Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe Ýurt Baştutanymyzyň saýasynda "Halkyň Arkadagly zamanasy" atly şygar bilen dabaralanýan ýylymyzda ýurdumyzyň gülläp ösmegine goşant goşýan, uly ähmiýetli medeni çäreler yzygiderli geçirilýär.Ynha bu gün hem Sarahs etrap medeniýet merkezinde "Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty" ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni-mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli aýdym- sazly dabaraly çäre geçirildi. Dabarada O.Salyr adyndaky çagalar sungat mekdebiniň mugallymlar we çagalar ansambly, oba medeniýet öýleriniň bagşylary Gahryman Arkadagymyzy, Halkyň Arkadagly zamanasyny wasp edýan we türkmen halk aýdymlary bilen çykyş etdiler. Dabaranyň dowamynda dabara gatnaşyjylar Baky Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny belende göterýän, agzybir halkymyzy eşretli eýýama ýetiren Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.