Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe Ýurt Baştutanymyzyň saýasynda ,,Türkmenistan - Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly atly şygar bilen dabaralanýan ýylymyzda ýer ýüzünde parahatçylygyň, asudalygyň, agzybirligiň, dost-doganlygyň gülläp ösmegine goşant goşýan uly ähmiýetli medeni çäreler yzygiderli geçirilýär.Ynha bu günki-gün hem biziň Sarahs etrabymyzda Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanyp ,,Arkadagly zamanama hoş geldiň sen, Täze ýyl” ady bilen geçirilen çäräniň baý many-mazmuny aýdym saza beslendi. Baýramçylyk dabarasynda ,,Sarahs nagmalary” folklor-tans toparlarynyň çykyşlary, aýdymçylaryň aýdym-sazynyň owazy belentden belent ýaňlandy. Sarahs etrap merkezi kitaphanaçylary Berdinýazowa Gülşöhle, Amangeldiýewa Gurbansoltan Täze ýyl baýramçylygyny gutlap, ýürek buýsançlaryny goşgy setirleri bilen beýan etdiler. Her bir günümizi, durmuşymyzy, zamanamyzy toý-baýrama besleýän Hormatly Prezidentimize ýürekden alkyşlar aýtdylar.