat medeniýet merkeziniň zehinli aýdymçysy Gülşöhre Orazsähedowa Horamatly Arkadagymyz - Watan hakynda şirin owazy bilen aýdym ýerine ýetirdi we duşuşyga medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda has-da şowhunly geçdi. Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda Hormatly Arkadagymyzyň döwletli tutumlarynda hemişe-de rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny arzuw etdiler.