Hoşallyk maslahaty

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň her bir güni Gahryman arkadagymyzyň saýasynda ösüşlere özgertmelere şanly senelere beslenýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasarlary bilen wideo şekilli göni aragatnaşykda geçiren iş maslahatynda “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny hem-de iş meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky karara gol çekip bermegi mynasybetli Änew şäherinde ýerleşýän Medeniýet öýünde Ahal welaýat häkimligi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşi bilen bilelikde guramaklarynda hoşallyk maslahaty geçirildi.