Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Ak bugdaý etrap Medeniýet bölüminiň oba medeniýet öýleriniň höwesjeň aýdymçy-sazanda ýaşlarynyň gatnaşmagynda “Garaşsyz watanym bar, bagtly geljegim bar” ady bilen bäsleşik guramaçylykly ýagdaýda şowhunly geçirildi. Bäsleşikde höwesjeň aýdymçy-sazanda ýaşlaryň has tapawutly çykyş edenleri deslapky welaýat gözden geçiriş tapgyryna saýlandylar we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň röwşen geljegi üçin uly aladalar edýän Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Serdarymyzyň jany sag ömri uzak, il-ýurt bahbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!