«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

Gülden näzik göwnümizi galkyndyrýan Berkarar döwletimiziň bagty-ýarlyk döwri Ýurt Baştutanymyzyň saýasynda ,,Türkmenistan Parahat-çylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Garaşsyz Diýarymyzyň at-abraýynyň dünýä dolýan döwri. Gözel Diýarymyzyň ähli künjekleri türkmen bedewiniň milli baýramy, türkmen Alabaýynyň baýramy myna-sybetli dabaraly çäreler bilen utgaşyp gidýär. Ynha bugün hem biziň Sarahs etrabymyzyň Medeniýet öýünde Sarahs etrap häkimliginiň, jem-gyýetçilik guramalarynyň hem-de medeniýet öýüniň guramagynda ,,Aýagy ýelden bedeni gülden bedew “ atly dabaraly çäre geçirildi. Bu çärede türkmen bedewiniň we türkmen Alabaýynyň waspy aydym-sazyň owazy bilen belentden belent ýaňlandy. Baýramçylyk dabarasynda ýaňlanan aýdymdyr sazlar dabara gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady. Dabaranyň dowamynda merkezi kitaphananyň işgärleri Gahryman Arkadagymyza ýürekden alkyşlar aýdyp, türkmen bedewiniň we türkmen Alabaýynyň baýramy bilen gutladylar.