Gadymyýetden biziň häzirki günlerimize çenli hem türkmenlerde myhmanyň ilki hezzeti çaý bolupdyr. Biziň ata-babalarymyz hem ýurdumyzyň tebigy howa şertlerinde çaýyň göwne ýaraýan içgi bolanlygy, şeýle-de çaý içmegiň türkmençilige içgin ornaşmagy halkymyzyň häsiýet bütewiliginde hem aýdyň görünýär. “Çaýlaşmak” düşünjesi halkda birek-birege düşünişmegi, mähirli gatnaşygy aňladýar. Şoňa görä hem çaý içmek arkaýyn oturyp düşünişmek mümkinçiliginden habar berýär. Çaý içmegi ata-babalarymyz nepesiňi durlamak hasap edipdirler. Çaý içilende adamyň şähdiniň açylyp, onuň onki süňňüniň ynjalyk tapýandygyna ynanypdyrlar. Sähel ynjalyksyzlygy hem çaý çaý içip ýeňip bolýandygyna bil baglapdyrlar. Türkmeniň belli şahyry K.Gurbannepesowyň goşgusyna Sahy Jepbaryň aýdýan “Gök çaý” diýen aýdymynda hem çaýyň lezzetine aýdyň göz ýetirmek bolýar.