Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen medeniýetiniň, sungatynyň kämil döwrebap ösüşleriniň has-da rowaçlanmagyna, milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň äleme ýaýylmagyna giň ýol açyldy. Ösüşleriň aýgytly ýoluna düşen medeniýetimiziň belent derejesine ýetmegi üçin taýsyz tagallalar edýän mähriban Arkadagymyza halkymyzyň hoşallygy çäksizdir. Buýsançly geçmişimiziň irki döwürlerine uzap gidýän menzillerini yzarlasaň hem goja taryhyň sahypalaryny zer harplar bilen ýazan pederlerimiziň ösen medeniýetleri döredendigine düşünýärsiň. Türkmenistanyň medeni syýasatynyň esasy maksady, ýurdumyzda adamyň, jemgyýetiň, döwletiň ruhy kämilliklere eýe bolmagy üçin zerur talaplardan ugur alyp, ösýän hem özgerýän milli medeniýetimiz, sungatymyz halkymyzyň ruhy ýüzüdir.